Buky ýer

Ruhany däp-dessur geçirýänçä, adamsy gapynyň aňyrsynda maýmyna meňzeş gyzjagazy, öz gyzlaryny, saklap durdy, hassahananyň koridorynda gyzjagazyň şol bada içi gysdy we öýkeledi, şonuň üçin hem hiç zada düşünesi gelmän, palata girjek bolýardy. Ol ünsi çekýän zatlary etmegi gowy görýärdi. Aňy diňe kiçileriňki ýalydy, ýöne zenan mekirliklerinden doludy. Ol ýa bilgeşleýin, kakasynyň käýemegini isleýän ýalydy — barybir ol ondan gorkanok. Soňra, mähirli bolan bolup we boýun alan ýaly bolup, birden, kakasynyň üstüne münüp, ýapyk gapa tarap okdurylýardy, — emma onuň eline daňlan bolup çykýar. Öz diýenini etdirmek we ýeňmek üçin ähli mekirliklerini ulanyp bolan çemeli, gyzjagaz kakasyna sen erbet, sen ýat adam diýip gygyrdy-da, ýene-de aglamjyrap “Eje jan! Eje jan!” diýip, zorladyp goýberdi. Kakasy munuň üçin onuň dodaklaryna şol bada we nebsini agyrtman kakyp goýberdi. Şonda ol, hakykatdan hem aglap başlady, ol hamala howa bilen iýmitlendirýän ýaly bolup, gorky bilen agzyny dolduryp, horkuldap howany ýuwudyp aglaýardy. Onuň gözleriniň öňünde hemme zat birden duw ak bolup gitdi. Gorky basdy... Ýaş akdy we ol kör bolan ýaly boldy. Gyzjagaz olary süpürdi, görse reňksiz — öz eliniň aýasyna naýynjar, emma hamala hapalanmakdan gorkýan, we ýene kimdir birine özüniň göze görünmeýän hem agyrysyny, hem ganyny görkezmek isleýän ýaly bolup seredýärdi. Titräp, demini bölek-bölek alyp, bogna bölüp, ölüp barýan ýaly bolup: “Men öz ýü-re-gi-mi ýu-wut-dym...” diýdi. Kakasynyň piňine-de — nazaryny hassahananyň diwaryna dikip durdy. Ejejany — ol bilýärdi— dymmaga mejbur edip, gahary gelerdi. Olaryň täze çagasy boldy — oňa bolsa hiç kimiň nebsi agyranok. Gyzjagazdan alnan zat, bäbege berildi. Gurjaga meňzeş, ýöne diri, bäbegi ol ýigrenýärdi. Eger ol gurjak bolan bolsady — ol, azajyk hem nebsini agyrtman, onuň aýaklaryny hem, ellerini hem, kellesini hem ýolup döwerdi, goparardy. Sebäbi ol elmydama bir zat talap edýärdi: iňňildeýärdi, aglaýardy, gaty gygyrýardy. Üstüni hapalaýardy we oňa düýbünden betnyşan bolup görünýärdi. Emma ol ene-atasyna degişlidi — ol bolsa olar rugsat bermese, hatda oňa elini hem degrip bilmeýärdi. Gyzjagaza, elbetde, sen ullakan we ony gowy görmeli diýýärdiler. Bujagaz zat — onuň süýtdeş dogany. Gyzjagaz çydaýardy we ol gowşajyk, ýigrenji, artykmaç zat haçan ölerkä diýip garaşýardy. Gyzjagaz bu barada öz-özünden, ýeňillik bilen, näme üçindir arzuw etmek ýeterlik — we onuň arzuwy hasyl bolar diýen ynam bilen pikir edýärdi. Gyzjagaz diňe syr saklaýardy. Hatda hamala öz syryny däl-de, başga biriniň syryny, nähili we haçan boljakdygy özüne— de belli bolmadyk syryny saklaýardy. Emma ol hamala edil kimdir bir bilýän bar ýaly bolup ynanýardy. Syr bolsa oňa hiç hili ejir çekdirdenokdy. Diňe çaltrak oglan jigisini ýatdan çykarmak isleýärdi: uklasady, ukudan oýanyp bolsa, onuň ýokdugyny görsedi. Ol bolsa ýene söýgüli, ýeke-täkdi. Gyzjagaz ene-atasy özüni ýatdan çykaryşlary ýaly, ony özleri üçin dogrup, ýatla­ryndan çykararlar, ony söýüşlerinden, has köp söýerler, diýip ynam edýärdi. Ýatlaryndan çykararlar — onuň ölendigine gynanmgy bes ederler. Ol ybadathanada ruhana özüniň erbet hereketleri barada gürrüň bermek we munuň üçin baýrak almak üçin eltilende hem dymdy. Gyzjagaz ýokarda hudaýjanyň bardygyny, onuň ýeri döredendigini we her bir adamyň onuň diýenini etmelidigini — kim onuň diýenini etmese, ol ony jezalandyr­ýandygyny, keselledýändigini ýa-da düýbünden öldürýändigini bilýärdi. Kakasy olar bilen ybadathana, haçanda ejesi mejbur edende, gidýärdi. Kakasy gülkünçdi, sebäbi özüni örän akylly saýyp, hudaýjana ynanmaýardy. Ejesi ony enesi Weroçka erbet terbiýeläpdir diýerdi. Weroçka ene samsyk