Poçtanyň taryhy
300 ýyl
ruslar tassykladylar
mongollaň ezendigini
emma beýle bolmandyr
diňe getiripdirler poçtany.
300 ýyl
Rusda alypdyrlar hatlary,
emma okap bilmändirler,
şonuň üçin ençeme gezek
ýakmaly bolupdyr Moskwany
dyndyrmak üçin okalmadyk
hatlaryň tümlüginden.
Ahyryn, Iwan Groznyý
gitdi gündogara
hem aldy Kazany,
hatlary bolsa günbatara
ýollap başlady
gaçgak knýaz Kurbska.
Bu eýmenç hatlara eýýäm
Gollanddan, deňziň aňyrsyndan
jogap beripdir Pýotr Beýik,
soňra Ýekaterina, ol hem Beýik, ýola
goýdy gatnaşy jenap Wolteriň dünýäsiniň
gowusy bilen, hem eýýäm Napoleon, ol hem
Bonapart, eýýäm Moskwany ýene
oda bermek bilen ýardam etdi
dworýanlaň epistolýar stili hökmünde
nepis fransuz diliniň
girizilmegine,
indiden bu ýana haýyn
halky utandyrmazlyk üçin
wagtyndan öň erkin deňhukukly
doganlyk bilen. Poçta eltmegiň
gowulaşmagy bilen Rossiýanyň
gurluşy hakyndaky öz hatlaryn dekabristler
iberdiler eýýäm Sibirden Londonda
Gerseni oýandyrmak üçin. Olara
eýýäm jogap berdi Ženewadan,
Sýurihden, uzakdan görýän
mongol gözün süzüp,
Wladimir Ilýiçiň özi.
Ine amala aşdy
Oktýabr agdarylyşygy
mongol poçtasynyň hökmany
netijesi ýaly, edil
gündogaryň Günbatara
jogaby we närazylygy ýaly.
Bize bir zat getirer jogap edip
ýakyn döwürdäki 300 ýyl.
ruslar tassykladylar
mongollaň ezendigini
emma beýle bolmandyr
diňe getiripdirler poçtany.
300 ýyl
Rusda alypdyrlar hatlary,
emma okap bilmändirler,
şonuň üçin ençeme gezek
ýakmaly bolupdyr Moskwany
dyndyrmak üçin okalmadyk
hatlaryň tümlüginden.
Ahyryn, Iwan Groznyý
gitdi gündogara
hem aldy Kazany,
hatlary bolsa günbatara
ýollap başlady
gaçgak knýaz Kurbska.
Bu eýmenç hatlara eýýäm
Gollanddan, deňziň aňyrsyndan
jogap beripdir Pýotr Beýik,
soňra Ýekaterina, ol hem Beýik, ýola
goýdy gatnaşy jenap Wolteriň dünýäsiniň
gowusy bilen, hem eýýäm Napoleon, ol hem
Bonapart, eýýäm Moskwany ýene
oda bermek bilen ýardam etdi
dworýanlaň epistolýar stili hökmünde
nepis fransuz diliniň
girizilmegine,
indiden bu ýana haýyn
halky utandyrmazlyk üçin
wagtyndan öň erkin deňhukukly
doganlyk bilen. Poçta eltmegiň
gowulaşmagy bilen Rossiýanyň
gurluşy hakyndaky öz hatlaryn dekabristler
iberdiler eýýäm Sibirden Londonda
Gerseni oýandyrmak üçin. Olara
eýýäm jogap berdi Ženewadan,
Sýurihden, uzakdan görýän
mongol gözün süzüp,
Wladimir Ilýiçiň özi.
Ine amala aşdy
Oktýabr agdarylyşygy
mongol poçtasynyň hökmany
netijesi ýaly, edil
gündogaryň Günbatara
jogaby we närazylygy ýaly.
Bize bir zat getirer jogap edip
ýakyn döwürdäki 300 ýyl.





