Lew Tolstoý — erkin adam
(kitapdan bir parça)
Daýzajyklar
Tolstoý “Ýatlamalarynda” Tolstoý özüniň terbiýelenmeginde (“meniň durmuşyma täsir eden manyda”) iň wajyp adamyň daýzasy Tatýana Aleksandrowna Ýergolskaýa boldy diýip ýazýar.
Emma bu nähili beýle bolup bilýär? Ol oňa daşgyn bir garyndaş ahyry. Ýergolskaýanyň kakasy — onuň enesi Pelageýa Nikolaýewna Tolstaýanyň doganoglany.
Taneçka Ýergolskaýanyň Tolstoýyň atasynyň we enesiniň Ilýa Andreýewiçiň we Pelageýa Nikolaýewnanyň öýüne gelmegi “Ýatlamalarda” beýan edilipdir: “Ol we onuň uýasy Liza kiçijik gyzjagaz wagtlary ene-atasy ýogalypdyr we görgülijikler ýetim galypdylar. Olardan başga-da ýene birnäçe oglan doganlary hem bardy. Garyndaşlary olary zordan ýerleşdiripdiler. Gyzjagazlary bolsa Çern uýezdinde belli bolan we öz döwründe diýenini etdirýän, hökümli we gopbam Tatýana Sergeýewna Skuratowa bilen meniň enem almakçy bolupdyr. Biletleri epläpdirler, obrazyň aşagynda goýupdyrlar, çokunyp, çekipdirler. Lizanka Tatýana Sebýonowna, garajasy — eneme düşüpdir”.
“Garajasy” Taneçkady.
“Uruş we parahatçylyk” romanynyň gahrymanlarynyň we olaryň prototipleriniň çylşyrymly ulgamynda Rostowlaryň maşgalasynda terbiýelenýän gyza Tanýa — Sonýa kiçijik orun berlipdir. Bu romanda iň bir tapawutlanmaýan zenan obrazlarynyň biridir. Ol boýunça hakyky Tatýana Aleksandrowna hakynda bir zat aýtmak mümkin däl. Sonýanyň Nikolaý Rostowa aşyk bolandygy we Nikolaý Rostowyň hem ony söýendigi dogrudyr. Tolstoýyň kakasy Nikolaý Ilyiç we Tatýana Aleksandrowna hem biri-birlerini çagalykdan söýüpdirler.
Tatýana Aleksandrowna, hahykatdan hem, keseki öýünde bolmasa-da, ol elgarama ýaşapdyr. Ilki ol Nikolaý Tolstoý bilen bile ulalýarlar. Köplenç, romanlarda bolşy ýaly, oňa aşyk bolýar. Nikolaý Tolstoý hem öz çykanyna, onda-da romandaky Nikolaý Rostowyň öz garyp garyndaşyna aşak bolşundan hem has güýçli aşyk bolupdyr. Nikolaý söýmedik bolsa-da, diňe öz bähbidi üçin Maryýa Wolkonskaýa öýlenmäge mejbur bolýar, emma öýleninden soň, özüni bagtly duýýar. Onuň aýaly adamsynyň Tua-
nette bolan sözgüsi barada bilýärdi. Ýergolskaýa owadandy ýa-da, umuman, özüne çekijidi. Muňa garamazdan, Maryýa Nikolaýewna hiç haçan Ýasnaýa Polýanada özleri bilen ýaşamaga başlan Tuanette gabanmak duýgusyny ýüze çykarmady. Haçan-da, olar Ýergolskaýa Pokrowskoýe uýasynyň ýanyna gideninde, Maryýa Nikolaýewna oňa ýasamalyk duýulmaýan, mylaýymlyk we çuňňur hormat duýgusy bilen hat ýazýardy, ýöne muňa seretmezden, “söýgi üçburçlugynyň” meseleleri bardy. Olar ýöne ulaldylmaýardy. “Üçburçluga” gatnaşýanlaryň ählisi emele gelen ýagdaýlara düşünýärdiler.
Emma Maryýa Nikolaýewnanyň ýogalmagy sebäpli, bu ýagdaýlar üýtgedi. Şol wagtda Tuanette 38 ýaşapdy, Nikolaý Ilýiç bolsa — 36. Ol oňa ömürboýy söýenine söz aýtdy. Emma Tuanette onuň sözüni almady.
