Çagyrýarsyň gowy düýş — ol garabasma öwrülýär...

* * *

 Çagyrýarsyň gowy düýş — ol garabasma öwrülýär,
seredýärsiň arkasyna nejisiň — ol bolsa gaňrylýar,
bar zady gowy düşündirýäň — bäş hem bäş gabat gelmeýär:
gürrüň ýaýraýar, amala aşyp, pikirlerde ruh döreýär.
Kowýaň erbet hyýaly — süýjän bolup boýnun uzadýar,
açýaň dünýäni jadydan — oň bolsa özi jadylanýar.

 Adamlar gije hapa aýnalara seretdiler,
otaýdan bolsa — düşnüksiz sesli jadylylanlar,
meňzeşler hem karamçylar, şeýtanlar hem syçanlar,
ateist-atany mazardan gazyp çykarypdyrlar.
Al-arwahy güme kowýaň, ol bolsa boýnun uzadýar.
Dünýäň jadysyn açýaň — oň bolsa özi jadylanýar.

 Adamlar uruşýar iýmit üçin, toparlara birleşýär,
ýöräp barýarka uka gidýär hem oýanmaýar.
Sen olara näçe aýtsaňam — urunýar we kösenýär,
hoň-hoňy gaýtalaýarlar, ýöne hiç oýanmaýarlar.
Zynjyrlary üzen badyňa — täzesi süýlüp ýasalýar,
dünýäň jadysyn açýaň — oň bolsa özi jadylanýar.

 Ylmy taýdan düşündir, näme üçin şeýle bolýar
ten we ruh, keşp we ýüz, alma we ýere gaçan miwe,
jaýrykdyr yşlary bolsa — elhençlikler doldurýar,
öli goja goh-galmagal astynda jemendä birleşýär,
mazmuny düzet we tertibe sal — ýöne tapbatlanmaýar.
dünýäň jadysyn açýaň — oň bolsa özi jadylanýar.