Iwanyň gyzy, Iwanyň ejesi

(powestden bölekler)

Aşhananyň penjiresi haçanda her sapar girilende we çykylanda ses edip, gapysy jygyldaýan girelgäniň üstündedi. Tamara Iwanowna şol sabyr-takatsyz, ot ýaly alawlap duran halyndaka-da gapynyň sesini islendik çüňkden, hatda öýüň beýleki böwründe ýerleşýän, adamsynyň uklap ýatan ýatakhanasyndan hem eşiderdi, emma eýýäm birnäçe sagat bäri, edil köçä tarap gönükdirilen we el degrilmegine gara­şyp duran, çekdirilen kiriş dek penjiräniň ýanynda dik durdy. Ýöne ol ýer garaňkydy we dym-dyrslykdy. Girelgäniň çyrasyndan düşýän ýagtylygyň tegmili zordan seýilgähiň we onuň içindäki uzyn, edil çadyr ýaly şahalaryny ýaýan garry derekleriň arasyndaky çagalar üçin meýdançanyň daşyna tutulan pessejik germewe zordan ýetip durdy. Hiç kim şoňa, bu hereketsiz we tutuksy ýagty tegelege girenokdy. Tamara Iwanowna şeýle bir dartgynlydy we ol şol dowamly, häzire çenli ony küle öwürmedik, biynjalyk edýän zatdan gorkup, ol tüm ýaly garaňky seýilgähdäki islendik kölegänem çala peýda boldugy görjekdi we burçuň aňyrsyndaky islendik bukdakla­nyp ädilen ädimi hem eşitjekdi. Emma, ýok, hemme zat doňup galdy we gatady. Uklan jaýlar bilen gurşalan we sesi peseldilen köçe tarapdan, ilkibaşda entek maşynla­ryň gohlary eşidilýärdi: edil gijä galan guşlaryň iýmlenýän ýerlerinden gaýdýan guşlar ýalydy, indi bolsa ol ýerde hemme zat ölüpdi.

Gijäniň iň dym-dyrs wagty, megerem, eýýäm üçden soňdur.

Adamsy ýatyr. Näme diýseňem, eje bilen kaka biri-birinden nähili üýtgeşik ýaradylypdyr: eje näme ýatyp bilermi? Çagalarda, megerem, kakanyň ýarysy bar­dyr, ýöne diňe az bölegidir, bu çagany götermeýän we enäniň öz ýatgysynda duýýan şol baky, ýetip bolmaýan barlygy bilmeýän ýartydyr. Soňra uly adama öwrülýän öz çagasyny dogrup, eje dogrum we burgy wagtyndaky ähli zady daşyna çykarmaýar: diwarlarynda iýmitlenen şol bir çaga onda müdimilik galýar. Tamara Iwanowna­nyň indi diňe bir ýüregi agyrmaýardy, ol tutuşlygyna bir topbak agyra öwrülipdi, onda hemme zat güzaply bolýardy. Emma üýtgeşik agyry bilen bir zat aýratyn dyrmalaýardy, onuň dokumalaryny ýyrtyp we bir sözi nalyş bilen gaýtalap, dyrmalaýardy, dyrmalaýardy. Ol, ejesini çagyrýan Swetka, dyrmalaýardy...

Agşam, haçanda bu ejir başlananda, adamsy, Anatoliý öýde ýokdy. Emma Tamara Iwanowna onuň Dýominyň ýanyndadygyny, olaryň eýýäm bir aý bäri gep-gürrüňden aňryk geçmeýän haýsydyr bir umumy işi ýola goýjak bolýandyklaryny bilýärdi. Başyny başlaýjy täze durmuşda has dogumly we tejribeli Dýomindi. Ol köne durmuş belent depeden takyrdap, aşyr atyp we daş-töweregine öz döwlen böleklerini taşlap ýaňy togalananda, awtobazadan gaýdypdy, ol ýerde olar Anatloliý bilen dostlaşypdylar, Dýomin bir ýerde üpjünçi bolup işledi, indi bolsa onuň merkezi bazarda öz dükany bardy we ol ýerde elektrik çyralardan we boýaglardan başlap, tä awtoulagla­ryň şaýlaryna çenli her dürli odur-büdür zatlary satýardy. Anatoliý bolsa ömrüniň ýigrimi ýylyny sarp eden bazasynda saklanyp galdy, gatnawlaram indi örän seýrekledi, bolanlaram ugursyzdy, yzyna— aýtmak utanç! — ýa odunly, ýa dersli, ýa-da asla boş dolanýardy. Çydady, çydady, tä çykarylyp köçä zyňylýança çydady. Gerekmejekligi sebäpli diňe bir ömrüniň bir bölegi däl, eýsem, kalbynyň bir bölegem rehimsiz kesildi: ol ýerde, awtobazada, Tamara sataşypdy, ol üç ýyllap erkekleriň ýanynda ruly aýlapdy.

