Awgustyň soňy
awgustyň soňky günlerinde
mekdebiň öňýanynda
ýatlaýarsyň
ak köýnegi
gyzyl galstugy
doganyň sowgadyn
portfeldäki almalaň ysyn
aklygyn depder kagyznyň
sanlar üçin öýjükleri
harplar üçin çyzyklary
tomusda okalan gollanmalary
daş ýurtlara geografik atlas
boýunça edilen syýahatlary
fizikanyň kanunlaryna sowuk
derýada düşünmek
köze bişen kartoşkaň ysy
oduň tüssesi
dynç almaga
gelen moskwaly gyzjagazy
anatomiýany 10-njy synpda
öwrenýärler diýip aýdany
ah ine şeýle!
awgustyň soňy
aýdym “basym güýz
aýnalaň aňyrsynda awgust”
soňra näme
bu täsin pýesada...
mekdebiň öňýanynda
ýatlaýarsyň
ak köýnegi
gyzyl galstugy
doganyň sowgadyn
portfeldäki almalaň ysyn
aklygyn depder kagyznyň
sanlar üçin öýjükleri
harplar üçin çyzyklary
tomusda okalan gollanmalary
daş ýurtlara geografik atlas
boýunça edilen syýahatlary
fizikanyň kanunlaryna sowuk
derýada düşünmek
köze bişen kartoşkaň ysy
oduň tüssesi
dynç almaga
gelen moskwaly gyzjagazy
anatomiýany 10-njy synpda
öwrenýärler diýip aýdany
ah ine şeýle!
awgustyň soňy
aýdym “basym güýz
aýnalaň aňyrsynda awgust”
soňra näme
bu täsin pýesada...





