Sweta, ýa-da meniň hakyky erkek kişi bolan Günüm
(eserden bölek)
Eger bäbegijigiň gorkuzyjy agramyny, salyhatlylyk sebäpli kommunist-kakadan sekiz ýüz kilometr uzakda cokundyrylyşy we Donuň gözbaşynyň ýokarsyndaky mähriban panel jaýy suratlamdyrmagy (ine ol, girelgäniň çep tarapyndaky çapym-çapym bolan et çapylýan çapgy ýassygy, wagtlaýyn ýaşaýyş jaylarynyň öňündäki domino stollary we toýlardaky maskarad geýimli adamlar, olaryň içinden murty galam bilen çekilen milisioner aýratyn saýlanýardy), goýbersek, onda geçen tomusda meniň gyzymyň (oňa Aliss diýeliň, ol “şugundyr güli” diýmegi aňladýar; eger Awerill diýlen bolsa, onda “biçilen doňuzlaryň söweşi” diýmegi aňladardy), ejesiniň repetitorlara beren birnäçe müň funt sterling puluny “Bitewi Döwlet Synaglarynyň jemleri boýunça” diýlen grafadaky arzuw edilen iki belgili sana çalşyp, meniň berýän maslahatdyr öwüt-ündewlerime gulak gabartman, bäş uniwersitetiň kabul ediş toparynyň lotereýa biletleri üçin nobata durdy.
Şolaryň haýsy birini tamamlasa hem, Alissa rehimsiz gumanitar mätäçlik — hossarlarynyň mirasynyň soňuna çykmak, adamsyna bolan kemsidiji garaşlylyk (aýrylyşmakdan başga hem myrtar zatlar bardyr, çagajygym!), restoranlaryň arka ýüzündäki çörek gyňaklaryny dilemek, öz wagtynda hossarlarynyň diýeninden çykmadyk baý synpdaşlarynyň jaýlarynyň syr-süpürini etmek garaşýar, — diýip kakasy öňünden çaklaýardy.
Garry kakasyna başga näme etmek galýar? Eýýäm türgenleşik zalyndaky çen bilmezlikden dörän, oňurga arasyndaky inginiň çydap bolmaýan agyrysy sebäpli iki bükülene?
Ýanynda bile gitmeli. Ikilik espressonyň boşan badalarynyň karton gyralaryny dişleşdiren bolup, haýatlaryň “päsgelcilikleriň” we “çäkjagazlaryň” ýanynda garaşmaly! Çak etmeli: Aliss nähili ýagdaýda çykarka? A birdenkä — gussaly bolaýsa? Hemme soraglara jogap berip ýetişdimikä? Şpargalka abatmyka? Basym naharlamaly! A birdenkä edil şu pursat onuň güljagazynyň dünýäniň adalatsyzlygyna, hemme zadyň tölenilendigine we satyn alnandygyna, gowy orunlar üçin ählisiniň eýýäm öýlerindekä bellige alnandygyna gözi açylan bolsa-dy?!
Şol horlukdan doly günlerde, men, edil merhumyň çykarylmagyna garaşyan ýaly, sessiz-üýnsiz duran mähelläniň, özüm ýalylaryň arasynda durdum. Güwänamalary görkezýän talyplyga dalaşgärleri içerik goýberýärdiler, diplomlaryny döşüne gysyp, uçurymlar daşaryk çykýardylar. Göräýmäge: bular şol bir adamlar, bäş ýyl açylyp-ýapylýan gapynyň aňyrsynda peýdasyz hem zyýansyz derman dänejiklerini ýuwudan, Bilimler Ybadathanasyna birmeňzeş ýat bolanlar (öz arasynda “heniz” we “eýýämi” paýlaşyp); bary-ýogy tapawut bir-iki santimetr boýlarynda hem göwresini tutuşlarynda — içerik girýänleriň tolgunmasy, terk edýänleriň biperwaýlygy; hemme taraplarda — dürli tarapa gidýardiler.
Tutuş ömürboýy Alissa bahalaryň, bäsdeşligiň, synagçynyň keýpiniň erbet bolmagynyň ýa-da hoşniýetliliginiň, kabul edilmegiň hem okuw jaýynyň adynyň Ykbala jinnek ýaly gatnaşygynyň ýokdugyny ynandyrýanyň, meniň, birdenkä, üstümi ýatlamalar basdy, yz ýanyndan bolsa haýwan gorkusy gaplap aldy (hamana: hawa, şeýle, şunuň bilen durmuş hem ykbal çözülýär), men Hudaýa hamd pyşyrdadym: nähili bagt, men indi talyplyga dalaşgär däl, gör, nahili hezillik!
