Sabyr, sabyr — ine indi bar zadyň galany...

* * *

Sabyr, sabyr — ine indi bar zadyň galany,
haçanda ýitgileriň gelende çäge wagty,
güýçleri we daşlary zyňyşdyrmagy çöl wagty.
Eger-de maňa diýseň: özüňe gel, gaýt, ýygna —
ýa sen unutdyňmy şahalary içde ösýän? —
Jogap bererin saňa: bu ýük indi agyr maňa.

Sanç meni ýere we näzik agaç ýaly sakla,
Sen bilýäň, bärde toprak neneň — çäge we granit.
Kölegede epersiň dyz we biraz guran nary —
ýararsyň — bu bolsa seň geçip giden günleňdir.
Neneň göze ilmezek bagty syzdyrýar olar.
Sen hem olary ýuwudýaň — soňra, howlugyp, ogryn.

Şeýle köp niýet edilen edermenlik, emma
nirde biz öwrenmeli suwda sessiz ätmegi?
Nädip öýkäni düýbüne çenli, içmeli dodak
degýänçä duşman geýmine, ol hemişe başga
tarapda, üstümizden gülýär, ylgaýar wäşi
dek diwardan? Böwetden aýlanman nädip ösmeli?