Men seň aýaklaň ýanynda ýumak dek togalanyp, düwünçege...

* * *

Men seň aýaklaň ýanynda ýumak dek togalanyp, düwünçege
öwrülip we eýýäm zordan dilim aýlap, seniň mähriňi dileýärin.
Men örän kiçi çaga seň goltugyňda, ganatyň açaýma,
men ýylanyp bolýançam, ondan men gaçyp bilmezim ýaly.
Men barypýatan balyk, oňurga eýe bolup ýetişmedik,
oňurgasyz gapyrgasyz zenan garnynyň ýarysy böwsülen.
Saklanyp bilmeýärin, seniň oňurgaňa tarap agyp gidýärin, onuň
aňyrsynda — älem-jahan tümlügi, kosmiki boşlugy.
Taşlama meni, sogur meni sürüden, çykar ýagta,
oka menden, million ýylda bize näme boljagyn,
görkez mende. Men — üýşmeleňi köwekleň we güberçek ýerleň,
täzelikleriň, kör üçin örän zyýada tekst.
Tutup dur maňa gulak çaňňalagyny, diňläp ýadyma
düşýän ähli deňizleň we materikleň ähli tropik,
ýurtlaň, ähli täsin bazarlaň, möwçli sözleň ähli jykjygyň,
boýra şatyrdysyn, bilezikdir gandal şyňňyrdysyn.
Men çäksiz mata, islen bölegin saýlap bilýäň —
Goý men soň seň ygtyýaryňa düşýänlere ülňi bolaýyn.
Men olary seň ýylyň ysy olarda bolar diýip söýýän.
Men ýigrenýän olary! Men deri astynda aýnanyň dökülmeginden ölýärin.
Aýt maňa, meň guş çagasydygym, seň menden eliňi cekmejegiň,
aýt, biziň hiç kime belli däl derýanyň boýnunda ýaşajagymyz.
Biz düýbe çökeris we ýene suwdan çykarys,
Balyk deý hemmelere bolarys lal, toram bizi tapmaz.