Gysgajyk hatlar
*
Nähili gussaly öýlenýän ýigit öz gelnine diýýän:
“Garaňky ýerde ýanyp duran gülçyrany aýraly,
hawa, ähli babatda ol biziň bedenmize, köňlümize meňzeýär,
Aýraly gülçyrany, tötänden ony öçüreris”.
Ýöne, birdenkä başga şemalyň öwüsýänin duýýar,
ot däl-de, ýöne “retro” stilinde ýaşaýyş tutaşýar,
söýgi hem öwrülýär ýöne çüýşe owaza,
duýgular ylmy bolsa — beýleki ylymlar mysaly —
hakykat gözlegi däl, ýöne beden labirintinde,
oň gizlen ýerlerinde, tötänleýin atlaryň ýaňy.
*
Seň tötänleýin hemraň serhoş we şatdy düşekde.
Balykçy aý nurundan torun gerdi suwuň ýüzünde.
Nähili ol gynardy zenanlary, köp ýaşady
jahanda, balyklaň kölgesi tora düşer ýaly!
Teşneligi gandyrmak, öýsüz tenleriň gamy ýa
guşlaň kölgesi üznüksiz garaňky çuňluklarda,
öz ejirlerini geçýän ruhlaryň üýşmegimi ýa,
bir wagt seni gije tagta çykaranlarmyka ýa.
*
Allaň öňünde biz aklanmarys hiç zat bilen —
ne özge söýgi, ne öz nika düşegmiz bilen,
ne boş hem çaňly ýoldaky gözýaş sili bilen,
ne ýumrukda gyslan gubruň ene gumy bilen.
Ýatgyda çaga deý, guş höwürtgede uklaýar,
Seňem ýüzüňde keseki ýüzler peýda bolýar.
*
Sen şor suw bilen meniň kalbymda teşnelik ýakýaň.
Men eşret gözleýän, emma bu eşretde görgi görýän.
Ejir çekme üçin, elbetde, mydam tapylýar ýer.
Nikalaşdy gündiz eýýäm, gijemidi onuň gelni?
Olary muhabbet mawy we çalt ataşda baglady,
şapak bolsa bü gün hamala kül sepilene döndi,
sebäbi, ezizim, akmaklyk jennete hyýal etme,
sebäbi wagt dünýäň üstünden sessiz-sedasyz akýar.
*
Onuň akymlary başy ölümlileri ýuwýar.
Seň barjagyň gözýaşly şeýle setirleri okaýar:
“Açar jebis ýapylmadyk gapyň daşynda somalýar,
aýazdan titreýär jaý, söýgi ýüregi paralaýar”...
Durmuşyň ähli giňişligi bu titremä ýugrulan,
aç-açan ýalan, Allanyň ýalkawyna umyt bilen,
Gözleň gijelerne şöhlelendirýär Akmaýaň ýolun,
bedeniň gabynda bolsa ruh — edil maýyp ot ýaly,
ýa edil aýlawlary köp bolan tolkunlar mysaly,
ýöne ol ölümi däl, şöhlelendirýär Biribary.