Aýy-dogan
( Niwh mifiniň motiwi boýun ça )
Agam meň düýşüme girdi.
Meň ýogalan agam meň düýşüme girdi.
Men tokaýda azaşdym,
tenha awçy, ymtylýan
Öldürmäge Şa-aýyny
we demsiz-düýtsüz bilen doýurmaga
Ähli açlyk çekýän adamlary.
Men tokaýda azaşdym,
Meň doganym hem maňa göründi
gür tokaýlykda edil diri ýaly
Hem düşürdi yzyna
täsin çuma, tokaý Hojaýynyň ýanyna.
Hem görüp meni,
Şeý diýdi maňa tokaý Hojaýyny:
“Hökümet ýok meň üstümde,
men ýeke özüm bu jeňňellikde höküm sürýän,
Ähli ýyrtyjylara jenap...
Jogap ber maňa, olaň haýsy birini
Sen atmak islediň?”
“Şa-aýyny öldürmek isledim men, jenap”.
“Näme, goý bolsun seň diýeniň”,—
Hem, agama elin uzadyp,
Buýruk berdi: “Geýin”.
Agam erbet duw-ak boldy,
Emma baş atdy, boýun bolup,
we aýyň derisin geýdi.
Birden agam ýitdi:
Agama derek äpet aýy
Geldi we şol bada çykdy çumdan,
Tokaýa gitdi, seretmän maňa.
Men oýandym ukudan
indi aýdýaryn size, awçylar:
Agam meň düýşüme girdi.
Meň ýogalan agam meň düýşüme girdi.
Men tokaýda azaşdym,
tenha awçy, ymtylýan
Öldürmäge Şa-aýyny
we demsiz-düýtsüz bilen doýurmaga
Ähli açlyk çekýän adamlary.
Men tokaýda azaşdym,
Meň doganym hem maňa göründi
gür tokaýlykda edil diri ýaly
Hem düşürdi yzyna
täsin çuma, tokaý Hojaýynyň ýanyna.
Hem görüp meni,
Şeý diýdi maňa tokaý Hojaýyny:
“Hökümet ýok meň üstümde,
men ýeke özüm bu jeňňellikde höküm sürýän,
Ähli ýyrtyjylara jenap...
Jogap ber maňa, olaň haýsy birini
Sen atmak islediň?”
“Şa-aýyny öldürmek isledim men, jenap”.
“Näme, goý bolsun seň diýeniň”,—
Hem, agama elin uzadyp,
Buýruk berdi: “Geýin”.
Agam erbet duw-ak boldy,
Emma baş atdy, boýun bolup,
we aýyň derisin geýdi.
Birden agam ýitdi:
Agama derek äpet aýy
Geldi we şol bada çykdy çumdan,
Tokaýa gitdi, seretmän maňa.
Men oýandym ukudan
indi aýdýaryn size, awçylar:





