“On iki duşuşyk (1949—1990)” goşgular toplumyndan
Kyrk dokuzynjy ýyl
Eger näsag bolsa ruhuň,
Batyrlyk bilen çyk deňze
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Eger näsag bolsa ruhuň,
Ýürekde yz ýyrtyk ýaradan,
Seresap ýat deňiz ýakada.
Olam ýalap bejär ýaraň.
Ýöne muny etmek gerek
Seresap we başarjaň bol
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Ýaşyl baglar hem gök tüssä
Bürenende, bize näme
Üçin görünýär gögümtil.
Şonda sen galmagyn haýran,
Eger tolkunlaň içinden
Bir gyz kenara çykaýsa,
Ýanyňda oturmak üçin.
Ol hem zemini dek diri,
Ertekiden we arzuwdan
Gowurak, garar we diýer:
“Ezizim, maňa gerek däl
Wadalar, maňa gerek däl
Seniň sözleriň, söz — gözi
Görýänlere ýük artykmaç.
Seniň otlukly gözlerňe
Seredip, näme hakynda
Oýlanýanyňy bilerin”.
Şonda sikadalar dymar,
Tolkunam peselip başlar,
Görersiň ýakyn, ýanyňda,
Örän mähirli lebleri...
Ýöne muny etmek gerek
Seresap we başarjaň bol
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Goý dostlaram gülüşsünler
Sen süýji uklaýaň öýdýän,
Düýşe giräýmegi mümkin
Mundan beter toslamalar...
Goý gülsün, goý ynanmasyn.
Başgaň iş pikirindemi
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Elli üçünji ýyl
Ýaňy bir ýatypdy gohy
Gaharly ýapylan gapylaň,
Men bolsa howlugýan eýýäm
Ýene duşuşmaga çaltrak.
Men uçýan, çapýan bir ýere,
Batyrgaý ýugrulyp arzuwa,
Gijäni ýetip geçerin,
Seň bilen ir duşuşmaga.
Gije her hili seslenýär:
Söz bermegin, howlukmagyn...
Gar üstde görünýär yzlar —
Iki kiçi, iki uly.
Men olary tanadym. Şu
Wagta çenli, biz gar basan
Moskwada ýörärdik. Gussa
Bilen garyşardy gamsyz
Söhbet. Emma birden hemme
Zat ýitdi — gussada, gülkem.
Ilkinji gezek birleşdi
Eller. Öň hiç kim basmadyk
Arassa gara ýetdik biz.
Garaşýan, diýjegňe: “Hawa...”.
Gara düşýär, goşgy setir dek,
Iki kiçi aýak yzyň
Aňyrrakda — iki uly.
Ädim sanyn çykarýarys.
Gar ýüpek dek hütürdeýär.
Bizden öň hiç kim üstünden
Oň ýöremändir ahyryn.
Ýaňy bir ýatypdy gohy
Gaharly ýapylan gapylaň,
Men bolsa ylgaýan howlugyp,
Seň bilen duşuşmaga çalt.
Gije her hili seslenýär,
Gar bolsa ýagdy we diňdi,
Monça boldy gömüp iki
Kiçi, iki uly yzy.
Elli bäşinji ýyl
Nädip jan edýärdi gara
Basgançak boşlugynyň ruhy,
Burçdaky öň girelgede
Seniň meni öpmeziň ýaly.
It bolup uwlap görerdi,
Basgançagy sesli sanardy.
Merzlýakow geçelgesinde
Ähli girelgäni ýapýardy.
Bize ýamanlyk etmäge
Olam taýyn durdy hemişe:
Küşgürerdi pişikleri,
Gotur tämizleýji aýaly.
Öwrederdi oglanlara —
Dostdy, şeýtanjyklar, ruh bilen, —
Seň ýüregiň ýaryp gorkuzyp
Birden çyra ýakyp goýberip.
Biz bolsa durus el elde,
Ýaňagy ýaňaga degrişip.
Ol takyrdaýar üçekde,
Uzak gije rahat goýanok...
Mähriban, garry ruh, häzir
Meniň güýmenere zadym ýok...
Burçdaky öň girelgede
Bu gün onuň bilen duşuşyk
Gözleýän. Şol uzakdaky
Ýyl deý, endige görä ýene
Gaçyrýan dişlenen otly
Çöpleri bir wagtky deý gara
Basgançagyň boşlugyna.
Gaçyrýaryn endige görä.