diýerdi. Gyzjagaz diňleýärdi we hezil edip gülerdi, sebäbi ejesine özüne ynanyşy ýaly ynanýardy. Onuň hudaýjana aşyk bolandygyny görýärdi — özi hem oňa aşyk bolmagy isleýärdi. Ertekidir öýdüp, uklamazyndan öň ol hakyndaky kitaby okap bermegi haýyş edýärdi, uklap barýarka we onuň ýanyna asmanlara duşuşmaga uçup barýandygy barada pikir edýärdi. Ejesi hem gyzjagaza: meniň perişdejigim diýerdi. Oňa kilise myhmançylyga barylýan öý ýaly bolup görünýärdi. Gyzjagaz öwredilişi ýaly doga okaýardy we hudaýjana we ejesine gowy görünjek bolup çokunýardy. Ol özüni ol ýerde, içinde, baýramçylyga, edil çagalaryňky ýaly, çagyrylan ýaly duýýardy, eger ýene ylgamaga, gykylyk etmäge we gülmäge rugsat bersediler. Ýöne, edil doglan günde tortuň üstündäki ýaly, şemleri ýakmak bolýardy. Olaryň otjagazlary bilen ybadathanany bezeýärdi. Ol hemme owadan zady gowy görýärdi — kilesede bolsa hemme zat owadandy. Ýöne hemme zatdan köp ol suratlary-ikonalary öpmegi halaýardy. Olarda ol hudaýjany görýärdi, olara ünsli seredip, demini alman, käwagt bolsa, haçanda ol özüne özi däl ýaly görnende, ol bolsa oňa ünsli we agras seredende, edil diri adam ýaly görüp, oňa özüniň manysyz we edil bagtly ýaly çalt şatlykly ýylgyryşyny ugradardy. Ol elmydama öz baýragyny alardy — ejejany özüniň şeýle bir gowy gyzyna söýgi bilen seredip, guwanardy. Onuň özi hem guwanýardy, öz-özüne söýgi bilen serederdi. Ruhany mähirli adamdy. Ol ondan gorkmaýardy, eýýäm ejesiniň bilýän we onuň öz günäsini ak ýürekden duýýan zadyny boýun almagyň gerekdigini özleşdiripdi. Soňra ol ony özüniň altyn fartugynyň aşagynda gizleýärdi, kellesiniň üstünde bir zatlar aýdýardy: we günäsi geçýärdi. Soňra ejesini gizleýärdi — onuň hem günäsini geçýärdi. Ýöne ejesi oňa hiç haçan özüniň günäleri barada gürrüň bermeýärdi — olary her zat edip diňlejek bolup çalyşýardy, ýöne gyzjagaz bir gezek hem başarmaýardy. Diňe ejesiniň aglandygyny bilýärdi. Hamala onuň göwnüne deglen ýaly bolup, gamly aglaýardy. Gyzjagazyň özi beýle aglap bilenokdy, hatda ýalandan hem — ýogsam ejesine şeýle bir güýçli meňzäsi gelýärdi welin, hemme zady onuň edişi ýaly etmek isleýärdi. Ejejany, belki, nämedende bir zatdan gorkýandyr. Ýöne gyzjagazy bir zat gorkuzýan bolsa, ol ejesiniň gözýaşlarydy. Gyzjagaz hudaýjandan günesini geçmegi we özi üçin, ene-atasy üçin saglyk dileýärdi. Ejesi bilen kakasynyň özüniň islegini amala aşyrmagyny dileýärdi, muňa ýagny kakasy bilen ejesiniň satyn alyp biljek zatlaryny hudaýjandan dileýändigine onuň gülküsini hem tutýardy. Emma haçanda oglan jigisi bolanda, ol hudaýjana gaharlandy. Ol oglan jigi dilemedi — ol bolsa boldy. Hemmesiniň içini ýakyp, ukudan öň doga okamasyny goýup, ene-atasyndan öýkeledi: Ol hatda gorkmady hem, sebäbi ol ölümden gorkanokdy. Ölüm oňa gülkünç zat ýaly bolup göründi. Özi üçin ol bir wagt anyklap goýupdy, nähilidir bir samsyjaklar keselleýär we ölýär. Ýitirim bolýarlar — ine bolany. Howa öwrülýärler — şonuň üçin hem olar soň görünmeýärler. Özüni ol akylly saýýardy, sebäbi ene-atasy lukman bolup işleýärdiler. Haçanda ondan: “Sen ulalaňda, kim bolmak isleýän?” — diýip, soranlarynda, “Men lukman boljak” — diýip, jogap bererdi. Ondan başga-da öz-özüne guwanyp we gülküsi tutup: “Men erkek adamy söýmek we birnäçe dil bilmek isleýärin!” — diýýärdi. Irden ony kakasy öz maşynynda gimnaziýa äkiderdi — ol ýerde ol eýýäm iňlis dilini öwrenýärdi we owadan baý oglan bilen bir partada oturýardy. Ejesi özüniňkide — alyp gaýdýardy we tans sapagyna äkiderdi. Ol pikirini aýtmagy, uly bolup görünmegi gowy görýärdi. Pikirlenmek we özüňi uly saýmak örän aňsatdy. Bu aňsatlyk hiç hili duýgyny başdan geçirmäge mümkinçilik bermeýärdi. Emma gahar we öýke — ine