Derýanyň golundaky könelişen ümsümlik

Dosta ýazylan hatlardan

Eger-de biziň asuda sowet ýaşaýşymyza nämäniň garaşýandygyny bilen bolsadyk, eger-de Hudaýyň hut özi bizi aýylganç üýtgeşmeler we beýleki betbagtlyklar barada hüşgär eden bolsa-dy, onda biz berlen nygmatyň gadyr-gymmatyny has gowy bilerdik, ýene lezzet bilen ýaşap ýetişerdik, soň ýöne şeýle berilýän hiç zat ýok, hemmeler bilen bilelikde islendik gazanylan adaty artykmaçlykdan peýdalanmagy elden gidirmeli däl. Wah, eger-de, eger-de...

Şol ýitirilen ýaşaýyşda hemme zat aňsat, ýönekeý, arzan bolýardy. Ähli tarapa ugur alsaň-da, hiç bir ýerde azaşylmazdy. Indi bolsa, ahmyr çekmeli zatlar bar-da...

Men biderek gyssanmandyryn, hatda garyndaşlarymyň myhman aljak ýerlerine-de baryp görmändirin...

Daşkentde kakamyň erkek dogany Timofeý Fýodorowiç ýaşaýardy, ol ýekeje gezegem Nowosibirskä doganlary Stepanyň we Pýotryň ýanyna gelip görmedi; Uruşdan öňem we ondan soňam Orta Aziýadan ýola çykmagyň özi ullakan bir wakady, ýogsam Kriwoşekowoda ýaşaýan biziň ýelizawetinskili hohollarymyzyň Daşkende we Aşgabada gatnaýan we, ýadyma düşýär, süýji erik getirýän ýolbeletleriň toparyna köp gezek düşüpdiler. Kakam tarap garyndaşlar ejem tarapyňky ýaly (mähirli, eli açyk, hossarçyl) aladaçyl agzybir tohum däldi. Ejem tarapyndan bolan gyz we oglan ýegenlerim bilen men örän ýygy-ýygydan duşuşýardym hem-de şu wagta çenli hem tanaýaryn, kakam tarapdan bolsa meniň ejemi — “Tanýa daýzany” gowy görýän we onuň aladasyny edýän diňe üç sany gyz jigim bilen dostlukly gatnaşyk saklaýaryn. Eger-de meniň Timofeý agam instituta okuwa synanyşmaga barjak bolamda, maşgalasyna ýük bolar diýip gorkmadyk bolsa-dy, onda meniň terjimehalym Daşkentde togtap hem bilerdi: ol meniň özelenip ýazan haýyşyma jogap hem bermedi. Bu bähbit bolandyr. Onda mende Tamanam, Peresypam bolmazdy, Ýekaterinodar barada-da roman ýazmazdym we “Brýanskiýliler” atly ilkinji hekaýamda ýazan meni halas eden Terentiý Kuzmiç we Mariýa Matweýewna Psebebs derýajygynyň boýundaky obada duşmazdym. Üstesine-de meniň ejem janym hiç haçan Sibirden Daşkende ýa-da Ürgenje göçmezdi.

Aşgabat, Duşanbe, Almata meniň üçin diňe gürrüňlerde we edebiýatda çala agzalyp geçilýärdi.

Aý men Tbilisä-de Patyşanyň ýerli häkiminiň Kawkazdaky fondunyň arhiwinden bir zatlary gözlemek üçin baryp geçäýmändirin, Simferopol— Baku otlusy bilenem azerbaýjanly ýazyjylaryň ýanyna gelip görmedim. Mahaçkalada bolsa geçirilýän Resul Gamzatowyň agşamyna gatnaşmadym we knýaz Barýatinskiniň ýesir Şamile duşýan ýerinde-de durup görmedim.

Şol soňa goýdum we başga günlere umyt bagladym. Ähli ýer umumy, ýetişerin. Soň bolsa, haçanda Ýelsiniň öwrülşiginden soň wokzallarda bir stakan çaý 100 rubl bolanda we ähli ýerde talaňçylyga duçar bolunjak wagty, kän bir gidip-gelip hem bolanok.

Emma eýýäm gijem boldy, meniň möhletim geçdi.

Meniň iň gysga ýolum Peresypa we Tamana barýar.

