Kagyz gaplaň
Potapow pаltosynyň ýakasyny sag eli bilen tutup, köçä tarap ýöräp ugrady. Sowukdan ýaňa erbet demi tutuldy, gözüne şol bada ýaş aýlandy. Gulaklaryny we awuşaýan kel kellesini agyr buz örtügi dartyp çekdi. Ol myhmanhananyň girelgesinden elli metr beýleräkde taksiniň şaşkasyny saýgardy we maşyny çagyryp, elini bulaýlap başlady. Onuň elliklerem ýokdy, şonuň üçin onuň elleri derrew buz ýaly boldy, ýöne şaşkajyklar ýerinden gozganmady.
Potapow paltosynyň ýakasyny bat bilen galdyrdy we seresaplylyk bilen doňan ýan ýodadan ýöräp başlady. Bu pursatda onuň özi özüne korabldan aýrylan kosmonawty ýatladýardy. Ony baza moduly bilen birikdirýän edil göbek ýaly göze görünmeýän şlanga üzüldi we ol ysgynsyz ellerini kelemenledip, indi ol ýylpyldaýan ýyldyzlaryň arasyndan düýbünden howasyz giňişlikde ýüzýärdi. Potapow iki gezek typyp, taksiniň ýanyna ýüzüp bardy, gapysyny giňden açyp, ýeke söz hem aýtman, çilim çekilen salonyň ýumşak ýerine özüni oklady.
— Hawa näme? — diýip, semiz sürüji kellesini öwürmän sorady.
— Hiç zat, — diýip, Potapow jogap berdi we gözüniň ýaşlaryny süpürdi.
— Ýylynmaga girdim.
— Iki ýüz rubl.
— Goý üç ýüz bolsunda.
— Üç ýüze seni az-kem aýlarynam.
— Örän oňat... Onda gideli. Men tekefon satyn almaly. Golaýdaky dükana okla.
Bir sagat mundan öň kyrk gradus aýazda onuň öz smartfony harap bolupdy. Potapow belgini aýlamaga ikirjiňlenip, ony elinde öte kän saklady. Apparat dirilik nyşanlaryny bermegi— işlemegi düýbünden bes etdi. Doňan barmaklary indi paltonyň jübüsindäki her bir ýygyrdy agyry bilen duýýardy. Ol mähriban şäherinde bolmadyk on ýylyň içinde ol Uzak Demirgazygyň gyşynyň nähilidigini düýbünden ýatdan çykarypdy.
— Häzir uçup geldiňmi? — diýip, sürüji oturan ýerinden gorsanyp başlady.
— Iki sagat mundan öň.
— Seredýän welin, pasyl boýunça geýinmänsiň. Durşuňa şeýle stilje. Kim bolup işleýäň?
— Men režisýor.
— Bäý-bä...
— Diňlesene, gideli-le?
Sürüji öz “GAZ-24-ni” ýerinden gozgady. Çalja “Wolga” otlynyň tigirlerini tykgyldadyşy ýaly ses edip, meýdançanyň daşyndan haýaljakdan tigirlenip ugrady. Bu tykgyldy entek Potapowyň ýadyndady. Eger awtomobil sowukda uzak wagt duran bolsa, tigriniň aşaky bölegi gatap, gönüburçlugy emele getirýärdi, onsoň bolsa birnäçe wagtlap özüniň öňki tegelek görnüşine gelip bilmeýärdi. Şonda ömür doňaklyk zerarly demir ýoly bilmeýän şäherde, şeýle hem bolsa, şadyýan tykgyldy eşidilerdi.
Taksi Potapowyň bir wagtky çagalygyny geçiren jaýynyň ýanynda saklandy. Bir aý mundan öň bular ýaly gabat gelmä ol hiç hili ünsem bermezdi, emma häzir biraz aljyrap we bu bir hikmet bolaýmasyn diýip pikir edip, hatda maşyndan hem şol bada düşmedi.
Ýylylyk trassasynyň gutusynyň ýanyndaky kiçijik ammaryň golaýynda poliseý uazigi, biraz aňyrrakda bolsa — ýük maşyny durdy. Gaba güpbi geýen iki sany poliseý gutynyň içine seredýärdiler we içindäki kimdir biri bilen gürleşýärdiler. Ýük maşynynyň kabinasynda hemme zada biperwaý bolan çilimiň gyzylja közi ýalpyldaýardy. Potapow duýdansyz başlan baş aýlanma hötde geldi we üstünde “ARAGATNAŞYK” diýen ýagty harplar ýylpyldaýan dükanjyga tarap haýal ýöredi.