bu aljyraňňylyk we eliňden hiç zat gelmezlik duýgu­syny başdan geçirmäge mejbur edýärdi. Iň çydamsyzy bolsa — özüňe nebsiň agyrmak. Öz-özüňe betnyşan we garry görünmek. Haçanda oglan jigisini çokundyranlarynda — bu onuň üçin iň geň we elhenç gün boldy. Olar maşynda gidip barýardylar — ol yzky oturgyçda çüňke dykylyp otyrdy, aýaklaryny ýygyrdy, dymýardy, emma oňa hiç kim üns berenokdy. Bäbek hem şol ýerde, öz sallançajygynda ýatyrdy: ejesi yzyna öwrülip, ony bir eli bilen üwreýärdi. Soňra ony kakasy eline aldy we tolgunyp, öňki adaty agras ýüz keşbini üýtgedip, kilisä göterip alyp gitdi. Ähli görýän zatlary gyzjagaza düýş ýaly bolup göründi. Soňra onuň ýadyna düşýän zat — diňe samsyk, hiç kime gerekmejek Weroçka ene onuň elini tutup durdy. Belki, olaryň hemmesini: ejejanyny, kakasyny, jigisini, hat-da hudaýjany hem taşlap, galdyryp, onuň özüniň ölesi gelen bolmaly. Uklap — oýanmak hem islänokdy. Diňe haçanda bäbegi kellesi bilen kupele çümdürenlerinde — ol bolsa ýokary çyk­ýardy we gygyrýardy — oňa jigisi gark boljak we öljek ýaly bolup göründi: emma ony şol bada suwdan çykarýardylar. Eýýäm öýde bolsa ol özüniň söýgüli, bir wagt ejesiniň kilisede satyn alan ikona­jygyny pola taşlady — soňra bolsa, boş otagda daş-töweregine utançly ýylgyryş bilen seredip, ýerden galdyrdy we seresaplylyk bilen, hiç kim aňmaz ýaly edip, ýerinde goýdy. Gep bir zada garaşmakda däl, indi onuň hiç kime ynanmaýandygynda. Gyzjagaz jigisiniň bardygy we ony gowy görýändikleri bilen öwrenişdi. Emma bu janlyja zada däl-de — ejesine bir zat boldy. Ejesi elmydama, ýerinden turman diýen ýaly, krowatda ýatyrdy. Ol örän ýadadym diýýärdi. Soňra bolsa gitdi — olaryň bolsa diňe ýeke özleri galdy. Ejesi köp gezek giderdi — başga ýurtlara, şäherlere, bu bolsa gyzjagazy gynandyr­maýardy, ol kakasy bilen galmagy gowy görýärdi. Indi ejesi golaýjykda, hassahanada dynç alýardy. Ol ýerde adamlar hiç zat etmän, diňe iýip-içýän, uklaýan we lukmanlary diňleýän ýaly bolup göründi. Kakasy işe gitmegini goýdy. Olar hemme zady bile edýärdiler: gezelenç edýärdiler, özlerine nahar taýýarlaýardylar, gap-gaç ýuwýardylar, telewizor görýärdiler. Gyzjagaz jigisiniň özüne öwrenişendigini duýýardy, ol edil ejesini ýadyndan çykaran ýalydy. Olar bolsa birhili täsin bitewüligi emele getirýärdiler, özleriniň islän, belki, beýle etmäge ejesiniň rugsat bermezligi hem ahmal bolan, ähli zatlaryny erkin edýärdiler. Ol, jan edip, jigisine seredişmäge hem kömekleşýärdi, özüniň kömeginiň gerekdigine, hondan bäri bolýardy. Ýeke galan wagty bolsa, onuň krowatynyň ýanyna ogrynça baryp, ol uklap ýatyr­ka, ony öýden äkitmegi we bir ýerlere taşlamagy arzuw edýärdi. Emma jigisi oýanýardy — gyzjagaz bolsa ýene-de onuň ejesi bolan bolýardy, ol bolsa oňa ynanýardy. Ony aldamak şeýle bir aňsatdy. Ol häzire çenli, belki, ejejanynyň kimdigini bilýän hem däldir: ýadyna düşenok, bilenok, söýenok, oňa jinnik ýaly hem nebsi agyranok, şonuň üçin hem jigisine nebsi agyranokdy. Jigisi heniz özi sebäpli ejesiniň keselländigi barada pikir edenok... Ejesiniň keseli diňe onuň öz bähbidini araýan bilesigelijiligini para-para edýärdi. Gyzjagaz gizlinligi halamaýardy. Hatda bu Weroçka ene-de bir zatlary bilýärdi, kömekleşmäge gelende bolsa, hojaýynsyraýardy, gyzjagaz edil ejesiniň diýenini edişi ýaly, onuň hem diýenini etmeli diýip pikir edýärdi. Ine şu gün hem — kakasy ony ýany bilen äkitmek islemedi. Ondan bir wajyp zady gizleýärler — ol düşündi. Emma bu leji çykan rýasaly adam ruhany oňa samsyga meňzeş bolup göründi, gyzjagaz özi bilmän, pyňkyryp goýberdi, hiç hili çekinmän, bilgişleýin ony synlaýardy, özüne uludyryn öýdýärdi. Ony köçeden tapypdyrlar ýaly diýmek boljakdy. Onuň ejesiniň