Hemmelere! Hemmelere! Hemmelere!..

* * *

Hemmelere! Hemmelere! Hemmelere!
Biziň gyzymyz gatnap başlady howza!
— Silkin, götlek, silkin, — rugsat berdi eje.
Başlady onuň şaýyn tutmaga.

Süpürgiçjigi oňa saldy, arasynda: ‘Erbet däl!
Men seni entek bäbejikkäň muňa dolapdym” diýýär.
Saldy şypbyk, düşejik we sabyn, şyrdak, öz kupalnigin.
“Düýbünden kelesaň bolmazyň ýaly, başyň öl bolmasyn” diýýär.

Biziň gyzjagazmyz gitdi yrgyldap, guşakly pökgüje torbaly.
Geldi ol geýim çalşyrylýana, özi ümsümlikde otyr.
Birden dört gyzjagaz girýär, edil perişdeleň özi dek.
Biziňki gözün gyrpman bakýar, hatda gaýtmak isleýär:

— Beripdir-le hudaý keşp, — pikirlenýär, —heý bulaň ýanna içki eşik çykararmyň?!
Meniň türsügim “hoş gal, ýaşlyk”, göwsüm hem hiç haçan taýzarmandy,
işi gaýdanyň.
Olar bolsa saçlarnyň suwun syçradýarlar, ellerin galgadýarlar, bökýärler bir aýakda.
Biziň gyzyň bolsa tutuş bauly sarymsakda.

— Iş bolarsyň soň, —diýýärdi eje, — getirsiň ýokanç dert, hiç bolmasa ýoň.
Sarymsak bolsa kowýar.
Ol ýol boýy ýelejiretdi, emma ys siňipdir.
Ah, olar ne gözel, ýalaňaç, göni seredip ony görenoklar.
Ol ýubkasyny çykarman, kolgotkasyn çykarýar, soňra başgabyny,

Geýýär kupalnigi bile çen, soň ýubkasyn çykarýar, soň ýeňleň içinden
Çekýär lifçigi. Galdyrýar kupalnigi döşüne, çykarýar koftoçkasyn. Nähili!
Bir sagatdan gaýdyp gelip duşhanadan, olar geýinýärler.
Ana! Aýdypdy ejem: “Gezip ýörme çyg kelläň bilen”.

Ine otyr biziň gyz guradyjyň astynda, bakýar, suw sepişip hem
Aýnaşyp, gök damarly bu grasiýalar, nädip gyzlaň wiýzaž zatlaryn çykarýar,
Diýýärler ajaýyp sözleri: Buržua, Sen-Loran, Klema...
Ol gyz gidýär göni öz otagna. Ejesiniň özi gelýär.

Nätdiň, ýüzdüňmi? näme gaharly? ertire näme berdiler? nämä dymýaň?
Ol bolsa, biziň gyzymyz, otyr, syçan deý.
Nokatly seredýär, setirli aglaýar, oturly dymýar.
Soňra bolsa aýdýar.

Ine sen eje, eje, nirde seň zenana mahsus mahmal elleň, hoşboý ys ýaňakdaky,
Syrylgy aýaklaň, reňkli dyrnaklaň, ýalpyldawuk dodaklaň, ökjeleň tyrk-tyrky.
Seniň bu nadanlygyň üçin, bu edermenligiň üçin, seniň bütin kalbyň üçin
Ine, menem şeýle nadan, Pani Walewskanyň Krasnaýa Zarýadan bilemok
                                                                                                             tapawudyn.

Başarmady aýtmagy, biziň gyzjagazymyz, söýgüsiz şertde
Adam öz-özüni söýmeýär, söýere zat bolaýanok — getirlenok heniz.
Eý görmediler, ýylatmadylar, aga, söýgä çen artmadylar ýumurtgaň daşyn.
Gyzjagaz, sen biziň gyzjagazymyz, söýülmedik biziň gyzjagazmyz, ýüz, ýüz.