Tamara Iwanowna ony agşam sagat on birden soň, telefon arkaly Dýominyň ýa­nyndan gözläp tapdy. Ondan öň ol goňşy köçä, Swetkanyň jorasy Lýusýanyň ýanyna ylgap gidip gelipdi. Lýusýa uzyn boýly we daýaw gyzjagazdy, eger-de onuň tegelek, ullakan elek-çelek bolýan gözi we ýassyjak ýaly ýaňagy, aç-açan gurjaga çalymdaş ýüzi bolmadyk bolsa, onda ony gowy ýetişen zenan hasap edip bolardy. Onuň gorkýan ýaly bolýan we şol bir wagtda hyjuwly ýüzünden bu gyzjagazyň Swetkany diňe gündiz gördüm diýip hakykatyny aýdýandygyna düşünip bolanokdy. Bazarda görüpdir, olar iş barada soramaga gidipdirler, olaryň ýanlarynda Lida Topol hem bar eken. Iş tapylmandyr, ol, Lýusýa bolsa, joralaryny söwda toplumynyň ýanynda goýup ulagly gidipdir. Gidip barýarka, Kawkaz milletinden bolan jinsi kurtgaly bir oglanyň Swetka bilen Lidanyň ýanyna barandygyny görüpdir.

Bu ýörişden ýekeje haýyr boldy: Lýusýa Lida Topolyň salgysyny aýtdy, ol uzakda, ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýan eken.

Öýe dolanyndan soň, Tamara Iwanowna Anatoliýa jaň etdi we eýýäm hiç bir sübhesiz Swetkanyň ýitendigini aýtdy. Entek onuň dokuzdan gijä galyp gelen wagty bolmandy. Bu sagat oňa edil öýüň bosagasy hökmünde görkezilipdi we ol öz erkine dokuzdan soň, bir ýerlerde güýmenmäge het etmezdi. Ondan bir ýaş kiçi, Iwana has köp rugsat berilýärdi, ol tomsuna, edil şu wagtdaky ýaly, gijäň ýaryna çenli entäp bilýärdi we bu hiç kimi gorkuzanokdy: ýigit. On alty ýaşly, görmegeýje, entek gatamadyk, bilesigeliji, eýýäm bu çaka çenli dogry ýoldan çykan gyzjagaz bolsa düýbünden başga ýagdaýdy. Ol mekdebe ir bardy, alty ýaşdan, we okamak hökmanam däl diýen niredendir bir näbelli ýerlerden uçup gelen ýoňa sezewar bolup, mekdebem ir, dokuzynjy synpdan soň taşlady. Owadan durmuşa ýakynrak boljak bolup satyjyla­ryň dokuz aýlyk kursuna girdi. Bu kursy tamamlady, emma işee alanoklar: kämillik ýaşyna ýetmedik. Şeýdip kursda bile okan joralary bilen bazara gatnap, satuw işlerini diläp alyp, hojaýynyň harytlaryny alyjylaryň öňünde silkeläp başladylar.

Ynha şeýle.

Anatoliý Dýomin bilen onuň maşynynda geldi. Özüne ýer tapmaýan Tamara Iwanowna, ynha, şeýle aşhananyň penjiresiniň öňünde durdy hem-de “ýedinjiniň” sessiz we ýalkyldap, dar we deşik, çukur-çukur sermenip, ýüzüp gelendigini we ondan Anatoliýniň böküp çykandygyny, böküp çykyp hem, Dýomine garaşyp togtanyny gördi. Muny bilmek gaty aňsatdy: ol şu wagt howp abanyp duran öz eziz höwürtgesine ýekelikde barmak we aýalynyň gorkuly we talap ediji nazaryna duşmak islänokdy. Ýöne Tamara Iwanowna hem Dýominy görüp, ýeňilräk dem aldy. Onuň bilen ygtybarlyrakdy. Dýomin maşyndan çykdy we hemişeki bolşy ýaly, küýkeribräk, mekdep okuw kitaplarynyň suratlarynda çekilýän ilkidurmuş adamy ýaly eginlerinden sallanyp duran uzyn elleri bilen öňe eglip, girelgä birinji bolup ädim ätdi. Açyk gapa girip, Tamara Iwanownanyň aladaly ýüzünden gyzjagazyň öňküsi ýaly ýokdugyny aňyp, adatça bolşy ýaly ýaňlandyryp we gyryk ses bilen:

