Göwherli asman
Otuz üç bellikden ybarat
P. S.-li edebi hekaýa (1)
We would like to commission a short story from you to be inspired by the
quotes from Checkhov that are attached to this letter. We do not expect you
to write in the style of Сhekhov, just to use these ideas as inspiration for
your own. / Biz sizden bu hata goşulýan Çehowdan alnan çykgytlardan
ylham alan hekaýa almak isleýäris. Biz sizden Çehowyň stilinde ýazmagyňyza
garaşamyzok, ýöne >şu pikirleri öz eseriňiz üçin ylham hökmünde ulanyň.
Edebiýatçy Gdowyň daşary ýurtdan alan hatynyň bölegi.
Awtoryň uly synp okuwçylary üçin sözlügi arkaly edilen terjime.
Her dürli nejislikleri edeninden soň, möňňürip oturan adama näme etjek?
Anton Pawlowiç Çehow(2)
M-me R. O. Aromat nemlenen sag gözüniň çep burçuna kružewaly ýaglygyny basyp, sinhron ýagdaýda meni biziň ikimiziňem Buzly ummana guýýan, beýik Sibir E. derýasynyň boýunda duran K. şäheriniň ýaşaýjylary bolan wagtymyzda, tutuş otuz üç ýyl mundan ozal ony taşlandygym üçin ýazgaryp otyrdy.
— Nädip men şol bada seniň deýýusdygyňy görmändiri, — diýip, ol gaýtalaýardy.
— Diňe deýýus adam maňa ýazanyň salgysy görkezilmedik şeýle gödek hoşlaşyk hatyny ýollap biler. Söýgi hatynda bolsa: “jogap üçin markany goşýaryn” diýip ýazylgydy.
— Aý... bu, bilýäňmi gyzlaryň gormonlary. Sen ýanaşylmagyny gelýärdiň, menem, näme üçin ýok? Onsoňam, seniň özüňem bolýa-da, näme üçin meniň otagyma diri horazy saldyň? — diýip, men bu täze rus hanymyň bir minutlyk minorynyň gutarmagyna we onuň ýene-de şadyýan, erkin we gujurly bolmagyna sabyrlylyk bilen garaşyp, parahat garşylyk görkezýärdim.
Dogrusyny aýtsaň, biz eýýäm Rozaliýa Osipownanyň baryndan “Russkiý standart” atly örän gymmatja(3) aragyndan biraz içipdik. Ol hrustal bokala anyk iki-ikiden buz bölejigini atyp, aragy pyrtykalyň şiresi bilen garýardy, muny oňa, görnüşi ýaly, Amerikada öwredipdirler. Men bolsa ýarym stakany(4) duzly hyýaryň aşagyndan ýelmäp goýberdim. Rozaliýa Osipowna Aromat bu ýyllaryň içinde ahyrsoňy hyýar duzlamagyň sungatyny ele alypdyr, öň pul üçin ýanaşmakdan we karst gowaklaryndaky Sibiriň ýerasty köllerinde akwalang bilen ýüzmekden başga zady oňaranokdy. Şonda Rozaliýa Osipowna berk ynançly komsomoldy, sportsmendi we ýüzüjidi. Şol wagtam oňa, häzirkisi ýaly, Roza diýýärdiler, emma familiýasy düýbünden başga-dy, nähilidigini bolsa — men häzir hiç ýadyma salyp bilmedim. Ýa Kukuşkinady, ýa Hristanýukdy(5). Indi meniň ýatkeşligim hem peselipdir: skleroz, duzlaryň toplanmagy, bogun agyry, ýokary gan basyş, gastrit, prostatit, iki aýak görde(6).
— Tozanly ýol, onuň aňyrsynda bolsa gyrymsy agaçlar,
Biraz garaş, senem dynç alarsyň, —
diýip, men ýerliksiz aýdym aýdyp ugradym.
— Näme? — diýip, Rozaliýa Osipowna geň galdy.