Jogaba garaşyp ünsli
Diňşirgenýän üçege tarap, —
Ýa ýok şol ýerde goja asla,
Ýa-da çykypdyr bir salym....
Altmyş sekizinji ýyl
Saturnaliý baýramçylygy günlerinde awtora
sowgat eden Klodiýa bagyşlanýar
Ah, nädip birek-biregi küýseýärdik,
Nädip beden duşuşyga garaşýardy.
Şol günlerde, meniň Katull bolan wagtym,
Seniň bolsa Lesbiýa bolan wagtyňda.
Gündiziň we gijäniň islendik wagty,
Bolardy, gelen wagtym seniň ýanyňa,
Diýerdim men saňa: “Sen isleýärmiň?”
Sen maňa jogap bererdiň: “Isleýärin!”.
Biz nädip çyrmaşardyk bir-birimize,
Her bir islegin etdik bedenlermiziň.
Saturnaliý şadyýan baýramçylygy
Gar basan Rimde hütür-hütür edýärdi.
Biri-birin küýseýän sülükler deýin,
Biz nähili çyrmaşýardyk! Biz nähili...
Şol gije osteriýada serhoşlykda
Sen Tiberiý bilen gidipdiň ýatmaga.
Men seni urupdym, soň ötünç sorapdym,
Biziň ikimizem erbet ejir çekdik!
Ynha-da bu soňky dünýä gelinende
Hyjuw ýene seniň bilen sataşdyrdy.
Awgust aýydy, aýlaryň iň ýylysy,
Bardy Üçünji Rim hem, Moskwa hem bardy.
Meniň boýnumdan asylyp durkaň, şol bir
Sözleri gygyryp aýdanyňda,ýene
Biz kejirlik we gödeklik bilen gömen
Zatlarmyzyň barynyň açdyk üstüni.
Blogyňkydaky dek gaýtalandy hemme
Zat, şol pýesada ýaly agyly ses — bri!
Ýene-de hem gündiz, hem garaňky gije,
Men telefonyň diskini aýlaýaryn
Jogap berip maňa gygyrýaň: “Isleýän!”.
Saturnaliý baýramçylygy hem bolar,
Hem serhoş gülki, hem gopgun, hem telbelik.
Ýöne entek saçak ýazylmandyr bitin
Se iki aş bäş o aş hem. Tiberiý-de
Bir ýerde aýlanyp ýör, emma ol gelip
Ýeter gün ahyryna, senem gelersiň,
Etmek üçin gymmatly sowgady maňa.
Ýetmiş üçünji ýyl
Seň Odessada ýaşajak wagtyň,
Şol aýralyk günlerinde biziň gama
Batmazlygymyz üçin, Gara deňiz
Bilen men ýerim çalyşmakçy boldum.
Deňiz syýa işgär, kagyz deşýän,
Kanselýar alaka bolar, gijä
Galman sekiz otuza ol işe
Geler. Ýerasty geçelgede alyp
Kyn dem, ýüregedüşgünç arzaçy
Kabul edip, titräp ýolbaşçylaň
Nazarnyň öňünde, çilim
Çekip çekilýän ýerlerde, maňa
Derek döwlet kagyzlaryn ýazyp
Başlar arzan awtoruçkalar bilen.
Men bolsa ýataryn, şor daşda.
Ewksinskiý Pontyň düşeginde
Baýdar derwezelerinden Stambula
Çenli uzakdan maňa görüner.
Gören badyňa sen gelersiň
Ylgap duşuşyga, söýgülim, meniň
Seni sypap, guçup, yralap, çyrmaşyp,
Hüwdüläp, mährimden seniň eräp
Ýüregiň, bolarsyň meň aýalym.
Segsen birinji ýyl
Arçalaryň aslyşan
Kenarýaka baýyrlykda,
Ömürlik aýrylyşdyk,
Ýöne gözýaşly gülüşdük.
Ýöne gülüşdük — çaga
Dek ýeriň jaýryňna garap,
Üns bermek islemändik
Ara çäk goýýanymyza!
Erkimiz gaçyp bilmän
Synagdan hem guwanç duýup,
Şol bir gelşiksiz tansyň
Hehin gaýta-gaýta aýtdyk!
Hudaý teselli üçin,
Bize beren dek karnawal.