— Dowla düşme. Dowla düşerden ir entek. Çagalaryň wagty ahyryn, — diýdi.

Emma hemmeler, şol sanda onuň özi hem munuň diňe sözlerdigini eşidipdi. Gerekmejek sözler.

Iwana dolanýançak ýataýma we telefonyň ýanyndan aýrylman nobatçyylyk et diýip tabşyryp, öýde goýup çykdylar.

Ulagly gitdiler.

Ýyly, garaňky we gowuşgynsyz gije aralaşdy, megerem, ýagyş ýagjakdyr. Eýýäm ýoldan gaçip barýanam ýokdy, ýöne erkinligi duýup, üç-dört ýylyň içinde dünýäniň ähli künjeginden bu ýere, ýaryş gurmak üçin getirilen awtoulaglar batyrgaý okdurylyp ýördüler. Bu keseki çapyşyklar indi ähli zatda — egin-eşiklerde we gönde, çäýneklerde we saçlarda, käşiriň we ýerlamanyň tohumlarynda, çagajyklary okatmakda we professorlary gaýtadan okatmakda, söýgi keýplerini we köpçülikleýin göwün açmalaryň gurnamakda, jübi enjamlarynda we uçarlaryň hereketlendirijilerinde, köçe reklamasynda we döwlet çykyşlarynda bardy. Özäniňkini zibilhana gysyp çykaryp, ähli zat birden boşluga akyp gitdi. Diňe merhum köneçe jaýlanýardy. Şeýdip, köplenç kiliselerde jynazalar okalyp jaýlanylýan ýaly bolup görünýär: birbada ot çabyrap duran gyzgyn näbellilige telbelik bilen öňe topulmak bilen bilelikde jaýlama bilen tamamlanýan durmuşyň tanyş gurluşyna tarap gorkuly yza tesilme hem bolup geçýär. Olaryň ylaýyk deň bölünen ýaly görünýär — biri, kebelek deý, oda topulýarlar, beýlekileri bolsa, körmüşler ýaly, ýere gömülýärdiler.

Dymyp gidip barýardylar, diňe Dýomin, haçanda onuň maşynynyň öňüni daşary ýurt maşynlary kesip geçende ýa-da ýakyn çyra geçirmelidirem öýtmän ýiti garşylyklaýyn faralary bilen gözüni gamaşdyran wagtlarynda, hüňňürdeýärdi. Merkeze düşdüler, köne köprüden Angaranyň çep kenaryna bökdüler, saga öwrüldiler we şäheri yzda galdyrdylar. Daş-töweregi tümlük gaplady. Aňkarylyp galmajak bolup, Tamara Iwanowna yzky oturgyçda, eglip we penjiräniň öňünde kellesini aýlap asmandaky ýyldyzjyklary görjek bolýardy. Olar ýokdy, ol ýerde giňden, ýokarda, şäheriň elektrik akymyndan edil batga otlary ýaly, ýalpyldawuk çüýrän öwüşginli durdular. giňden gerilip durdy. Tamara Iwanowna, bir ýyldyzjyk tapman, olary tapjak bolup, bir zat arzuw etdimmikäm diýip ýadyna saljak boldy, emma hiç zady ýadyna düşürip bilmedi, hamala eýýäm öz aralarynda gowşak baglanyşyk bolan iki sany bölege aýrylan, bölünen, ýaly boldy.

— Haýal barýarysmy? — diýip, onuň gymyldysyna özüçe düşünen Dýomin sorady.

