Giçki stanslar
Indi ýeriňkä däl diýmersiň —
şol belli onýyllyklardan bäri,
ilkinji şepäň, soň beýlekileň
oň içine girenleri bäri.
Ýöne ýer özün aşak goýberdi
zyýanyna bilbiliň, köpügiň,
aý, nähili, gel bäri, girmändi
düýşüne haýsydyr bir Lysenkoň.
Saýlardym başga ömri:
irden oýanýanyňkyny,
kiçi beýnä buz dek suw
krandan guýýanyňkyny
ýa-da kitaply uzak
ýatmagy söýäniňkini,
ýa-da soňky fişka deý,
gulpak silkýäniňkini.
Ýöne möhletler gutardy,
türgenlerdir bikärleňki
hatda doldurylman galdy.
Men bolsa täze eonda,
sowlan agyry, duz bilen,
görüp, seniň gözeldigiň,
ylalaşjakdym işi bilen
hem hususy detektiwiň.
Dogry, ýene galypdyr
ýetilmedik çuňluklar,
synanyşdyk gitmäge
eglip çümüp çykmaga.
Eýse kimdir birine
bu dem alyş enjamda
bolarmyň dost ýa dogan
lazer reňk dykyz suwda?
Şeýle-de bolsa diňe göge
bu gün men ynam edýän,
gerek bolanda ýeke-täge
çekinip, içgin girişýän.
Hamala ylgawdan soň ýaly
kelläm ýokary galdyrýan
geljekki syýahatlaň çelgin
öňünden goýup çykýaryn.
şol belli onýyllyklardan bäri,
ilkinji şepäň, soň beýlekileň
oň içine girenleri bäri.
Ýöne ýer özün aşak goýberdi
zyýanyna bilbiliň, köpügiň,
aý, nähili, gel bäri, girmändi
düýşüne haýsydyr bir Lysenkoň.
Saýlardym başga ömri:
irden oýanýanyňkyny,
kiçi beýnä buz dek suw
krandan guýýanyňkyny
ýa-da kitaply uzak
ýatmagy söýäniňkini,
ýa-da soňky fişka deý,
gulpak silkýäniňkini.
Ýöne möhletler gutardy,
türgenlerdir bikärleňki
hatda doldurylman galdy.
Men bolsa täze eonda,
sowlan agyry, duz bilen,
görüp, seniň gözeldigiň,
ylalaşjakdym işi bilen
hem hususy detektiwiň.
Dogry, ýene galypdyr
ýetilmedik çuňluklar,
synanyşdyk gitmäge
eglip çümüp çykmaga.
Eýse kimdir birine
bu dem alyş enjamda
bolarmyň dost ýa dogan
lazer reňk dykyz suwda?
Şeýle-de bolsa diňe göge
bu gün men ynam edýän,
gerek bolanda ýeke-täge
çekinip, içgin girişýän.
Hamala ylgawdan soň ýaly
kelläm ýokary galdyrýan
geljekki syýahatlaň çelgin
öňünden goýup çykýaryn.