Men Ahtanizow limanyndan gözbaş alýan we deňze guýýan derýanyň golunyň boýunda çarlaklaryň arasynda otyryn, balykgulaklary saýlaşdyrýaryn hem-de uzakdaky kimdir biri bilen gürleşýärin. Maňa kimdir birini özüme oýlap tapmak aňsat. Biriniň ýanynda bolaryn, uzakdan bir söz gataryn, başga birine sataşaryn, häzir bolsa meniň ýanymda sen, şeýlelikde tolkunlaryň agdarylyşyny diňle, olar balykgulaklary zyňýarlar, bir günde tutuş depe ýasaýarlar. Meniň ýeke özüm. Meniň ýanymda diňe çarlaklar — suwdan ýokarda, çägäniň üstünde. Öňümde, gündogar tarapda, edil grawýuranyň anyklygy bilen Golubiskiniň depeli tarapy görünýär, hut şol ýerde ak maýak, onuň ýanyndan men, ýakynlaşyp, hemişe Peresyp we aýlag bilen ýürekden salamlaşýaryn. Günbatarda bolsa gara bulutlaryň astynda we burnuň aňyrsynda Kuçuguryň kenary orak ýaly egrelýär, eger ol ýerde dik eňňidiň üstüne münseň, Kerçi hem görüp bolýar. Gündogara öwrülsem, Tobolyň ýanyndaky arçaly obadaky biziň näzik Uralyň aňyrsyndan bolan ýazyjymyz hakynda pikir ederin hem-de Sibire, mähriban Obyň kenarlaryna tarap ýönelerin.

Häzir bolsa sen, meniň Wýatskili ýyndam senenamaçym, meniň bilen öl balykgulaklary saýlaýarsyň.

Sen hamala ýaş ýaly ýagty jahanda çapýarsyň, Hudaýyň Tabydynyň ýanynda on ikinji gezek dyza çökýärsiň we ýene-de maňa ýer garyşlary we “ýaşaýyş deňzi” barada kitapjagazlary sowgat edersiň. Men bolsa suwuň boýunda hasalyja ýöreýärin, aýagymyň astynda bolsa balykgulaklar şytyrdaýar.

Hiç bir uzak ýere çykamok, meniň iň uzak ýolum — kyrk wýorst, Tamana. Ol ýerde düýn boldum. Şol Tamanda, gadyrdanym, şol keramatly Nikonyň monastyr guran ýerinde (saňa ýene-de bir sapar ýatlatmaga rugsat ber) grekleriň, tatarlaryň, çerkesleriň, genuezlileriň, türkleriň asyrlar boýy sygdyrylmadyk ýerinde, Suworowyň zaporožiýaly Zahariý Çepiga bilen çaý içen ýerinde, ýeňiljek ýaşajyk Puşkiniň dik eňňidiň üstünde bir salym duran ýerinde, gussaly Lermontowyň kör oglanjygy halama­dyk ýerinde, Ýekaterinodara barýarka Aleksandr Ikinjiniň kenara çykan we hut şol Tamanda, öýleriň haýsydyr birinde, megerem, gije ýatan ýerinde, köp onýyllyklardan soň, tötänleýin, emma diňeje seniň üçin Nadýa atly gyzjagazyň gelen we bir gün seniň eliňden çekip Lyska dagyny we Kerçi synlamaga äkiden ýerinde, bu, eý Hudaý, Tamanda eýýäm çärýek asyr bäri kenaryna katerler direlenok we tolkunlarda balyk­çylaryň gaýyklary yrananok hem-de şonça-da deňiz kamkasynyň ýanynda seniň Moskwa hemişelik getiren şol gyzjagazyň aglanok. Siz öz meşhur Kamerger geçelgäňizden maňa hat ýazaňyzok, meni we meniň Peresydaky öýümi ýatlaňyzok.

Men bolsa käwagt, seniň sahypalaryňy agdaraýyn.

Häzir uzak gün howluda ýaltanyp oturdym, ejem jan bilen gürleşdim, oňa Topkiden, Zaporožýeden we Petrozawodskiden gelen hatlary täzeden okap berdim, kitaplary saýlaşdyrdym we gatlaryny açyşdyrdym.

“Wifleýemde men tutuş on gün ýaşadym. Men ony nähili gowy gördüm we gowy görýärin! Haçanda bizi Wifleýeme ikinji sapar iki sagatlyk eltenlerinde, üstesine-de: “Çaltlaşyň! Çaltlaşyň!” diýip itelänlerinde, men nähili aýylganç, umytsyz ezýetli duýgulary başdan geçiripdim. — diýip, sen ýazýarsyň.

Menem Wifleýemde bolupdym, Hristosyň sallançagyna-da bir pursatlyk düşüp gördüm.