Ilkinji bolup bäşlikçiler — görmeksizler, ýa owadanlar, emma agsaýandyklary çalaja duýulýanlar: şeýle aňsatdygyny, hatda içgysgynç! — diýýän ýaly, ýigrenç bilen gözleriniň gytagyny aýlap çykdylar; bäşlikçileri hic kim garşylamady, olaryň erkinlikde eden ilkinji hereketi telefony gulagynyň deňine galdyrmak boldy we näme? Nähili tema? Her auditoriýada näçe adamdan? ýaly soragly nalyşyň arasyndan jogap bermän geçip gitdiler. Olaryň yz ýanyndan adaty däl, adaty däl ýadaw we adaty rahat haldaky çagajyklar çykdylar, olary “mersedesleriň” jümmüşinden çykyp, syrty uly, gülgüne köýnekli adýutantlar garşyladylar, eýýäm ýöräp baryşlaryna jaň edip: “Biz indi nähili hereket etmeli? Haýsy girelgä? Benewşe ruçkada ýazdy!”, eýýäm soňundan bolsa, — “esasy köpçülik”. Meniň welaýatlardan gelenlere — özümiňkilere rehimim inýärdi: ütüklenen balakly, yhlas bilen arassalanan gyzgyn köwüşli, köýneginiň iň ýokarky iligine çenli ildirilgi, arassa ýüzli ýigdekçeler, agyr torbaly kakalar, kotletler bankada, hyýary çekinjeňlik bilen kitirdetme we ýumurtganyň daşynyň haýadyň direginiň depesine urlandaky tyrkyldysy. Welaýatdan gelenler geçip barýanlara çenden aşa mylaýym ýüz tutýardylar, gapdalda durup uzak wagtlap pyşyrdaşýardylar we “Biz nirä?” diýip, garawuly birahat etmezden öňürti, borçlaryny paýlaşýardylar. Haçanda hökmürowan şahs geçirimlilik bilen: çyzyk boýunça diýip (yerli ýaşaýjylaryň hiç kimden rugsatsyz geçýän ugruna) görkezende, welaýatdan gelenler edil ilkinji synag tabşyrylyp, ilkinji aýgytly ädimleriň biri ädilen dek — ullakan üstünlik gazanylan ýaly şeýle bir şatlandylar hem minnetdarlyk bildirýärdiler!
Welaýatdan gelenler — pulemýota tarap ylgaýan pyýada goşun, ýöne tersine: ähli pyýada goşun söweş meýdanynda galýar — welaýatdan gelenleriň ýekejesi hem galanok; bordýurlarda, tamburlarda, hossarlarynyň egninde aglaşarlar: bary-ýogy nolda bäş bal ýetmedi! — Kursk wokzalynda ilkinji ädimlerinden başlap gözegçilik edýän, “Hany, bize tölegli okuwa geliň”, diýip kagyzlary uzadýan garaguşlar bilen gurşalanlar.