Özüniň köne howlusyna giren badyna Potapowy gaplap alan kataklizmiň we ýetip gelýän ahyr zamanyň boljagyny duýmak oňa öňden tanyşdy duýgudy. Umuman, ol ony eýýäm aý bäri onuň ýanyndan aýrylanokdy. Geçen tomus görlüp-eşidilmedik yssydan ýaňa Moskwanyň töweregindäki obalar, tokaýlar we torfluk ýerler ýananda, köp gatly Stalin jaýlary bolsa on bäşinji gatdan başlap ak tüssäniň içinde ýitip gidýärdi. Potapow her säher öz salkyn öýünden uzak wagtlap gyzan we tüsse bilen gaplanan şähere seredýärdi. Güwwüldisi çala eşidilýän her otagdaky äpet kondisionerlerem oňa howpsuzlyk duýgusyny getirenokdy. Tersine, olar onuň rahatlygyny üpjün edýän, dürli-dümen ençeme ýagdaýlara doly baglydygyny nygtaýardylar. Islendik pursatda bolsa oňa garşy bolup, ony yssynyň gysajynda mynjyradyp, ýemşerdip, ýakyp kül edip, beýlekiler bilen deňläp biljekdi.
Bu zatlar — elektrik togunyň kesilmegi, suwuň gelýän ýerindäki uly heläkçilik, jöwza, howsala, zorlugyň gutulgysyz tutaşmagy, bidüzgünçilikler we köpçülikleýin bulam-bujarlyk baradaky pikirlenende, Potapow bu zatlary hiç bir döwletiň düzedip bilmejekdigine, esasan hem bu bulam-bujarlygyň öňünde özüniň hemmeler bilen deňdigine göz ýetirdi. Ol diňe özüniň, onuň özi üçin o diýen bir kiçi hem bolmadyk ömrüniň näzikligini däl, eýsem bütin adamzadyň düýbünden goragsyzdygyny ýiti duýdy.
Ýöne welin, bu ýerde ol öz öňünde aýratyn hilegärlik edip (ýalan sözläp) duranokdy. Tas ýedi milliard adamyň heläkçiligi oňa esasan gam-gussaly we pelsepewi tarapdan görünýärdi. Şonda özüniň wagtyndan öň dünýeden ötmegini bolsa, hut onuň özüniň garşysyna gönükdirilen häläkçilikli adalatsyzlyk hökmünde görýärdi. Hakykatyny aýdanda ol ölümiň özünden gorkman, uly häläkçilikden hakykatdan-da ähli zadyň häläk bolmagynyň möhümligini we tutýan ornuny ykrar etmekden boýun gaçyrýardy. Onuň üçin bularyň hemmesi nähili ýagdaýda bolsa-da, hatda edil olar ýaly öli bolsa-da düýbünden deňleşmek islemeýän zadydy.
Ölüm Potapow üçin şol umumy we hemmeleri deňleşdirýän häsiýetlere düýbünden eýe däldi. Olar onuň pikirine görä, keselden ýaňa, ýa-da garyplykdan, ýa-da körzehinlikden halys bolan betnyşan we akylsyz adamlaryň gutulgysyz zada razy bolmagy we ony kabul etmegi üçin oýlanyp tapylan zatdy. Uly häläkçilikde özüniň bolup biläýjek ölümini, edil özüniň, goý bu ýalňyşlygyň umumy fonunda o diýen görünmeýän hem bolsa, ol özüniň hususy ýeňlişi hökmünde duýýardy.
Interdnetde, hamana diýersiň, 2012-nji ýylda ahyrzaman gelýärmiş diýlen ýaly erbetlikleriň boljakdygy aýdylýan ýazgylary okap we özüniň ýygnan pulunyň azyndan on ýyla dagy ýetjekdigini çaklap, ol sadaja arifmetik netijeleri çykaryp, planetanyňka seredeniňde, onuň berklik ätiýaçlygynyň kändiginden täsin lezzet alýandygyny aňdy. Ýagny ol özüniň öňde goýan maksatnamasynda ýene iki-üç sany şowsuz taslama orun berip biljekdi, ýöne planeta özüniňkide muny edip biljek däldi.
