Aleksandr Kuşner

1936-njy ýylda Leningradda dogulýar. A. Gersin adyndaky Leningradyň mugallymçylyk institut­ynyň filologiýa fakultetini tamamlaýar, orta mekdepde rus dilini we edebiýa­dyny okad­ýar. Kyrk sany şahyrana kitaplaryň we ýygyndylaryň, şol sanda “Alagaraňky ýyldyzyň üstünde” (1994), “Gyrymsy agaç” (2002), “Tawriçeskiý seýilgähi” (2008), “Ýeriň dartyş güýji” (2015), “Güýzki teatr” (2020) atly kitaplaryň awtory; bäş sany makalaly kitabyň we nusgawy we häzirki zaman rus şygryýeti hakyndaky esseleriň awtory. Goşgulary köp dillere, şol sanda iňlis, arap, wýetnam, iwrit, italýan, hytaý, nemes, niderland, fransuz, ýapon we beýleki dillere terjime edildi. Goşgular kitaplarynyň terjimeleri Gollandiýada, Italiýada, ABŞ-da neşir edildi. Rossiýa we halkara baýraklarynyň, şol sanda RF-iň Döwlet baýragynyň, Döwlet Puşkin baýragynyň, Alfred Tepferiň fondunyň Puşkin baýragynyň (Germaniýa), “Sewernaýa Palmira” baýragynyň, Sarskoselskaýa ýererçilik baýragynyň, “Şahyr” Milli baýragynyň, “Zolotaýa tibetskaýa antilopa” baýragynyň (Hytaý) we beýlekileriň eýesi. Sankt-Peterburgda ýaşaýar.
Iosif Brodskiý 1990-njy ýylda şahyr bilen tanyşdyryp, şeýle ýazýar: “Аleksandr Kuşner — ХХ asyryň liriki şahyrlarynyň iň gowularynyň biri, onuň ady ene dili rus dili bolan islendik adamyň ýüreginiň töründe oturýan atlaryň hatarynda durmaga mynasypdyr”. Otuz ýyldan hem gowrak wagt bäri, XXI asyryň jümmüşinde, onuň sözleri öňküsi ýaly hakykat bolup durýar. Şahyr intellektual we ruhy işini, täze manylary we çeperçilik serişdeleri gözlemegi goýanok, muza hem oňa bolluk bilen eçilýär.