Oleg Ýurýew
1959-njy ýylda Leningradda dogulýar. Ol Leningradyň maliýe-ykdysady institutyny gutarýar. 1982-nji ýylda eserlerini çap etdirip başlady. Oleg Ýurýew 1991-nji ýyldan başlap Maýnadaky Frankfurtda (Germaniýada) ýaşaýar. Alty sanyy şygryýet kitabynyň, şol sanda “Saýlanan goşgular we horlar” (2004), “Frankfurtdaky agşamky atyşyk” (2007), “Goşgular we beýleki şygyrlar” (2011), “Watana: Goşgular, horlar we aýdymlar 2010—2013” (2013), “Soňky döwrüň goşgulary we aýdymlary” (2016) ýaly kitaplaryň awtory. Şeýle-de ondan gowrak kyssa eserini (pýesalar, romanlar, edebiýat baradaky makalalar) çap etdirdi. Ol “Hilda Domin” adyndaky baýragyň (Germaniýa), “Zwezda” we “Nowyý mir” žurnallarynyň baýraklarynyň, “Tapawut” baýragynyň, “Anthologia” Şahyrana baýragyň eýesi. 2018-nji ýylda aradan çykýar.
Şahyr goşgularynda ýalňyşlyklardan hem-de hyýaly gödeklikden gorkman, tersine, olary maksadokgunly ornaşdyrdy. Umumy ýokary intellektual kontekste goşulan seýrek ulanylýan sözler we neologizmler, köçe gepleşigi onuň aýrybaşgalaşdyrylan şahyrana stilininiň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.