Bu bäsleşikde planeta ýeňilipdi. Potapow biri-birine perpendikulýar duran bäş gatly iki sany gamgyn jaýyň görünýän burçuna seredip, gaýmaklan buzuň üstünden howlynyň törüne typdy. Ol ýerde onuň öňki podýezdiniň girelgesi garalyp durdy. Podýezdiň ýanyndaky ýylylyk trassasynyň turbasy, hemişekileri ýaly, buz şelpeleriniň sakaly bilen örtülipdir, ýöne sakal häzir tersine öwrülipdir, onuň aşak tarapy giňäpdir we özüniň düýbünde onuň giňligi bir ýarym metre ýetipdir.
Turbadan hemişe suwuň akýandygy Potapowyň ýadyna düşdi. Gyşyna ol ine şular ýaly doňan Fudziýama öwrülýärdi. Tomsuna bolsa ýuwaşjadan jaýyň aşagyna gidýärdi, ol ýerde jaýyň gurluşyny göterýän paýalar çüýlenen hemişelik doňaklygy ýuwaşjadan suwa basýardy we ýuwýardy. Ondan ýaňa öý “ýüzýärdi”, öýleriň diwarlarynda uzyn, nirädir bir ýere goňşulara süýnüp gidýän, gyşyna tüýjümek ýalpyldaýan gyraw bilen örtülen jaýryklar peýda bolýardylar. Şeýle-de bolsa, podýezdiň ýanyndaky turba bütin ýyl akmagyny dowam etdirýärdi. Bu bolsa hiç kimi üýtgeşik alada goýmaýardy. Kim-de kim bu jaýda öý satjak bolsa, ol jaýryklary bitewi kagyz zolaklary bilen ýelimleýärdi, diwarlary aklaýardy we diňe şeýle çärelerden soň, öýi aljak bolýanlary ony görmäge çagyrýardylar. Kagyz iki aý gowy saklanýardy.
Turbanyň aşagyndaky buzyň galyň ösüntgileri Potapowa onuň köne öýündäki penjireleri ýada saldy. Tehniki pagta dykylan we üsti gödek kagyz bilen ýelimlenen üç gat gabsalar birjikde gaýmaklan buzdan halas etmeýärdiler, şonuň üçin-de ýaza golaý penjirelerde on bäş santimetrden az bolmadyk büdür-südür çal çökündi gat-gat bolýardy. Onuň aýyňky ýaly öýjük-öýjük üsti hiç haçan ak bolmaýardy, sebäbi birnäçe aýyň dowamynda howa çalşylmaýan öýdäki adaty adam durmuşy kosmiki ölçegdäki tozany öndürýär welin, öýkenlerde çöküp ýetişmediklerini, gaýmaklan buz gat-gat edip özüne siňdirýärdi.
Oňa üfleseň, daşaryk hiç bolmanda bir gözüň bilen seredeýin diýen umyt edip dyrnak bilen gazajak ýa-da ony eliň aýasynda eretjek bolsaň, bary biderek. Ol hatda ýagtylygy hem kynlyk bilen geçirýärdi. Dört aýlap ol, edil jenaýat etmäge entek boýny ysmaýan, ýöne göz astyna alýan jenaýatçy ýaly, günde bir sagat ol assyrynlyk bilen öýe girýärdi. Bütin gyşky durmuş öýde elektrik togy bilen geçýärdi. Wagtyň geçmegi bilen aýnanyň üsti buz gatlagyna darlyk edip başlaýardy we, ol gapdallygyna çişip, penjire öňündäki taryhdan öňki buzluga tarap süýşüp, gabsalaryň üstüne münýärdi. Onuň bu ekspansiýasy zerarly her ýaz gabsalaryna we penjire öňlerine çalnan reňkli boýaglar çişýärdi we esasan özüni ýigrenýän kimdir biri bu ýerden eli bilen batly geçip, ýeňillik bilen lezzet alyp bilerdi.
