Çapaýew we Boşluk
(romandan bölek)
Basym Mariýa çeperçilik galereýasynyň uzyn zalyndan barýan ýaly bolup duýuldy — daşky gurşawyň segmentleri, wagtal-wagtal dünýäni gurşap alan dumandan çykyp, özüniň leji çykan adatylygy bilen wajyp sungatyň obýektlerine meňzeýärdi. Onuň öňünden “walýuta alyş-çalşygy” diýen ýazgyly tabliçkalar, çakgylar bilen oýulan oturgyçlar we täze nesliň näme diýseň hem piwony saýlaýanlygynyň şaýady bolan köp sanly boş bankalar çykdy.
Elleri awtomatly nähilidir bir aladaly adamlar tüsseden çykyp, ýene-de oňa sümüp gidýärdiler. Olar Mariýany görmedik bolýardylar, ol hem olary görmezlige saldy. Olar bolmasa-da Mariýany tanaýanlar we ol hakda pikir edýänler ýeterlikdi. Olar näçedi — millionmy? Onlarça millionmy? Mariýa olaryň sanyny takyk bilmeýärdi, ýöne ony ykbalynyň ýazga salan ýürekleriniň hemmesi eger birbada-unison ursalardy, onda olaryň birleşen sesi derýanyň aňyrsyndaky partamadan has güýçli bolardy.
Mariýa töweregine göz aýlady, nämäniň bolup geçýändigine düşünjek bolup, özüniň şöhle saçýan gözlerini süzdi.
Uzak bolmadyk, nirededigi, tüsse sebäpli takyk görünmeýän bir ýerde wagtal-wagtal gümmürdi bolýardy, we her gümpüldiden soň, itleriň üýrýän we stadionda gol salnandan soň bolýan gykylyk ýaly, köp sesli gykylyk gelýärdi. Mariýa bu barada näme pikir etjegini bilmedi — belki, derýanyň aňyrsynda kino düşürýändirler, belki-de täze ruslar kimiň has täzedigini anyklaýandyrlar. Ulydan demini alyp, ol hemme zady çaltyrak paýlaşyp bolsadylar, diýip içini gürletdi, ýogsam, näçe ýaş gelşikli ýigitler asfalta ýykylar we atylyp deşilen ýüreginden akan gany onuň üstüne döker?!
Mariýa, häzirki wagtda asmany we güni tutan, burugsaýan gara tüssäniň içinde, Hudaý bilýär näme üçin, azap çekýänleriň, hemmesiniň bu durmuşyň çydap bolmajak ýüküni nädip ýeňilleşdirmelidigi hakynda pikirlenip başlady. Onuň kellesine dürs, ýagty we ýönekeý keşpler gelýärdi — ine ol, sada köýnekde, öýüň eýeleri tarapyndan bu ýagdaýa niýetlenip, ýörite ýygnaşdyrylan bir ýönekeý öýe girýär. Ynha, öý eýeleriniň hem özleri — semewaryň golaýyndaky stolyň başynda otyrlar we oňa mähirli seredýärler, onuň özi hem hiç zat diýmeli däldigini, ýöne garşylaryna geçip, mähirli garamagyň ýeterlikdigini, mümkin boldugyça kameranyň şyggyldysyna-da üns bermeli däldigini bilýärdi. Ýa-da şeýle: hassahana otagy, oňaýsyz düşeklerde ýatan saralan adamlar we hemmelere görünip duran, onuň diwaryň ýüzünde asylan şekili — ýatan ýerlerinden oňa seredýärler we ähli gam-gussalaryny we agyrylaryny wagtlaýynça unudýarlar...
Bularyň hemmesi örän gowudy, emma ol munuň ýeterlik däldigine çala düşünýärdi — ýok, bu dünýäde ýowuz hem gaýratly, eger gerek bolanda, ýamana garşy durup biljek güýç gerekdi. Emma bu güýji nireden aljak? Ol nähili bolmaly? Mariýa bu soraglaryň jogabyny bilenokdy, ýöne ol häzir bu gaýgy-gam akdyrýan şäheriň kenaryndan hut şunuň üçin ýöräp barýandygyny duýýardy.
Ýeliň bady ony gurşap alan tüssäni göz açyp ýumasy salymlyk dargatdy, we Mariýa günüň şöhlesi düşdi. Ol ony eliniň aýasy bilen ýapdy we birden jogaplary nireden tapmalydygyna düşündi — elbetde, ony bu ýere çagyran we tüsseli kenarda amala aşmaga mejbur eden sansyz ýüreklerde we aňlardady. Olaryň barysy bir akyl ummanyna birleşen ýalydy, ol umman bolsa teleýaýlyma seredýän millionlarça gözleriň üsti bilen onuň gözüniň öňünde açykdy.
Ol daş-töweregine göz aýlady we ilki bada özüne kömek edip biljek zady görmedi. Ýok, hakykatdan-da, bu akyl ummanynda ähli zatdan üstün çykyp biljek güýç görkezilipdi, we köplenç ýagdaýda — takmynan birmeňzeşdi, şeýlelikde nähilidir bir umumy şekil döräpdi: kellesi uly bolmadyk we giň eginli, mämişi reňkli iki taraply penjekde, aýaklaryny giňden açyp, uzyn akja awtoulagyň ýanynda duran ýaş ýigit.
Bu awtoulag birhili düýş ýalydy we howada bulaşyk göründi, sebäbi Mariýanyň ruhlary görenleriniň hemmesi onuň ornuna dürli modelleri görkezýärdi. Ýaş ýigidiň ýüzi barada aýtsaň, ol hem çak bilen, diňe saçy, biraz buýra mele kirpi, azajyk anyk görnüpdi. Ýöne penjegi has anyk suratlandy, hatda az-owlak jan etseň, altyn düwmelerindäki ýazgyny hem görmek boljakdy. Emma Mariýa muny etmedi. Esasy zat iliklerde näme ýazylandygy däl-de, ähli zady ýeňip biljek güýç bilen onuň utanjaň söýgüsini birleşdirmekdedi.