— Bu şahyr Mihail Lermontowyň pikiri(7), öz gezeginde, olam ony ýa Gýoteden, ýa Geýneden alypdyr. Haýnrih Haýneden(8). Rus şahyry Lermontowyň asly şotland, nemes şahyry Haýne bolsa — jöhit. Puşkin — efiop, Turgenew — tatar, Leskow — iňlis, Dostoýewskiý — polýak, Çehow bolsa, elbetde, çeh. Ähli ýurtlaryň işçileri, birleşiň, — diýip, men düşündirýärdim.
— Seniň özüň ine kim onsoň, şu wagta çenli men düşünip bilemok, — diýip ol maňa çiňňerildi.
— Menmi? Uly işlere ukyply sadaja rus intellektual-oglan. Hususan-da, haýsydyr bir täze lowurdap duran žurnalyň medeniýet bölümine ýolbaşçylyk edip bilýärin. Syýasatsyz, biraz mukdarda mahabat we bihaýaçylyga (pornografiýa) derejesine ýetip barýan erotika bolan. Aýda 2500 dollar zähmet haky bilen.
— Muny sen görmediňmi? — diýip, ol utançsyz, emma owadan we biraz tolgundyryjy hereketi görkezdi.
Ýyllar geçse-de onuň kän bir üýtgemändigini aýtmaly. Ýaşlykdan sport bilen meşgullanmagyň, soňam sagdyn ýaşaýyş ýörelgesine, meselem, dogry iýmitlenmäge eýermegiň ähmiýeti nähili eken. Öňküsi ýaly inçesagt, syrdam boýly, pişik ýaly(9). Bir söz bilen aýdanyňda — pişik.
Onuň kakasy Osip Pinhasowiç Aromat Witebskide garyp konditeriň maşgalasynda eneden bolýar. Sowatsyz, ähli zada öz akyly bilen ýetipdir. Özünden damjalap-damjalap guly sykyp çykaryp, rewolýusionerleriň hataryna goşulýar, Mark Şagaly tanaýan eken, ÇK-da gulluk edipdir, ýerde ygtybarly bilen gowy wezipelere ýetipdir we eger-de ony 1950-nji ýylda kosmopolitizm bilen göreşiň güýjän döwründe öz egindeşleri atyp öldürilmedik bolsadylar, hökmany suratda Moskwa şäheriniň Nowodewiçýew gonamçylygynda, meselem, Hruşýowyň ýa-da Kaganowiçiň gapdalynda, jaýlanylardy.
Onuň ejesi, Nadežda, familiýasy boýunça ýa Kukuşkina ýa-da Hristanýuk hem meşşanlardandy, olam rewolýusioner zenandy. Ony rewolýusiýa söýgi getiripdir.
Dogrusyny aýtsaň, ol bir ahlaksyz Moskwaly söwdagär-dekadentiň öýünde gyrnak bolupdyr. Söwdagär Maksim Gorkiý bilen dost eken, käwagt serhoş wagtlary rewolýusiýa üçin pul oklapdyr, ýokary çeperçilikli Stanislawskiniň hem hemaýatkäri bolupdyr, emma özi welin Moskwanyň Malaýa Dmitrowka köçesinde ýerleşen özüniň ägirt uly köşgünde hem ahlak taýdan, hem beden taýdan örän hapysa ýaşapdyr. Bir ýubkany hem sypdyrman, şol bir wagtyň özünde-de ol Çehowyň hem şol döwrüň zähmetkeş we jenaýatçylykly rus halkynyň agyr ykbalyny gowy beýan etmek üçin özüniň meşhur Sahalin syýahatyna gitmezinden ozal hut şu öýde düşländigine buýsanardy. Ol hyzmatkäre hem süýkendi, wannada ony synlar eken, bu ýönekeýje ýanaşma üçin oňa gowja pul hödürleýändigine garamazdan, hyzmatkäriň näme üçin oňa bermeýändigine düşünenokdy. Puldan we arakdan ýaňa tentek bolan buržuý(10), şeýdibem dünýäde diňe zynanyň däl-de, ýöne hakyky söýginiň hem bardygyna düşünmändir. Eger-de ol hyzmatkär Nadýanyň tarakanlary we tagtabitleri gyrýana aşyk bolandygyny bilen bolsa, diňe ýigrenç bilen hahahaýlap gülerdi. Onuň hapa öýünde olaryň örän köp bolmagy zerarly terminator(11) bärik yzygiderli çagyrylýardy, bu-da söýgä sebäp bolupdy. Wagt geçip durdy, söwdagäriň öýünde hemişe mehaniki