Okada, Okada ýüzmek bagty etdi nesip

* * *

Okada, Okada ýüzmek bagty etdi nesip
Derýa gämide içinde gijäň, içinde gijäň,
Göz öňüne getir, tutuş derýa boýy bilbiller
Söýgüli goşgulardaky dek aýdym aýtdylar.

Men bilmeýärdim, şeýle zadyň bolup biljegini, —
Häzire çenli guşlaryň hory
görünýärdi maňa toslama bolup,
hakykata düýbünden dogry
gelmänsoň, şahyrana hyýal bolup.

Şondan bäri, emma, mümkin, şol çagdan bäri,
Başdan geçirlen tolgunmalar, ynandyrdy meni,
Başga, keseki, dünýäleriň bardygyna,
Başga, ahyryýet, ýurtlaryň bardygyna.

Aýtsammykam, ýene derýa çägesiniň
Daşyn nagyşlan gür düýplerinden tallaryň,
Gulaga ýetdi sözüň bölekleri,
Aýal gülkisi, gyryk erkek basy.

Ýagny erkek ses, tümlük dek, ýognasdy,
Aýal gülki syrlydy gündizkiden,
Bolup bärdäki bagtyň hünärmeni,
Perişdelerden hem has ökdedim men.

Düşenok ýada munuň haýsy ýyldygy,
Kimi ýatdan çykarmakçy bolanym?
Gämiň nähilidir ady barmydy,
“Kompozitor Skrýabin”, mümkin bolmagy?

Palubada hem, dogry, bannak bardy,
Hemralar hem bardy — ýatda däl olar,
Diňe bu ýol bilbilden geň bolupdy
Bilbile, gijeki şapak nurundan!