Mariýa sägindi we çoýun gözenekli haýatlaryň arasyny bölýän granit tumbalaryň birine ýaplandy. Ol özüne ynam bildiren aňlardan we ruhlardan ýene jogap gözlemelidi — emma bu sapar Mariýa ony anyk bilýärdi — umumy pikirleriň geregi ýokdy. Gerek zat...
“Ol ýerde azyndan bir akylly aýal bardyr ahyryn?” — diýip pikirlendi.
Bu akylly aýal derrew diýen ýaly tapyldy. Mariýa onuň adyny, kimdigini, hat-da onuň ýüz keşbiniň nähilidigini bilmeýärdi — bir sekundyň içinde uzyn kitap tekjeleri, kagyzlardan doly ýazuw maşynkaly stol we onuň ýokarsynda asylgy duran elhenç buýra-buýra murtly we gaýgyly bakyşly adamyň suraty gözüne görnüp gitdi — bularyň hemmesi titräp, bükülip duran, ak-gara reňklidi, misli Mariýa olary çilimiň daşyndan uly bolmadyk ekranly köne, üstesine-de otagyň merkezinde däl-de, bir burçynda duran telewizoryň içinde görýän ýalydy. Emma görünýän şekiller, Mariýa görenleri hakda oýlanmaga ýetişmez ýaly, çalt gözden ýitdi, soňra bolsa olaryň ýerine pikirler gelip başlady.
Mariýa özüne tüweleý dek açylan düşünjeleriň hiç birine diýen ýaly düşünip bilmedi; şeýle hem bu tüweleý bir tüýsli dymjyk we tutuksydy, edil ammarda köne germew gaçanda turýan tozan akymy ýalydy. Mariýa gaty hapa we adaty bolmadyk bir düşünje bilen iş salyşýandyryn diýen netijä geldi we hemme zat gutaransoň, rahatlandy. Onuň kalbynyň gülgüne boşlugynda galan aw soňuna çenli düşnüksiz sözlerden ybaratdy. Sözler şeýledi — “owadan aýal” (bu ýerde kim barada gürrüň edilýändigi bellidi), “nätanyş zenan” (bu-da), soňra “Öýlenjek ýigit” (näme üçindir baş harp bilen), soň bolsa “Myhman” (olam baş harp bilen) diýen söz gözüniň öňünde gaýyp gitdi, aňyrda “alhimiki nikasy” diýen düşnüksiz söz düzümi asylgydy, onuň yzynda bolsa nämedir bir gara zat:”dynç alyş biderek, men derwezäni kakýaryn” diýen ýazgy. Şunluk bilen pikirler gutardy — olardan soň edil burnunyň aşagynda ösýän sakgala meňzeş uzyn murtly we gazaply bakýan adamyň keşbi ýene bir gezek görnüp gitdi.
Ol aljyrap, töweregine göz aýlady. Öňküsi ýaly daş-töwerekde esasan zat tüssedi. Mariýa, belki-de, ýakyn bir ýerde gapysyny kakmaly derwezäniň bolmagy ahmal diýip pikir etdi we alagaraňkylyga tarap birnäçe ädim ätdi. Tümlük ony dessine gurşap aldy, ol gorkdy, we ol yzyna kenara tarap, näme diýseň hem biraz yşyk bar ýere çykdy.
“Eger kaksam, kimdir biri açarmyka?” — diýip, ol pikirlendi.
Arka tarapdan awtoulagyň motorynyň tyrryldysy eşidildi. Mariýa kenardaky haýata ýaplandy we gorky bilen tüsseden näme çykarka diýip garaşyp başlady. Birnäçe sekunt geçdi, onuň gapdalyndan ýuwaşlyk bilen uzyn gara, dürli reňkli lentalar bilen bezelen “Çaýka” maşyny geçip gitdi — onuň bilşine görä bu gelnalyjy maşyndy. Maşyn ünsli dymýan adamlardan dos-doludy; onuň aýnasyndan birnäçe awtomat tüpeňler çykyp durdy, depesinde bolsa iki sany sary, bir ulyrak we bir kiçiräk ýüzük ýalpyldaýardy.
Mariýa “Çaýkany” nazary bilen ugratdy we eliniň aýajygy bilen maňlaýyna urdy. Elbetde! Hawa. Edil özi. Iki sany birleşen halkalar, Giýew, Myhman, Hemaýatkär. Alhimiki nika — dogrysy, munuň nämedigi belli däl, alhimiki — bu näme, ýöne, bir zat bolaýanda-da, onuň gowy aklawçysy bar. Mariýa kellesini ýaýkady we ýylgyrdy. Ol nädip şunça wagtlap iň ýönekeý, iň wajyp zady görmändir? Ol umuman näme barada pikir etdikä?
Ol daş-töwerege ser saldy, takmynan dünýäniň taraplaryna görä, ugur anyklady we ellerini günbatara uzatdy (nädipdigi belli däl, Öýlenýän ýigidiň şol tarapdan geljekdigi düşnükli boldy) — Gel! — diýip, doga-dileg edýän ýaly pyşyrdady we şol bada dünýäde täze bir zadyň bardygyny duýdy.
Indi diňe duşuşyga garaşaýmak galdy. Ol Öýlenýän ýigit bilen ikisiniň arasynyň gysgalýandygyny begenç bilen duýup, öňe ylgady — ol oglan hem onuň eýýäm bilşi ýaly, edil şol kenardan ýöräp, oňa tarap gelýärdi, emma Mariýa garanyňda ol gyssanmaýardy, sebäbi howlukmak onuň häsiýetine görä däldi.
Tüsse sebäpli birden peýda bolan açyk kanalizasiýa lýugyndan gudrat bilen böküp, Mariýa badyny peseltdi we gyssanmaç jübülerini dörüp başlady. Onuň ýanynda ne aýnasy, ne-de boýag torbasynyň— kosmetiçkasynyň ýoklugy birden kellesine geldi. Bir salym çykgynsyz ýagdaýy düşüp, gamlandy — ol hat-da ýörän ýolunda öz keşbini görer ýaly suw üýşen ýeriň bar-ýoklugyny ýadyna salmaga çalyşdy. Ýöne onuň gamy edil çalt peýda bolşy ýaly hem ýitdi — Mariýa Öýlenýän ýigidiň garşysyna isleýşi ýaly çykyp biljekdigini ýadyna düşürdi.