<...>

Durmuşa çykmazyndan ozal Tamara Iwanowna, köplenç, öz-özüne haýran galmak we howsala bilen seredýärdi. Emma has uly haýran galyjylyk we howsala bilen ol özi barada pikir edýärdi. Olar obada howla içginräk giren uly bäş diwarly jaýda ýaşaýardylar, onda gyz uzak wagtlap gapysyz duran, girelgesine agyr goýy gyzyl tuty gerlen iň çetki bölünen ýeri eýeleýärdi. Onuň gaýtmazyndan iki ýyl öň kakasy gapy dakypdy we ol bölünen ýer ahyryn otaga meňzäpdi. Ol ýere iç ýüzünden reňkleri soýlan, onuň öňünde owadanlygyňy we syratlylygyňy görjek bolup duran wagtyňda çaşaryp, ala-mula bolýan, ýöne şonda-da hyzmat edýän üç açylýan aýnany hem getirdiler. Ýatmanka, gapyny kiltläp, Tamara tutuk aýnanyň öňünde gije geýýän köýnegini galdyrýardy we özüni on esse artyk üns bilen synlaýardy. Şeýdip her bir ýetginjek gyz ýaly gizlin baş aýlaýan dünýäde özünde bolup geçýän zenanyň ýakyn­laşýandygy barada habar berýän ähli üýtgeşmelere seredýär. Ol özüne ýarap barannokdy: boýy uzyn däl, gowy dykyzja, eginleri galyp dur, aýaklary berdaşly, muskully, uzynrak, uzynrak bolaýmaly-da, ony tutuşlygyna biraz ýazyp, uzynlygyna goýber ip bolsa-­dyseň-dä. Ol zenan tutuşlygyna başdan soňuna çenli aşakdan ýokary, asmana we güneşe tarap gurnalan bolmaly diýip hasaplaýardy. Güneş bolsa uzyn boýlulary, adatdakydan has ýokary galanlary aşa köp sypalaýar, hatda zenan bedeniniň öýjüklerem çowdarynyň süýri dänelerini ýatladyp duran ýaly göz öňüne getirýärdi. Şonda olar has duýgur, has näzik, has şadyýan we has özüne çekiji bolýar.

Özüniň uzyn boýly bolmajakdygyna ol dessine boýun bolmady. Emma “semewar” ýaly bolmak hem islemeýärdi, şonuň üçin hem ol käbir çäreleri gördi, özi üçin kabir zatlary düzdi. Haçanda ol çuw-ýalaňaç bolup aýna ýakynlaşanda, indi munuň aladasyny etmeýärdi.

...edil onuň içinden gizlenen sessiz diýen ýaly, hüwdüleýji aýdym eşidilýärdi: mümkin, ol ony bir wagtlar eşiden bolmagy ahmal:

Ýuwaş, ýuwaş
Çeşmejik akdy.
Ýagyşjygy, ýagyşjygy
Köp ýygnady.
Oý lýuli, oý lýuli,
Çeşmejik, gaýnama.
Öz dury suwuňy
Bu-landyrma.

Ol içinden çykýan şol bir inçejik gussaly sesiň aýdymlaryny bir gezek eşidenokdy. Ol öz-özüni düýbünden tanamaýandygy baradaky pikirden öz-özüni ýitirýärdi. Göze görünýän ähli zat haýsydyr bir zady ýerine ýetirýär, ähli zat işe ýarar, ýaşaýyş üçin we ýaşaýşy dowam etdirmek üçin ulanylar, ýöne zenany tutuşlygyna, näçe bolsa-da, düşege we aşhana ýerleşdirip bolmaz. Ol tutuşlygyna ol ýere sygmaz, hemme zat adamsyna degişli bolmaz. Erkinligine galýan, adatdan daşary duýgur bolýan, tene degişli bolmadyk, özüni päk saklaýan, hojaýyn bolup barlag geçirýän, mähir ýetmedik wagty zenany ezizleýän we örän assalyk bilen onuň tarlaryna kakyp görýän zat näme onda? Tamara Iwanownanyň aýal islegiň alawy bilen däl-de, päk ylham bilen joşup, tutuşlygyna bat alyp, gaýduwsyzlyk bilen bagtly edermenlige taýýarlanýan öz içindäki gizlenip ýatan şol böleginden utanýan wagty hem bolýardy. Özüne meňzeş köp we köp millionlarça zenanlaryň biri bolan Tamara Iwanowna şol adatdan daşary üýtgeşik duýgurlygy, öz-özüniň içki dünýäsine aralaşmak ukyby sebäpli özüni ýeke-täk hasaplap bilerdi: şeýle we şeýle däl, ýene başga nämedir bir zat bar.