pianinoda saz çalynýardy, şagalaňlydy, şatlyklydy, emma hakyky bagt ýokdy, ol bolsa Nissa şäherinde özüni asypdyr (ony bolşewikler asypdyr, diýen gürüň hem bar). Iň soňunda geň ýazgyjyk, öz dosty Maksimiň ýetginjek grafomanlykgoşgusyndan çykgydy goýup, asylypdyr — “Hoş gal, men ýelkenleri galdyrdym we uludan dem alyp, roluň başyna geçdim”. Emma haçanda ol entek diri wagty, hyzmatkär Nadýa, günleriň birinde aýşy-eşretden soň dynç alyp ýatyrka, birden işçiler çydamsyzlygyna düşündi, şol sebäpden hem, kiçijik tarakançy Osýa: “Gel, biz ony, ýagly biçilen doňzy güm edeli(12), bir gezekde we hemişelik zookumarin(13) bilen awulaly, bu gün oňa holodes bişireýin, menem onuň içine näçe gerek bolsa, awy atyp bilerin” diýip, teklip edýär. Podpolýaçy we geljekki çekist Osip Aromat gazaply kellesini ýaýkady: “Ýok, Nadýajan, rewolýusiýany päk eller bilen etmeli. Meniň pikirimç-ä, bu pisiň özem basym öler. Birbada ölmese-de, islendik ekpluatasiýa edýän synp ýaly, barybir ýok edilmeli bolar”. Hakykatdan hem, ol şeýle hem boldy.
— Seretsene, sen bolsa dünýäniň gorkularyndan we aladalaryndan doly aman galdyň. Kommunizm ýykyldy, SSSR-i dargatdylar, akyllary çaşan(14) çep intellektuallaryň bütinleýin duýgudaşlyk bildirmegi bilen terrorçylar bizi günde-günaşa partladyp otyrlar. Sen bolsa öňküdenem ýene-de gözelleşipsiň. Çynymy aýtsam, öň sen äýneklikäň biraz betnyşandyň. Häzir seniň kontakt linzalaryň barmy? — diýip, soradym.
— Linzalar, — diýip, bir zatlar barada pikir edip, ol gysgaça jogap berdi.
Rozaliýa Osipowna öwrülişikden soňky döwürde(15) Ysraýylda, Italiýada, Angliýada, Fransiýada, Amerikada ýaşamaga ýetişdi, emma oňa hiç ýer ýaramady, indi bolsa ol özüniň gyzgyn ýürek bilen söýýän Watanyna, öň öz wagtynda SSSR-den Günbatara çykaran, meşhur rus-fransuz awangardistiň duly aýaly hökmünde, ilki öz asyl familiýasyny yzyna alyp we körzehin bolşewiklere öňki Kukuşkinanyň (ýa-da Hristanýukyň), häzir bolsa sionist aýal Aromatyň özüniň taryhy watanyna emigrasiýa bolmaga hukugynyň bardygyny subut edip dolanyp gelipdi. Ol närazylyk bildirýän toparlaryň demonstrasiýalaryna, piketlerine gatnaşypdyr, häkimiýet agzalarynyň ýüzüne seredip: “Gije we gündiz gaýtalap ýadamaryn, goýber halkymy meniň!(16)” diýip, batyrgaýlyk bilen aýdym aýdypdyr. Elbetde, “sowokda”(17) suratçyny ykrar etmändirler, ol iki gezek dälihanada ýatýar, emma käbir gybatkeşler onuň şol ýerde ýatmagynyň esassyzam däldigini aýtýarlar. Ol aşa ekssentrikdi. Ilkinji nika gijesi ol düşek örtgülerine derek toý stolunyň üstündäki hapa saçaklary ýazmagy talap edipdir. Ölmezinden has öň bolsa gadymy Ber-lez-Alp şäherjigindäki öz kaşaň willasynda günde günorta naharyny edinip, monastyra gitjek diýip aýalyny gorkuzýan eken, ondan başga-da ýarymdäliniň bu monastyra ähli iri pullaryny miras goýmagyndan hem heder edip, aýaly aglar eken. Käte Rozaliýa Osipowna ol ýaşyryn gomoseksual bolaýmasyn diýip hem pikir edýärdi, munuň üçin, hasam zaryn aglapdyr. Dünýede hemme zat gutarýar. Häzir onuň işleri million durýar, aýaly bolsa ýene-de öýüne geldi. Salam, yza(18), watan! Salam, eziz paýtagt Moskwa!