Ol biraz pikirlendi. Goý ol has ýaşajyk, iki örüm çypar saçly, sepgillije ýüzli we... we... gyzy görsün. Nähilidir bir naşyja detal, nähilidir bir sada görkezjek zat gerekdi — gulakhalkalar? Beýsbol kepkasy? Wagt gaty azdy we iň soňky pursatda Mariýa gyrmyzy ýaňaklaryny dowam etdirýän açyk gülgüne gulaklyklar-nauşnikler bilen özüni bezedi. Şondan soň gözüni ýokary galdyryp, öňe seredip başlady. Öňde tüssäniň içinden metal bir zat ýalpyldap, birdenem gözden ýitdi. Soň birneme ýakynda peýda bolup, ýene-de garaňkylykda gizlendi. Birden şemal bady bilen tüssäni gapdala aýyrdy we Mariýa ýalpyldawuk bir keşbiň özüne tarap ýuwaşlyk bilen gelýändigini gördi. Şol bir wagtyň özünde, bu şekiliň her ädimi bilen ýeriň birneme sarsýandygyna ýa-da onuň göwnüne bolmagynyň ahmaldygyna Mariýa üns berdi. Demir adam ondan has uzyndy, sypaýy — görmegeý ýüzünde hiç hili duýgy ýokdy. Mariýa gorkup başlady we yza çekildi — yzynda bir ýerde açyk bir lýugyň bardygyny ýadyna saldy, emma ol ledokolyň burnunuň buza direýişi ýaly, üstüne abanyp gelýän demir göwreden gözüni aýyryp bilmedi.
Haçanda ol gygyryp başlamaga taýýar pursadynda, demir adamda täsin üýtgeşiklik bolup geçdi. Ilki onuň ýalpyldawuk butlarynda öýde geýilýäne meňzeş zolak çyzykly türsük, soň ak maýka peýda boldy, soňra onuň bedeni güne garalan adam derisiniň adaty reňkine eýe boldy, onuň yzy süresi ganýaş reňkli balagy, zolakly galstuk bilen köýnek we örän owadan gyrmyzy reňkli altyn düwmeli, iki ýanyna iliklenýän penjek peýda boldy. Diňe şu ýerde Mariýa köşeşdi. Emma gyrmyzy penjek onuň gözlerini uzak wagt begendirmedi — ol asmandan peýda bolan uzyn çal plaşyň aşagynda ýitirim boldy. Myhmanyň aýagynda gara aýakgap, ýüzünde bolsa gara äýnek peýda boldy. Saçlary çypar kirpi ýagdaýynda doňup galdy, Mariýa şatlykly dem alyp, Öýlenýän ýigitde Arnold Şwarseneggeriň keşbini tanady — eýsem bu ol, ondan başga hiç kim bolup bilmejegini, nädip şol bada düşünmedikä.
Ol onuň garşysynda dörtburç gara çüýşeler bilen seredip durdy: dodaklarynda ýylgyryş çala görünýärdi. Mariýa onuň äýneginde öz keşbini gördi we gulaklyklaryny-nauşniklerini düzetdi.
“Eý, dewa Mariýa”, — diýip, Şwarsenegger ýuwaşja aýtdy.
Ol joşgunly, ýöne ýakymly ses bilen gürledi.
— “Ýok, gadyrdan,” — diýip, Mariýa, eplenen ellerini döşüne göterip, syrly ýylgyrdy, — ýöne Mariýa.
— Ýöne Mariýa, — diýip, Şwarsenegger gaýtalady.
— Hawa, — diýdi Mariýa. — A sen Arnoldmy?”
— Sure, — diýdi Şwarsenegger.
Mariýa bir zatlar aytmak isläp agzyny açanda, emma aýtmaga sözüniň ýokdygyny bildi. Şwarsenegger ýene-de oňa ýuwaşlyk bilen seretdi we ýylgyrdy. Mariýa gabaklary aşak etdi we gyzardy, soňra Şwarsenegger mähirli ýöne garşylyk görkezip bolmajak güýç bilen ony öwrüp, gapdalynda alyp gitdi. Mariýa oňa tarap gözlerini galdyrdy we özüniň meşhur samsyjak-syrly ýylgyryşyny edip ýylgyrdy. Şwarsenegger elini egnine goýdy. Onuň agramyna Mariýa biraz çökdi we şol pursat onuň gözüniň öňüne garaşylmadyk şekil peýda boldy — ýowarda pürs göterip barýan Lenin. Suratda Leniniň egninde pürsüň diňe gyrasy görünýärdi, Mariýa, belki-de bu pürs däl-de haýsydyr bir güýçli jandaryň elidir, belki Lenin hem onuň Şwarseneggere seredişi ýaly, alaçsyz ýylgyryşy bilen gapdaldan sereden bolaýmasyn diýip oýlandy. Indiki pursatda Mariýa düýbünden ýerliksiz bir zat hakda pikir edýändigine düşündi we bularyň hemmesini kellesinden çykardy.
Şwarsenegger ýüzüni oňa öwürdi.
— Seniň gözleriňiz edil Aýwazowskiniň çeken suratyndaky ýaly, — diýip, ol monotonda-bir tonda aýtdy.
Mariýa geň galyp tisginip gitdi. Ol beýle sözlere garaşmady, Şwarseneggeriň hem muňa derrew düşünen bolmagy ahmal. Soň bolsa geň bir zat bolup geçdi — ýa-da hakykatdanam beýle bolmadygy hem ahmal, ýöne Mariýanyň gözüne görnendir. — Şwarseneggeriň gara äýneginiň içinde çala görünýän gyzyl harplar ýylňyldap gitdi we şol bir wagtyň özünde edil kompýuteriň hard-diskiniň açylyşy ýaly, onuň kellesinde bir zatlar şyglady. Mariýa gorkudan ýaňa yza tarap yrgyldap gitdi, ýöne Şwarseneggeriň özi ýaly şertli bir jandardygyny we şol barada pikir edýän müňlerçe rus aňlaryndan döredilendigini ýadyna saldy, dogrusy adamlaryň ol hakdaky pikirleri dürli-dürli bolup biler.