Seresaplylyk etdim, yza öwrüldim: ýeňsäm žurfaka tarap, ýüzüm Aziýa we Afrika institutyna tarap — onuň çalaran taryhy kerpiçlerini ýalaňaçlap suwaglaryny aýyrýardylar, üçekde bolsa köpýyllyk gyrymsy agajy ýel yralaýardy — ýöne barybir ýatlaýardym... Ine, hakykatdanam adamlara näme agalyk edýär, ine güýzüň şol peselip urunýan tolkunlary bolan hepdeleri nirede galypdyr: eýwanda we derrewem bosagadan aňryk; meniiň haýpym geldi. Muňa başgaça näme diýmek bolar? Tolgunma hem ýeňiljek hasrat. Hawa, duralgada maşynlaryň sany köpelipdir. Ýok, maşynlar-a ýadyma düşenok. Maşynlar ýokdam! Men çykýanlardan ýigrimiýyllyk ýonuşgany aýryp taşladym: olmuka? Ol? Meniň bu ýerdäki tanaýanlarymdan kimdir biri. Sen näme üçin içerik gireňok? Diňe ýekeje gezek Alissanyň yzyndan ýöräp, içerik girdim, meniň ganym gaýnap, endamym lowlap gyzdy, artykmaç gan agram saldy. Talyplyga dalaşgärler we janköýerler basgançagyň çepinde öňki kitaphanada otyrdylar, fakultet könelişipdir, parket jygyldaýardy. Men basgançagyň ýeňse tarapyndan aýlanyp geçdim; haýsydyr bir “ýerleşdiriji bölüm” — gazet okalgasy nirä ýitirim bolduka? Wokzalyň ýerasty geçelgelerindäki ýaly azyk dükanjyklary, basgancak perde bolupdyr, ýene ýokarrakda “institut” diýen ýazgyly tablisajagazlar, men auditoriýa girdim, hamala onuň özi maňa ýatladýan ýaly: “Üç ýüz on altynjy!” — tagta, hek bölejigi, şu ýerde men okuwa giripdim we goňşy stoluň aňyrsyndan ýer ýüzündäki iň owadan gyz gülüp bakýardy. Indi bolsa. Indi bolsa. Endamyna agyry aýryjy gel çalnan goja, göýä barmak yzlarynyň galmagyndan howatyrlanýan ýaly, barmaklaryndaky heki süpürýärdi.
Aliss, men fakultetde bir müň dokuz ýüzünjide, noýabrda, haçanda kartoşkada agzybir bolan birinji kurs, irden sagady gurýanlara we stipendiýanyň nämedigini hem bilmeýänlere bölünen wagty peýda boldum.
Jaňly sagatlaryň eýeleri “birinji jübüt sapaga” turýardylar, “men bu gün ikinjä” diýýänler sowuk alagaraňkylykda berk gysylan eginleri we tigirli teležkalary daşaýan ýigrimi altylyk tramwaýa garaşýardylar, we böküp münýärdiler, sokulýardylar, ýelmeşýärdiler, gujaklaýardylar, asylyşyp durýardylar, sag aýagyny ýerleşdirýärdiler ýa-da gapa gapjadýardylar, ýa-da syrgyna ýüzlerini tutup eglip, howlularyň içinden gytak geçip, dymyk zalynda ýekşenbede der yslarynyň şäher festiwalyna gatnaşýan nuizmatlaryň ýygnanýan ýeri bolan “Ulan-Bator” kinoteatrynyň gapdalyndan “Akademikä” tarapa ýöreýärdiler.
Olar gün batandan soň, söýgüli mugallymlaryny metro çenli ugradyp, fakultetiň çäklerini terk etdiler we naharhanadaky agşamky bir stakan gaýmakdan soň, umumy ýaşaýyş jaýynyň kitaphanasynda duşuşýardylar, haçanda ol ýapylanda, žurnalistika fakultetiniň etažlaryndaky (ikinjiden sekizinjä çenli) okalgalardaky stollaryny eýeleýärdiler ýa-da aşhanada biş-düş edýärdiler, kir ýuwýardylar, diwar gazetini taýynlaýardylar, Dnepropetrowskä ejelerine hat ýazýardylar ya-da dokuzynjy etaža toprakşynaslaryň ýanyna galýardylar, syýasat barada jedel edýärdiler toprakşynas gyzlar (näme uçin erkekler toprakşynaslyk fakultetine girmedikäler — bu şu günki güne çenli mälim bolmadyk ganly kommunistik düzgüniň iň bir elhenç syry) erkekleriň islendik jemgyýetine şeýle bir begenýärdiler welin, men haçanda päk ahlakly aýal hem gaýduwsyz ene gaty sesli we utanman: “Men MDU-nyň toprakşynaslyk fakultetini tamamladym!” diýende, häli häzirlerem utanýaryn, çünki, boýun alýar: a men MDU-nyň toprakşynaslyk fakultetini tamamladym! Kim munuň bilen öwünýär?!