“Meniň bagtyma, sallançagyň, Wifleýem ýyldyzynyň ýanynda ýekeje özüm köp minutlap durdum”, — diýip, ýazýarsyň.

Men bolsa ýazyjylaryň kiçijek toparynyň içindedim, şol pursat bolsa, biziň meşhur adamlarymyz maňa ýaramady: olar durdular we hemme zada edil syýahatçylar ýaly seretdiler, çokunmadylar, ýyldyzyň ýanyna dyzanaklap barmadylar — olaryň ýüzlerinde şeýle bir adaty köpbilmişlik, ýadaw danalyk bardy welin, hamala, ola­ryň hut özleri gadymyýetden gelen, asmandaky ýyldyzy çopanlardan oň gören we şu pursat bolsa özlerine hormat goýulmagyna garaşýan ýaly bolup durdular. XII asyr­da özüniň Konstantinopola we Iýerusalime zyýaratyny beýan eden igumen Daniil bilimli ýigitlerden kütegräk we “rehimli hoşniýetlige” mynasyp boldumyka? Ýaltanmadym, onuň jiltjagazyny gözläp tapdym. Sen ýagşy habarlary getirýän perişdäniň hatyrasy üçin Wifleýemden iki wýorsträk aradaşlykda salnan “ýagly tokaýjykdaky taşlanan buthanajygy” gördüňmi? Ol barada Farrar ýazýar. Keramatly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda men onuň “Isus Hristosyň ömri” atly agyr jildiniň gatyny açýa­ryn... Name üçin beýle? Farrarda we Keramatly ýer hakynda köne kitaplarda suratlar, grawýuralar, ilkinji foto suratlar keramatly rowaýatlaryň mazmunyny şeýle bir ajaýyp gadymylyk bilen bezeýärler, Hudaýa, doga-dileg etmäge şeýle bir duýgurlyk bilen çagyrýar welin, dessine durkuň bilen boýun bolýarsyň, uludan dem alýarsyň, Galileýiň we Iýerihonyň düzlüklerine, Hudaýyň Tabydynyň kilisesine goýlan penjirelere, Injildäki goýunly depelere we düzlüklere baş egýärsiň. Indi, siwilizasiýada, gadym döwürdäki ýaly duýgularyňy çogdamlap bolanok. Diňe giçki güýzdäki boşluk el degrilmedik çägeli ýeriň (şu wagt Golubiskaýanyň we Peresypyň ýerinde) bolandygyny, haçanda grekleriň Meotida boýunça ýüzen we Ahtanizowsk limanynyndan derýanyň häzirki golunyň häzirki aýlagdan has giňräk akymyň egrelýän ýerindäki şol gadymy döwürlerdäki baky ýalňyzlygy ýada salýar.

Men aýlagyň ýanynda-da seni ýadyma salýaryn, elimde-de seniň “Baky ýagty­lyk” atly zyýaratçylyk kitapçaňy saklap durun. Çarlaklar toparlanyşyp döşlerini agard­ýarlar we hamala meni yzarlaýan ýaly bolýarlar Hiç kim ýok! Deňizde-de, asmanda-da boşluk, hamala, beýik kenaryň aňyrsyndaky obada-da ýaşaýyş togtan ýaly görünýär. Bu müň ýaşly boşlugyň mukamy bu ýerlerde maňa eşidilýär.

Emma men näme üçin uludan alýan demlerimi saňa ýollaýaryn? — sen menden örän daşda we hiç zady aňaňok, meniň görüpligimem duýaňok. Sen hemme zady gördüň, ähli zada tagzym etdiň, haçlary keramatlandyrdyň, daşjagazlary çöplediň hem-de knýaginýa Olganyň çokundyrylan ýeridir (Aýa-Sofiýada) diýip çak edilen burçjagazy tapdyň, men görgüli bolsa, seniň: “Hoş gal, Stambul! Goý biziň ýüreklerimizde Wizantiýanyň paýtagty, Keramatly Sofiýa ybadathanasynyň, Hudaýyň Enesiniň Wlahern ikonasynyň şäheri Sar-grad ýaşasyn...” — diýen söýgiňi görkezýän sözleriňi diňe çarlaklara okap berýärin.

Men seniň Panteleimonow monastyrynda monahlar bilen dokuz sagatlap doga okap duranyňy, Hudaýyň Tabydynyň ýanynda on iki gezek dyza çökeniňi, Iýerihona tarap aýak ýalaňaç ýöräniňi entek ýadymdan çykaramok.

