Günorta gijesinde, täk özüm boş perronda...
* * *
Günorta gijesinde, täk özüm boş perronda,
oňky otla garaşýan men, ol bolsa heniz ýok,
ýaldyrawuk tomzaklar toplumy toý bilen ýolda
ýanýar hem sönýär. Tomzaklaryň sany ýok.
Ýanýar hem sönýär. Golaýda bägüliň hem hloruň,
ýanymyzda mydam bolýan jenjel ysy gelýär,
ýöne tümlük fosforlaşýar, uçýan tozan hem
howany ýakjak bolýan dek görünýär.
Haçanda prožektor garaňkylykdan çykyp,
demir ýoldan ýüwürdi we sönük çyraly
sostaw şakgyldap başlady, döwülen aýnalary
şakyrdap, düşmersiň, bu kawkaz hasaby.
Haçanda çemodany oklap, gudrat bilen men bir
ýöräp başlan otla mündüm we yzyma
seretdim, hemme garaňky zat: palma, wokzal we
deňiz. — ählisi lowlap, toý otly ýanýardy.
Bu zatlar näme: watan-öweý ene — paýaly öý —
peýnirli mamalyga — ýykylýan zikkurat
but heýkeli bilen — aňyrda — gümmürdeýän haos —
Aňyrda! Aňyrda! — aýnada däri şapagy?..
Kim giden bolsa, şol hem galar — hemmeler bilýär,
kim ruhuň derdin nostalgiýa bilen bejerýär.
Parižde garry zek Sezeman maňa aýdypdy,
Men bu mekandan däl, emma şu ýüzýyllykdan.
Maňa indi tomzak, ýyldyz ýagty saçmaýar,
hiç zat ýok maňa, bidereklik ýassygy kakýar.
Daňdan bolsa islegli parlaýan howa görýän,
heniz atanoklar, meniň ylhamym dymmaýar.