Şwarsenegger boş elini öňünde galdyrdy we dogry sözleri gözläp, barmaklaryny howada hereketlendirdi.
— Ýok, bu ýöne gözler däl, bu dür! — diýip, ahyrsoňy ol gürledi.
Mariýa oňa mähirli ýapyşdy we ynam bilen aşakdan ýokary seretdi. Şwarsenegger äýneginiň aşagyndan Mariýanyň seretmezligi üçin, eňegini boýnuna çekdi.
— Bärde tüsse köp. Näme üçin biz bu kenardan ýöräp barýarys? — diýip, ol sorady.
— Bilmedim, — diýip, Mariýa jogap berdi.
Şwarsenegger yzyna öwrüldi we ony göni tüssäniň içi bilen derwezeden aňryk
alyp gitdi. Birnäçe ädimden soň, Mariýa gorkup başlady, sebäbi tüsse şeýle bir goýudy welin, hiç zat, hat-da Şwarsenegger hem görünmeýärdi, diňe eliniň onuň egninden gujaklaýan golunyň bir bölegini görüp bolýardy.
— Munça tüsse nireden gelýär? — diýip, Mariýa sorady. — Eýsem hiç hili ýanýan zat hem ýok ahyry.
— Si-en-en, — diýip, Şwarsenegger jogap berdi.
— Näme, olar bir zatlar ýakýarlarmy?
— Ýok, görkezýärler, — diýip, Şwarsenegger aýtdy.
Hawwa, Mariýa düşündi, özi we Şwarsenegger barada pikir edýänleriň hemmesi Si-en-en-e tomaşa edýän bolmaklary ahmal, Si-en-en bolsa nähilidir birhili tüsse görkezýär. Ýöne eýýäm ençe wagt bäri bu dowam edýär.
— Zyýany ýok. Basym gutarar, — diýip, görünmeýän Şwarsenegger gürledi.
Emma tüsse hiç gutarmady we olar bolsa kenardan gitdigiçe has daşlaşýardylar. Birden Mariýanyň kellesine Şwarseneggeriň ýerine başga biriniň birnäçe minutlap ýörän bolmagynyň mümkindigi baradaky pikir geldi — iň bolmanda ýowarda Lenini gujaklan adam bolup bilerdi — bu pikir ony gaty gorkuzdy welin, ol gulaklyklaryny düzedip, sazy açmak bilen boldy. Saz bir hili geňdi we kesilýärdi — birden, gowy, söýgi hakynda gitaraly aýdym aýdyp başlaýardy, birdenem möjegiň sesine meňzeş elektroniki gorkunç sazlar çykýardy. Şeýle-de bolsa, uzakdaky partlamalaryň we päsgel berýän adamlaryň seslerini eşideninden gowudy.
Birden tüssäniň içinden bir adam Mariýa tarap atylyp çykdy we onuň döşünden itip goýberdi. Mariýa gygyryp goýberdi we garşysynda ala-beder tegmilli eşikli, eli awtomatly bir adamy gördi. Ol adam Mariýa seretdi we agzyny açjak boldy welin, Şwarsenegger elini Mariýanyň egninden aýyryp, ol adamyň kellesinden tutup, ony gapdala ýuwaş towlap goýberdi we şalkyldap galan göwresini görünmeýän ýere taşlady. Onuň eli ýene Mariýanyň egnindedi, Mariýa hem onuň demir ýaly bedenine gysmyljyrady.
— Ah, erkekler, erkekler, — diýip, ýuwaşjadan näzirgäp gürledi.
Tüsse birneme aýrylyp başlady. Mariýa ýene-de Şwarseneggeriň ýüzüni, soň bolsa onuň çal eşigiň aşagynda täze açyljak bolýan ýadygärlik ýaly gizlenip duran tutuş uly bedenini görüp başlady.
— Arnold, biz nirä barýarys? — diýip sorady.
— Eýsem sen bileňokmy? — diýdi Arnold.
Mariýa gyzardy-da aşak seretdi.
“Bu beýle näme bolup biler — alhimiki nikamy? — diýip, ol pikir etdi. — Bu maňa agyr düşmezmi? Soňra — diýen manyda? Eýsem eýýäm näçe gezek bolupdy”. Ol oňa tarap gözlerini galdyrdy we onuň ýaňaklaryndaky meşhur çukurjygyny gördi — Şwarsenegger ýylgyrýardy. Mariýa gözlerini ýumdy we bagtyna ynanyp bilmän, ol egninde duran eliň alyp barýan ýoly bilen gidip barýardy. Haçan-da Şwarsenegger duranda, Mariýa gözlerini açdy we daş-töwereginde tüssäniň gowy azalandygyny gördi. Olar nätanyş bir köçede, granit bilen örtülen köne jaýlaryň arasynda durdular. Köçe boşdy, diňe uzakda, tüsse zolagynyň aňyrsynda galan kenarda, manysyz, awtomatly eglişip aladalanyp gezip ýören adamlar görünýärdi. Şwarsenegger bir hili oňaýsyz ýagdaýda näme etjegini bilmän durdy — Mariýanyň göwnüne, ony düşnüksiz tebigatly şübheler iýýän ýaly bolup göründi, we bu şübhäniň özüne hem degişli bolup biljekdigi barada gorkup pikirlendi. “Gyssagly romantiki bir zatlar aýtmaly, emma näme diýmeli? Munuň ähmiýeti ýok.” — diýip, ol pikir etdi.
— Arnold, bilýäňmi, maňa birden... bilmedim, belki saňa samsyklyk ýaly görüner, ýöne men seniň bilen aç-açan bolup bilerin ahyryn? — diýip, onuň gapdalyna gysylyp, gürrüň açdy.
— Elbetde, — diýip, Şwarsenegger gara çüýşeleri oňa tarap öwürdi.