ähli syrlaryny bilýändigi üçin hatda gynandy. Gyzjagaz aňdy — bu edil ybadathanadaky ýaly bolar. Onda olar onuň söýgüli hudaýjanyna doga okaýardylar: onuň gözýaşlaryny görýändir diýip ynam edýärdi, onuň nerwli özüne gelip we betnyşan bolup, nämädir bir zada taýýarlandygyna seredip, eýýäm bir zada garaşýardy. Dym-dyrslyk boldy. Onda zordan we ýalňyz, edil ýalbarma ýaly bolup: “Gidiň... Hany, sen näme üçin dursuň... Size bolmaýar!” diýen sözler eşidildi. Şonda gyzjagaz ejesine topuldy, ellerine ýapyşyp, ýapyşan ellerini öpdi. Özüni edil urlan ýaly alyp bardy, haýyş edýän äheňi aňsatlyk bilen alyp: “Ejem jan! Söýgüli, ejem jan! Meniň hem halym erbet! Men hem seniň bilen gitjek!” — diýip, ýalbaryp başlady. Şol wagt hassalaryň ýanyna barmak gadagandy. Hemme zat barada onuň adamsy gepleşipdi, ol ruhanyny hem tapypdy. Gözledi... Ähli tanyşlaryna, elbetde, dindar, prawoslawlara jaň etdi, sorady. Oňa bir zady maslahat bermegi kyn görýärdiler, sebäbi, umuman, heniz beýle ýagdaýa düşüp görmändiler. Gorkuzýan zat — onuň öläýmegi mümkin. Emma gorkýarlar hem: ol ölýärdi? Ol gürrüňini tamamlap, gysgaja jogap berýärdi: “ Ýok-la. Onda ýaşaýşa höwes bar Ýaşamak isleýär”. Hirurg, ýüzlerçe operasiýa... Ol özüne ynanýardy, sebäbi hiç zada ynanmaýardy. Biriniň içegelerini dörjeleýärdi? Bu işde bir ýakymly zat barmydyka? Ýa-da gorkulydymyka? Özüni endik etdiripdi. Lukmanlaryň öz hassalaryna nebisleri agyrmaýar. Eger olaryň nebisleri agyran bolsady, onda hem ýigrenç, hem gorky duýup başlardylar. Köriçegijikler, ingiler başlar... Ol doň ýürege öwrüldi: adamlary kesýärdi we tikýärdi. Edil bedenden we gandan alnan çalşylýan zatlarynyň üstünde o diýen ynsanperwer bolmadyk tejribe geçirilendäki ýaly edýärdi. Şol bir gaýtalanýan, kütek zat işi hem endige öwürýär. Hatda zarplatka — ýa-da “zaplatka” hem, ol şeýle gamly degişýärdi. Bar isleýän zady — hiç bolmanda ukyny almak. Adaty durmuş: maşgala, iş. Ýene-de bir zat hakynda pikir hem eden däldir... Ol näme üçin ýaşaýardyka? Haçanda ol özüniň jan beren çagalary hakynda pikir edeninde, bu sorag ejir çekdirýärdi. Ol edil özüniňki, ganybiri hökmünde erkek adamlarça söýýärdi. Nesliniň dowamy... Galjak zat... Emma bu söýgi bilen hiç bir ynamy berip biljek däldi... Ol özüniň süňklerden, siňirlerden, etlerden, damarlardan durýandygyny bilýärdi. Ol öz ölüminden gorkmaýardy. Kime gerek bolan bolsa, şolar üçin ýaşaýardy. Ýaşaýyş hem, ölüm hem: biperwaý çäksizlige äkidýän göni çyzyk ýol. Ol ýerde hiç zady we hiç kimi gözlemek gerek däl — bu ýerde bolsa? Pökgi dodaklar, göwüslek, edil öllenen ýaly, ak we ýumşak deri. Hemmesi nepis däl. Megerem, gödek, jynsy. Onuň halaýan aýallaryndan. Lukmançylykda adatça bir gijelik tanyş bolýardylar. Ýatyp-turanlaryndan soň, dost bolup galýardylar. Fiziologiýa — edil patologoanatomiýa ýaly okuw dersi. Ähli hünärmenler — bir jynsly. ­Jynslaryň deňligi bolsa näme — bu dostluk. Aýlaw giň hem bolup bilýärdi. Aýlaw boýunça ýöreýärdiler. Talyplaryň arasynda şeýle degişme bardy: “Ähli lukmanlar — erkek doganlar, ähli şepagat uýalary bolsa — lolular!” Lukmanlar — iň ynjyk adamlar. Dostlugyň, söýgä seredeniňde, has arassa bolmagy ahmal? Jübütler emele gelýärdi: ortoped — we okulist, kardiolog — we urolog, stomatolog — we proktolog... Ýa-da, olar ýaly: hirurg — we dermatolog. Soňra haçanda eýýäm näme üçindir biri-birleri bolmasa oňup bilmeýän wagtynda maşgala... Soňra köpüsi bilen, kim bilen bile okan bolsalar, maşgala bolup gatnaşýardylar... Ýoldaşlar, işdeşler, eskulaplar hemmesiniň kasamy bir: “Apollondan, lukman Asklepiýden, Gigeýadan we Panakeýadan, ähli erkek we zenan hudaýlardan, olary şaýat tutýaryn, öz güýjüme we öz aňyma laýyklykda şu kasamy