Gaýmaklan buzuň özi ereýänça, Potapowlar hiç wagt garaşyp bilmeýärdiler. Çaga döwürlerinde ol güýzden başlap bu buz monolite owluk teňňeleri basyp dykýardy, haçanda teňňeler gaçyp başlanlarynda, ol aşhana pyçagy bilen ýaraglanardy. Ýigrenji buzy gazap aýyrmak onuň üçin hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýan lezzetdi.
Potapow gazyň gözünde pyçagy gyzdyrardy, çalt, ol sowamaz ýaly, tutuş öýüň içinden öz otagyna ylgap giderdi we pyçagy hyjjyldadyp çal çökündä sokardy. Pyçak çuň girýärdi, ýöne buzuň galyň gatyna hiç hili zyýan ýetirmeýärdi. Bu buzdagynyň hiç bolmanda kiçijek bölejigini döwüp almak üçin, ýene-de birnäçe gezek aşhana ylgamaly bolýardy. Kiçijik Potapow penjiräniň öňüne çykyp, Dýumanyň romanyndaky ýowuz galanyň bendisi ýaly hemme zady unudyp, pyçak bilen öz penjiresiniň buzyny bölek-bölek ederdi. Onuň dyzlarynyň aşagynda buz bölekleri hütürdeýärdi, emma bu dik Grenlandiýanyň galyňlygy hiç ýukalanybermeýärdi. Bir gezek ol gaty yhlasly ýapyşyp, äpet buz bölegi bilen birlikde daşky gabsanyň aşaky burçunyň aýnasynyň bölegini çykarypdyr. Muny ol, haçan-da penjiräniň öňi gana boýalandan soň, bilip galypdyr. Şeýle bolsa-da, özüniň agyrýan dyzlaryny ýatdan çykaryp, diametri takmynan ýigrimi santimetr bolan deşige ýapyryldy we ýalpyldap duran köçe çyrasyny görüp, tas aglapdy.
Şäher ýaşaýjylarynyň käbiri üçin martdaky fonar çyralaryň gämide uzak wagtlap deňizde ýüzüp, halys bolan komanda üçin maýagyň yşygynyňky ýaly, ähmiýeti bardy. Hiç bolmanda Potapow üçin hem olaryň şeýle ähmiýeti bardy. Yşyklar bütin gyş dumanyň içinde ak tegmil bolup, ölügsi ýylpyldaýardylar. Diňe mart aýynda, hamana, kimdir biri, ahyryn, gözlerden gamly, galyňrak ak güli kesip aýran ýaly, birden agşamky gök asmanda ýalpyldap başlaýardylar. Asla gök asman hem bu üns berilmeýän we beýik mart pursadyna çenli gök däldi. Dogrusy, asman düýbünden ýok ýalydy. Diňe oňat pikirlenip bilýän ýa-da has dogrusy, ol ukyby düýbünden ýok adam töweregi gaplap alan çal giňişligiň içinden asmanyň nirededigini size ynam bilen görkezip bilerdi. Elbetde, täsin mart fonarlarynyň yşyklarynyň ýüze çykyşyny hemme kişi duýup hem durmaýardy, ýöne şäherde, alagaraňkylyk we duman bilen berilýän azaba sabyrly çydap, olara aýlap garaşýanlar hem bardy.
— Aý, seni bir, — diýip, Potapow öz yzy bilen daşardan aýazly burugsylary salyp, dükanyň typançak bosagasyndan ätledi. — Bärde widioprokatmy näme?
Darajyk dükanyň diwarlary belli filmlere bagyşlanan posterler bilen bezelipdir. Olaryň birinden Mişel Pfaýfferiň we Glenn Klouzyň kelleleriniň arasynda mäkäm gysylan Džon Malkowiç Potapowa köp manyly seredip durdy. Ak köşk parikdäki Malkowiçiň erjel we şol bir wagtda-da sapajak-supajak garaýşy namedir bir gadagan zada yşarat edýärdi, ýöne iki hanymyň ýelpewaçlary bolsa, ol haýbaty dargatmaga çalyşýan ýalydy. Bu ýasama toparyň sag tarapynda düýbünden ýalaňaç we heniz semräp ýetişmedik Marlon Brandony özi ýaly ýalaňaç parižli jorasy gujaklaýardy. Ol aýaklaryny hut göwsüne çenli gaty çekipdir, şonuň üçin hem ony saýgaryp bolanokdy. Onuň üstesine-de bu ýeri, Bertoluççiniň hukugy bolmadyk, ýöne şöhratparazlyga ýolugan gullarynyň hiç kime gerekmejek atlaryny ak harplar bilen ýazyp doldurylypdyr.