— Sen näme üçin maňa şonda barybir öýlenmediň? — diýip, Rozaliýa Osipowna göni we gaharly sorady.
— Hany, sen özüň göz öňüňe getir, sen bu wagt eýýäm ýerde mäkäm dursuň ýaly. Ýeri, şahyrana bir nikalaşma bolanmyşda, soň bolsa — nähili samsyklar, nähili çagalar! — diýip, men degişmä saljak boldum.
— Nähili ýene çagalar? — diýip Rozaliýa Osipowna düşünmedi.
— Ýöne, bu, göçme manyda aýdanyňda, biziň ikimiz.
— Samsyklar onda kim?
— Olaram biziň ikimiz.
Rozaliýa Osipowna gülmäge başlady we ýuwaşjadan mentolly “Wog” çilimini çekip ugrady.
— Ýok, sen şol rus nakylyndaky: “Samsygyň samsygy, ýöne sabyn-a iýäýenok” diýlenlerden ahyryn.
— Men ýakynda bu jümläniň başga görnüşini bildim:
“Körüň köri, ýöne sabyn-a iýäýenok”, — diýdim men.
— Menem ine aýdýaryn, sen — deýýus. Sen meniň “halk
duşmanlarynyň” çagalarynyň ýetimler öýünde terbiýelenendigimi örän gowy bilýärdiň. Ol ýerde hemme kişi meniň üstümden gülýärdi. Hatda Trahtenbauer familiýaly kiçijik dynnym ýaly okuwçyjyk, okumyş haramzada, ýapon içalysynyň ogly(19) hem, sen hiç haçan durmuşa çykmarsyň diýip, maňa aýdardy. Men köplenç içgeçmeden kösenýärdim, ol bolsa şonda maňa ýüz-gözüni oýnadyp, bir ýerlerden alan: “baryşnýa kastorka diýerdiler(20), şonuň üçinem ol durmuşa çykmady” diýen, sözleri aýdardy. Şonda-da sen näbelli ugurlarda bukulyp, maňa şeýle ýaramaz daradyň. Rus adamlary nähili zalym, senem şolaryň biri! Sizi çeçenler partladyp dogry edýärler.
— Wah sen, ganjyk! — diýip, men gygyrdym. — Bizi partlatmaklary dogrumy? Ysraýyldaky, Ispaniýadaky, World Trade Centerdäki, “Nord-Ostdaky” näme, terrorçylar Demirgazyk Osetiýada mekdep okuwçylaryny atyp öldürdiler! Seniň pikiriňçe, Trahtenbauer rusmy? Osetin çagalaram rusmy? Meselem, kakam tarapyndan meniň ata-babalarym ketler eken. Bilýäňmi şol milleti? Ketler ýa-da Ýeniseý ostýaklary, Sibiriň hakyky asyl ýerli ilat, biz biziň garyndaşymyz hasap edilýän amerikan indeýlerindenem köp bolupdyrys. Indi bolsa, meni goşanyňda, 1204 adam galypdyr. Hawa, men tentek bolupdyryn, emma indi akyllandym hem-de Russiýada ruslar ýa-da, umuman, ähli adamlar, ýa-da — hiç kim, şeýle-de ähli akylly-başly adamlar öz ideallary üçin bir salymda gyrylman, umuman ýaşamak isleseler, agzybir ýaşamaly diýip hasaplaýaryn.