Nikolaý Ilýiçiň duýdansyz ölüminden soň, onuň çagalary ýetim galdylar. Kakasynyň ýogalan güni onuň uly ogly Nikolaýyň on dört ýaşy dolupdy. Nikolaý Ilýiçiň ölüminden öň, onuň maşgalasy 1837-nji ýylyň ýanwarynda Moskwa göçüpdi we Pluşihada kireýine alnan giň jaýa göçüp barypdylar. Göçmeklerine “oglanjyklaryň ýokary gatlaga öwrenişmekleri” sebäp bolupdy. Mundan başga-da, ululary uniwersitete taýýarlanýardy.
Moskwada adamsy barka-da we ogly Nikolaý dünýeden ötmänkä-de gaýgysyz-gamsyz durmuşa öwrenişen eneleri Pelageýa Nikolaýewna özüne seredýärdi we söýgüli ogly ýogalandan soň welin, öz hasraty bilen meşguldy. Hakykatda, oglanlar fransyz gubernýory Tomuň eline düşüpdiler. Ony bolsa kiçileri Lew halamaýardy.
Moskwa Lewiň göwnünden turmady. Ony görenlerinde, adamlaryň näme üçin telpeklerini çykarmaýandyklaryna we salamlaşmaýandyklaryna geň galdy. Onuň kellesine ilki bilen “Bu adamlar biziň aladamyzy etmeýän bolsalar, näme bilen meşgulkalar?” diýen sorag geldi. Ol şäherdäki tomaşalary we hezillikler hem halamady. Çagalaryň gowy gören hususy bagyna garawulyň näme üçin goýbermeýändigine-de düşünip bilmedi. Bolşoý teatrda ložada oturan ýerinde näme üçin sahna gapdaldan seretmelidigine düşünmedi we spektaklyň dowamynda garşysyndaky loža seretdi. Moskwa galmagally, tozanly, köp adamlydy. Ol gussa bilen “öýüň öňündäki çemenligi, baglykdaky uzyn lipalary, üstünde garlawaçlar uçýan arassa howdany, ak ýuka bulutlaryň togtan gök asmanyny, burk urýan täze orlan bede küdelerini” we ömürboýy özüniň Ýasnaýa Polýanasyny şeýle söýdüren başga-da köp zatlary ýatlaýardy...
Enesi ýogalandan soň, ähli zat üýtgedi. Ol 1838-nji ýylyň ýazynda ýogaldy. Enesi dirikä Moskwadaky barine mahsus bolan bol-telki ýaşaýyş düzgüni üýtgetmek bolmaýardy. Ol ýogalanyndan soň, çykdajylary azaltmak hakynda mesele goýuldy.
Eneleri ýogalandan soň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara kakalarynyň uly aýal dogany Aleksandra Ilýiniçna Osten-Saken hossarlyk etdi. Aýal maşgala doganynyň bulam-bujar emläk işlerini alyp barmak kyn düşdi. Munuň üstesine-de, onuň şahsy durmuşynda hem näsazlyklar bardy. Aleksandra (Aline) Tolstaýa ýaş wagty baý ostzeý grafyna durmuşa çykdy. Ol bolsa psihika taýdan keselli adam bolup, sebäpsiz gabanjaňlykdan ejir çekipdir. Aýaly göwreli bolanda, ol “duşmanlar” aýalyny elinden aljak bolýar diýiň netijä gelýär we ony paýtuna mündürýär. Ýolda gapyrjakdan iki sany sapança çykaryp, biri-birlerini öldürmegi aýalyna teklip edýär. Ol birinji bolup atýar. Bagtyna, ýara ölüm howply bolmaýar, ýöne nerw tolgunmasyndan soň, Aline öli çaga dogurýar. Oňa muny aýtmaýarlar, we bir wagtda doglan aşpeziň aýalynyň çagasyny berýärler. Aleksandra Ilýiniçna adamsyndan aýrylyşýar we ene-atasy bilen ýaşaýar. Dogany Nikolaý öýleninden soň bolsa, Ýasnaýa Polýana, soňra bolsa Tolstoýlaryň ähli maşgalasy bilen Moskwa göçýär. Olar bilen öli çaga çalşylan Paşenka hem ýaşaýar. Tolstoý “ejekesi Aleksandra Ilýiniçnanyň özboluşly, üst-başyna gowy seretmeýändigi bilen bagly bolmagy ahmal, turşy ysyny ýatlaýar. Ol görmegeý, owadan mawy gözli, şahyrana, fransuz goşgularyny okamagy we göçürmegi gowy görýän, arfa çalyp bilýän we elmydam uly ballarda meşhurlyk gazanýan Alinady...”
