Ýeňiş Güni

Aýnada ýyldyraýar çärýeklik çakyr —
ýyldyz-da gaýtarýar aýna jogaby.
Ordenlerin gyssanman ol dakyndy
hem gamlanýar, ýene ýatlanda urşy.

 Alnymyzda görünýär çal tüssede
oglanlaryň gahryman däl ýüzleri.
Batyr ýaş bolmak gowudy ol ýerde,
etmek hem kelesaň hereketleri.

 Döşüňi dolduryp dem almak ýagşy,
söweşmek anyk erbetlik gelende.
Hatda ajal nähili gowy gudrat
atdanlykda dogry gelmän geçende,

 eýýäm hem gorkunç däl diýen ýaly —
kalbyňda gabarçak dek ösüpdir.
Hudaýyň unudan ýurdy ýaly,
ýeke özi ygtyýarsyz ýagty.

 Onuň üçin — durmak, dözüp jana.
Onsuz — akyla sygmaz bolmagyň...
Ol çaga dek ynanjaň hem dana,
rehimsiz penjesinde ykbalyň —

 hatda häzir gödeklik dölede,
has gorkuly, hüjümden — sobese.
Endiksiz ýurtda, sürýärler ömür
ykbala däl, pikirlere görä.

 Bu baýramçylyk oňa — bialaç
eden günälerne baky toba.
Şeýdip dünýäde öçmez şol Ýyldyz,
çopanlary äkiden gowaga.