Demrewot we eşekýorunja gülledi, sogup ses çykdy...
* * *
Demrewot we eşekýorunja gülledi, sogup ses çykdy,
kepderi gondy aýnaň öňüne, gaty çüňki bilen kakdy.
Seret — eýýäm aýna döwüldi, ýylan süýnýär aýnadan,
unudyldy ähli geçmiş, hiç zat galmady meniň ýadymda.
Ýok meň ýadymda, seň ýadyňda, biziň ýadymyzda, ol unutdy,
Nil derýa deý, sary Wolga iki gat penjireden seredýär.
Tolkun dek gat-gat bolýar onuň çyg bedeni...
Tämiz ýuwlan gap-gaç, krahmallanan geýim,
durmuşam pugta ornaşdy bäş gat gurlan jaýlarda,
edil çygly üçburç piramidalaň çuňluklaryndaky merhum ýaly.
Kimleň mülki, kimleň emlägi aňyrda hem bärde ýerleşdiler?
Kerpiç ösümlikleri mysaly çygly ýerden çykýarlar?
Näme üçin ýaşu-garry derlän penjireleriň öňünde otyr?
Ol neneňsi daş ýapraklary tam ýanýoda silteýär?
Kerpiç jaý gurlan ýerde, şa ruh ýüze çykdy,
papirus hem gamyşlar onuň dumly-duşun aldy.
Niliň sowuk tolkunlary kenara batly urýar,
Suw hozlary bolsa ýiti şahyn gizleýär.