seniň ýalyda rahatlyk...
* * *
1
seniň ýalyda rahatlyk
ýatyr öýjük, guýulýar nur
guýlanok damjyklaýar ýanýar
ýakýar we aýdýar
men öz-özüme boşlukdan
özümi alýan, yz görýän
guýlanok damjyklaýar ýanýar
aldap, ýanmaýar
düýpdäki adadan dünýä
ýaryk ökjede ýuwaşja
barýan tok däl içinde
gaýnap başlan gan
hem diýýär men ýaşamaryn
men size direg bolýaryn
toga barýan we ol içde
ýeke-täk hemaýat
gideli tans deý gysmaga
ölüm nazarna gysmaga
şeýle gyzgyn tegmiljikli
çukura hem ähli
ol tans ol garlawaç ýaly
öli garlawaç agzynda
şeýle gyzgyn tegmiljikli
şeýle kör tüssede
hemmeler tansy tans edýär
uçýarlar döwlen uçuşly
üzük jaňly jaňňyrdaýar
bary hakda aýdym
şol bir ispanlylar bilen
şol baranlar ýaly döwük
howa basgançakdan we düýş
ýygnady bu düýşe
2
bu gün gar bu gün onuň bilen
tupan nädip bardy
gözler gitdi ýöräp ýodadan
olaň arasyndan
olaň özüne ýalan yz dek
keramata düşdi
sekiz ýyldan soň ylgap geldi
diregli boşlukly
betbagtlyk bagtlylyk lä-lä-lä
agzda seslenýär gum
özgäň ady bilen çalaryp
akyl tertibiniň
ýelkenligine oň saralyp
nämedir özgäňki
tüpeň ýaly çüňkde tüteýär
akýar Hiç zat ýaly
hoş wagt boldy al meniň günüm
lallygyň agzyna
gamsyz günleň gamly diwary
— sen nä, sen nä, sen nä?
1
seniň ýalyda rahatlyk
ýatyr öýjük, guýulýar nur
guýlanok damjyklaýar ýanýar
ýakýar we aýdýar
men öz-özüme boşlukdan
özümi alýan, yz görýän
guýlanok damjyklaýar ýanýar
aldap, ýanmaýar
düýpdäki adadan dünýä
ýaryk ökjede ýuwaşja
barýan tok däl içinde
gaýnap başlan gan
hem diýýär men ýaşamaryn
men size direg bolýaryn
toga barýan we ol içde
ýeke-täk hemaýat
gideli tans deý gysmaga
ölüm nazarna gysmaga
şeýle gyzgyn tegmiljikli
çukura hem ähli
ol tans ol garlawaç ýaly
öli garlawaç agzynda
şeýle gyzgyn tegmiljikli
şeýle kör tüssede
hemmeler tansy tans edýär
uçýarlar döwlen uçuşly
üzük jaňly jaňňyrdaýar
bary hakda aýdym
şol bir ispanlylar bilen
şol baranlar ýaly döwük
howa basgançakdan we düýş
ýygnady bu düýşe
2
bu gün gar bu gün onuň bilen
tupan nädip bardy
gözler gitdi ýöräp ýodadan
olaň arasyndan
olaň özüne ýalan yz dek
keramata düşdi
sekiz ýyldan soň ylgap geldi
diregli boşlukly
betbagtlyk bagtlylyk lä-lä-lä
agzda seslenýär gum
özgäň ady bilen çalaryp
akyl tertibiniň
ýelkenligine oň saralyp
nämedir özgäňki
tüpeň ýaly çüňkde tüteýär
akýar Hiç zat ýaly
hoş wagt boldy al meniň günüm
lallygyň agzyna
gamsyz günleň gamly diwary
— sen nä, sen nä, sen nä?





