Oleg Çuhonsew

1938-nji ýylda Moskwa oblastynyň Pawlowskiý Pasad şäherinde dogulýar. N. K. Krup­skaýa adyndaky Moskwanyň oblast mugallymçylyk institutyny tamamlaýar. “Ýunost”, “Nowyý mir” žurnallarynyň redaksiýalarynda şygryýet bölüminiň müdiri wezipesinde işleýär. 1960-1980-nji ýyllarda ewropa we amerikan awtorlarynyň, öňki soýuz respublikalaryň şahyrlarynyň goşgularyny rus diline köp terjime etdi. On iki sany şahyrana kitaplaryň we ýygyndylaryň, şol sanda “Fifia” (2003), “Bu ýerlerden” (2005), “Lirikadan” (2007), “Familiýadaş” (2008), “Dymyşlyk dili. Dürli kitaplardan” (2014), “Dilsiz terjimeçi. Saýlanan terjimeler” (2014), “-dan/-den çykýanlar — aňyrsyna barýanlar” (2015) ýaly eserleriň awtorydyr. 2019-njy ýylda “Hem ses hem seslenme” atly goşgular ýygyndysy çykdy. RF-iň Döwlet baýragynyň, “Nowyý mir” we “Znamýa” žurnallarynyň baýraklarynyň, Alfred Týopferiň (Germaniýa) gaznasynyň Puşkin baýragynyň, RF-iň Puşkin Döwlet baýragynyň, “Ýylyň kitaby” Milli bäsleşigiň, «Anthologia» şahyrana baýragynyň, Boris Pasternak adyndaky edebiýat baýragynyň, “Triumf” baş baýragynyň, “Moskwa hasaby” baýragynyň, “Şahyr” Milli baýragynyň eýesidir. Moskwada ýaşaýar.
O. Çuhonsewiň şygryýeti tankytçylaryň guwançly seslenmelerini döredip, ХХ asyryň soňky üçünji böleginde edebiýatynyň kontekstinde derwaýys orny eýeledi. Ýöne “Fifia”atly kitaby çykanyndan soň, Çuhonsew barada öz öňki poetikasyny düýpli özgerden şahyr hökmünde gürrüň edip başladylar. Täze wagt aýlawynda täze gazanylan ruhy tejribe hem-de täze dil mümkinçilikleri bilen ol dünýäden ötenleriň agysyny aglaýar, garrylyk, şahyryň metafiziki diwanalygy we onuň töwerekdäki dünýä kesekiligi, şeýle-de barha ösýän älem entropiýasy... hakynda pikir ýöredýär.