— Haçan-da men seniň ýanyňda wagtym asmana uçasym gelýär! Meniň göwnüme asman diýseň, ýakynda ýaly!
Şwarsenegger kellesini galdyryp, ýokaryk seretdi.
Tüsse zolaklarynyň aralygynda hakykatdanam açyk gök reňkli asman görünýärdi — asman edil ýakynda diýip bolmaýardy, emma oňa daşda diýsek hem bolmaz.
“Wah, men näme hakda gürleýärin?” — diýip, Mariýa pikir etdi.
Emma eýýäm durmak giçdi.
— A sen, Arnold, sen ýokaryk uçmak isleýärmiň?
Şwarsenegger birsalym oýlandy.
— Isleýärin, — diýdi.
— Meni ýanyňa alardyňmy? Eýsem men... eýsem men ýerdäki adam. — diýip, Mariýa utanjaň ýylgyrdy.
Şwarsenegger ýene birsalym oýlandy.
— O. K. Men seni asmana alaryn, — diýdi.
Ol özüne mälim bolan ugruny gözleýän ýaly, daş-töweregine ser saldy we megerem ony tapdy, sebäbi Mariýany goltugyndan tutup, öňe süýredi. Mariýa şeýle şahyrana ýagdaýdan çalt herekete geçmegine haýran galdy, ýöne şol bada hakyky erkek adamyň şeýle bolmalydygy barada pikir etdi. Şwarsenegger ony uzyn Stalin jaýyň gapdalyndan alyp gitdi. Birnäçe ädimden soň, Mariýa onuň çalt ädimlerine uýgunlaşdy we onuň plaşynyň ýeňinden ýapyşyp, ýanyndan çalt ýöräp başlady. Eger-de ol badyny peseldäýse, Şwarseneggeriň daýanç nokady bolan golunyň demir çeňňege öwrülip, ony rehimsiz ýagdaýda köprüden süýräp gitjekdigini duýdy we näme üçindir bu pikir, onuň garnynyň iň aşagynda döräp, bütin bedenine mylaýym tolkunlar bilen ýaýrady we ony çäksiz bagt bilen doldurdy.
Binanyň soňuna ýetende, Şwarsenegger triumfal-ýeňiş arkasyna meňzeş derwezä howlyň girelgesine tarap öwrüldi. Haçan-da howla girenlerinde, Mariýanyň göwnüne olar başga bir şähere düşen ýaly boldy. Bu ýerde hiç kimiň päsgel berip bilmejek säher asudalygy bardy; daş-töwerekde hiç hili tüsse ýokdy, hat-da eli awtomatly adamlaryň ýoklugyna, edil ýakyn ýerde bolsa elleri awtomatly başagaý bolup ýören adamlaryň iki ýana at salýandyklaryna ynanmak kyndy.
Şwarsenegger Mariýany nirä alyp barýandygyny takyk bilýärdi. Olar çagalaryň kiçijek oýun meýdançasyndan aýlanyp geçdiler we poslan garažlaryň arasyndaky dar geçelgeleriniň labirinte sümdüler. Mariýa şu ýerlerde çalt we birneme oňaýsyz, alhimiki nikanyň boljakdygyny süýji gorky bilen pikir etdi, birdenem geçelge ähli tarapy dürli reňkli we beýiklikli galaýy diwarlary bilen gurşalan boşluga çykardy.
Emma bu ýer edil boş hem däldi. Aýak aşakda, edil bolmalysy ýaly, çüýşeler çaşyp ýatyrdy, mundan başga-da birnäçe köne tekerler, “Lada” ulagynyň ýemşeren gapysy we garažlaryň ýanynda ýygnanýan dürli kwaz-mehaniki galyndylar bardy.
Bulardan daşary uçar hem bardy.
Ol boş ýeriň hemmesini diýen ýaly tutup durdy. Ýöne Mariýa ony iň soňunda gördi — megerem, onuň beýnisi birnäçe sekundyň dowamynda gözlerinden gelýän signallary galýusinasiýa hökmünde saýpallan bolmaly. Mariýany gorky basdy.
“Uçar bu ýere nireden gelip biler? — diýip, ol pikir etdi. — Beýleki tarapdan bolsa, Şwarsenegger bu ýere nireden gelip bilýär? Emma muňa garamazdan, bu gaty geň”.
— Bu näme? — diýip, Mariýa sorady.
— Dik ýokary galyp uçýan we gonýan “Harrier” istrebiteli, modeli “A-4”, — diýip, Şwarsenegger jogap berdi.
Mariýa onuň ýaňaklaryndaky meşhur çukurjygyny gördi — Şwarsenegger ýylgyrýardy. Ol birneme ýumşak tüýlüje gaşlaryny çala çytdy we kalbyndaky gorky bolsa aýna bilen metaldan ýasalan äpet nätanyş mör-möjege bolan gabanjaňlyga öwrülipdi, elbetde Şwarseneggeriň ýüreginde ondan hem az orun tutmaýan bolmaly.
Şwarsenegger uçara tarap ýöredi. Pikirlerine gümra bolan Mariýa birbada ýerinden gozganmady, Şwarsenegger edil traktor ýaly, ony bolsa oňa gyssanyp tirkelen oba hojalyk agregaty ýaly edip, öňe çekdi.
— Bärde bir ýer bar ahyry, — diýip, aýna gümmeziniň aşagyndaky oturgyjyň yz tarapyny görüp aýtdy.
— Zyýany ýok, — diýip, Şwarsenegger ony göterip, aňsatlyk bilen ganatda oturtdy.
Mariýa aýaklaryny uzatdy we kese dýural tekizliginiň üstünde durdy. Şemal öwüsdi, onuň eşikleri pasyrdady we ol hemişe romantiki rollary başarýandygy barada pikir etdi.
— A sen? — diýip, Mariýa sorady.
