Karaoke

Meň daşym gurşap alýar ümsümlik,
ölümiň aýrybaşgalaşan kärhanasy.
Pikirim meň, döretdi ümsüklik,
agşamky göge arzuw edýär çykmagy.
Ol asmanda seslenme gözleýär
hem tapýar. Guberniýa hem hat ýazýar.

Karaoke hem London paby
maňa agşamky asmany getirdi,
onda sargyda görä, wiski garýar
piwo bilen hyzmata taýýar leňňeç.
Mister Kokni üşedim diýýär.
Aýnalaň ýüzünde görünýär agaç.

Biraz näz edip, Missis Kokni,
mikrofona tarap çykýar podýuma,
goýup dyzlaryn hem göwsüni
ady belli, wiski dek, mukamlara,
jan edýär ýalaňaç tenini
meňzetmäge akylsyz diwalara

hem aýdym aýdýar bilşinden ol.
Aýal däl hiç kime, metafora däl.
Yssy, çygşylda, ömür berýär,
tama etmän taktdan yza galyp ol.
Ýa bu mukam ýalan sözleýär,
ir ölen awtor üçin ar alýar ol?

Sen gussamy meň aýyr, sowur,
rahatlandyr Apollon Ýesenini.
Şeýle daşa gidenok sabweý,
bu demirgazykdan, geläýse özi,
muny janly göz öňne getir,
spirti spirt bilen içýänleriň özi.

Bu günbatar täsirniň ysy,
kassetaly tigir ýatyrlan ýyly,
bu biziň gyzlaryň aýdymy,
Çägaradyr Setunyň talyplary.
Gyzdyryp maýlaw hem gudbaýly,
öçürjek bolanoklaram çyrany.

Muň bary diňe karaoke.
Goýungözler. Agşamyna goýungöz.
Irden çal gara menek düýpde.
Bu mendäki proletar ýüregimiz
mikrofonly gysar penjede,
utançsyzlar islendik ýarym şarda.

Bejer, bejer meniň derdimi.
Ýarygijede hem şol awy bilen.
Bu ser däliň gara gargasy
geldiler rus şöhratnyň yzy bilen,
köpleň çepne goýup açary,
Modest Sawrasowyň bolsa — sagyna.

Ümsümlik boşja süýşýär yza.
Pab ýapyldy. Irkilýär guberniýa.
Gökde eşidilip başlanýar
Arassa aýdym we hüwdiniň ýaňy.
Bize direlmegi söz berýär,
indi eýýäm ýere jaýlanmazlygy.