Moskwada Aleksandra Ilýiniçna we gubernýor Tom bilen iki uly ogly Nikolaýy we Sergeýi goýup gitmeli, kiçileri Mitýa bilen Lewi, uýalary Maşany, Tatýana Aleksandrownany, serhoşlyga endiginiň bardygyna seretmezden, öýe gaýtarylyp alnan gubernýor Fýodor Ressel bilen yzlaryna — Ýasnaýa Polýana ibermeli diýen netijä gelindi. Maşgalanyň “Moskwada” galmaly bölegi uly jaýdan boýun gaçyryp, kiçi, arzan jaýa göçdüler, “ýasnapolýanalylar” begenç bilen “penatlaryna” gaýdyp bardylar.
Eger-de bu wakalar bolup geçmedik bolsa, Tolstoýyň dünýägaraýşynyň nähili emele geljekdigi barada aýtmak kyn. Ýöne ine hakykaty delil. Has gombamsy görünmek üçin özüne Sen-Tom, ýagny «keramatly» diýdirýän fransuz Tomuň terbiýelän doganlary Nikolaý we Sergeý dine parhsyz garaýan adamlar, başgaça aýdanyňda, ateistler bolup ýetişdiler. Mitýa, Lew we Maşa, hersi özüçe dini ýoly geçdiler.
Muňa garamazdan, Tolstoýyň ejekeleriniň hemmesi dindar aýallar bolupdyr. Aleksandra Ilýiniçnäniň häsiýetine-de dini göçgünlilik, badyhowalylyk mahsusdy. Haçan-da, kakasy ýogalandan soň, Ýasnaýa Polýana göçüp gelen wagtlary, ol «jahankeşdeleri, diwanalary”, monahlary we monah zenanlaryny öz daşyna üýşürdi, olaryň käbiri mydama diýen ýaly biziň öýümizde ýaşaýardy, käbirleri bolsa diňe ejekemiň ýanyna gelip gidýärdiler. “Hemişe ýaşaýanlaryň hatarynda monahinýa, ýaş wagty “diwana Iwanuşka” adyna eýe bolan jahankeşde, meniň uýamyň çokundyran enesi Marýa Gerasimowna bardy, sebäbi ejem dört oglandan soň, gyzynyň bolmagyny isläpdir. Eger Hudaýdan özüne gyz diläp alyp berse, garyndaş edip almaga oňa söz beripdir. Gyz dogulýar we Marýa Gerasimowna onuň çokundyran enesi bolýar. Ol käte Tulanyň zenan monastyrynda, käte-de bizde ýaşaýardy” diýip, Tolstoý öz “Ýatlamalarynda” ýazýar. Aleksandra Ilýiniçna belli monahlar bilen, mysal üçin, Optina Pustyndaky Leonid bilen gatnaşmagy halaýardy. Ol ähli agyz bekleme dessurlaryny berjaý edýärdi, köp mynajat edýärdi. Onda hiç mahal öz serişdesi bolmandyr, sebäbi hemme zadyny dilegçilere beripdir.
1841-nji ýylyň tomsunda Optina Pustynda ýaşaýardy we agyr keselledi. Tatýana Aleksandrowna Nikolaý we Maşa Tolstoýlar bilen ony soramaga bardylar. Jigilerini görüp, ejekeleri begençden ýaňa aglapdyr we bir günden soň, akyl-huşdan aýrylman, kösenmän ýogalypdyr. Aýdyşlaryna görä, 11 ýaşly Maşa pata berende, ejekemiň din ruhanysy, garry monah Leonid (dünýewi durmuşda Lew Nagolkin) ol barada şeýle diýipdir: “Maşa, biziňki bolarsyň”. 49 ýyldan soň Mariýa Nikolaýewna optinaly garry nonah Amwrosiýiň ruhy gyzy bolýar, onuň halypasy molla Leonid bolupdyr. Soňra Şamordin zenan monastyrynda monahiýalyga saçyny kesdirýär.