Kakasy, ony şähere çenli ugradyp barýarka, gyzyna duýduryş bermek üçin, bolşundan has, serhoş bolan boldy: gyzym, ýanýoldaşly bolýançaň, özüňi gözüň göreji ýaly sakla. Başga sözler bilen aýtdy, emma olary terjime etmegiň geregi ýokdy: gyz olary edil bolmalysy ýaly düşündi we hatda kakasynyň bu sözleri aýtmaga mejbur bolandygy üçin öýkeledi. Ýöne özüniňem şol sözleri Swetka gaýtalamaly wagty gelip ýetdi; eý Alla, çagalaryňam öz gezeginde duzaklardan doly özbaşdak ýola düşýän uly ýaşly çagalaryň ene-atalary bolmak wagty şeýle bir tiz ýetýär. Swetka gözlerini utançdan we oňaýsyzlykdan bukup, ony diňledi, emma şeýle hem bolmalydy: beýle düşünjelerden olaryň hemmesi, hatda Anatoliý hem, daşdady. Gödek sözler we bihaýa gürrüňler diňe bir maşgalada aýtmak bolmaýardy, ýöne olar keseki biriniň agzyndan sypaýsa-da, gök gürläp başlaýardy. Hatda Dýominem Tamara Iwanownadan çekinýärdi we haçanda çalşyryp bolmajak sözi aýtmaga mejbur bolanda, ony, ol wagtlar entek kiçijik bolan çagajyklary begendirip, düşnüksiz üýrýän ýaly edip sögünýärdi. Ondan soň, ýagny onuň üçin endik bolan dilini kemsideninden soň, Dýomin üsgürip ugraýardy. Erkin ýaşaýşyň gelmegi bilen bolsa, haçanda telewizordan, edil jadyly golçadan bolşy ýaly, nejis zatlardan bişirilen şüle çogup ugranda, bosagadanam geçip, köçäni doldurany saklamak üçin gerek sözi bolsa, bu sözi ýitirdiler. Tamara Iwanowna kän bir uzak pikirlenip oturman, telewizory ýere palçyldadyp zyň­dy-da, el çekdi.

— Ejesi, gaty gitmesene, — diýip, has parahat Anatoliý aýtdy. Olar ösüp gelýän ýaş çagaly beýleki maşgalalaryňky ýaly, biri-birlerine biygtyýarlyk bilen “ejesi’ we “kakasy” diýip ýüzlenýärdiler.

Tamara Iwanowna aňryk gitdi we penjiräniň öňünde durup we edil gyzjagaz ýaly gözýaşlaryny ýüzüne çalyp aglap başlady. Hemişeki bolşy ýaly hem, şeýle ýarylmalardan soň, ol uzakly gün daş ýaly gatap, haýal we agras gepleýärdi. Tamara Iwanownanyň şonda ýaňy bir çagalar bagyndan soň, poçta işe gelipdi. Poçtaçylara tipografiýadan we demir ýol menzilinden getirilýän eşidilmedik wakaly we görülmedik suratly owadan gazetleriň görnüşi ony geň galdyrypdy. Žurnallar gowy geçenokdy; edil şu ýerde, poçtada satylýan kitaplaryň daşynda-da aýaklary ýokary galdyrylan we tutuş dünýä ýigrenç bilen gülümsireýän gözeller görünýärdi. Ol poçta köne hünäri boýunça — telegrafist bolup gelipdi. Telegrammalaryň tekstlerem üýtgäpdir: bihaýa sözler, gizlin we aç-açan haýbat atmak, sögünç, hamala kemakyllygyň we adamyň üstünden gülmegiň çäginiň nähilidigini barlanýan ýaly warsaky sözler. Emma indi hiç zat gadagan edilenokdy, hemme zat aç-açandy, erkindi, rehim-şepagatsyzdy — hamala näçe bar bolsa, ähli edepsizleri ýüze çykarmaga howlukýan ýaly, olaryň edepsizlikleriniň hemmesini bir ýere jemleli we ýok etmeli, olaryň özüni bolsa etap boýunça ugratmaly... Ýöne nirä? Ugratmaga ýer ýokdy, şol heýweräniň barmadyk çüňki galmandy.