Emma Şwarseneggereýýäm kabinadady — ol diýseň çalasyn we ussatlyk bilen girdi, Mariýa bolsa muňa montaž ýa-da kombinirlenen kino düşürme diýip pikir etdi. Kellesini kabinadan çykaryp, ol ýylgyrdy we başam we süýem barmaklaryň birleşdirilen tegelegi görkezdi; Mariýa bu nika ýüzügi hasap etmek bolardy diýip pikir etdi.
— Fýuzelýažda, ganatlaryň gutarýan ýerinde, otur. Gorkma. Pyrlampaç-karusel diýip göz öňüne getir. Atjagazyň üstünde oturan ýaly göz öňüne getir, — diýip, Şwarsenegger aýtdy.
— Sen näme, eýsem...
Şwarsenegger ýöne başyny atdy.
Onuň gara äýnekleri Mariýanyň göni kalbyna seredýärdi we edil häzir şu wagt onuň ykbaly çözülýärdi. Bu, şübhesiz, bir synagdy. Şwarseneggere ýanynda bolmaga mynasyp aýal diňe köp dürli biderek jynsy-durmuş esasyndaky intrigalara ýaramly, gorkak we azgynjandar ýaly bolup bilmez. Ol ölüm howpuna garşy ýüzbe-ýüz durup biljek we ýylgyryşdan beýleki duýgularyny gizläp biljek adam bolmalydy. Mariýa ýylgyrmaga synanyşdy, ýöne ýylgyryşynyň biraz ysgynsyz bolýandygyny duýdy.
— Gowy pikir, a men üşemerinmi? — diýdi.
— Biz köp eglenmeris, — diýdi Şwarsenegger. — Otur.
Mariýa egnini gysdy-da, ganatlarynyň üstündäki balyk oňurgasy ýaly çykyp duran fýuzelýaža tarap ýöredi we onuň üstünde seresaplyk bilen oturdy.
— No, — diýdi Şwarsenegger. — Sen, meniň Kaliforniýadaky rançoma baranyňda, Amazonka ýaly oturarsyň. Häzir bolsa gowja otur. Ýel uçurar.
Mariýa bir sekunt ikirjeňlendi.
— Aňryňa öwrül, — diýip, ol Şwarseneggere ýüzlendi.
Şwarsenegger agzynyň çep tarapy bilen ýylgyryp, yzyna öwrüldi. Mariýa aýagyny dýural gerşiň üstünden aşyrdy we fýuzelýažyň her tarapyna aýagyny atyp oturdy. Onuň aşagyndaky demir sowukdy we gyraw sebäpli biraz çygdy; aşagyna kurtkasyny dykmak üçin, azajyk göwresini galdyrdy we birden oňa bedeniniň iň näzik ýeriniň, arkan ýatan demir adamyň — ýa şemala ýykylan Dzeržinskiniň ýa-da haýsydyr bir dowzah robotyň — çüňkli butlarynda serilip ýatan ýaly göründi. Ol tisginip gitdi, ýöne bu gysgajyk gallýusinasiýa derrew gutardy. Onuň ýerine sowadyjydan çykarylan sajyň üstünde oturan ýaly duýgy geldi. Bolup geçýän zatlar gitdigiçe göwnüne ýaraman başlady.
— Arnold, — diýip, oňa ýüzlendi. — Muny biziň etmelidigimize ynamyň barmy?
Bu sözleri ol düýbünden başga ýagdaýlar üçin saklapdy, emma bu sözler öz-özünden dilinden sypdy. Şwarsenegger birnäçe sekunt oýlandy.
— Sen özüň ýkaryk uçmak islediň, — diýdi ol. — Eger-de gorkýan bolsaň...
— Ýok, — diýdi, Mariýa özüni ele alyp, jogap berdi, — men asla gorkamok. Men seni şunça alada goýýaryn.
— Alada bolaňok, — diýdi Şwarsenegger. — Häzir gaty ses bolar, şonuň üçin gulaklyklaryňy dak. Ýogsa-da sen näme diňleýärsiň?
— “Jihad Krimson”, — diýip, Mariýa gulaklyklaryndaky kiçijek ýassyjaklary düzedişdirdi.
Şwarseneggeriň ýüzi hyrsyzlandy. Wodorod perekisi bilen saraldylan saçyny ygşyldadýan şemal bolmadyk bolsa, kino düşürýän topardan film işgärlerinden kimdir biri hakyky Şwarseneggeri maniken bilen çalşandyr diýip Mariýa pikir ederdi.
— Näme boldy? — diýip, gorkup sorady.
Şwarsenegger birnäçe wagtlap gymyldaman durdy. Äýnegindäki aýnasynyň linzalarynda geň gyzyl şöhleler görünýärdi — Mariýa munuň, garažlaryň yzyndaky kerkawyň solan akja ýapraklarynyň şekilidir diýip pikir etdi.
— Arni, — diýip, ony çagyrdy.
Şwarseneggeriň agzynyň gyrasy birnäçe gezek yrgyldady, soň bolsa hereket etmek ukyby gaýdyp geldi. Ol kellesini aýlady — emma bu hereketem oňa podşipnikde aýlanyp duran ýaly kynlyk bilen berilýärdi.
— Krimson Jihad? — diýip, täzeden sorady.
— “Jihad Krimson”, — diýip, Mariýa jogap berdi.— Nusrat Fateh Ali Han bilen Robert Fripp. Näme?
— Ýöne şeýle, — diýip, Şwarsenegger aýtdy.
Onuň kellesi kabinada ýitirim boldy. Aşakda, uçaryň haýsydyr bir demir böleginiň aşagynda elektriki tyrryldy eşidildi, birsalymdan bolsa, ol güýçli elhenç goha öwrüldi. Mariýanyň göwnüne paralon ýassyjyklary gulagyny gysýan ýalydy. Soňra ony ýuwaşja çaýkady we garažlar aşak we yza gaýmalady.
Gaýyk ýaly bir ýerden beýleki ýere çaýkanyp, “Harrier”dikligine ýokaryk galdy. Mariýa uçarlaryň beýle uçup bilýändir öýtmeýärdi. Ol gözüni ýumsa gorkuly bolmaz diýip pikir etdi, ýöne bilesigelijilik gorkudan has güýçlüdi we ol bir minuda hem galman gözlerini açdy.