Bu ýerde, aýlagyň ýanynda men depderjikde ýazyjylaryň Demirgazyga gysgajyk syýahaty barada ýazyp başladym hem-de birinji sahypadan soň yzyny dowam edip bilemok. Gerekli sözler ýok. Ähli zat gizlin — gymmatly zatlar saçyň inçe tary bolup sende galýar, dowamly heň bolup uzaýar. Sözler bärden gaýdýar.

Indi, asyryň aýagynda biziň ýurdumyzda bolup geçen zatlardan soň, mende başgaça bir ýaşaýyş şöhlelenýär, biziň bilelikdäki syýahatymyz hoşlaşyk ýaly bolup görünýär, soň bular ýaly zat gaýtalanmandygy üçin hem hoşlaşyk, ýogsam Ýelsiniň öwrülşigine çenli entek ýene-de doly on ýyl bardy. Şeýle bir köp wagt geçdi we şol topa­ryň ençemesi ýalançy dünýäni taşlap gitdi, indi maňa pursatlary saýlamak hem-de olaryň gaýdyp bolmajagyna ahmyr etmek agyr degýär. Ynha Leningrad wokzalyna “obaly” ýazyjylar gelýärler we edil garyndaşlary dek biri-birlerine begenişýärler: Sergeý Pawlowiç Zalygin, Wiktor Petrowiç Astafýew Marýa Semýonowna bilen, Wasiliý Below, Walentin Rasputin, Wladimir Krupin, Wiktor Potanin, Anatoliý Kim, Wladimir Liçutin, Wladimir Gusew, Wladimir Korobow, Boris Romanow, rus toprakşynaslaryň ýagşy hemaýatkäri Waleriý Ganiçew hem ýene-de birnäçe adam. Petrozawodskide we Murmanskide olara D. Balaşow, W. Bondarenko, W. Maslow dagylar goşular. Bu bolsa men, çägeli Anapanyň eteginden gelen öňki mekdep mugallymy, şeýle hormatly adamlaryň arasynda?

Indi diňe duýgumy ýüze çykaryp: eh, nähili ugruna bolupdyr!

“Brýanskiýliler” atly hekaýam we “Seni ak ýürekden söýýärin” atly powestim meni ýazyjylyga çekdi. Ýogsam mekdepde meni bireýýäm okuwçy depderleri we mugallymlaryň maslahatlary çökererdi.

Şeýdibem Rasputinyň, Astafýewiň, Belowyň, Balaşowyň, Oleg Mihaýlowyň golaýyndanam geçmezdim hem-de olary hiç haçan günortanlyk naharynyň başynda, gezelençde diňläp bilmezdim. Uralyň aňyrsyndaky Utýatka obasyndan bolan, meniň bilen bagry badaşan Wiktor Potanin ýazyjy barada näme aýdarsyň? Ol “Molodaýa gwardiýa” neşirýatynda menden bir zatlar sorapdy we şeýdip eýýäm on ýyl bäri sorag bermegini goýanok. Biz onuň bilen Astafýewler bilen bir kupede ýerleşipdik; Mariýa Semýonowna:“howa, ine indi meniň üç sany Witýam boldy, ýogsam öň diňe biri bardy, olam ýürege düşüp başlapdy” diýdi. Bizem bir maşgala ýaly ha-ha-haýlap gülüşdik. Şeýdip bir maşgala ýaly bolup naharlanmaga oturdyk, bize ýene-de bäş töweregi adam goşuldy, birek-birege gysylyşyp oturdyk, başlandy. Indi bu zatlary janlandyryp bolanok! Ne sözler, ne batly gülküler, ne ýüzler, mehaniki syr bolubam ýatda galmandyr. Hiç kimiň depderçelerinde, ýazuw kitaplarynda bir setirjikler gizlinlenip galmandyr. Pursatyň gadryny az bilipdiris? Ýaşapdyrys we ýaşapdyrys. Ýada düşýän zatlar — indi altyn dänesi. Iň bärkisi şu hem: men gije ikinji tekjeden düşdüm we gapynyň gulpuny oňaýly towlap bilmedim. Astafýew muny eşiden ba­dyna turdy-da, gulpy çekdi we meni daşyna çykardy. Men... gojany oýaranym üçin utanyp­dym. Ol bolsa bary-ýogy elli ýedi ýaşyndady. Arada men segsenden geçdim. Birwagt Wiktor Petrowiçi nädip oňaýsyz oýadandygym, häli-häzirem wagtal-wagtal ýadyma düşýär we men bir pursat gama batýaryn.