hakyky ýerine ýetirmegi kasam edýärin...” Ol işden soň öýüne gelip, maşynyny howluda taşlap, köp zada üns hem bermeýärdi. Aýaly aňýardy, dymýardy — ol hem, haçanda ýalan sözlemek biderek boljak bolanda, araçäkden geçmeýärdi. Umumy — bölmeli zat. Munda iň geň zat hem: umumy çaga. Aýalynyň öz puly peýda boldy. Birden ýol şaýyny tutýardy— näbelli jorasy bilen syýahata gidýärdi. Gidip barýarka, yzyna seretmeýärdi. Bu gaçmaga synanyşyk­dy. Aýaly yzyna gaýdyp gelmän hem bilerdi, ol muny duýýardy. Ispaniýa uçýaryn diýýärdi... Soňra Taýlanda... Öýüne, onuň ýanyna, kiçijek gyzynyň ýanyna aljyraňňy, boşap galan ýaly bolup gaýdyp gelerdi. Näme diýseň hem suwenirjikler, arzanja sowgatjyklar getirýärdi— emma hiç zat gürrüň bermeýärdi. Ol hiç zat soramaýardy. Beýlekileriň nobatçylygyny — we günlerini alýardy, öýde ýatýan wagtlary azalýardy. Hemme zat bir wagt gutarmalydy. Birnäçe gezek, belki, eger ol ony uran bolsady, hemme zady gutardyp bilýärdi... Emma çydady. Sebäbi ol has güýçlüdi we hiç kime özüni ejizletmäge rugsat bermez. Aýaly oňa şony etdirjek bolýard. Haçanda sözler — edil tüýkülik ýaly bolanda, aýaly iň elhenç zady aýtmagy hiç zatça görmeýärdi. Özüne ýanaşmakdan mahrum etmek — eger-de ol olaryň arasynda bolaýanda-da, diňe fiziki taýdandy, bu nämedir bir ýigrenç döredýän zatdy. Talap etmek, talap etmek, talap etmek... Ýa— da hamala ol ýok ýaly görmek, hatda onuň adam hökmünde öz ýanynda bolmagyny hem islemeýärdi — soňra bolsa eýýäm onuň ýanyndadygy üçin isterika edýärdi, sesli aglaýardy we gygyrýardy... Diňe onuň özüni sansyz hasaplamagy üçin şeýle edýärdi. Her gün bolsa aýaly özüni has hem bagtsyz edýärdi. Ukuda wagty, edil kiçijek ýaly, iňňildäp aglaýardy. Öz durmuşyndan içi ýanan, ejiz, içinden ýaralanan jandar ýalydy. Bu kesel ýaly bolup görünýärdi (kesele meňzeýän ýalydy)... Ähli bolup geçýän zatlary, şeýle-de ol hakyndaky, kesel hakyndaky hakykaty olaryň özi garyndaşlaryndan, ýakynlaryndan gizlediler. Diňe bu dymmak dildüwüşligi nähilidir geplemeýän, ýalňyz — ýaşaýşa meňzeş zady uzaldýardy. Ol ýaşaýyş barada hemme zady bilýändirin diýip pikir edýärdi... Kakasynyň gyzy — ejesine seredeniňde, kakasyna has ýakyndy. Kakasy ýogalandan soň, ol ejesinden has hem ýigrenç bilen daşlaşdy. Kakasy çagalaryny ýetişdirip, maşgaladan gitdi, men diýen wagty ýaşajyk, gyzy bilen ýaşytdaş diýen ýaly, gyza öýlendi, iki ýyl­dan soňra bolsa, ony dul goýup, göni içegäniň operasiýa edip bolmaýan düwnük keselinden ýogaldy. Hamala, ol hemme kişä dönüklik eden ýaly we hemme kişi oňa dönüklik eden ýaly, göwni bir ýaly bolup ýogaldy. Oňa hiç kimiň gerek bolmadygyny, ol, gyzy, haçanda özüniň kakasy bolan, krematoriýanyň pejine ýakylmak üçin ýeke özi ýalňyz ugranda göz ýetirdi. Ol hem, öz ene-atasynyň ölümini başdan geçiren adamlaryň köpüsi ýaly, hemme zada düşünýän kişi boldy. Belki, öz duýgularyny görkezmän, günäsini geçendigi üçin özünden razy bolýandyr. Gyz hemme kişiniň ony, ýöne diňe onuň ýeke özüni söýmegini isleýärdi. Bu özboluşly telbelikdi. Şonuň üçin ony ejesinden gabanýardy, onuň barlygy bilen ylalaşmak islemeýärdi. Ol kakasyz ulalypdy. Erbet ýa-da gowy, hemmeleriň kakasy bardy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasynda bolsa çyzyk durdy. Ejesi geçmişi gizleýärdi: ogly kakasy hakynda gürlemäge-de, pikirlenmäge-de milt edip bilmeýärdi. Ol köp kanunlar boýunça ösüp-ulalypdy, olary bozup bolsa, dönük bolupdy, eger-de ol heniz hem özüni onuň ejesi hasaplaýan bolsa, bu adam hakyndaky ýatlamany ýok edendigi üçindir. Bu onuň üçin özgäniň syrydy: kimiňkidigiň tapawudy ýok. Kakasy ýaşap hem, ölüp hem bilerdi — emma ol ýokdy. Barybir, ol öz kakasyna meňzemek islemeýärdi; ol nähili bolmalydygyny — öweý ogly ýaly edip, durmuş öwretdi. Bir gezek ony aýaly öpüp ukudan oýardy: ýaňaklaryna ýeňil we mähirli galtaşdy. Ol näzikligi duýup, hamala täzeden doglan ýaly bolup, oýandy. Aýaly başgady, ünsli we aladaçyl, sabyrly we näzik bolup, edil fantom ýaly ýüze çykdy. Emma şeýle, bir pursatda, aýalynyň buýrugy boýunça, onuň islegi boýunça olaryň durmuşynda ähli zat üýtgedi. Bu soň ol kilesä gitdi we kiçijik gyzyny hem äkitdi... Öýüň ähli ýerinde goraýan ikonajyklar ýüze çykyp başlady. Dindar aýal. Boldy...Bolupdy... Emma haçanda gaýdyp gelende, elmydama onuň ýüzünde çendenaşa azat bolmagyň bagt nury bolýardy. Adamsy bolsa, ondan nähili daşdadygyny duýup, nämedir bir zada garaşýan ýaly, dartgynly doňup galýardy. Aýaly, titräp başagaý bolup, geljekdäki her bir zat barada täze pikir bilen alada goýýardy, ýöne nämäni häzir saýlamaly, satyn almaly, çözmeli, etmeli bolup çykýar. Ol boýun egýärdi we gözleri şeýle bir gapylypdyr welin, onuň ýagdaýyndaky has güýçli üýtgeşmelere hem üns bermändir. Özüniň göwrelidigini aýaly gizläpdir. Belki, özüniňkini dogry hasaplandyr aldap, özüne guwanandyr. Çydapdyr. Sabyr-takat edip, bularyň hemmesi şemli ýerliksiz agşamlyk nahar gurnamak, syrly ýylgyryş bilen, onuň çagasyny göterýändigini aýtmak we onuň — eýýäm özüniň bilýändigini — oglandygyny aýtmak üçin gizläpdir. Jomartdy, sahylyk bilen gözel görünýärdi. Öz adamsyna hem iň gymmatly sowgat berdi. Oglanjyk kakasynyň adyny göterer — aýaly şeýle diýdi. Hemme zat aňsat aýdyldy. Ol aňsat razylaşdy. Soňra her minutda aňsat boldy. Aýaly baýramçylyk isledi, olary bolsa aýalynyň özi oýlap tapdy: seýilgählerde gezelenç, şäheriň töweregine syýahatlar, dost-ýarlar üçin oturylyşyklar. Bäbek hamala enesiniň ýatgysynda uklap ýatan ýalydy we alada goýanokdy. Erkinlige berlen wagt uçup barýardy. Wagtyň geçip barýandygy mese-mälimdi Ol soňuna ýakynlaşanda, ýürege düşgünç geçmän başlady. Şonda ol dymyp başlady, her gün kilise gulluklaryna gidýärdi we ýeke özüniň bolasynyň gelýändigini üçin, indi gyzyny hem ýanyna almaýardy. Soňra bolsa ýitdi, gitdi we öýe dolanmady — ol barada birnäçe gün hiç kime hiç zat belli bolmady... Adamsy bolsa ony bolup biläýjek ýerlerinden gözledi — emma morglara jaň etmedi. Ynam — bu garaşma. Örän hakyky. Eger ynanýan bolsaň — garaşýarsyň. Ol hökman garaşmalydy. Aýaly hiç zada düşünenokdy... Bu birden aýnada görlen ýaly boldy. Haçanda ol gaýdyp gelende, hiç bir soraga jogap berip bilmedi. Üstesine-de bu — okara ýaly giňden açyk, ýumşak, mähirli seredýän gözlerinde bir gorkuly zat doňup durdy. Bagtly ýylgyryş... Garny bilen... Göwreliligiň soňky möhletinde... Hiç kime hiç zat aýtman... Ýarymsamsyk däli zenan däl ahyryn... duýgusyz haýwan hem däl ahyryn... Ol haçan sorag gutararka diýip, garaşyp, ýylgyr­ýardy we dymýardy. Oňa seredip bolsa, adamsy öz özünden gorkdy... Ony erkinlikden mahrun etjekmi? Ejir çekdirtjekmi? Emma onuň ýüreginiň aşagynda kalbynda onuň çagasy bar. Hemme zady ýatdan çykarmaly. Haçanda aýaly dogranda, ýadyn­dan çykardy. Ol günäsini geçdi. Ogly boldy! Ine eýýäm ýuwaşja şatlyk ýyladýar... Onuň birinji inçejik jädildisi... Birinji manyly garaýşy... Birinji ýylgyryşy... Haçanda ol çokundyrmadan soň, ogluny eline alanda bolsa, özüni bu kiçijik adamjyk bilen deňeşdireniňde, samsygrak we garryrak duýup, diňe onuň üçin ýaşamagyň, oňa hyzmat etmegiň köre-körlük islegini aňdy... ençeme köp şatlyk, kä minutlarda bolsa gorky döreýärdi: näme üçin? Haçanda ol ogluny plastmassa wannojykda suwa düşürende, özleriniň şatlygyny, kupeli ýatlady... Birden elleri titräp gitdi. Näme üçindir: telefonyň jyňňyrdaýandygy, ýat agras sesli biriniň: “Siziň aýalyňyz ýogaldy” — diýýändigini göz öňüne getirdi ... Onuň özi näçe gezek bu sözleri, hatda näme üçin şeýle bolmalydygy barada pikirlenmän, hut şeýle aýdypdy: soňy — başga bolsa hiç zat?! Ol özüniň adamy sagdyn etmegi başarmandygyny boýun alyp, henize çenli özüni şeýle ejiz duýmandy. Her bir lukman şeýle ýagdaýlarda, elbetde, Amerikada muny örän aňsat bejerýändiklerini bilýär. Rossiýada bolsa näme edýändiklerini özleri bilmän, endik edinýärler: syna­nyşýarlar, bar bolan dermanlary çalşyp görýärler, bar bolan hassahana naharyny belleýärler... Şol wagtda bolsa gemoglobin aşak düşýär. Gipoksiýa güýjeýär. Ol bilýärdi. Şonuň üçin gepleşdi, saldy — ýöne özüniňkä däl — onuň nähili çaga ýaly gorkýandygyny duýýar... Çaga bu ömrüň hemişelik däldigini aňdy... Ömür — bu ölüm. Diňe haçanda titredýän agyrylaryň duýdansyz rahatlanýan tutgaýlaryndan) soň, kellesini ýassyga goýup, her bir nerwi bilen adaty rahatlygy duýýar — ýylgyryş biperwaý gansyz-petsiz ýüzüne mähir çaýýar. Hassahanadan öň. Gorkyny ýeňmek üçin, bolmagy ahmal, hoşlaşyk däbini geçirdiler... Ertir ol aýalyny hassahana hiç kime belli bolmadyk möhletlik äkider. Munuň gutulgysyzdygyny aýaly dabaraly we rahat, hamala bu onuň oýnaýan keşbi ýaly, ýöne örän çyndan kabul etdi. Ir ertir, ýaňy jahan ýagtylanda, olar, gyzlaryny turuzmaly diýip, kolýaskaly öz jaýlarynyň howlusyna çykdylar. Bäbekjik, bu tomusda şäheri demikdiren erbet gyzgyn ysdan arassalanan, sowujak howadan duýgurlyk bilen burnunyň deşikleri bilen sorup dem alyp we we özüne siňdirip yklap ýatyrdy. Olar boşan oýnawaç şäherine meňzeýän çagalar meýdançasynyň töründäki älemgoşaryň ähli reňklerine reňklenen gülkünç oturgyçda oturdylar we azajykdan owurtlap gazly suw bilen garylan ak çakyr içýärdiler, elbetde, hrustal bokallardan, edil Täze ýylyň öňündäki ýaly: indi eýýäm diňe bir arzuw däldi — ýene-de we ýene-de, her owurtda, çüýşe boşaýança arzuw edýärdiler. Aýaly arzuwlaryň köp bolmagyny, ola­ryň dürli bolmagyny, ýöne biri-birlerine sesli hiç zat aýtmazlyklaryny isledi... Ol oýna goşuldy, jan etdi. Çakyr hemme zady: hatda agyryny hem ýeňil, ýakymly etdi. Örän sowuk, buz ýaly — haçanda aýaly eýýäm iýmit iýip bilmeýän diýen ýaly wagtynda — ýöne suwy, diňe suwy, içmek ýürek bulaýardy. Olar çagalary hakynda gürleşdiler... Onuň ýeke özüniň olar bilen nähili boljakdygy hakynda... Emma, eýýäm öýden, maşgaladan, çagalardan aýrylan, näme üçindir iň soňky we iň tebigy şatlykdan: bäbegi görmekden, boýun gaçyrýardy... Gorkýardy, onuň muny etmezligini haýyş edýärdi, şeýle bir ynandyryjy aýdýardy welin, hamala gürrüň ýaşaýyş ýa ölüm barada barýan ýalydy. “Goý meniň oguljygym hiç zat bilmesin. Men gaýdyp gelerin — we ony görerin” — diýip, geň zatlary aýdýardy. Ol aýalynyň ony sagdyn, erkin ýagdaýda görýändigi üçin utanýardy. Kesel aýalyny näzik, ejiz owadan etdi... Onuň üçin ýakymsyz bolan, nämedir bir zat edilýän palatanyň gapysynda durup, ol häzir hem süýji beden agyrysyny duýup, Aýaly barada aýal hökmünde pikir edýärdi. Ony görmek üçin gelýärdi... Aýaly adamlary özüne imrikdirmegi başarýardy, bu bolsa şeýle bir aňsatdy welin... Umumy nobatda ýa-da naharhana iýmitine durlanda kimdir birine ýylgyraýmaly. Sanitarka ýa-da şepagat uýasyna süýji, miwe sowgat edäýmeli. Ol özüniň duşundan peýdalanmaga rugsat ederdi, özi bolsa ynjyklygyndan üstün çykmaga güýji ýetmänden soň, öl gyzgyn süpürgüç-polotensa bilen süpürinýärdi. Käbiri soň onuň häzirki zaman kosmetologiýanyň täsinlikleri, derä dogry seretmek hakyndaky gürrüňlerini diňlemäge gelerdiler. Agşamlaryna bolsa umumy palatalardan onuň aýra­tyn boksuna dindar aýallar doga okamaga gelerdiler, ol olary muny: nobat boýunça okamagy we dogalary diňlemegi bile etmäge gowudygyny ynandyrdy. Ýöne ol hemmesinden