Aleksandra Ilýiniçnanyň kiçi gyz jigisi — Pelageýa (Polina) Ilýiniçna hem dindar bolupdyr, ýöne onuň buthana bilen gatnaşygy has dünýewi häsiýete eýe bolupdyr. Ol otstawkadaky gusar polkownigine, pomeşik W. I. Ýuşkowa durmuşa çykyp, Kazanda ýaşapdyr. Ol arhiýereýleri, monastyrlary, kanwada we altyn boýunça iş etmegi gowy görýärdi. Olary monastyrlara paýlaýardy. Emma edep-ekramlylyk, medeniýetli geýinmek we uly jaýdaky goş-golamlaryň goýluşy ony has-da alada goýupdyr.
1841-nji ýylda uly gyz dogany ýogalandan soň, ol jigisi Nikolaýdan aladaly hat alypdyr. Onda ol görgüli ýetimleri ýeke goýmazlygy haýyş edipdir, sebäbi bu ýagty jahanda ondan başga hiç kiminiň ýokdugyny ýazypdyr. Ol gözüne ýaş aýlapdyr we Sofýa Andreýewna Tolstaýanyň ýazyşy ýaly, “se sacrifier* barada pikir etdi”.
Oglan doganlar Tolstoýlar gyz jigileri bilen Kazana göçýärler. Tatýana Aleksandrowna Ýergolskaýa Ýasnaýa Polýanada galýar. Ol Kazana göçmekden boýun towlaýar. Sebäbi ol Pelageýa Ilýiniçna bilen oňuşmaýardy. Pelageýa Ilýiniçnanyň jigilerine güýçli täsir eden däl bolmagy mümkin, sebäbi ol öýde düýbünden sylanylmandyr. Äri ony söýmändir, sylamandyr we juda azgyn durmuşda ýaşapdyr. Jigileri özbaşyna ulalypdyrlar. Maşany bolsa asylly gyzlaryň okaýan Rodionowdaky institutyna ýerleşdiripdirler. Jigileri uniwersiteti gutaryp, Kazandan gidenlerinden soň, Maşa bolsa durmuşa çykarylýar. Pelageýa Ilýiniçna biwepa ärini taşlaýar we monastyrlarda ýaşamaga başlaýar. Iň soňunda ol Tuladan uzakda bolmadyk zenan monastyrynyň hüjresinde ýerleşýär. 1875-nji ýylda Pelageýa Ilýiniçna Ýasnaýa Polýana, eýýäm öýlenen we köp çagaly jigisi Lewiň ýanyna ýaşamaga gelýär, şol ýerde-de tizara ýogalýar.
1841-nji ýylda çagalaryň hemmesi Kazandaky täze hossarynyňka gitmäge mejbur bolanlarynda, Tatýana Aleksandrowna ýalňyz galýar. Ol öz gündeliginde şeýle ýazýar: “Ýalňyzlyk erbet! Ähli ejirleriň iň agyry. Ýüregi näme etmeli, eger hiç kimi söýüp bolmasa? Ýaşaýşy näme etmeli, eger hiç kime ony berip bolmasa?”
Bäş ýyl ondan öň, 1836-njy ýylyň 6-njy awgustynda ol kagyzyň bölejigine şeýle ýazýar: “Nikolaý şu gün maňa geň — özüne durmuşa çykmagy, çagalaryna ejäniň ornuny tutmagy we olary hiç haçan taşlamazlygy teklip etdi. Birinji teklibinden boýun gaçyrdym, ikinjisini janym çykýança ýerine ýetirmäge söz berdim”. Şonda Tatýana Aleksandrowna bu teklibiň Mariýa Nikolaýewnanyň ölüminden bir ýyldan soň däl-de, alty ýyl geçeninden soň edilendigi barada näme üçin pikir etmedikä? Nikolaý Ilýiçiň çalt ýogalmagy hemme zady ýerli-ýerinde goýdy.