Ýyllar suw bolup akyp gitdi. Biz nähilidir bir başga durmuşy görüpdiris. Häzir Demirgazyga edilen syýahat hoşlaşyk bolup görünýär, hut şele hoşlaşyk, sebäbi hiç bir zat güýçli üýtgeşmeleriň we heläkçilikleriň boljakdygyny duýduranokdy.

Ol biziň zemindäki bagtly agzybir pursadymyz bolupdyr. Bu golaýda aýralyk bolmaz. Bir pursat Murmanskide, Apatityda, Seweromorskide, Kandalakşada, hemmesinden öň bolsa, meniň Dmitriý Balaşowyň gelmegine begenen ýerimde, Petrozawodskide bolupdy. Edebiýat älemine garanyňda, Kiçi teatrda has uly meşhur bolan Wolodýa Bondarenko öz ene-atasynyň öýüne günortanlyk nahara çagyrdy. Men Balaşowa garaşýardym. Ol bolsa gysgajyk boýly, ädikli, taryh kitaplaryndaky rus knýazyna meňzäp duran görnüşde bosagada peýda boldy. Özüniň galyň romanla­ryny ol bir gyşyň dowamynda ýazýardy, obada ýaşardy, sygyr, at saklardy, otam özi orardy, agaç jaý salypdyr. Men ondan çekinýärdim. Astafýew bolsa birhili oňa göwni ýetmän alarylyp seredýärdi, nämedir bir zatlar üçin ol oňa ýaramsyz bolupdyr, hatda ine şu ýumşak ädikleri, köýneginiň üstündäki guşajygy, Wiktor Petrowiçiň edebiýat tanymallygyna üns bermeýänligi bilen bolmagy ahtimaldyr. Kitap tekjeli otagda ol haýsy-da bolsa bir jildi çykarýardy we yzyna goýýardy, başga birini çykarýardy we seredýärdi we sahabyny şarpyldadyp ýapýardy, ahyry Balaşowyň eserini çekip aldy, penjiräniň ýanynda bizden bukuldy, agradyşdyrdy, şübhe bilen okap başlady. Şu ýerde gaty ses bilen Balaşowyň özi gapydan girdi.

Astafýew: — Knýaz Dimitriý ähli zady bilýär, — diýdi. Akylly gözli Balaşow

hamala özi barada aýdylmaýan ýaly diňläp otyrdy. — Ol Sargradda-da özleriniňki ýaly, Aýa-Sofiýanyňam ähli burçlaryny görýär, patriarh Filofeýiň elinem şeýle bir ökdelik bilen öpýär welin, biz, çaldonlar, oňa bäş asyr geçenden soňam görübilmezlik ederis. Bu nireden? — diýip, Astafýew bilgeşleýinden haýran galan boldy, Balaşow bolsa şol pola seredip otyrdy.

— Hana, oňa Mamaýyň özi sen ikinji Batyý bolarsyň diýipdir-ä. Şeýle bir guwanýarsyň hemme zady bilýär we ýazýar: muny nädip ençeme ýüzýyllyklardan soň görüp we diňläp bolar? “Knýaz Dmitriý öz ýatak jaýynda Dunýanyň ýanynda otyrdy, ol bolsa öz ýumşak göwüsleri bilen onuň dyzlarynyň üstünde ýatdy we aglaýardy”. Awtoryň özünde-de şeýle Dunýa bolan bolaýmasyn? — diýdi.

— Birem däl-di, — diýip, Balaşow agraslyk bilen boýun aldy.

“Ol... — diňläň hany, — burnuny çekdi, aýaklaryny tapbyldatdy, ädimläp goýberdi, ony özüne çekdi, onuň maňlaýyndan uzak öpdi”. Bu siz haçan we kimi uzak öpdüňiz? Menem gidip, öz Marýamy öpeýin onda, — diýip Astafýew ýaňsa aldy hem-de rahat Balaşowy eli bilen çala gujaklap, stoluň başyna eltdi.

Men bolsa eglendim we şol kitaby alyp, ony göni açdym. Hem-de...

“Bu adamlaryň hemmesi öldi, olaryň köpüsinden hatda mazaram galmady. Şäher etegindäki çypar ýaş ýigitler, al ýaňak gyzlar hem garradylar we ýitirim boldular. Jaýlar näçe gezek ot aldylar we täzeden dörediler. Obalar ýitýärdiler. Häzir olaryň ählisi ýerde, biz bolsa senenamalarda örän az edilen belliklerden başga hiç zat bilemizok, aýdylan sözleri bilemzok we diňe knýazyň, esgeriň, uly gyzyň näme diýjegini çak edip bileris...”

