Aleksandr Timofeýewskiý

1933-nji ýylda Moskwada dogulýar, blokadadaky Leningradda ýaşaýar. Ol WGIK-iň ssenariýa fakultetini tamamlaýar. “Täjikfilm”, “Soýuzmultfilm” we “Multtelefilm” kinostudiýalarynda redaktor bolup işleýär. Multfilmlere ssenariýalary we aýdymlary ýazyp­dyr. “Çeburaşka” multfilmindäki “ “Krokodil Genanyň aýdymjygy” has uly meşhurlyga eýe boldy. Köp wagtlap eserlerini “stoluň tekjesi üçin” ýazypdyr. Goşgularynyň ilkinji ýy­gyndysy 1992-nji ýylda çapdan çykýar. On bäş sany, şol sanda “Gijigen ýaýçy” (2003), “Ýüz sany sekiz setir we sada Gamlet” (2004), “Söýginiň özeni hakynda Parižde ýazylan hatlar” (2005), “Haýwanat bagyndaky täsinlikler” (2006), “Deňziň kenaryndaky oýlanmalar” (2008), “Kraş-test” (2009), “Rimli dostuň jogaby” (2011), “Men bu ýerde doguldym” (2017), “Sirakuzlardaky metamorfozalar” (2020) we beýleki şygyrlar kitaplarynyň awtorydyr. Ol “Družba narodow” (1998) žurnalynyň baýragynyň, “Wenes” atly Moskwanyň ýazyjylar birleşmesiniň baýragynyň (2006), “Moskwa hasaby” baýragynyň (2007), “Anthologia” Şygryýet baýragynyň eýesidir. 2022-nji ýylda aradan çykýar.
Tankytçy Danila Dawydowyň pikirine görä: “Timofeýewskiý manynyň dürli derejelerini ulanýar we dürli derejelerde-de okalyp bilner; ony haýsydyr bir akyma laýyk getirmek mümkin däl, emma munuň özi hem, onuň düýbünden “moda laýyk gelmeýänligine” garamazdan, onuň şygyrlaryny örän döwrebap edýär”.