— Gaharlanma, ezizim, — diýip, ol gaty barmagy bilen meniň ýanyp duran gulagymy ýumşaklyk bilen elledi. — Men entek Ahmet Zakaýewiň hemaýatkäri Wanessa Redgreýw däl ahyryn. Boýun alýaryn, meňki nädogry, hem-de munuň üçin maňa Hudaý göz görkezer. Bagyşla, ýöne zenan gaharyna nämeleri diýmeýär. Men bolsa öňem zenandym, şonlugyma-da galýaryn,— diýip, ol bilgeşleýin nygtap goýberdi.
— Muňa hiç kim garşy çykanok, — diýip, men aýdyp goýberdim. — Ýöne welin meniň goňşym, arakhor ädikçi Lazar Pafnutýiçem, haçanda aýaly onuň elinden gazanjyny(21) alan wagty gyzmalyk edip: “Haçanda men öýlenemde, men heleý boldum!” diýip gygyrardy. Men bolsa heleý bolmadym(22)! Seniň pikiriňçe, näme üçin bolmadym?
— Ýeri, aýdaý özüň, näme üçindigini, elbetde, eger-de muňa ynamyň bar bolsa, — diýip, ol ýylgyrdy
— Nämä?
— Heleý bolmandygyňa. Seniň isterikaň mehanizmi adaty aýalyňky, jedelleşibem oturma, men bu ýyllaryň içinde erbet däl psiholog boldum.
— Seniň pullaryň bilen islendik kärde erbet däl bolmak mümkin, — diýip, men gödek jogap gaýtardym. — Men saňa öýlenmändigim sebäpli, heleýe öwrülmedim. Men häzire çenli, aýtsam, sallah.
— Ýeri, sen sallah, diýeli, diňe nämr üçin, sebäni soňky aýalyň seniň oňşuksyz häsiýetiňe artyk çydamak islemän ahyry kowup goýberipdir. Sen pikir etme, men, elbetde, sen barada, öz gelejekki mümkingadar gullukçyn barada sorap-idedim.
— Hawa, siz kapitalistlerden zähmetkeş halky(23) ynjytmagy örän tiz öwrenipsiňiz, — diýip men aýtdym.
— Kim bu “biz”?
— Täze ruslar.
— Ýöne men jöhit ahyryn, — diýip ol gülüp başlady.
— Biri beýlekä päsgel berenok, — diýip, men gamly seslendim.
Sebäbi gürrüňdeşlik düýbünden başa barmady we meniň işim pyrrykdy. “Bikanun repressiýa edilen”(24) köne bolşewikleriň(25) giçki çagasy. Ýetim. Komsomol zenan. Ýaşamak üçin akwalang bilen gazanç eden selfmeýdwumen(26). Dissident zenan. Emigrant zenan. Baý aýal. Buzly ummana baryp guýýan beýik Sibir E. derýasynyň boýunda duran K. şäherinde ýaşan wagtymyz biz onuň bilen nähili şadyýan we medeniýetli ýanaşýardyk! Ikimizem ýaşaýardyk. Ol-a Pedagogik institutynyň talyplarynyň umumy ýaşaýyş jaýynda, men bolsa ägirt kitaphanaly ýyly öýde ýaşaýardym. Ol maňa gowy ýaşaýan sowet enem-atamdan, adaty ýaşaýjylardan, miras galypdy, olar bolsa bütin ömürlerini ähli zatdan gorkardylar we meniň ýetginjeklik edip aýdýan pitneçilikli sözlerime hem “Sen azrak lakgyldasaň gowy bolardy, ýogsam senem tutarlar, bizem sypmarys”(27) diýip, diňe çal başlaryny ýaýkaýardylar. Men olary, edil öýümi ýaly, edil Watanymy ýaly ýitirdim. Sebäbi meniň watanym SSSR-di! I was born in USSR(28). Indi bolsa şol sanalan zatlaryň hiçisem ýok, emma diňe garrylyk bilen Rozaliýa Osipowna Aromat bar. Wah, ir säher bilen, haçanda ähli sowet zähmetkeş halkynyň işe kommunizm gurmaga barýan wagty, meniň eýwanymda Muny etmegi biz nähili gowy görýärdik!