Men edil şol wagt Ýekatirinodar barada roman ýazýardym we şol ahmyrly heň meniň ýüregime-de aralaşypdy.

Men beýleki otagda stoluň başynda Balaşowyň Pýotr Birinjä nähili käýinip otury­şyny eşitdim, soňurak bolsa, haçanda ol otaga girenimde, eýýäm: “Indi bolsa Demirgazykda şolam ýok... Men düýn öýden çykarylman saklanýan zenanlar barada ýaz­dym, olaryň gizlin hyjuwlary hem-de ýüzugruna aýdylan ýekeje mähirli sözden, bir bakyşdan, hammamyň burçundaky degişmeden soň, gyzyň nädip özüniňki, ömürlik hasap edenine garaşmaga (onda-da bir ýylam däl) taýyndygy barada ýazdym”.

— Hany onda bizem öýden çykarylman saklanýan zenanlaryň ýene-de gaýdyp gelmegi üçin içeliň! — diýip men aýtdym, hemmelerem maňa goldap wahladylar.

Belki-de, eýýäm men bu zatlary toslaýandyryn? Şol stoluň başyndaky pursadam tüssä gaplanyp gitdi, ýitirim boldy; Balaşowa tatarlar döwründäki ik egirýän aýallary sypatlandyrmak, meniň Petrozawodskidäki otuz ýyl mundan ozalky oturylyşygy beýan edenimden, aňsat bolandyr.

Men diňe Balaşowa seredýärdim. Ol öz obasynda bukulýar, Moskwada men ony görünmok, ýöne ony, gadymyýet we häzirki gün bilen ýaşaýan we nämedir bir zat bilen bizden, ne Wladimir Monomahy, ne Iwan Kalitany, ne Sergiý Radonežskiýni düzüwli bilmeýänlerden has ýokarda durýan, seýrek rus adamy şeýle bir diňläsim gelýärdi. Diňe on dokuz ýyldan soň ony Nowgorodyň eteginde öldürerler. Şol ýerde men ýene bir gezek Ýurýew monastyrynda spektaklda we tansly köpçülik çäresinde, onuň öýünde nahar başynda... Rusy Çokundyrmagyň 1000 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň günlerinde görüpdim. Eýýäm ejem ýogalandan soň, 99-njy ýylyň dekabrynda biziň Moswkadaky ýazyjylar Birleşmämiziň ýerzemininde men onuň bilen çaý içdim we şonda ol geljek baharda Tamana gelerin diýip söz beripdi. Ýanwarda bolsa men oňa ýatladyp hat ýazyp başladym, emma şonda ol dünýeden ötdi. Şonda ol çaýyň başynda ol şeýle täsin, garaşylmadyk zatlary aýdypdy, emma tutuş bu seýrek söz nagyşyny men ýazyp alamandyryn, soňam ony dikeltmek üçin zehinim ýetmedi. Häzirki güne çenli ökünýärin, Dmitriý Mihaýlowiç Puskiniň Kerçi (Korçew) gören şol dik eňňidinde durmady.

Onsuz bolsa bu ýyllaryň ählisinde iň howply söweşleriň bir garyş ýerleri hem birhili boş görünýärdi. Nebsim agyryp, onuň ykbalyny Wasilko Terebowlskoýyň, knýazlar Boris we Glebiň ykballaryna meňzeş görýärin; ony hem şonuň ýaly, Swýatopolkyň öldüren bolagy ahmal. Ýadyma düşýär, haçanda men Wasilkony “Tamandaky güýzde” ýatlap geçenimde, çaga dek gynanydym. Şonda, Hudaý meni elimden tutup betbagt Kuban kazaklaryna duýgudaşlyk ýodasyna düşüren we meniň ýanyma ýygra Popsuýşapkany iberen bolaýmasyn?

Men Balaşowa Peresypyň kenar ýaka düzlügini görkezerdim, Ahtanizowskiden aňyrdaky Borisiň we Glebyň dagyna äkiderdim, maňa indi hiç kimiň aýdyp bilmejek zatlaryny ondan eşiderdim, onuň bilen keramatly ikonyň monastyryň düýbüni tutan ýerini anyklajak bolardym, ony biziň ýerzeminimize salardym, sowuk şerap guýup bererdim, ejem jan bolsa bizi iýdirip-içirjek bolup jan ederdi hem-de biraz wagt geçenden soň menden: “Şeýle ol hem näme — ýazyjymy? Maňlaýy örän uly eken”, — diýerdi. Bolmady.