Haýsydyr bir belent daglardan gaýdan bu hapa akymyň ilkinji ýyllary, Tamara Iwanowna güýçsüzlikden, böwet goýup, bu özüniň masgaralamak bilen heşelle kakmagynyň ýokary göterilýän gerşinde, nejasatlar bilen lasyrdaýan, gaýnaýan akymdan gaçyp bilmeýändigi sebäpli gözýaş döküp başlardy: gursagy gysylýardy, agyry edil gozganmaýan togalak daş ýaly bolup onuň içinde ýatyrdy we birnäçe sagatlap demini tutýardy. Aglasa bolsa, gorkan ýüregine gözýaş guýar, şol ajy gözýaş bilen togalak daşy gyzdyrar, ol süýşýän, demi açýan ýaly hem bolýar. Emma gözýaş bilen uzak wagtlap halas bolarmyň? Bir gezek ol özüniň aglasammykam ýa aglamasammykam diýip pikir edýändiginde tutdy. Diýmek, aýal ejizligine boýun bolman, aglamanam biljek ekeni. Beýle bolýan bolsa, onda näme üçin ol şoňa boýun bolmaga, öz-özüni aldamaga biygtyýar ýeňlejekdigine, onuň içini doldurýan şol gyzgyn ýüküň akyp gutarjakdygyna ynanmaga öwrendikli bolupdyr? Ähli we tutuş zadyň ornuny tutany, ene-ata, mugallyma we döwlet gullukçysyna öwrülen bihaýaçylygy gözýaş bilen kowup bolýarmy näme? Ýok, boldy, suw-sil etmek gerek däl!

Has köp Tamara Iwanowna aman galyp boljak galanyň gözlegindekä, Angaranyň kenaryndaky öz obasyny, berýozalar we arçalar bilen, örtülen giň çemenligi, gyralardaky ak köpükli maý çerýomuhasyny, onuň obadaky süýji ysyny, güllemeden soň köçäni duw-ak edýän çerýomuha tüweleýlerini, beýik, öz aşagyndaky ýeri göterýän asmany, onuň aşagynda bolsa günüň batýan tarapynda agyr we diýen ediji, çola, ýöne şonda-da eziz kenarly angar suwunyň akymyny ýatlaýardy. Bu zatlaryň ählisi bir ýere birleşýärdi, öwşün atýardy, oýnaýardy, gohlaýardy, biri-birine toplanýardy we dargaýardy, nireden seretseňem, hemme ýerden görünýärdi, nireden barsaňam syn­lamak üçin ähli soran zadyňy golaýlaşdyrýardy, süýşürýärdi... Bu zatlaryň barysy hamala ýatdan çykarmagyň nämedigini bilmeýän deri kimin, Tamara Iwanowna şeýle bir açyk, janly ýaly we agyrdyp ýelmeşipdi welin, ol munuň ýaly zatlar hemme kişide-de bolýarmykan we diňe onuň özüne şeýle tükeniksiz ýatkeşlik güzap üçin berildimikän diýip sorag-ideg etmäge-de gorkýardy. Düýşünde ejesi pahyr birnäçe gezek geldi, garanjaklap, gyssanyp, bir zatdan gorkup, öz gezeginde, özüniň ejesi pahyr, Tamara Iwanownanyň mamasy hakynda gürrüň berýärdi, Mamasy Tamara Iwanownanyň ejesinden bir isleýärdi. Onuň näme isleýändigini hiç düşünip bolanokdy, emma ol ýerde-de haýsydyr bir gatnaşyklaryň dowam edýändiginden iniň tikenekläp gidýärdi. Ine şeýle tutgaýlar bilen oba we onuň bilini guşap oturan meýdanlar, derýanyň boýlary we mal üçin niýetlenip gapdallarynda germew edilen ýer bölekleri hem surat ýaly geçýärdi. Ýa Angaranyň aňyrsyndaky tokaý hojalygynyň howlusy we basgylanan çuň suwa tarap inelge, ýa oba jaýynyň garşysynda duran, bir gapdally, ikinji ösüntgisi döwlen berýoza görnüp gidýär. Şemal berýozany silteleýär welin, onuň egrelen depesi agaçdaky esgi dek pasyrdadýardy. Emma bu zatlar düşnükli, bu hakydadan. Emma keramat we düşnüksiz zat — käwagt ýa düýbünden ýatdan çykarylan, ýa-da ol bar wagty asla bolmadyk, eýýäm ol obadan gaýdan wagty bolan zatlar onuň gözüne görünýärdi. Ynha, ol batly ädimler bilen çemenlikden ýöräp barýar, sagda oba we Angara, çepde ýalaňaçlanan tokaýjygyň aňyrsyndaky açylýan orlan meýdanlar, dury, aýnapisint, tikenekli güýz howasy. Ol ýaryk-ýaryk bolan gabykly bir garry berýozalaryň biriniň ýanyna barýar we onuň aşaky şahasyna bir igiň asylandygyny görýär. Bolanda näme? — ik ikdir-dä, gerek bolmansoň çykarypdyrlar we görünýän ýerde goýupdyrlar — gowy zat isrip bolmaz ýaly, belki, biri alar. Emma onuň öňki gözüne görünmeleri-de ýokdy, Tamara Iwanowna bolsa olarda, göze görünmelerde, şeýle bir ýatkeşlik bilen ähli ýodajyklary geçipdi, üns bermedik za­dynyň bolmagy mümkin däl. Eýýäm ondan soň doglan çagajyklaryň ýüzleri görnüp ugrady. “Sen kimiňki?” — “Zyrýanowskiňki”. Tokarja çaga oňa bilesigelijilik bilen seredip dur, şeýe-de ol nätanyş daýza bilen duşuşanyna geň galýar. — “Zyrýanowskileriň haýsynyňky?” — “Lýusýaňky”. Tamara Iwanowna Zyrýanowskilerde Lýusýa bar­dymyka diýip, uzak wagtlap ýadyna düşürjek bolýar ýatlap bilenok. Emma, eger-de obanyň soňky ýugurmasy bolan bu raýat şeýle ynamly öz familiýasyny we ejesiniň adyny aýdýan bolsa, bolaýmaly. Olaryň ertekiden gelmedikler-ä düşnükli.