Sagatlaryny gurmadyklar bolsa (goşun weteranlary, önümçilik weteranlary we SSKP-niň «fabrik işçisi» milli syýasatynyň üsti bilen synag tabşyrtman geçirilen daglylar— sakallary syrylmadyk tireler), uzak wagtlap ýatýardylar, mydama, gije-gündiz diýen ýaly ýatýardylar we hemişe diýen ýaly içýärdiler, kätelerem garawul, tämizleýji bolup işleýärdiler ýa-da ownuk kezzaplyk edýärdiler, okuwdan çykarylýardylar, dikeldýärdiler, pul karz alýardylar, myhmanlary kabul edýärdiler, psihologlaryň ýaşaýan ýeri bolan birinji korpusda ahlak keşplerini ýitirdiler, uçastok milisionerine düşündiriş ýazýardylar we uniwersitete diňe synag möwsümi döwründe gelýärdiler, esasan, ýatýardylar, iýýärdiler we içýärdiler — häzirki döwür üçin anyk nahili atlandyrjagymy bilemok welin, gepiň gysgasy, olaryň tanyş gyzlary örän köpdi. Şolar, sagady gurmaýanlar, şu hili tanyşlygy gözleýärdiler. Ýöne mydama şowuna däldi. Emma hemişelikdi. Diýmek, olar Şwernik köçesi, on dokuz, ikinji korpus salgysynda jennetde ýaşaýardylar.
Sowet hökümetiniň soňky, ukuly hem hereketsiz ýyllary içinde okuwyň manysynyň, wezipe gözlemegiň döwlet eýeçiligine hormat goýmagyň, kanuna gulak asmagyň, halal durmuşyň, Watana gulluk etmegiň galynlaryndan mahrum etdiler — ýok, hiç kim mugt ulanmak görnüşindäki iň soňky adalatlylyga tarap ýoluň örän basym diwara direjekdigini bilenokdy, hemem yza gaýdalyň, şol sebäpli öňde barýanlar soňky orna geçerler, ýöne nädip hem bolsa, gitmekde manynyň ýokdugyny duýdular. Birazrak pionerlik, köprägem komsomollyk, hemmesinden gowusy goşun (partiýa bize garaşmady, iki santimetr ýetmedi!) adama düşündirdiler: doly diri bolasyň gelýärmi — onda boýun gaçyr-da pökger. Az gan döküp, meýdana çykman, repeýnigiň otura meňzeş güljagazlary ýaly, wagtyň hökümini özünden ýuwaşjadan aýyr: hasapda durmalymy, baş üstüne, kagyz ýüzünde — gatnaş, gyssasalar — saýlawda ses ber, haýyş etseler — çykyş et, mejbur etseler — gel-de iň soňky hatara geçip ymyzgan, ýöne irişmäni berk tut, birden bir zat bolsa-boýun gaçyr, ýarawsyzlyk hatyny al, ýatdan çykar ýa-da uklap gal we özüňçe çalaja çişen bol, uly boljak bolmagyn, şadyýan gyzlaryň arasynda aladasyz hem ýaş bolup gal.
Haçanda men noýabryň ilkinji günlerinde komsomol biletiniň ýitendigi üçin ýere sokulyp, okuw bölüminde peýda bolanymda, biziň kursumyz ine şeýle böünipdi. Entägem meniňki şowly boldy, bölümden meni birinji boşatdylar.
Meniň goşundaky gullugym Matros Tişinadaky ştabyň ýerzemininde howa çalşyrydyjylaryň gümmürdileriniň astynda geçdi.Ýekeje penjire, ol hem kepderileriň aşak gaçyp ölýän beton guýusyna çykýardy, garlar we ýapraklar ýadyma düşenok. Biz bir ýarym ýyllap däliz boýunça otuz metr öňe we çepe uzaýan şol ýerzeminde alakalardyr bitleriň çozuşlaryna çydap ýatdyk.
Ertirlerine, generallar we serkerdeler gelýänçä, men ikinji gatyň hajathanasyna dişimi arassalamak, ýuwunmak, ownuk-uşak kir ýuwmak üçin (iri zatlary şenbe günleri Medwežýih Ozýorada hammamda ýuwýardyk), eger ikinjini tam süpüriji eýelän bolsa, käte üçünjä, käte hem, tyl boýunça gullugyň ýerleşen dördünji gatyna çykýardym. Ol gün üýtgeşik boldy — men diş pasta üçin çykdajy etdim. Puly tygşytlamak üçin çotga bilen diş poroşogy çokalamak besdir — onuň tegmillerini eliňden we ýüzüňden soňuna çenli aýryp bolanok! Tizden döwlet gedaýçylygynyň soňy, bize başga durmuş garaşýar — men özümi şeýle begençli duýdum we agyr týubigi apalap gysdym, artykmaç pasta çykmaz ýaly, barmaklarym bilen ýuwaşja böwetledim. Ýöne pasta daşyna çykmady.