OWIR hem saňa rugsat
Namalaryn berenokdy,
Biz hamala galan dek
Minutlar däl — ýyllarymyz,
Biz gülüşdik, gülüşdik,
Soň hiç wagt gülmejek ýaly.
Segsen dokuzynjy ýyl
Bugarýar eýýäm bäş sagat,
Basym, dogry, gök gürlär.
Dördünji gatda burk urup
Çopantelpek ys gelýär.
Birden asfaltyň düşegi
Aýna badam reňk boldy.
Köçeden geçýänleri hem
Aýal we kart walete
Öwürdi. Üçegin ýardy
Asmanyň. Guýdy güýçli
Çabga, hemme çalt ylgaşdy.
Hemme derrew boşady.
Diňe durşuna tupanlar,
Köpürjükler, girdaplar...
Meýdançadan aýak ýalaň
Çapýaň meň derwezäme.
Men diňşirgenýän agzynda
Gapyň eşitmek üçin
Ýürege urýan, ýokary
Basgançaklardan galýan,
Ýeňil aýaklaryň sesin.
Hany, tizräk bolsana!
Görün, kellejigiň çala
Gyşardyp, tutuş damja
We syçrantgy, çopantelpek
We bolup älemgoşar.
Togsanynjy ýyl
Men ölüp, bolaryn deňiz,
Sen bolsa — biraz garaş
Sen ýaşa gamsyz-gussasyz
Uzak ýyllar we günler!
Men bolsa näzik maksada
Uýan, bolup mawy suw,
Ermeni jülgesinde seň
Gözlärin geleriňe.
Eşidýäňmi deňziň sesin,
Gohly sesin tolkunlaň?
Bu garaşmak hüňürdisi,
Bu men saňa garaşýan!
Ine sen girýäň ýuwaşdan
Meň begenýän kenarma,
Men köpükli hyjuw bilen
Ýuwup bilerim ýaly
Seň inçe daban aýagyň.
Tolkun seni galdyrar
Ýokaryk — aşak, ýene bet,
Öňki bolşumyz ýaly.
Men gowy öperim ýaly
Mähirli lebiň burçun,
Näzik dişläp öpsem naryň.
Duşuşykdan ýadaňda
Sen gaýdarsyň öýe, ýene
Eşidiler yzyňdan
garaşmak hüňürdisi.
Eger näsag bolsa ruhuň,
Batyrlyk bilen çyk deňze
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Eger näsag bolsa ruhuň,
Ýürekde yz ýyrtyk ýaradan,
Seresap ýat deňiz ýakada.
Olam ýalap bejär ýaraň.
Ýöne muny etmek gerek
Seresap we başarjaň bol
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Ýaşyl baglar hem gök tüssä
Bürenende, bize näme
Üçin görünýär gögümtil.
Şonda sen galmagyn haýran,
Eger tolkunlaň içinden
Bir gyz kenara çykaýsa,
Ýanyňda oturmak üçin.
Ol hem zemini dek diri,
Ertekiden we arzuwdan
Gowurak, garar we diýer:
“Ezizim, maňa gerek däl
Wadalar, maňa gerek däl
Seniň sözleriň, söz — gözi
Görýänlere ýük artykmaç.
Seniň otlukly gözlerňe
Seredip, näme hakynda
Oýlanýanyňy bilerin”.
Şonda sikadalar dymar,
Tolkunam peselip başlar,
Görersiň ýakyn, ýanyňda,
Örän mähirli lebleri...
Ýöne muny etmek gerek
Seresap we başarjaň bol
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Goý dostlaram gülüşsünler
Sen süýji uklaýaň öýdýän,
Düýşe giräýmegi mümkin
Mundan beter toslamalar...
Goý gülsün, goý ynanmasyn.
Başgaň iş pikirindemi
Bişen alça meňzäp duran
Aý asmanda görnen wagty.
Elli üçünji ýyl
Ýaňy bir ýatypdy gohy
Gaharly ýapylan gapylaň,
Men bolsa howlugýan eýýäm
Ýene duşuşmaga çaltrak.
Men uçýan, çapýan bir ýere,
Batyrgaý ýugrulyp arzuwa,
Gijäni ýetip geçerin,
Seň bilen ir duşuşmaga.
Gije her hili seslenýär:
Söz bermegin, howlukmagyn...
Gar üstde görünýär yzlar —
Iki kiçi, iki uly.