“Hemme zady Angara alyp gider — çagalygam, garrylygam, şatlygam, betbagt­lygam”, — diýip, olaryň obasynda filosoflarça aýdylýardy. Ömrem alyp gidýärdi, täze ykbalam döredýärdi, akar suw barka, daşjagazlaryň üsti bilen şeýle bir ertekilerem aýdyp bererdi, haýran galyp oturmalydy. Indi ähli zat gyrmançadan dolup, düýbe çökýär. Tamara Iwanowna biygtyýar ol zatlar barada oýlanardy. Oňa hakykatdan hem Angaranyň arassa we şillirdereýän, ýa-da agyr, howdanda gymyldaman duran suwdan dolýandygyndan onuň ýaşaýjylarynyň hem köpelmegi bagly ýaly görünýerdi. Hawa, ähli zat tapawutlandyrylman we biperwaýlyk bilen düýbe gidýär. Onsoň mundan näme bolar? Bu nähili doglan ýer, adamynyň göz öňüne getirip bolmaýan gelejeginde ol haýsy zerurlyklar üçin ösdüriler? Onuň ejesi dindar aýaldy, dogry, ol ikonasyz we dogasyzdy, ýöne şonda-da Hudaýyň adyny kemsitdirmezdi we ony ýygy-ýygydan ýatlaýardy. “Seni görer we öz penasyna alar ýaly, Hudaýyň öňünde terbiýeli bolup görünmeli”, — diýip ol gyzyna düşündirýärdi. Tamara eýýäm ullakanja bolupdy. “Ýöne nädip Hudaý biziň hemmämizi tanap bilýärkä? — diýip, ol oýlanyp sorag berýärdi. — Biz köp ahyryn, ýöne müňlerden doly”. Bu ýerde kakasy goşulýardy. Ýerdäki işleriň asmanda hasaba alnyşy babatda onuň öz düşündirişi bardy. “Biziň hemmämiz suw içmek üçin derýanyň ýanyna barýarys ahyryn. Derýa bolmasa, biziň Angaramyz bolmasa hiç kim ýaşap bilmez. Ähli derýalar bolsa Hudaýyň gapdalyndan akýar. Ol olara seredýär we, edil aýnada gören ýaly biziň hemmämizi görýär. Düşündiňmi?” — diýip, ol ýarym oýun we ýarym çynlakaý äheňde, kellesini içine çekip we öz-özüne baş atyp aýdardy. Düşünmez ýaly zat barmydy? Tamara baş atýardy we gözüni gyrpyldatman, bir ýere dikip doňýardy. Emma soň ol näçe gezek bu ýüreginde orun alan sözleri, haçanda ertirlerine ol şäherdäki öýünde krany açanda we duran suw pružinli, görünmeýän we ezýetli akym bilen edil dowzahdan çykan ýaly bolup turbadan paşyrdap çykanda ýatlaýardy. Onsoň bu ýerde nähili aýna, nähili alada, şypa?! Baý adamlaryň krandan akýan bu suwy halamaýandyklary ýöne ýerden däldir. Olar plastmas bedreli bidonlar bilen ýa Baýkala, ýa çeşmäniň boýuna ulagly gidip gelýärler. Olar iýmitinem, dem alýan howasynam saýlap ýaşaýarlar. Beden keselleriň iýmit bilen suwdan ýygnanyp bolýandygy olar oňat bilýärler.