Görlüp oturylsa, diş pastanyň bokurdajagyny haýsydyr ýalpyldawuk... folga kysymly bir zat bilen galaýylapdyrlar — ony bar samsyklygyň bilen gysman, ilki deşmeli ekeni. Ine şeýle Moskwanyň pastasy. Biz, elbetde, yza galdyk. Näme bilen deşmeli? Men külembikäm bilen synanyşdym, diş çotganyň sapy bilen basyp gördüm — folga ýemşeren ýaly hem boldy, ýyrtylmady. Nämedir bir ýiti zat gerek. Ýerzemine çüý üçin gitmäge eýýäm wagt ýokdy, çünki, basym gatlara lampaslardyr papaklar döküler, men týubigi iki elim bilen birdenkä gyssam, pastanyň böwedi açjakdygyna we daşyna çykjakdygyna gözüm ýetdi. Elbetde, men biraz gaharlandym. Eger gymmat bahaly önüm satýan bolsaňyz, ony oňaýly etmegi hem başaryň.
Birden gysyp bolmady.
Men taýýarlandym, ellerimi rakowina tarap uzatdym... Eger artykmajy bolsa... Eger birdenkä damsa, pola däl-de...
Bir!
Başardanok.
Bir-r-r!!!
Edil meniň çak edişim ýaly, boldy. Hatda aňryýany bilen. Hawa, týubik — ol meniň ellerimde ýöne ýarylaýdy!
Hamala onuň içindäki hemme zat öňden gaýnaýan, dyňzaýan we ejir çekýän, daşyna pürküläýse, begenjek ýaly, hemmesi, iň soňky damjasyna çenli daşyna çogup çykdy — hemmesi!-— diňe boşan gaby turbajyk ýaly togalap, taşlaýmak galdy: şeýle hem etdim. Ine saňa gysybam çykardyň. Ine saňa «birje gezek diş arassalamak»...
Men çotga bilen pastany aljak bolup, ony rakowina sokdum. Ýöne rakowinada pasta ýokdy! Ekeje damja-da. Ol tutuş bir ýerik sumat bolupdyr. Men daş-töweregime äňetdim: bu näme boldugy? Her bir ukusyny doly almadyk, hemme zady görýändirin öýdýän, emma hemme zady görüp bilmeýän adam ýaly... Üstesine-de, üç kabinajygyň golaýynda, çüňkdäki rakowinanyň üstünde gürüm-jürüm bolmagyny görmek maddanyň... Aýnanyň garşysynda... Goňur kafeliň üstünde...
Hamana, ýakymsyz, akyla sygmajak bir düýşden oýanyp bilmedik ýaly. Üstesine-de, ikinji gatdan ökjäni götermeli wagt boldy.
Umuman, týubik boş bolmaga çemeli! Zaýalanan! Ýöne böwsüldi. Birdenkä, eýýäm bir elhenç zada göz ýetirýän ýaly, entek doly aňşyrmankam, özüme nazarymy aýladym... O-how, size aýtsam, eý Hudaý!!! — görlüp oturylsa, men öz ellerim bilen görgüli pastany şeýle bir gysypdyryn welin, ol týubikden bokurdajykdan öňe tarap däl-de, yz tarapky tikini böwsäge-de, rakowina däl-de, meniň garnyma ýapyşypdyr we ine şu pursat ýagly narpyzly tokga meniň kitelimden aşaklygyna akýardy we balaklarymda murt ösdürýärdi.