Gözlerini açyp, onuň ilki bilen gören zady göni öz üstüne ýetip gelýän penjire boldy. Ol şeýle bir ýakyndy welin, otagdaky işläp duran telewizoryň ekranynda puşkasyny özüne tarap öwürýän tanky Mariýa aýdyň gördi. Ekrandaky tank oky atdy we şol sekuntda uçar aşak gyşardy we diwardan uzaga daşlaşdy. Typyp tas ganata düşen Mariýa gorkudan ýaňa gygyryp başlady, ýöne uçar çalt göneldi.
— Antennadan ýapyş! — diýip, Şwarsenegger kabinadan kellesini çykardy we elini galgadyp gygyrdy.
Mariýa aşak seretdi. Onuň edil öňünde duran fýuzelýaždan uzyn, soňy ýognalyp tegelenen metal predmet somalyp durdy. Ozal oňa näme üçin üns bermändigine düşnünenokdy. Ol gysga we dar dik ganata meňzeýärdi we şol bada Mariýada utançsyz assosiasiýa döretdi, ýogsa onuň göwrümi hakyky durmuşda gabat gelýänden has uludy. Bu äpet çykyp duran zada bir gezek seredeninde, kalbyndaky gorky, ýadaw Migelleriň, hapysa Lýonýalaryň we serhoş Iwanlaryň ählisi bilen ýetmedik şatlykly joşguna öwrüldi.
Bärde ähli zat başgaçady: antennanyň ujundaky galyň tegelek kiçijek deşikler bilen örtülendi, bu duş grandyny çala ýada salýardy we şol bir wagtda durmuşyň we söýgüniň adaty bolmadyk görnüşleri hakynda pikirlenmäge mejbur edýärdi. Mariýa ony barmagy bilen görkezip, Şwarseneggere sorag bilen seretdi. Ol baş atp goýberdiy, ýürekden ýylgyrdy we onuň dişleri günüň şöhlesine ýalpyldady.
Mariýa häzir özünde bolup geçýän wakalary çagalyk arzuwlarynyň amala aşmagy diýip pikir etdi. Haýsydyr bir filmde ol uzak wagtlap ertekileriň suratlaryny synlap, özüni aždarhanyň ýa-da ullakan guşuň arkasynda asmanda uçýandygyny göz öňüne getirip oturýardy — häzir bolsa bu zatlary hakykatdan başdan geçirýär. Belki, şeýle bolmasa-da, arzuwlar hemişe garaşýanymyzdan başgaça amala aşýar diýip, elininiň aýasyny antennanyň polatdan ýasalan erňegine goýup pikir etdi.
Uçar biraz gapdala gyşardy we Mariýa munuň özüniň antenna elini degrende bolandygyny gördi. Mundan başga-da, uçaryň hereketi oňa nähilidir bir geň galdyryjy janly zat bolup göründi. Hamala antenna onuň iň duýgur bölegi ýalydy. Mariýa elini polat demriň üstünden geçirip, onuň ýokarky bölegini ýumrugy bilen gysdy. “Harrier” ganatlary bilen nerwli yrgyldadyp goýberdi we ýene birnäçe metr ýokary galdy <...>.
Bu gyzyklydy, ýöne näme diýseň hem düşnüksizdi. Mariýa bu äpet polat guşuň ýerine, garažlaryň arasyndaky boş ýerde adaty bir raskladuşkanyň tapylmagyny islärdi. Emma Şwasenegger bilen başgaça bolubam bilmez diýip pikir etdi. Ol kabina seretdi, emma aýnasyna günüň şöhlesiniň düşýändigi sebäpli, onuň içi doly görünmeýärdi. Ol öz oturgyjynda oturan we onuň eliniň hereketlerine görä, ellerini iki gapdala ýaýkaýan ýaly bolup göründi.
“Ynha, bu demirden edilen we öz formasyny islendik görnüşde üýtgedip biljek robot kinoda nähili bolardyka? Her hili bolmagy ahmal” diýip, Mariýa ikinji elini antennanyň üstüne goýup pikirlendi.
Şol aralykda uçar hasam ýokary galdy. Jaýlaryň üçekleri has aşakda galdy we Mariýanyň öňünde Moskwanyň ajaýyp panoramasy açyldy.
Hemme ýerde kiliseleriň gümmezleri ýalpyldaýardy we şol sebäpli şäher manysyz zaklýopkalar sepilen äpet kosuha ýaly görünýärdi. Moskwanyň üstündäki tüsse Mariýa kenardan ýöräp barýandakysyndan az ýaly göründi. Käbir ýerlerde tüsse hakykatdanam jaýlaryň üstünden ýokary galýardy, ýöne olaryň nämedigi, ýagny ýangynmy, zawodyň turbalaryndan çykýan hapa tüssemi ýa-da ýöne pes bulutlardygy belli däldi. Her böleginiň düýbünde betnyşanlygyna seretmezden, şäheriň umumy görnüşi örän owadandy, ýöne bu gözelligiň çeşmesi belli däldi. Russiýa bilen elmydama şeýle, — gowy görüp seredýärsiň we aglaýarsyň, gowy görýän zadyňa siňe seretseň bolsa, aňryň bäriňe gelip dur diýip, Mariýa sowuk poladyň üstünde elleri gezdirip pikir etdi.
Birdenem uçar onuň aşagynda sarsyp gitdi we ol demiriň ýokarky böleginiň eliniň aýasynda birhili geň yrgyldaýandygyny duýdy. Ol elini çekip aldy, we şol bada deşiklije demir tutawaç antenadan gopdy, fýuzelýaža degdi we aşak gaçdy, onuň öňki kuwwadyndan bolsa ujy hyrly gysgajyk trubkajyk galdy, onuň içinden bolsa iki sany towlanan üzülen, gök we gyzyl simler somalyp durdy.