Eh, durmuş-samokatjyk, öz-özi tigirlenip barýar, sen bolsa onuň üstünde şady­ýanlyk bilen asmandaky günjagazy gyssap oturan hanym bolup oturaňok-da, daşlardan, palçyklardan we beýleki ýol-ýodasyz ýerlerden bitmejek ýaralary goýup, yz galdyrýarsyň. Ýene-de Tamara Iwanownada onuň kalbynda gizlenip oturan, biyg­tyýar eglende öz-özünden akýan gamly we päk aýdym ýüze çykdy. Ýene-de inçe, duýgur, hiç bir owazynda daşyna syçramadyk ses aşakdaky aýdymy aýtýardy:

Ýeňiljek, ýeňiljek
Gaýyjak ýüzýärdi,
Ajy gözýaşlary men
Gaýyjakda dökdüm.
Oý lýuli, oý lýuli
Ýürek, göz ýaş etme!
Meniň bagt paýymy
Elden ga-çyrma.

Tamara Iwanowna öz-özüne nebsi agyryp, uludan demini aldy, näme hakynda­lygy belli bolmadyk we bir zat gözleýän ýaly oýlanýardy, emma pikirler endige görä derrew şol bir tarapa syrygýardy: haçanda çuň gorpa iteklänlerinde ol ýerde “elden gaçyrman” boljakmy... Döşüni kynlyk bilen galdyryp, ol öz tukat pikirlerini düzed­ýärdi we özüni umyt beriji ýola ugrukdyrjak bolýardy. Ýöne onda uzak saklanmak kyn düşýärdi. Onuň göwnüne kyrk ýyl bäri ýaşan, ýaňy-ýakyndaky berk dünýäsinden indi eýýäm hiç bir zat galmadyk ýalydy, töwerek-daşda ähli zatlar, edil ýeriň örän äpet süýşmeginden soň bolşy ýaly, döwük-ýenjik zatlaryň aşagynda galyp­dyr, olaryň bir bölegi relýefli owadan gerş edip ýokaryk itilipdir, beýleki, has uly ­bölegi gözgyny bulam-bujar edilip zyňylypdyr, ýöne ol ýerde-de, beýleki ýerde-de diňe gapma-garşylyksyz güýçler däl-de, asla hiç hili güýç ýokdy, diňe biri-birine meňzemeýän görnüşdäki doňup galan harabalyklar bardy. Birdenem şekil üýtgedi we harabalar manyly gurluşa eýe boldular, nätanyş, ýöne şonda-da belli bir tertipde, iň bolmanda, tertibe durjak bolup nobata durýardylar. Diňe şol elhenç döwre çydap, çagalaryňy we öz kalbyňy gorapmaly — durmuş haçanam bolsa bir wagt düzeler, düzelmezlige haky ýok!.. Şoňa ýetmägi şeýle bir isleýärsiň, bu ömürde şeýle bir dynç almagy isleýärsiň! Akýan, ýumşaklyk bilen gurşaýan heň hem dowam edýärdi:

Ýuwaş, ýuwaş
Çeşmejik akýardy.
Gözýaşlary, gözýaşlary
Köp içdi.
Oý lýuli, oý lýuli
Çeşmejik, gaýnama
Gaýyjaga ýodajygy
Dü-şe-se-ne.