Men olary tanadym. Şu
Wagta çenli, biz gar basan
Moskwada ýörärdik. Gussa
Bilen garyşardy gamsyz
Söhbet. Emma birden hemme
Zat ýitdi — gussada, gülkem.
Ilkinji gezek birleşdi
Eller. Öň hiç kim basmadyk
Arassa gara ýetdik biz.
Garaşýan, diýjegňe: “Hawa...”.
Gara düşýär, goşgy setir dek,
Iki kiçi aýak yzyň
Aňyrrakda — iki uly.
Ädim sanyn çykarýarys.
Gar ýüpek dek hütürdeýär.
Bizden öň hiç kim üstünden
Oň ýöremändir ahyryn.
Ýaňy bir ýatypdy gohy
Gaharly ýapylan gapylaň,
Men bolsa ylgaýan howlugyp,
Seň bilen duşuşmaga çalt.
Gije her hili seslenýär,
Gar bolsa ýagdy we diňdi,
Monça boldy gömüp iki
Kiçi, iki uly yzy.
Elli bäşinji ýyl
Nädip jan edýärdi gara
Basgançak boşlugynyň ruhy,
Burçdaky öň girelgede
Seniň meni öpmeziň ýaly.
It bolup uwlap görerdi,
Basgançagy sesli sanardy.
Merzlýakow geçelgesinde
Ähli girelgäni ýapýardy.
Bize ýamanlyk etmäge
Olam taýyn durdy hemişe:
Küşgürerdi pişikleri,
Gotur tämizleýji aýaly.
Öwrederdi oglanlara —
Dostdy, şeýtanjyklar, ruh bilen, —
Seň ýüregiň ýaryp gorkuzyp
Birden çyra ýakyp goýberip.
Biz bolsa durus el elde,
Ýaňagy ýaňaga degrişip.
Ol takyrdaýar üçekde,
Uzak gije rahat goýanok...
Mähriban, garry ruh, häzir
Meniň güýmenere zadym ýok...
Burçdaky öň girelgede
Bu gün onuň bilen duşuşyk
Gözleýän. Şol uzakdaky
Ýyl deý, endige görä ýene
Gaçyrýan dişlenen otly
Çöpleri bir wagtky deý gara
Basgançagyň boşlugyna.
Gaçyrýaryn endige görä.
Jogaba garaşyp ünsli
Diňşirgenýän üçege tarap, —
Ýa ýok şol ýerde goja asla,
Ýa-da çykypdyr bir salym....
Altmyş sekizinji ýyl
Saturnaliý baýramçylygy günlerinde awtora
sowgat eden Klodiýa bagyşlanýar
Ah, nädip birek-biregi küýseýärdik,
Nädip beden duşuşyga garaşýardy.
Şol günlerde, meniň Katull bolan wagtym,
Seniň bolsa Lesbiýa bolan wagtyňda.
Gündiziň we gijäniň islendik wagty,
Bolardy, gelen wagtym seniň ýanyňa,
Diýerdim men saňa: “Sen isleýärmiň?”
Sen maňa jogap bererdiň: “Isleýärin!”.
Biz nädip çyrmaşardyk bir-birimize,
Her bir islegin etdik bedenlermiziň.
Saturnaliý şadyýan baýramçylygy
Gar basan Rimde hütür-hütür edýärdi.
Biri-birin küýseýän sülükler deýin,
Biz nähili çyrmaşýardyk! Biz nähili...
Şol gije osteriýada serhoşlykda
Sen Tiberiý bilen gidipdiň ýatmaga.
Men seni urupdym, soň ötünç sorapdym,
Biziň ikimizem erbet ejir çekdik!
Ynha-da bu soňky dünýä gelinende
Hyjuw ýene seniň bilen sataşdyrdy.
Awgust aýydy, aýlaryň iň ýylysy,
Bardy Üçünji Rim hem, Moskwa hem bardy.
Meniň boýnumdan asylyp durkaň, şol bir
Sözleri gygyryp aýdanyňda,ýene
Biz kejirlik we gödeklik bilen gömen
Zatlarmyzyň barynyň açdyk üstüni.
Blogyňkydaky dek gaýtalandy hemme
Zat, şol pýesada ýaly agyly ses — bri!
Ýene-de hem gündiz, hem garaňky gije,
Men telefonyň diskini aýlaýaryn
Jogap berip maňa gygyrýaň: “Isleýän!”.
Saturnaliý baýramçylygy hem bolar,
Hem serhoş gülki, hem gopgun, hem telbelik.