— Ýogsa-da, näme üçin sen açarymyň hemişe halyçanyň aşagynda durýandygyndan peýdalanyp, meniň otagyma diri horazy goýberdiň? — diýip, men ýatladym.
— Biz umumy ýaşaýyş jaýynda(29) bolýan gyzlar bilen sen bu biziň oýnumyzy gowy görersiň öýtdük. Biz bazardan horazy ogurladyk we haçanda sen öýe geleňde, seniň öýüňde bolsa — diri horaz, bu örän gülkünç bolar diýip pikir etdik.
— Ol uzak wagt diri bolmady, — diýip, men jogap berdim.
— Ýagny nähili bu? — diýip, ol gözlerini tegeledi.
— Şeýle-dä, men ony soýdum-da, pitide bişirip iýdim.
— Näme üçin?
— Name üçin däl, nä sebäpden. Gyzmalykdan. Sebäbi, men — “saz uzak gün çalyndy, biziň söýgimiz uzaga çekdi”(30) — diýip, aýdym aýdyp ugrapdym — Sebäbi men kommunistleri ýigrenýärdim, emma şonda-da sowet ýazyjysy bolmaga çalyşýardym. Sebäbi men biz entegem bolsa göwherli asmany göreris diýen biderek jümläni ýigrenýärdim. Eger-de men horazy iýmedik bolsam, onda sen edil öz nakgaşyňy edişiň ýaly, menem ýalmardyň(31). Ýalmardyň, sorup gutarardyň we tüýkürerdiň.
— Akmakdygyňy. Akmak we deýýus.
Ol ýene-de kružewaly elýaglygyny nemlenen gözüne — bu gezek sagdaka degirdi. Men bolsa ony bagryma basdym. Ondan hoşboý ys örän çala gelýärdi. Biz ikimizem süýji hyýala batdyk. Rozaliýa Osipowna Aromat — Moskwada syýasatsyz, ýeterlik mukdardaky mahabatly we bihaýaçylyga golaý edilen erotikaly täze ýalpyldawuk žurnalyň düýbüni tutan metbugat işjeňliginiň akulasy, Rozaliýa Osipowna Aromat! Rozaliýa Osipowna, sen şeýle bir enaýy! Men seni söýýärin. Men seni, Roza Kukuşkina (ýa-da Hristanýuk) tutuş ömrüme söýüpdim, al kakmyş söýerin(32)! Ol meniň bialaç pikirlerimi duýan ýaly boldy.
— Menem hemişe seni söýýärdim, — diýip, ol gözleri ýumup, kynlyk bilen aýtdy. Emma soň ýuwaşlyk bilen: — Emma öz žurnalyma işe seni barybir aljak däl. Gaharlanma, ezizim, ýöne seniň bilen köp mesele dörär diýip gorkýaryn, — diýýip, üstüni ýetirdi.
Ol ýene-de owadan, emma utançsyz hereketi görkezdi. Men geň galdym. Moskwanyň üstüne garaňky gije abandy, diňe Kremliň ýyldyzlary ýiti ýanýardy. Daş-töwerekde ýabany kapitalizm(33) dabaralanýardy, ýöne maňa eýýäm bary birdi.
— Biz entegem göwherli asmany göreris, — diýip, men aýtdym.
P. S. Bu edebi hekaýany ýazanyndan soň, edebiýçy Gdowyň terjimeçi üçin düzen bellikleri.
(1) Çehowyň “Dýadýa Wanýa” pýesasynyň soňlamasyndan sözler.