— Maňa bir akmak bu ýerde telefon satylýandygyny aýtdy, — diýip, Potapow ýalaňaç Mariýa Şnaýderden gözüni aýryp, gyzyl kitapjagaza tiňkesini diken uzyn we iri süňkli satyja seredip, hümürdäp goýberdi.
— Bizde mundan başga zatlary-da aýdarlar, — diýip, satyjy sagynandan soň, kitabyndan ýüzüni galdyrman jogap berdi. — Men-ä hemme zada ynanmazdym... Ýöne biz telefon satýarys.
— Şeýlemi? — diýip, Potapow penjireden örän agras Fanni Ardanyň otagyna seredýän Žerar Depardýe gözüniň gytagyny aýlady. Penjiräniň öňünde fransuzlaryň arasynda içi apelsinli örülen sebet durdy, Fanni bolsa özüniň päk ak köýneginde bilen tutuş öň hatary tutuşlyugyna tutup dur diýen ýaly, pyçak bilen apelsinleriň birini yhlasly bölekleýärdi. Suratda nähilidir bir gizlin özüne çekijilik, baştutanlyk ugrundaky göreş we miwelere wagşy garaýyş duýulýardy — eger bu postere seredip netije çykarsaň, onda Trýuffo zenanlary ine şeýle göz öňüne getiripdir.
— Bu plakatlar onda nämä gerek?
Satyjy Potapowa gözüniň gytagy bilen seretdi, onuň “lugyny”* skaýnerledi we soragyny jogap bermäge mynasyp hasap etdi.
— Bu bizde kreatiw. Hojaýyn has akylly bolansoň, piar-ýöreýiş oýlap tapdy. Söwda birden ýokarlanmaly... Ýöne häzirlikçe ýokary galyberenok...
Bu satyjy bu biznes üçin juda täsin görünýärdi. Onuň uzyn mele saçlary ýogyn guýruk ýaly edilip boglupdyr. Köp sanly berçinlenen metal bölejikli we kese syrmaly gön keltekçesi ýeňsiz zamşa gursakçanyň aşagynda gizlenýärdi. Gara jinsiniň gonjy uzyn harby berslere salyngydy. Reňki öçük, iki sany gülgüne düwürtikli we çuň ýygyrt düşen, etlek maňlaýyň aşagyndan şeýle gabakman, mähirsizräk jübüt göz seredýärdi. Potapow onuň elindäki gyzyl kitapçanyň daşyny bezeýän Mao Szedunyň tegelek portretini saýgardy.
Beýik serdaryň taglymatlarynyň muşdagy bu taýda hakykatdan öz ornunda däldi ýa-da eýýäm üç onlujagy tegelese-de, henizem özüniň kimdigini bilmändir. Ol söhbetdeşlikde gürrüňdeşiniň gözüne seretmekden gaça durýardy. Satyjy Potapowyň ýüzüne çalt göz aýlap, soňra, hamala Potapowyň ýeke özi gelmedik ýa-da özüne şeýle ynamy bar hem bolsa, töwereginden bir utançly zady gizleýän ýaly, çepe we saga aýlanýardy.
— Piar-ýöreýiş? — diýip, Potapow gaýtadan sorady.
— Hawa, — diýip, satyjy müşderisiniň gep urşundan çen tutup, onuň doly
manyda bu ýeriň adamy däldigini duýdy. Şonuň üçin-de ol höwes bilen özüniň bol wagtynyň azajygyny oňa sarp etmäge taýýardy. — Ine, plakatly binikalary oýlap tapdy. Olaryň hemmesi söýgi baradaky filmlerden diýýärler.
— Onsoň näme?
— Biziň dükanymyz hem “Aragatnaşyk” diýlip atlandyrylýar. Onuň gözleri gapdala seretdi. Potapow birden öwrüldi-de:
— Hä, bu manydamy, — diýip, öz yzynda hiç hili üýtgeşik zat görmän sokduryp goýberdi. Aragatnaşyk... Hawa-da... Men birbada düşünmändirin.
