çapgyn şemally garaňky öýlede...

* * *

çapgyn şemally garaňky öýlede
sönen beden garalyp dur ýokarda
ýöne şol jezaň çözgüdin berenler
heniz dargamaga gyssanmadylar

bir rehimdar soňuny tizlemäge
naýza sançdy bir sere gapyrgara
haýsydyr bir şahsy sebäp bilen
aňsat etdi ölümiň gelmesin

bu beden jany bilen öň üzlüşdi
ýöne naýzaň tygyn barybir duýdy
pürküp goýberdi ganly suwuny
latyn wzwodynyň tuwalgasyna

dilsizler dişlerin gysyp gapdalda
ýigdekçe garaşýardy göni oňa
haçdan ol tabşyrdy ölüp barýarka
ejesin pýotry mariýa ikini

oň düýn aman okadan diwaryndan
ýuwgy düzmüni getirdi nikodim
zygyr iş geýimine doladylar
hem tabyt ýanda garawul goýdular

eýýäm hasasyn goýundar galgatdy
pasha iýmitin düwünçege düwdi
oň melegi hem hoş habar getirdi
etrapdaky gaýa ýokary galdy

emma oýlandy pýotr gamly gyssagda
hökman däl irden barmak ybadathana
çykdaja taýýarlanmaly wagty
doganyň bilen awa barmaly

odun söndürmänkä entek mariýa
gözün dikip gap-garaňky diwara
ýene wada berlen üçünji güne
ynanylanokdy haçdaky pana