Men Beýruta bir göz bilen bakanymda...
* * *
Men Beýruta bir göz bilen bakanymda
bir aýakly Bagdatda ýöräp ugramda,
Damaska sokdum golum, geýirdiler Liwan
daglarnyň äpet ädigni we al şapagyn...
Göz ýumýaryn — has güýçli ýanýar ol ýüz esse.
Men Iýerusalimiň ýyldyznyň astynda oňa
girdim. Öpdüm ak daşlaryny, garry maňlaýyn hem
ýygyrt-ýygyrt zeýtunlaryny Gefsiman bagynda,
onuň çym-gyzyl reňk bugenwilin, ajy issopyn.
Dodaklam häzir duýýar gyzgyny, üşütmäni hem.
Iudeý çölünde monah maňa berdi lukum
hem asket grek mytarasyndan suw içirdi
hem dileg etdi ol haç bilen ýykmasyn samum,
sil sowlup geçsin, şeýtan ýitirsin yzyňy diýdi.
Fawor nury deý, bu haç gorar seni diýdi.
...Nädip gaýtarkam Biribara, düýpsüz uçutlary we
daglary Ýaradana Afiny hem Fermopiller üçin,
üm üçin, nazar üçin, Gyzyl deňiz üçin, Patmos üçin
hem Bosfor üçin, Solun üçin, hem Kerkira üçin, we
Sar-grad üçin? Islendik at hem süýjüräk, üzümden.
Iň bolmanda, näme, maňlaýna iltäp plýumaž,
şarlawuk süýşürip tirsek bilen, göz süzüp ýagta,
öwretdim indeýlere “Otçe naş” dogamyz,
olar bolsa “Pater noster” öwretdiler maňa.
Ýöretdi ýürekden ujy ýiteldilen galam.
Meň gämilem çaýkanýarka tolkunlarda Ssylla we
Haribdaň arasynda — Tabor dagynda gatyr garaşýar,
bulut hem çökýär aşak, bütin gije dur kellelerde,
deňiz ýeli köňülden hapany üfläp aňryk aýyrýar, —
maňa duşmanlaryň biri-de däl gorkunç,
howply däl ogry.
Haçan men bütinleý gitsem, — haýal ýörýän dek kerwen —
yzyma tirkeşer Dardanellalar, Ýewfrat, Ýermon,
hatda däli Nil — hem ol, ol garran, ol pýan,
Pont Ýewksinskiý, şemallar çar ýandan.
Meniň tegmillem ýuwar, ukymy rahatlar Iordan.
Men dünýäň ýarsyn ýanyma äkiderin. Diňe parça, bölek
bärde goýaryn: Nýu-Ýork, Baskunçak, Dakar,
aý — käbir ownuk-uşagy. Özge ürgün gumluk.
Galanyny alaryn, nirä hiç bir Makar...
Kura gözde urunýar,
Elba çekgä kakýar.
Hawa, bary meň bilen bolar soýen zatlarmyň!
Goýaryn öňünde Jepbaryň, ýyl Eýäniň:
— Seret, mende we Seniň zeminiň, Seniň suwuň
tagamyn saklady, saklady ysyn we reňkin.
Olar bakylyk baýramyna taýyn şäheriň.
Oh, gudrat! — bärde bary meňki, şol bir wagtda
meniňki däl hiç zat!.. Şeýle uzyn bulutlar
ýüzüp geçýärler, keşbin üýtgedip, ýagtylyk döwende:
dikelýär olardan kä dag, kä gala, kä bolsa derýalar...
Çagalar gygyrýar olaň yzyndan hem gol bulaýar!