Nikolaý Ilýiçiň eden teklibiniň örän jüpüne düşendigi düşnükli boldy. Ol özüniň basym öljekdigini duýan bolmagy ahmal. Ol çagalarynyň öz söýeniniň ganatynyň astynda... söýgüli adamynyň çagalary hökmünde galmagyny, şeýle-de, onuň çagalara-da, olaryň emlägine-de ähli kanuny hukugynyň bolmagyny isläpdir. Tatýana Aleksandrowna başgaça pikir edipdir. Şeýdip, çagalaryň iki hossaryň: Osten-Saken we Ýuşkowanyň arasynda entemeklerine getiren ýalňyşlygy goýberýär. Olar hem, elbetde, özleriçe jigilerini gowy görüpdirler, ýöne öz şahsy aladalary bilen başagaý bolupdyrlar.
Tolstoý öz “Ýatlamalarynda” şeýle ýazýar: “Onuň kakamy söýendigi, kakamyň hem ony söýendigi dogry bolmaly, emma ýaş wagtynda onuň meniň baý ejeme öýlenmegi üçin, soňra bolsa olar we biz bilen aradaky arassa, poetik gatnaşyklary zaýalamazlyk üçin oňa durmuşa çykmaýar”.
“Onuň söýgüsiniň esasy aýratynlygy, — diýip, Tolstoý dowam edýär: — emma munuň başgaça bolmagyny näçe islesem hem, bu — bir adama — meniň kakama bolan söýgüdi. Diňe eýýäm şu merkezden ýaýrap, onuň söýgüsi hemme kişä-de dökülýärdi. Onuň bizi oňa derek söýýändigi, onuň üsti bilen ol biziň ählimizi söýýändigi duýulýardy, sebäbi onuňtutuş ömri söýgüdi”.
Ejekeleriniň üçünjisi Tatýana Aleksandrownanyň dindarlygy barada “Ýatlamalarda” aýdylyşyna görä, ol diňe gimn aýdypdyr, ýöne bu setirleriň-de manysyna dogry düşünmek gerek. OlardaTolstoýyň dini diýip şowsuz atlandyrylýanyň dänesi ösüp ýetişipdi. Tolstoýyň “öz dinini” döredendigi, “öz içindäki Hudaýy” oýlap tapandygy barada diňe ýalta ýazmady. Hakykatda, Tolstoýyň hiç hili ýörite dini bolmandyr. Onuň aňyna dini düşünjeleriň köp ruhy esaslaryny we ony boş däbe öwrülmezligi üçin nähili ynanmagyň gerekdigini guýan Tatýana Aleksandrowna Ýergolskaýady.
“Ol söýginiň içki işini etdi we şonuň üçin hem oňa hiç ýere gyssanmak gerek däl. Bu iki alamat — söýmeklik we gyssanmazlyk — duýdansyzlykda ýakynlaşdyrdy we bu ýakynlyga aýratyn gözellik berýär. Şu babatda men onuň biriniň göwnüne degen wagtyny bilemok, şeýle-de, men onuň bir adamy ýigrenendigini hem bilemok. Ol hiç haçan özi hakynda, hiç haçan din barada, nädip ynanmak barada, özüniň ynanşy we doga okaýşy dogrusynda hiç wagt gürrüň bermeýärdi. Ol hemme zada ynanýardy, emma diňe bir dogmaty — baky ejirleri inkär edýärdi: „Dieu qui est la bonte meme ne peut pas vouloir nos souffrances“. Men onuň molebenlerden we panafidalardan başga ýerde doga okandygyny hiç haçan görmedim... Men diňe giç agşam sagbollaşmak üçin ýanyna baranymda, onuň aýratyn gülerýüzlülik bilen garşy alşyndan, mynajatynyň arasyny kesendigimi aňýardym”.
Ýazylyşy ýa-da oýlanyp tapylyşy ýaly däl-de, ynalyşyna görä ynanmakdini erkinligiň iň ýokary derejesidi. Tatýana Aleksandrowna, giçki Tolstoýdan tapawutlylykda, kilisäň ähli dogmatyny inkär etmeýär. Belki, olar barada hiç haçan pikir etmedik bolmagy-da ahmal? Ýöne o dünýädäki ejirler baradaky bir dogmaty ol berk inkär edýärdi. Belki ol onuň dininiň adam we hatda zenan tebigatyndan gelip çykýan öz tebigaty bilen garşy durýandygy bilen bagly bolmagy-da mümkindir?