haýyş edýärdi: “Meniň üçin hem dileg ediň”. Ol şeýle bir labyzly aýdýardy welin, onuň haýyşynyň täsin, keramatly bolup görünýän bolmagy ahmal. Ol muny edil jadyly ýaly edip aýdýardy: “Meniň üçin köp aýal dileg edýär”. “Bir wagt kimdir birini direldip hem bolardy”, — diýip, hamala eşidýän zadyna ynanmaýan ýaly bolup, adamsy degişýärdi. Birden aýaly Diweýew hakynda gürläp başlady, ol ony maşynada Diwedeýewe äkitmeli, haýsydyr bir zenanlaryň monastyryna — şonda aýaly sagalar. Emma bu mümkin däldi. Haçanda aýaly ruhanyny çagyrmagy haýyş edende — ol onuň hiç bolmanda bir arzuwyny ýerine ýetirip biljekdigi üçin, ýeňillik duýdy. Aýalyny bejerýän lukman bilen gepleşdi, düşünýärdi, özi bolsa onuň ýagdaýynda beýle zada rugsat bermezdi. Lukman onuň aýalyna psihiatoryň maslahatynyň peýdalyrak boljakdygyny ýuwaşlyk bilen duýdurdy — emma hökman diýmäge boýny ysmady... Ol hem gahar bilen pikirlendi: “Elbetde, kimdir biri seniň hassahanaňda titräp towlanýar — emma bu kada hasaplanýar... Kimdir birine seniň özüň hiç hili kömek edip bileňok — ýöne sen antidepresantlary içip başlaňok... Sen doly öz aklyňda... Sag­dyn... Şonuň üçin hem bilýärsiň, çözýärsiň... Hassalaryň jany eliňde hasap edýärsiň...” Aýaly ýene-de näçe günleriň, hepdeleriň, aýlaryň... gerekdigini bilmän, näçe çydady. Agyry we sowuk şepbeşik der, gusuk we gan... Mertlik, güýç bolmasa-da, aýaly göreşdi. Hiç zada düşünmeýärdi. Aglan gyzyny öz ýanyna çagyryp, kakasy oňa seretdi... Öz ejesine şeýle meňzeş, gyzy gaharlanyp ýüzüni öwürýärdi, gözlerini gizleýärdi... Pyňkyryp goýberdi: “Näme? Maňa gowy görýän diýjek bolýarmyň?” Haçanda ol sesini çykarman gyzyny özüne çekende, heniz hem onuň günäsini geçmek islemän, barybir: “Ine seretsene, ýene biri maňa aşyk boldy...” — hüdürdäp goýberip, rahatlandy. Hassahananyň koridorynda ýalňyz aýallar özleriniň öý halatlarynda gezmeläp ýördüler... Ahyryn, palatadan gara der bolan ruhany çykdy. Çalt ýa baş atdy, ýa-da egildi — gözden gaýyň bolmak üçin gyssandy. Aýaly ýüzüni ýassyga berip, koýkada ýatyrdy. Onuň ýanyna şol bada gyzy okduryldy, gujaklap we gorkup: “Eje jan agyrýarmy? Agyrýarmy?” Tutgaýdan soň hassa gözlerini açdy, edil ukudaky ýaly, köp ýüze gözi düşdi... Bu hassanyň aladasyny edip ýadana meňzeýän lukmanyň, bolup geçen zat barada pikir alyşmazlyga sypaýyçylygy ýetdi. Şepagat uýasy aýalynyň wenasyna, hamala gan goýberen ýaly edip, sanjym etdi, hassa bolsa öz aşagynda ýumşak, possuldap duran bir zat duýup, uka gitdi. “Kaka, ejem öldümi?” — diýýän, titreýän ysgynsyzja ses eşitdi. Bu juda arassa we garrylaryň ysy tutan, ýalaňaç diwarly otagda olaryň ýeke özi galdy. Holodilnikli, telewizorly, stoljykly we ýene-de bir boş koýkaly, hamala bu biriniň öýi ýalydy. “Ol uklady. Biz ony oýarmaly, biz gideli”. Ol gitmeziniň öň ýanynda boşluga: “Hany nirede siziň Hudaýyňyz?” — diýip, manysyz aýtdy. Ejesi bolansoň özüni ýat duýan öýünde, ol ejesiniň soraglaryna göwünsiz ýa-da gödek jogap berýärdi, onuň bilen ýürekden gürrüň etmejekdigine düşüner ýaly edýärdi, eger ejesi göwnüne deglendigi üçin öýkeläp gidäýse-de, oňa bildirýän ýeri ýokdy. Gyzjagaz özüniň kiçijek otagynda gizlendi, ýöne onuň ýeke özi gorkýardy. Näme üçindir onuň ýadyna oglan jigisi düşdi — çaga krowaty duran ene-atasynyň otagyna bolsa, ony ýürege düşüp barýan ümsümlik itekledi. Oglan jigisi ýumşak gizlin törde ýatyrdy — dem almaýan ýaly bolup göründi. Ýuwaşja adyny tutdy... Ümsümlik. Birden hem jigisi, direlip, geň galyp gözlerini açdy. Gyzjagaz, hamala ony iň soňky gezek görýän ýaly, aglap başlady. Bäbejik oňa seredýärdi, oňa ellerini uzadýardy we ýylgyrýardy. Gyzjagazyň gözleri ýyldyraýardy — olarda şeýle bir şatlyk, ýagtylyk, ýaşaýyş bardy.