Gaçmaly! Men garnymdaky ysly bulamakdan çotgama ýükläp, dişimi gyssagara arassaladym, kranyň aşagynda elimi iki gezek ölledim — ýüzümi süpürdim we saçlarymy sypaladym, öz goşlarymy alaga-da, basgançaga tarap (hemişekiler ýaly, ilki diňşingerip, soň bolsa çykmalydym, ol ýerde ähli tapawutlandyryp bolmaýanlar dim-dik durdular, çünki, diňe biri hereket edýärdi — Marşal, biziň Goşun Görnüşlerimiziň Serkerdebaşysy,uzyn, biperwaý, hamala onuň owadan, bu ýerdäkileriňkä meňzemeýän ýüzünde göleri ýok ýaly, hiç mahal töweregine seretmeýän,Warşawa şertnamasyna girýän ýurtlaryň goşunlarynyň agressiw niýetlere garşy durmakdaky kynçylyklary baradaky oý-pikirlere batyp, ýokaryk galýardy, öz ýerine tarap ýöräp barýardy... Men entirekläp gitdim, sumat boldum, geçip gidýänçä garaşdym: Indi bolsa? — indi bolsa ştab boýunça nobatçy, öz ýaragdaş dostlarynyň — arakhorlaryň dönüklik etmekleri netijesinde şöhrat gazanan polkownik G., näme üçindir pyşyrdap: onuň yzyndan git! — diýdi. Hut Goşun Görnüşleriniň Serkerdebaşysy: sen onuň yzyndan gitmeli diýip aýtdy! Polkownik G., titreýärdi, eli bilen görkezip bilenokdy (onuň nobatçylygynda!) we gaýtalady: onuň yzyndan! Derrew onuň yzyndan!
Maňa näme etmek galýar? Ädik arassalamaga we krowatyň aşagyndan papagy gözlemäge gitmelimi? Aýylganç tolkun meni guröap aldy we arryldap, çaltlaşyp, göni gazaply şuwwuldaýan Täleýiň agzyna — kabulhana, entek salamlaşmakdan soň gowşap ýetişmedik, iki sany adýutant-maýor hor bolup gygyrdylar: nirä?! Men bihuş halda patdyk-putdyk etdim: ýoldaş serkerdebaşy gir diýdi, — diýip, çukura böküp goýberdim.
Marşal öňde, on metr dagy uzakda, hamala köwşüni çalyşýan ýaly, stoluň aňyrsynda gapdallaýyn otyrdy, men “hatarçy pylany siziň buýrugyňyz boýunça” diýen zatlary ýerine ýetirip, Gagariniň Ýere gaýdyp geleninde, «Wostok» kosmiki korablynyň düşüriji enjamynyň ölçegindäki globusyň öňünde saklandym.
Marşal on sekiz ýaşyndan bäri Amerikany bombalamaga taýynlyk görýärdi, ony diňe bombalaýjy uçarlar, uçuşlar, raketalaryň goýberilişi gyzyklandyrýardy, galan ähli zatlar: hatarda ýöremek, hatarçylar we ýefreýtorlar, ýangyç-çalyjy serişdeleriň ammarlary, egin-eşigiň gyşky görnüşi we resminamalary okamak ony gyzyklandyranokdy; men hiç mahal marşalyň käýinýändigini eşitmedim, bardýurlaryň reňkine, sürüjiniň gijä galmagyna üns bermeýärdi, ýuwaö gelýärdi we ýuwaş gidýärdi; bu biziň iň ilkinji we soňky duşuşygymyz boldy.
Marşal düşünmän we gynanç bilen maňa seredip goýberdi welin, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy: a birden nobatçy ýalňyşan bolaýmasyn? Birden biziň Goşun Görnüşlerimiziň Serkerdebaşysy özi bilen düýpsiz ummana yşarat edip meni çagyrmadyk bolaýmasyn?! — indi onuň özem düşünmeýär: esger näme üçin geldi we marşalyň buludyň üstündäki we sesdenem ýyndam dünýäsini özüniň adaty görnüşli ýagdaýy bilen masgaralap we aýakgabyny çalyşmaga päsgel berýär.