(2) A. P. Çehow. Bellik depderi II. Otuz jiltlik eserleriň we hatlarynyň doly ýygyndysy. J. 17, sah. 51. Moskwa, 1980, “Nauka” neşirýaty. Çehowyň galan sözlemleri goýaldylan harp bilen tapawutlandyryldy we çykgytlar şol neşirden alyndy. Çehowyň ýazuw depderlerinden hödürlenen dokuz sany jümläniň üstüne men onunjynam goşdum: mehaniki pianino. Ony hem men Nikita Mihalkowyň ýaşlyk ýyllaryndaky şeýle atly filminden däl-de, şol depderçelerden aldym.
(3) Gymmat bahaly, gepleşik diliniň öwüşgini.
(4) Içdim, gödegräk, gepleşik dili
(5) Sada rus we ukrain familiýalary.
(6) Soňy, tamam. Öte gödek söz. Hekaýanyň gahrymanynyň keselleriniň sanawy ýörite utançsyz söz bilen tamamlanylýar.
(7) “Gýoteden” atly Lermontowyň goşgusyndan ýoýulyp alnan çykgyt. Sözme-söz: “Ýol tozanok, / ýapraklar titränok... / Biraz garaş, senem dynç alarsyň...”
(8) Geýnäniň adynyň nemesçe aýdylyşy.
(9) Meniň neologizmim, ýagny pişige meňzeş.
(10) Sowetler döwründe lenç edilen aňlatma. Buržua sözünden has gödek söz.
(11) Şwarseneggeriň oýnan meşhur amerikan filmine meňzetme.
(12) Senzura düşmeýän, ýeterlik derejedäki sögünç ümlügi.
(13) Gemrijileri ýok edýän awy.
(14) Dällirän, öte gödek.
(15) 1991-nji ýyldan soň.
(16) Terk edilenleriň-dissidentleriň şol wagtlardaky ýörgünli aýdymy. Faraona ýüzlenme. Dowamy — “Jöhit halkyny öz watanyna goýber”.
(17) SSSR-iň ýaňsa alnyp atlandyrylyşy.
(18) “Täzeden” söze derek. Ýöriteläp nädogry, gödek aýdylýar.
(19) Elbetde, ýalan içala.
(20) Uzak wagtlap ýörgünli bolan lakam dakýarlar.
(21) Zähmet haky. Gepleşikde.
(22) “Heleýledi” diýen rus idiomasy bar, ýagny erkek batyrgaýlygyny ýitiren, zenana meňzän erkek kişi.
(23) Ýaňsylanylyp aýdylýan, sowet propagandasynyň ştampy.
(24) 60-njy ýyllaryň sowet döwrüniň ştamp-ewfemizmi. Ol köpçülikleýin sowet terroryny aýratynlykda alnan repressiýa ýagdaýlaryna öwürýärdi.
(25) Sowet döwrüniň ştampy. Rewolýusionerleriň ilkinji nesli, Leniniň egindeşleri diýen ýaly.
(26) Muny nädip terjime etjegimi bilemok. Bu söz häzirki zaman rus diline girdi.
(27) Sibir halk atalar sözi. Gutulyp bolmaz: haçanda sowet hökümete garşy lakgyldaýandygyň üçin seni tutanlarynda, bizem hiç ýerde bukulyp bilmeris.
(28) Muny nädip terjime etjegimi bilemok. Bu meşhur amerikan “I was born in USA” atly watançylyk aýdymyna meňzetme.
(29) Onuň bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda bile ýaşan joralary.
(30) Bulat Okudžawanyň meşhur aýdymyndan alnan nätakyk çykgyt.
(31) Iýdiň, ýuwutdyň, gözekş gepleşik dilinden.
(32) Gödek, ýarym utansyz wada. Sözme-söz: “Eger-de bu şeýle bolmasa, onda men künti hasaplanaryn”.
(33) Aslynda munuň esasynda short story — realizm, hatda absurda geçýän we yzyna gaýdýan naturalizm hem bar. Gahrymanlaryň sözleýişi — janly, ştamplar bilen berlen. Hekaýa = hekaýa.