Ýöne entek saçak ýazylmandyr bitin
Se iki aş bäş o aş hem. Tiberiý-de
Bir ýerde aýlanyp ýör, emma ol gelip
Ýeter gün ahyryna, senem gelersiň,
Etmek üçin gymmatly sowgady maňa.
Ýetmiş üçünji ýyl
Seň Odessada ýaşajak wagtyň,
Şol aýralyk günlerinde biziň gama
Batmazlygymyz üçin, Gara deňiz
Bilen men ýerim çalyşmakçy boldum.
Deňiz syýa işgär, kagyz deşýän,
Kanselýar alaka bolar, gijä
Galman sekiz otuza ol işe
Geler. Ýerasty geçelgede alyp
Kyn dem, ýüregedüşgünç arzaçy
Kabul edip, titräp ýolbaşçylaň
Nazarnyň öňünde, çilim
Çekip çekilýän ýerlerde, maňa
Derek döwlet kagyzlaryn ýazyp
Başlar arzan awtoruçkalar bilen.
Men bolsa ýataryn, şor daşda.
Ewksinskiý Pontyň düşeginde
Baýdar derwezelerinden Stambula
Çenli uzakdan maňa görüner.
Gören badyňa sen gelersiň
Ylgap duşuşyga, söýgülim, meniň
Seni sypap, guçup, yralap, çyrmaşyp,
Hüwdüläp, mährimden seniň eräp
Ýüregiň, bolarsyň meň aýalym.
Segsen birinji ýyl
Arçalaryň aslyşan
Kenarýaka baýyrlykda,
Ömürlik aýrylyşdyk,
Ýöne gözýaşly gülüşdük.
Ýöne gülüşdük — çaga
Dek ýeriň jaýryňna garap,
Üns bermek islemändik
Ara çäk goýýanymyza!
Erkimiz gaçyp bilmän
Synagdan hem guwanç duýup,
Şol bir gelşiksiz tansyň
Hehin gaýta-gaýta aýtdyk!
Hudaý teselli üçin,
Bize beren dek karnawal.
OWIR hem saňa rugsat
Namalaryn berenokdy,
Biz hamala galan dek
Minutlar däl — ýyllarymyz,
Biz gülüşdik, gülüşdik,
Soň hiç wagt gülmejek ýaly.
Segsen dokuzynjy ýyl
Bugarýar eýýäm bäş sagat,
Basym, dogry, gök gürlär.
Dördünji gatda burk urup
Çopantelpek ys gelýär.
Birden asfaltyň düşegi
Aýna badam reňk boldy.
Köçeden geçýänleri hem
Aýal we kart walete
Öwürdi. Üçegin ýardy
Asmanyň. Guýdy güýçli
Çabga, hemme çalt ylgaşdy.
Hemme derrew boşady.
Diňe durşuna tupanlar,
Köpürjükler, girdaplar...
Meýdançadan aýak ýalaň
Çapýaň meň derwezäme.
Men diňşirgenýän agzynda
Gapyň eşitmek üçin
Ýürege urýan, ýokary
Basgançaklardan galýan,
Ýeňil aýaklaryň sesin.
Hany, tizräk bolsana!
Görün, kellejigiň çala
Gyşardyp, tutuş damja
We syçrantgy, çopantelpek
We bolup älemgoşar.
Togsanynjy ýyl
Men ölüp, bolaryn deňiz,
Sen bolsa — biraz garaş
Sen ýaşa gamsyz-gussasyz
Uzak ýyllar we günler!
Men bolsa näzik maksada
Uýan, bolup mawy suw,
Ermeni jülgesinde seň
Gözlärin geleriňe.
Eşidýäňmi deňziň sesin,
Gohly sesin tolkunlaň?
Bu garaşmak hüňürdisi,
Bu men saňa garaşýan!
Ine sen girýäň ýuwaşdan
Meň begenýän kenarma,
Men köpükli hyjuw bilen
Ýuwup bilerim ýaly
Seň inçe daban aýagyň.
Tolkun seni galdyrar
Ýokaryk — aşak, ýene bet,
Öňki bolşumyz ýaly.
Men gowy öperim ýaly
Mähirli lebiň burçun,
Näzik dişläp öpsem naryň.
Duşuşykdan ýadaňda
Sen gaýdarsyň öýe, ýene
Eşidiler yzyňdan
garaşmak hüňürdisi.




