Inga Kuznesowa
1974-nji ýylda Krasnodar ülkesiniň Çernomor şäherçesinde eneden bolýar. M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlaýar, aspiranturada filosofiýany öwrenýär. Ol “Edebiýatyň meseleleri”, “Oktýabr” atly žurnallarda redaktor bolup işleýär, “Rossiýa radiosynda” edebi žurnallara syn berýär. “Düýşler-geçiguşlar” (2002), “Içdäki göz” (2010), “Howada uçuş” (2012), “Agaçlaryň iç dökmesi” (2016), “Uçuş agram” (2019) atly bäş sany şygyrly kitaplaryň awtory. Ol soňky ýyllarda kyssa ýazyp, iki sany romany neşir etdirdi. Onuň şygyrlary iňlis, gruzin, hytaý, polýak, fransuz we beýleki dillere terjime edildi. “Triumf” atly kiçi baýragyň, “Moskwa hasaby” atly baýragyň, Halkara Woloşin baýragynyň eýesi. Ol Moskwa şäherinde we Moskwanyň etegindäki Protwinde ýaşaýar.
Edebiýatşynas we tankytçy Dmitriý Bak Kuznesowanyň lirikasynyň aýratynlyklary şeýle beýan edýär: “Hiç hili statika, keseligine azajygam hereket ýok, diňe ýa ýokary ýa-da aşak gidýän — ýöne her gezek wakalaryň täze sudurlaryny anyk açyp görkezýän egri çyzyklar. Sýužetinden üýtgetme has wajyprak bolan “plastilin” multfilme meňzeýär”.