Men, Kuşner Aleksandr, gördüm baky Rimi...
* * *
Men, Kuşner Aleksandr, gördüm baky Rimi,
Men Samarkandy gördüm gök Buhara bilen,
Neneň jöwzada, bahr düýşlerne giräýse,
Gördüm Pýatigorskini duel dagy bilen,
Toledo hem Madridi, Ženewa hem Pariži,
Ummandan aňyrda on gezegräk boldum, ýaşadym —
Indi munuň bilen hiç kimi haýran etmersiň,
Men Temzä, iň uzakdaky ýurtlara goýdum
Hormat, meselem, Hytaýa, Kritde bagtly boldum,
Wenesiýada has hem bagtly, — sanaw uzyn,
Baryn sanap bolanok, Marburg göründi eziz,
Amsterdam hem bilýär, maňa nähili ýakyn,
Men ýalta, öýdeçil, arzuwçyl, dar düşünjeli
Bulary näme maksat bilen sanaýaryn,
Sezaryň alys ýurtlary aýamagy üçin
Aleksandryň hem owarram diýmegi üçin.