Gaýa

general-gubernator goşuny goýberýär gorgunyna
meşhur ýeňseden çozuşy ispan batareýasyna
üç ýyl bäri köp gaýgy edil gan dek gatady munda
gije nilleri tämizlemek irden dellek nobata
boş wagtlardan agyzda singa ýalan kellede
duzly et dişde jübä gaty çörek irden
serkerde aty gazanda we naharda agşam
jübüt bedew fransuz olara gün tertip iberýär yzdan
hatda garnizon çorbadaky ýumurtga hem salam
emma biz Gibraltary bermeris

elli sekizinji batolýonda depäň aňyrsynda biri
bedeni gowşatmak üçin dynçda aşagrak goýberdi ýelkeni
ýokarda brustweriň üstünde sykylyk ýadroly güm etdi seri
galan beden bürgüt ýaly dowam edýär işini
ýa hanymjyk hem çadyrda geýýär jorap
nätanyş syçratgylara dargatdy bu ýerdäki yssyda
jaýlananda tabyda dykyp bolanok joraply jübüdi
joraplaryň diňe biri tapyldy diýýärler soňra
söweş meýdanda hapa sögünç ýöne hyýala gelýär pyşyrdy
bermeris Gibraltary
ah öýe molliň ýanyna bolsady ýorkşir ülkelerne hem
goňşym bilen şu ýerde boldy gürrüň edil bu barada
birden gütdüldäp gitdi biri öldürildi bu ol ýa men
emma kimden sorajak menem ýok goňşymam bu arada
bize tarap okdurylýar ýüzýän galalar çlen goýup
harby abraýa wajyp däl kimiň ölüdigi kim diri
samsyk ýadrodanmy ýa-da günüň howruna köýüp
agşam lukman ýanna köwletmäge edil dörtden biri
el-aýaklar üýşmege tabşyrys täreti hem peşewi
ýöne bermeris Gibraltary

general-gubernator eliot ol kimiň üstünden
häzir ýok döredilende ne abraý ne häkimiýet
älemi gyşardýar ulgamlaň gerekli ýerlerinden
zaýalanan atomlaryň çalşyrýar böleklerin çalt
biz we mehumlar asmandan gatyrak we bu gaýa
asudalykda aýnaň astyndaky stoluň ini göýä
haçanda bolsa abanansa uranyň soňky urgysy
bugarar wagt we bakylyk görkezer düýbüni
biz bermeli ýerine bereris çagşan janlary
ýöne bermeris Gibraltary