— Hiç kimem düşünenok. Ýöne ol muňa etdir öýdýär.
— Düşünmedim.
— Ol bu aýratyn bir ähmiýetli zatdyr öýdýär, — diýip, satyjy düşündirdi. — Kapitalist. Ynha, ýene-de turbalar üçin diregjikleri hem tapdy.
Satyjy tekçäniň aşagyndan çişen dodaklara meňzeýän telefonyň aşagyna goýulýan diregjigi çykaryp, Potapowa görkezdi. Mobilnigi bu gyzyl reňkli welýur agza dykýarlar, dodaklar açylypdyr, tutuş kompozisiýanyň, müşderi söýgüli adamsyndan jaňa garaşyp otyrka, erotik duýgyny tijemek üçin niýetlenen bolmagy ahmal.
— Ýene-de ol gizlin jaňlar üçin proga hem ýazdy. Işleseňiz, aýratyn töleg bilen goýup bolýar.
— A, bu näme?
— Men aýdyp durun-a şeýle proga. Maksatnama-programma, treşak.
— Hä, programmamy... Ol näme edýär?
— Käbir jaňlary gizlemäge ygtyýar berýär. Olar ne aýlanan, ne-de kabul edilen jaňlaryň sanawynda görünýär.
— Näme üçin?
— Aý, aýdaly, eger siziň joraňyz ýygy-ýygydan jaň edýär. Aýalyňyz hem siziň ýok wagtyňyz telefony dörmegi gowy görýär. Hatda şol jaňlary sessiz geler ýaly sazlap bolýar. Meselem, kimdir bir ýakyn adamyňyz size jaň edýär, siz bolsa şol wagt aýalyňyz bilen maşynda ýa-da restoranda. Telefon hatda jyňkynam çykarmaz.
— Onda maňa jaň edilýändigini nädip bileýin?
— Wibrasiýa. Ony diňe bu belgä goýup bolýar. Ony sizden başga hiç kim
bilmeýär. Şonuň bilen birlikde jaňdan hem hiç hili yz galmaýar. Gelen jaňlaryň žurnalyny arassalamak gerek däl. Ýogsa-da, köp kişi muny düýbünden ýatdan çykarýar... Gowy maşgalalar dargaýar.
Ol, hamana diýersiň, häziriň özünde şeýle maşgalany halas eden ýaly, ynam bilen başyny atyp goýberdi.
— Düşnükli, — diýip, Potapow uludan dem alyp goýberdi. — Sen bu ýerde näme edýärsiň?
— Men? — diýip, birden gürrüňiň başga ýana sowulmagy satyjyny aljyratdy, onuň nazary başga ýana sowlup ýetişmedi, birden uklan siňek ýaly, gürrüňdeşine dikildi.
— Aý, men bu telefonlary satýaryn.
— Mao Szedun bilenmi?
Satyjy tötänden öz elindäki kitapça nazar saldy, emma şol bada içinden
özüni eline aldy.
— Näme boldy? Siz, näme, barlagçymy?
— Hawa.
Satyjynyň nazarynda ýuwaşjadan ýigrençden doldy.
— Maňa hiç kim iş ýeriňde okamaly däl diýip aýtmady. Siz asla kim iberdi? Maňa Tolik hemme zatlara özüm serederin diýipdi. Sizi şol iberdimi?
Potapow egin gysmak bilen baglanyşykly bir şeýle mekir usul bilýärdi. Ol hatda iň soňky hatardan hem islendik tomaşaçy aňsatlyk bilen onuň:“Sen näme aňmadyňmy?” diýen manysyny aňyp bilýärdi. Bir gezek aktýorlar bilen şu yşaraty gözläp tapmak we berkitmek üçin tutuş repetisiýa gidipdi. Ýöne ol şoňa degýärdem, sebäbi bökdençsiz işleýärdi. Adatça adamlar “özüň düşün” diýlen ýagdaýynda her kim özüne erbetlik garaşýandyr diýip düşünýärler, emma dymmak nikaby bolsa, adamyň howsalalyk duýgusyny ençeme esse güýçlendirýär.
— Sen maňa häzirlikçe telefonjyk sat. Şondan soň biz gürrüňi dowam ederis.