“Ol hiç haçan söz bilen nädip ýaşamalydygyny öwretmeýärdi, hiç haçan öwüt-nesihat aýtmaýardy, ähli ahlak işi onuň öz içinde özleşdirilendi, daşyna bolsa diňe onuň işleri — etmeýän işleri — ýok işleri däl-de, onuň tutuş rahat, ýygra, ylalaşyjy we aladalanman söýýän, özüni söýdürýän, ümsüm, göze ilmeýän söýgisi çykýardy”.
Bu Tolstoýyň ömürboýy arzuw eden şol dini idealydy. Onuň öz döwri we hatda adamzat ösüşiniň tutuş taryhy bilen ahlak gapma-garşylyklary şu ýerden, köplenç, giç agşam barýan, daýzasynyň otagyndan çykýardy...
Mariýa Nikolaýna Tolstaýa ýaly, Tatýana Aleksandrownanyň hem ýekeje-de žiwopis portreti ýok. Fotosurata düşürmäge-de onuň özüniň rugsat bermedik bolmagy ahmal.
Haçanda Tatýana Aleksandrowna, bilmän gowy görýän ýegeni Lewe ýalňyşyp Nicolas (şeýle şaýatlyk edýänler bar) diýip ýüzlenende, ol nähili duýgyny başdan geçirdikä? Nikalary arşda, emma söýgüsiz gyýlan maşgaladan doglandygyna düşünip, ol öz kakasy we ejesi hakynda nähili pikirleri serine getirdikä?
Çagalar Kazana gidenlerinden soň, ol uýasynyň ýanyna Pokrowska göçýär. Haçanda kiçi Lew Ýasnaýa Polýananyň eýesi bolan wagtynda, ony öz öýüne ýaşamaga çagyrýar. Ol çäksiz bagtly durmuşa eýe bolýar. Ol öz ýazgylarynda agşamyna otagynda ol näme, has anygy, kim hakynda doga okandygynyň syryny açypdyr. “Men onuň (Lewiň. —P. B.) söýýändigini duýmakdan bagtly saýdym. Şol pursat men ýüregimi ezýän erbet ejiri ýadymdan çykarýardym... Şeýle söýýän kalbyň bardygyny görmek meniň üçin uly bagtdy... Men arşyň oňa pata bermegini gije-gündiz dileýärin”.
Onuň ölümi hem täsin boldy! “Haçanda meniň eýýäm öýlenen wagtym ol haldan düşüp başlady, — diýip, Tolstoý ýazýar, — bir gezek ol haçanda biz aýalym bilen onuň otagynda bolanymyzda, wagt arap, ol aňyrsyna seredip (men onuň hamsygýandygyny gördüm), titreýän sesi bilen: „Ine, şeýle, mes chers ami**, meniň otagym örän gowy we ol size gerek bolar. Eger men munda ýogalsam, — size ýatlamak kyn düşer. Şonuň üçin siz meni başga ýere geçiriň. Ölsemem, başga ýerde öleýin” — diýdi”.
Soňra aýaly bilen daýzasynyň diýenini edip, ony öý hyzmatkärleriniň bolýan jaýynyň golaýyndaky dar otaga geçirendikleri üçin ökünýärdi. Hakykatdan hem, ol ýogalandan soň, ol otagda hiç kim ýaşamady. Ýene-de ol öz gysyklygy sebäpli, oňa käwagt azajyk şatlykly pursatlary hem — şokoladdaky hurmalary hem bermändigine ahmyr edýär. Olary ol oňa hem hödür edýärdi...
“Ol sessiz, ýuwaşjadan uklaýan ýaly bolup ýogaldy. Öz isleýşi ýaly, özüniň ýaşan otagyny biz üçin zaýalamajak bolup, onda ýogalmady. Ol ýogalmanka hiç kimi tanamady. Meni bolsa ol hemişe tanaýardy, ýylgyrýardy, edil elektrik lampoçkasy ýaly, ýüzüne nur çaýylýardy (Tolstoýda şeýle. —P. B.). Ölüminiň öň ýanynda ol Nicolas diýmek isläp, ölüminiň öň ýanynda meni ömür boýy söýeni bilen aýrylmaz baglanyşdyryp dodaklaryny gymyldatdy”.
*Özüňi gurban etmek (fransuzça).
** Meniň gadyrdan dostlarym (fransuzça).