Men kyrk altynjy ölçegdäki köne (çep burny pyçak bilen biraz çapylan) ädik geýýärdim we aýagymy ýöne silkenimde ony çykaryp bilýärdim (öz ädiklerim “okuwda” ýitipdi we äpetleri “wagtlaýyn” berenlerine eýýäm bir ýarym ýyl geçipdi); balak üçin alada edemokdym: täzeje (könesiniň bolsa garawulhanada (gauptwahtada) sement ýüklemek ýoguna ýanypdy), ýöne adaty geýýänimden iki ölçeg uly, bu giň balakda men milli tansy ýerine ýetirýän wagty böküp kese şpagat edýän ukrain ýigdekçesini gaty ýatladýardym; döşümiň çep tarapynda “HHG-niň otliçnigi” diýen nyşan bardy, sag tarapda gapjykly, harby biletli, “dýuşes” süýjili, şarikli ruçkaly, sapakdyr iňňeli we komsomol biletli (eger ogurlamadyk bolsalardy!) ýagjymak jübim güberip durdy, seňrigiň üstünde sepleşýän ýeri ýelimlenen äýnek ýüzümi gyşyklygyna kesip geçýärdi (onuň gyşyk oturamagynyň sebäbi, sagdaky gulagynyň (duşkojygynyň) nurbatjygy açylypdyr, gaçypdyr we tigirlenipdir, onuň ýerine men kanselýar skrepkasynyň bölegini goýupdum), men sag elimde diş çotgamy, poletensedir sabyn gutymy tutup durdum, çepimde — ýuwlan hem gowy sykylan jorapdyr türsük bardy, ustaw boýunça olar göz öňünde tutulmaýardy — kalsondyr dolaklary ulanmak talabalaýyk hasap edilýärdi; meniň garnymda böleklere bölünen aksowult, ýelmeşen, goýy, futbol pökgüsiniň goýan yzyna çalymdaş zat akjak bolup çalyşýardy. Men bir zatlar düşündirjek bolubam çalyşmadym: nämä gerek? Biz çaga däl ahyryn, biz eýýäm hiç kimiň sen barada “näme boldy?” ýa-da “näme kömek edip bilerin?” diýen manyda pikir etmeýändigine düşünýäris, sen hemmeler üçin aňyrsy görnüp duran — her kimiň diňe öz aladasy, gulluk gerekmejek pikirlerden halas etdi, ýeri, sen kime gerek diýsene? Belki, men mydama şeýle gezýändirin we maňa şeýle rugsat edilendir.
Serkerdebaşynyň ýüzi hohol-kaka çalym edýärdi.Ýöne Nikita ata çakganjady. Ol ýuwaş häsiýetliligi we diliniň peltekligi taýdan — ejesine çekipdir. Tanýa ene eglip, ýygyrtdan gasyn-gasyn bolan, aglaýan ýaly görünýän ýüzüni galdyrman, mydama ýyly ýaglykly gezerdi. Ol ilki ýogaldy, Nikita ata bolsa (köçelerde ony hoholça äheňde “Hykita” diýip atlandyrýardylar), hatda öýkeleýärdem: “Öňräk ýogalan bolsa bolmaýarmy, men öz durmuşymy gurnardym”, — ker bolsa-da we halys gurasa-da, ýeke özi ýene ep-esli ýaşady. On bäş ýylyň içinde ony ýekeje gezegem hamana, wokzal bazaryndaky et çapýançynyň esger geçmişiniň bolandygyna şaýatlyk edýän umumygoşun furažkasyz we serkerde köýneksiz görmedim. Ýene ol şypbyk hem ädik tikýärdi (urazowskili garyndaşlary deri zawoddan gyýkyndylary getirip berýärdiler), hem häzirki döwürde aýdylyşy ýaly, “bergi borçnamalary kadalaşdyrmakda artykmaç rehimsizlik etmekde” tapawutlanýardy, Waluýkalarda zakyjadyr gargalary atyp, günotanlyk nahar bişirilen döwürde, Hykita bolsa öz girdejilerini Woroşilow köçesindäki gozgalmaýan emläge goýdy.
Öýde onuň bilen hiç kim aýratyn gürleşip baranokdy — Marşalyň şadyýan inisi holodilnikleri bejerýärdi, içýärdi we balyk tutýardy, gelni keselbent gyzyna garaşyk egýärdi. Şonuň üçinem, ýagyş ýagmaýan bolsa, ata petregözli Bimo atly itjagazyň ugratmagynda biziň öýümize çenli şarkyldap gelerdi, taýaga söýenip — kiçijik ädimini ädýänçä uzak, minutlap garaşardy, enemi şol bir meňzeş soragly gürrüňler bilen (A Rita nirde? Saşko nirde?) halys ederdi, oturgyjyň duran ýerinde ýadadardy — eýwana galmak bolsa oňa kyndy, onsoňam biziň döwürde we biziň töwerekde myhmanlara çaý bermeýärdiler. Mamam tutuş köçä eşidiler ýaly gygyrýardy, haçanda haýadyň yşlaryny kiçi boýly, deň basylýan, süýrenýän hereket kesip geçende, beýlekiler gaçýardylar we gizlenýärdiler, enem bolsa sabyrlylyk edýärdi: garyndaş! — onuň ogly Nikitanyň gyzyna öýlenipdi; ilki deň däl nika, ýöne wagtyň geçmegi bilen deň dällik ýitýärdi. Indi bolsa eýýäm bütinleý ýitip gitdi — hiç kim galmady, bu tozanyň üstünde men ýeke, subut etjek ýok, biz özümizi tutduk, hiç kimden pes ýaşamyzok, Big-Beniň öňünde surata hem düşdük. Subut edesiň bolsa gelýär.