Tehniki resminamalarda nähilidir bir öz belliklerini edýän satyjyda dörän gowuşgynsyzlyga syn edip, Potapow tekjäniň ýanyna bardy we açylan, sahypalary aşak bakdyrylyp goýlan gyzyl kitapçany eline aldy. Satyjy bu herekete üşerilip, gözüniň gytagyny aýlady, emma geplemedi. Ol eýýäm telefony gabyna salýardy. Potapow howlukman sahypalary agdaryp başlady.
Aý, her zadam bolsa sizi kim iberdi? — diýip, satyjy dymyşlyga çydaman sorady.
— Men? — diýip, Potapow öňden taýýarlanylan çaganyňky ýaly açyk, ýyldyraýan nazaryny oňa gönükdirdi. Men ýoldaş Maodan.
Satyjynyň elleri gutyny düzedişdirmegi bes etdi. Onuň gabakman gözleriniň çuňlugyndan, okeandaky kitiň kölegesine çalymdaş, nähilidir bir etlek pikir geçip gitdi.
— Ynha, bu ýerde, ynha, ýazylypdyr, her bir imperialist — bu kagyz gaplaň, — diýip, Potapow, satyjynyň adekwatlyga tarap yza gaýdýan ýoluny çalt bekläp, gürlemegini dowam etdirdi. — Seniň hojaýynyň bolsa... ady nämedi? Tolik... Imperialistmi?
— Ýok-la... Köp bolsa onuň ýene iki söwda çadyry bardyr. Aý, ýene web-studiýa... Bir jübüt komp, treşak... Aňrybaşy däl.
— Hä! Web-studiýa diýsene. Şol web-studiýa boýunça Tolik gara tegmil bolup bütin dünýä ýaýrar. Diýmek, ol bary bir imperialist. Diýmek — kagyz gaplaň. Sen name üçin kagyz gaplaň üçin işleýäň? Oňa kagyz ellerini şygyrdatmaga kömek edýärsiň? Seret, häzir seniň bilen men gürleşemok. Bu — ýoldaş Mao. Sen bu ýerde öz hataň bardygyny duýaňokmy? Hakykatdan hem kapitalizm gurýarsyňyz. Çuwak, ýöne rewolýusiýa näme? Klaasyň küli eýýäm seniň ýüregiňe kakanokmy?
Ulenşpigel bilen Potapow, elbetde, öte geçdi, emma şu pursada çenli has tolgunan satyjy hiç zat duýmady. Onsoňam, Til hem zulumkeşlere garşy göreşipdir. Potapowyň ýagdaýynyň has berk bolmagyna esas beren zat, satyja özüniň geň müşderisiniň oýun edýändigine ýa-da etmeýändigine üns hem berip duranokdy. Onuň özi bolsa, has öň bu çäkden geçipdi. Öňler bu onuň üçin ýöne degişme, epataždy. Onuň kömegi bilen ol düşünmezden töweregindäkilerden özüniň durmuşdaky şowsuzlyklaryny gizleýärdi. Ol rewolýusiýa, Çe Gewara, Mao Szeduna ynanýardy. Bu agressiw ynanç bolsa, agyry aýyrýan sanjymlar ýaly, başga adamlaryň durmuşdaky üstünliklerini rahat kabul etmäge kömek edýärdi.
— Hawa, men bu ýerde uzak wagtlyk däl, — diýip, satyjy ahyry ýaryldy. — Ejem jan ýürege düşdi. Bar işle, näme ýatyrsyň diýýär. halys bizar etdi. Men näme ýatyrynmy? Men pikir edýärin. Maňa gizlenmek gerek, garaşmak gerek. Maoda ýazylyşy ýaly, strategik gatnaşykda biz hemme duşmany ýigrenmeli. Men ýigrenýärin. Ýöne soňra ol taktiki gatnaşykda biz duşmanlarymyza çynlakaý üns bermeli diýip ýazýar. Bu ýerde bolsa ejem jan hem meniň siňirlerimi çekýär... Umuman, men aňtawçylyga gitmegi ýüregime düwdüm.
— Tolige hakyna durduňmy?
— Hawa, bir wagt biz onuň bilen bir synpda... Gepiň gysgasy, duşman öz-özünden ýok bolmaýar. Ony öwrenmek gerek. Men, bilýärsiňizmi, näme hakynda arzuw edýärin? Jip hakynda.