Biz Demirgazyga syýahat edýärdik, ejem jan bolsa günde meniň “ýanymdady”, ol meniň Paşa daýza bilen görüşýänimi duýýardy, hatda daşda bolsa-da, biziň gürrüňlerimize goşulýardy, hamala özi obaly boýdaşy bilen gepleşen ýaly begenerdi. Olar kyrk ýyl görüşmmändirler, Paşa daýza Kriwoşekowodan gyzynyň yzyndan Kareliýa gidipdir we olar indi bu jahanda görşüp bilmezler. Menem, boýun alýaryn, ga­ryndaşlarymy Ýelizawetino syýahat etmäge yraýmandyryn. Hemmeleri bir pursat­lyk ýygnan bolsamdy! Paşanyň daýzanyň kakasy Grigoriý meniň kakam — Ioann çokundyrylanda kilesäniň dogluş hakynda maglumatlar kitabynda ýazylypdyr. Başga men hiç zat bilemok. Onuň gidenden soň, ähli ýyllaryň içinde men diňe ejemiň batgalykda indi Paşa daýzanyň ýokdugy baradaky naýynjar ahlaryny eşidýärdim, Kareliýadan gelen hatlary hem Sibirden soň keseki ýere öwrenişmekligiň nähili erbetdigi ýaly agy gatyşykly sözler bilen okaýardym.

Men bu agşam hat ýazylýan stoluň başynda sozulan heň bilen gaýtalaýaryn we barmaklarym bilen setirleri yzarlaýaryn: “Tanýa, biz seniň köp garaşylan hatyňy alandygymyzy habar berýärin, men beýan edip bolmajak derejede şeýle bir begendim. Biz seniň bilen ýakyn joradyk, indi bolsa, gör, näçe ýyl görşemizok. Men eýýäm 73 ýaşymda. Bir wagtlar Kriwoşekowoda gülüşýärdik, bolgusyz zatlara gaty gülýärdik, indi bolsa hemme zat geçip gitdi, agşama garaşarsyň, dessine düşege geçýäň. Ýatlaýarsyň, Kriwoşekowoda biz nähili ýaşaýardyk, sygyrlar bilen nähili başagaý bolýardyk, bazarda süýtli, warensoly tekjeleriniň aňyrsynda durýardyk, ýene-de biri-birimiziňkä myhmançylyga barmaga hem-de myhman kabul etmäge-de ýetişerdik. Sen Sibiri hijem ýatdan çykaryp bileňok diýip ýazýarsyň. Elbetde, mähriba­nym, ýatdan çykarmak kyn, ol ýerde az ömrüň geçmedi, ejeňem şol ýerde jaýladyň, indi bolsa öz köçäň we aşakdaky batgalyk bolmasa nädip öwrenişjek? Ýeke ogul, olam ýanyňda däl. Diýmek, Allanyň bereni şeýledir. Biziň Woronež obamyzda Tyşko daýy ýogaldy; şu gyşda bize şol ýerden geldiler, kim hakynda köp gürrüň edilenler, aý... men eýýäm köpüsini unudypdyryn. Gidesiň gelýär... Witýa garaşýaryn, ýazyjylar bilen gelýär, goý bize-de gelsin. Seniň Paraskowýa Grigorýewnaň”.

Gyzy Marusýa ony sagbollaşmak we ýene-de bir gezek “Tanýa jorajygyna” salam aýtmak üçin ýol menziline getirdi. Kempirjik arassaja bezenipdir, horja ýaş görünýär, plaşly dur, kellesinde syk ýaglyk, inçe burun, bir gözüne örän kiçijek gül düşüpdir. Men ýazyjylary onuň ýanyna eltdim.

