Anna Arenşteýniň “Forever heýgenegi” atly suratyna

Çalarak çümüp alagaraňka,
kofe çäýnek ýakynlaşýar stola,
gözýetimden aňyrda zompa çykyp,
emma şol bir wagtyň özünde-de
stol üstünde tutawajy sagda,
jürnügi çepde, kalby ortarada.

Ontologiýa boýunça agram
bu ýerde, häzir bize görkezlen
özündäki zat, gizlenen — kofemi?
bir şonuň içindäki?
ol asyl fenómen (ýa fenomén?),
bu hakykat, bize ýesir berlen,
(sic!) duýgularda, profilinde tanalan.

Emma şol bir wagtyň özünde ol
entek metafiziki durandyr
(ýa daşda?) we şu wagt däl, ýöne minut
bäş öň, on minut öň, asyr boýy,
ol nyşan, iýeroglif, belgi. El,
bize yşarat edýän, nyşanyndan

kofeli çäýnegiň has aňyrdan.
O barada biz hiç zat bilemzok,
eýsem, näçe zat belli däl, bilemzok.
Şoň üçin kofeli çäýnek çetde
duran bolan boldy, emma şol bir
wagtyň özünde dur çetden aňyrda.

Duzdan iki hili, hem otaýda,
hem bärde, munda hem tutuş duzy
özünde. Diňe saç, bize görünýär,
şeýle bir diňe bize berlen zat
ýaly, bize görkezlen heýgenek
hem göz öňünden gizlenenok, emma

hakykat ýüzünde ýagdaý şeýle:
saç köýük bolýança, garalypdyr,
emma heýgenek edil zat özünde
ýaly, ony bukmaga çalyşýar
Oňa üçünji göz gerek, emma
üçünji ýok. Gözünde däli nur bar,

başsyz we soňsuz dälilik, ondada, Kakaň Kölegesi dek, onuň
üstünde sallanýar gorkunç nyşan, oň
däli gözün ýaralap — çarşagyň
dury göze görünýän Ykbaldan
sypmagyň giçdigniň gorkunç nyşany.

“Bolsun ýa bolmasyn?” — ýanyp dur oň
gözlerinde. Emma sorag eýýäm
beýle duranok. Bagtsyz düşünenok
özüne salyp zor, ine eýýäm
düýpsüzlikden daşdan wilka tarap
süýnýär gizlin El.

Elhenç, elhenç, elhenç!