Biz bütindünýäňki däl, biz hiç, welaýatyňky...

* * *
                                                    T. Kibirowa

Biz bütindünýäňki däl, biz hiç, welaýatyňky.
Ana şol ýanan gaýyňa çenli çäklerimiz.
Birhili baglanyşar, ilişer sözden soň söz,
Bu ýerde duýdansyz tutar ony aýazlarmyz.

Biz çuluklar özümiziň çuluk batgamyzda.
Bu şestogy men tanaryn islendik ýagdaýda.
Telbe gedaýlara aýtjak: gitmeli siz daşa,
eger hakykatdan-da gitseňiz gök Dunaýa,

Gopbamsy Tibre hem Sena tarap ýeňilkelle.
Zatlaryňyzy gözegçiliksiz goýmaň ýolda.
Bu ýerde erkekler çalt düşünişýärler fende.
Heleýler ýörite göterýär içi boş bedre.

Eger Dunaýyň we Tibriň alsaňyz suwundan,
seýdip ýatlarsyňyz özi gelýän sözi aýazdan,
bizi, öýdeçilleri, etrap skaldlaň kalibrinden.
Ýüzüp çykýar dunaý bägül buz köwegmizden.