“Ejem olaryň öňünde edil şa zenany dek dikgerdi... — diýip, Marusýa bize Pere­sypa ýazdy. — Ellerini taýagynyň üstünde çalşyryp goýdy, olar bir-birden yzyndan onuň ýanyna baş egip gelýärdiler, hersi mylakatly bir zatlary aýdýardy, Witýa bolsa hemmesiiniň adyny tutýardy, hamala, ejemi edil Brežnew bilen tanyşdyrýan ýaly, biz soň öýde gülüşdik: “Eje, siz özüňize meňzemediňiz, siz olaryň öňünde edil şa zenan Ýekaterina ýaly, siz ol tohumdan ýa ýolbaşçy däl-ä, şeýle agras bolar ýaly...” — “A men näme etdim? — diýip, jogap berýär. — Olar gelýärler, menem minnetdarlyk bildirýärin, men kitap okamok, ýöne olar Witýanyň ýoldaşlary bir zatlar ýazýarlar, aý bolýa-da, salamlaşýaryn, bir ýaşy uluragy bolsa: “Menem Sibirden” — diýdi. Menem: “Men Sibirli däl, Woronežli, sürgün edilenlerden. Lihonosowlar bolsa, Witýa­nyň ejesi we kakasy özleri Sibire barypdyrlar” diýdim. Astafýewem: “Tohum” — diýdi. — “Biziň tohumymyz obada gowy görülýärdi. Osykinler. Osykin howdanam bardy. Gaýworonskilerem. Lihonosowlar onçakly däldiler, olary köçede Golyçýowlar diýip atlandyrýardylar”. Men, daýza, kitap okamagy gowy görýärin we Astafýewi, Belowy görenime begendim. Below gaharjaň, hüňürdäp, ejemden dessine: “Sürgünden öň näçe sygryňyz bardy?” diýip sorady. Walentin Rasputin uzyn boýly, dymma, ýöne mylakatly Potanin, onuň “Sallançagyň üstünde” atly powestini okap­dym we aglap­dym, Liçutin kiçiräk boýluja, gürrüňe gyzyşdy, tasdan otla gijä galypdylar biziň petrozawodskili Balaşowymyz diňe uzak wagtlap gözlerimize seredip durdy, Krupin bolsa ejeme Iýerusalimden getiren ikonasyny sowgat berdi, ol şol ýerde bolupdyr eken. Ejem monça boldy. “Tanýa Witýanyň gowy dostlary bar eken diýip ýazaýyn. Biziň garyndaşlarymyzdan diňe Witýa ýazyjylygy okady. Hudaýa şükür. Şeýle bir ýuwaşdy, agzyndan söz alyp bolmazdy” diýdi”.

Ejem jan Petrozawodskiden gelen haty köp gezek okady, mellege giderdi we ol ýerde Paşa daýza bilen gürleşmegini dowam edýärdi, ýuwaşjadan oňa özüniň ykba­lyndan zeýrenýärdi.

Men öz gündeligimde baby ýazyp gutaryp barýan diýipdim. Onda Popsuýşapka soňky ýyllarda Tolstopýata onuň aýal dogany Maneçkanyň ölümi barada gürrüň berýär. Lermontowyň doglan gününe gabatlap men Tamana gitdim, ol ýerden Witýazewo grek obasyna, meşhur Blagoweşensk stanisasynyň atamany Konstantin Ýuhnonyň gyzynyň ýanyna — ýene-de bir zatlary soraşdyrmak, ýene-de haýsydyr bir täsin zada umyt baglamak, ýene-de bir gezek köp wagtdan bäri ýok adamlaryň hemmesini ýatlamaga bardym.

Aýlagyň ýanynda maňa hemişe küýkerip duran çarlajyklar garaşýardylar.

Men häzirem şolar bilen. Balykgulaklary saýlaşdyrýaryn, okaýaryn, ýazýaryn we meniň wýatkaly-moskwaly şepejigim häzir Wifleýemde aýakýalaňaç gezip ýörmükän diýip oýlaýaryn.

Bu wagt ol meniň onuň bilen nähili mylaýymlyk bilen sözleşýänimi eşidenok, eger haçanda bolsa bir wagt özümiň gözýaşly sahypalarymy ýazyp gutarsam, ol okar. Biz eýýäm garryja bolarys. Meniň Peresypda aýlagyň ýanynda bolýan wagtymdaky ýaly, meniň moskwaly wýatiçim öz obasynda meniň ýazanlarymy okanokmyka? Ynha olar, onuň setirleri: “Bu ýagty jahanda meniň ruhumyň ýaşaýan we haýsylarynda agşamky dogalary okap, hemişe çokundyrýan dört sany ýer. Lawra, mugallymçylyk kelýesi. Nikolskoýe. Welikoreskoýe. Kilmez. Elbetde, Moskwadaky öýüm”.

Mende bolsa aýlagdan başga näme bar? Ähli sahypalarda özümiň mähriban öýümde durun. Omyn.