— Beter buržuaz islegi dälmi?
— Ýok-la, dursaňyzlaň. Şeýle uly gara, uly gara pulemýotly jip. Hakyky et (haýran galynanda aýdylýan žargon söz). Mende “Stalkerde” şonuň ýaly bardy.
— Nirede?
— “Stalkerde”. Doganlar Strugaskileriň dünýä boýunça kompýuter oýny. Siz “Ýoluň gyradaky meýdan oturylyşygy” atly kitaby okansyňyz diýip umyt edýärin?
Satyjynyň nazary indi eýläk-beýläk agyp-dönenokdy, äpet solgun
maňlaýynyň aşagyndan Potapowa agras çiňňerilip seredýärdi.
— Hä... ähmiýeti ýok. Sen dowam et.
— Gepiň gysgasy, merkezi köçä maşynly çykýarsyň we hemme tarapa ot açyp başlaýarsyň — ta-ta-ta-ta...
— Dur hany, emma ol ýerdäkileriň hemmesi imperialist däl-ä.
— Maňa bildirýän ýeri ýok — imperialistmi, ýa olaryň goýunlarymy.
Goýunlary ýok etsek, imperialistler hiç kimi gyrkyp bilmezler. Eger şeýle boljak bolsa, goýunlar has erbet. Olaryň özi gyrkylmaklaryny isleýärler. Özleri güýçlüleri azdyrýarlar. Ýogsa-da, Injilde kim dünýä azgynçylygy getirýän bolsa, şoňa betbagtlyk bolar diýlip ýazylypdyr. Olar özleriniň kütekligi bilen azdyrýarlar. Hiç zada ymtylmaýarlar, hiç zat hakynda arzuw etmeýärler, edil goýunlar ýaly kaýyl bolýarlar. Öňünden öz gäwüşlerine razy bolýarlar.
— A sen arzuw edýärmiň?
— Elbetde.
— Näme hakynda?
Satyjy geň galyp we hatda özüni biraz ýitirip, hamana, birden pikirdeşini ýitiren ýaly bolup, Potapowa seredýärdi.
— Nähili, näme hakynda? Men aýtdym-a... Jip hakynda.
Myhmanhananyň içi sowugrakdy, şonuň üçin Potapow paltosyny çykarmaga howlukmady. Täze telefony gutudan çykaryp, ol köne telefondaky sim-kartany oňa saldy we sagada seretdi. Moskwada eýýäm ir ertirdi.
Ýatdan bilýän tanyş belgisini aýlamak oňa ýene-de ýeňil düşmedi. Iki gezek soňky sana ýetende, Potapow bes etme düwmesini basýardy, soňra bolsa penjiräniň öňünde durdy we üçünji gezek jaň etmek kararyna geldi.
— Sa-lam, — diýip, ahyrsoňy trubkada pessaý, örän mähirli, ukudan açylmadyk ses eşidildi. — Sen nirä ýitirim bolduň?
— Men golaýda... Sýomka üçin keşp gözlemäge gaýtdym.
— Gaç-dy-ň, — diýip, gülküli, ene-de biraz ukudan ýaňa gyrylan sesini sokdurdy.
— Ýok-la, — diýip, Potapow gowşaklyk bilen garşylyk görkezdi. — Men ýöne...
— Aý, nähak onda, — diýip, aňyrky uçdaky aýal ýylgyrdy. Ol bolsa söýgüden ýaňa sandyraýan, halys bolan it ýaly, derrew bu ýylgyryşy duýdy.
— Dur, sen näme... netijäni aldyňmy?
— Hawa— a, — diýdi. Onuň sesindäki dabara dürli öwüşgüne eýe boldy. Ol bular ýaly zada garaşmandy.
Ol Moskwadan gaýdanynda tutuş alty sagatlyk uzak uçuşyň dowamynda ony alada edip we öz bolşundan utanyp tas amanadyny tabşyrypdy.
— Ýeri näme? — diýip, Potapow zordan gepledi.
— Dolan, — diýip, zenan biraz dymdy. — Maňa himiýa gerek däl. Lukman “Hemme zar ýerbe-ýer” diýdi.
* Luk sözi žargonda adamyň daş sypatyny (ilki bileneşik, akessuarlary, priçoskasy) aňladýar.