Mariýa kabina tarap seretdi. Penjiräniň aňyrsynda Şwarseneggeriň sarymtyl gymyldamaýan ýeňsesi görünýärdi. Ilki bada Mariýa, ol görmedi, diýip düşündi. Soň bolsa onuň kellesine, huşuny ýitiren bolaýmasyn, diýen pikir geldi. Ol aljyraňňylyk bilen töweregine göz aýlanda, uçaryň burnunyň haýal we nähilidir bir ynamsyz öwrüm edýändigini gördi we çaklamasy bada-bat ynama öwrüldi. Näme edýändigine düşünmän diýen ýaly, ol fýuzelýaždan ganatlaryň arasyndaky tekiz ýere (antenanyň döwülen ýeri onuň kurtkasyny ýyrtypdy) geçdi we kabina tarap süýşdi.
Çyra ýanyp durdy. Ganatyň üstünde ýatyp, Mariýa ýokaryk galdy we gygyrdy:
— Arni! Arni!
Emma jogap bolmady. Ol gorky bilen emedekläp turdy we onuň şemalda titrýän ýeňsesini gördi.
— Arni! — diýip, ýene bir gezek çagyrdy.
Şwarsenegger kellesini oňa tarap öwürdi.
— Hudaýa şükür! — diýip, Mariýa aýdyp goýberdi.
Şwarsenegger äýnegini aýyrdy.
Çep gözi biraz süzülip durdy we örän anyk we şol bir wagtyň özünde-de duýgularyň bimöçber çylşyrymly gammasyny aňalatdy. Olaryň içinde durmuşa bolan söýgi, güýç, çagalara bolan sagdyn söýgi, Ýaponiýa bilen bolan dartgynly söweşde Amerikan awtoulag pudagyna ahlak goldawy, jyns azlyklaryň hukuklarynyň ykrar edilmegi, feminizm baradaky ýeňil ironiýa we demokratiýanyň we iudeý-hristian gymmatlyklarynyň ahyrsoňy bu dünýädäki ähli erbetlikleri ýeňjekdigine rahat düşünmek berk deň mukdarda garyşypdyr.
Emma onuň sag gözi düýbünden başgaçady. Oňa hatda göz diýmek hem kyndy. Mariýa çöwrülen gözüň hanasyndan syrygyp guran ganly gözüň uly gülüne meňzeýän tegelek aýna linza seredýärdi. Onuň deriniň aşagyndan inçe sim barýan çylşyrymly demir saklawajy bardy. Linzanyň merkezinden göz gamaşdyryjy gyzyl reňkli şöhle çykýardy. Muny Mariýa şöhle gözüne düşeninden soň, gördi.
Şwarsenegger ýylgyrdy. Şonda onuň ýüzüniň çep bölegi Arnold Şwasenegger ýylgyranda, ýüzünde bolmaly ýagdaý görünýärdi. Onuň ýylgyryşynda şol bada birhili çala bildirýän mekirligiň we ýeňilkelleligiň bardygy bildirýärdi: bu adam hiç haçan erbetlik etmez, eger birnäçe ýumurtgaçyny öldüräýse-de, deýýuslaryň çäkden çykma pes hereketlerini kamera birnäçe gezek hemme tarapyndan ynandyryjy surata alanyndan soň bolup biler. Emma ýylgyryş ýüzüniň diňe çep tarapyndady, sag tarapy bolsa düýbünden üýtgewsiz — sowuk, ünsli we gorkunç bolup durdy.
— Arnold, — diýip, Mariýa aýak üstüne galyp, aljyraňňylyk bilen aýtdy. — Arnold, sen näme üçin? Bes et!
Emma Şwarsenegger jogap bermedi. Indiki pursatda uçar birden aşak gyşardy we Mariýa hem ganatynyň üsti bilen aşaklygyna togalanyp gitdi. Şol barşyna birnäçe gezek ýüzi nähilidir bir somalyp duran zatlary degdi, soňra bolsa onuň aşagyndan ähli direg ýom-ýok boldy. Ol ýykylýandyryn öýtdi, özüne tarap gelýän agaçlary we üçekleri görmezlik üçin gözüni ýumdy. Emma birnäçe sekunt geçdi we hiç zat bolmady. Mariýa motoryň sesiniň öňküsi ýaly henizem ýakyndadygyna üns berdi we gözlerini çalaja açdy.
Asyl ganatyň aşagynda asylyp dur ekeni. Onuň kurtkasynyň kapýuşony nähilidir bir ýelekli somalyp duran zada ilişipdir. Ol onuň raketadygyny zordan tanady. Raketa özüniň giňelýän kelle bölegi bilen birnäçe minut mundan öň onuň iş salyşan antennasyna meňzeýärdi, muny görüp ol Şwarseneggeri ýöne özüniň söýgi oýunlaryny dowam etdirýär diýip çaklady. Bu eýýäm çenden aşady. Onuň ýüzünde eýýäm birnäçe gögeren ýerleri bardyr, çapylan dodaklaryndan bolsa agzyna gan akýardy.
— Arnold, — diýip, ol kabina tarap öwrülmek üçin ellerini salgap gygyrdy. — Bes et! Men beýle islämok! Eşitýäňmi? Men beýle islämok!” — Ahyrynda, oňa kabinany we Şwarseneggeriň ýylgyrýan ýüzüni görmek başartdy.
— Men beýle zat islämok, eşitýäňmi? Seniň isleýän zadyňy, agyrýar!
— No? — diýip, gaýtadan sorady.
— Ýok! Ýok!
— O. K., — diýdi, Şwarsenegger. — You are fired.
Indiki pursatda onuň ýüzi yza çekildi we göz öňüne getirip bolmajak täsin
bir güýç Mariýany uçardan aňryk uzaklaşdyrdy, ol birnäçe sekundyň içinde uzyn şleýf bilen tüssä birleşdirilen kiçijik kümüş guşa öwrüldi. Mariýa ýüzüni öňe öwürdi we Ostankino telediňiniň ujunyň-şpiliniň özüne tarap süýnýändigini gördi. Onuň orta bölegindäki galňan göwresinde has hem artdy, we ugrudan bir pursat öň Mariýa stoluň başynda oturan we galyň aýnadan oňa haýran galyp seredýän ak köýnekli we galstukly nähilidir bir adamlary gördi.