Ýagny, meniň agam — kakamyň dogany Marşalyň süýtdeş aýal doganyna öýlenipdir, Marşalyň özi, Goşun Görnüşleriniň Serkerdebaşysy, elbetde eşidendir, onuň hoşgylawlylygynyň netijesinde bir esger Mary-1 aerodromynda uçarlaryň guýruklaryny göterenok, we gije-gündizläp Aredinskde gar arassalamaýar, elbetde, haýsydyr bir ýerde umumy ýagdaýda, eşiden bolmagy mümkin (her goşun görnüşinde dowzah bilen araçäkdäki düýbünden goralmaýan ýerlerem bar, Aredinskä gulluk etmäge uçup barýan uly ýaşlylar, meniň gözümiň alnynda aglapdylar), nirededir bir ýyly ýerde, Moskwada, golaýda (ol ştabyň ýerzemininde adamlaryň ýaşaýandygyny, operatiw oýunlar üçin niýetlenen zalda bolsa meniň raýat eşiklerimi saklaýandygymy we şenbe günleri ahli Harby-transport awiasiýasyna hem-de ahli Howa-desant goşunlaryna mälim bolan, garažlaryň arkasyndaky gizlin ýerden haýatdan aşyp geçýändigimi bilýänem däldir), indi-besdir, jikme-jikligiň geregi ýok.
Has dogrusy, Marşal eýýäm öz ýagşylygynam ýatdan çykarandyr, ýöne bu gün ýatlamaga we ökünmäge laýykdy.
Ol, edil ukudan öňinçä ýorgany aýagyna dolap, öz özi bilen gürleşýän adam ýaly, süpürgiç bilen ýüzüni süpüreninde, ýöräp barýarka, ýüzugra duşanlarynda çilim soranlarynda hümürdeşleri ýaly, düşnüksiz we biperwaý gürledi bir sözem eşitmeýärdim, ýöne golaýlaşmaga we gaýtadan soramaga bolsa gorkdum, şonuň üçinem äheňinden, manysyndan (ine, eger men Serkerdebaşy bolan bolsam nämeleri sorardym), biz terjimeçiniň üsti bilen gepleşýärdik, men hem söhbetdeşdim, nemem terjimeçidim: sen bu ýerde näme işleýärsiň? — diýen äheňde Marşal sorag berdi.
Men jogap berdim: gulluk edýärin; bu ony haýran galdyrdy: goranmak ministriň ätiýaçlyga goýbermek hakyndaky buýrugy bireýýäm çap edildi ahbetin, ol bu hakda eşidipdi ýaly. Men ýene pikirlendim: belki, Serkerdebaşyny onuň ýanyna gelelim bäri, oňa mahsus bolmadyk ýagşylyk ýüküniň astynda irizendirin?
Men düşündirmäge girişdim: göni şol bada goýberenoklar. Buýrukdan soň bir aý geçýär, görkezen netijeleri hem ýeten sepgitleri boýunça bölüşdirip — iň ilkinji tapgyrda “nolçylary”, bir hepdeden soň — birinji, ýene bir hepdeden soň — ikinji we şuňa meşzeş goýberýärler. Aýratyn “meşhurlanan” esgerleri iň soňky tapgyrda — 31-nji dekabr güni ýigrimi üç elli dokuzda goýberýärler. Ýaragly güýçlerde iň gorkunç haýbat: “Täze ýylyň ilkinji jaňy kakylanda gidersiň”.
Marşal tukatlandy we ýüregi gysyp başlady, ol duman sebäpli öňküsi ýaly biperwaý anyklady: ol nähili beýle tapgyrlar?
“Nolluk” — ýoldaş Goşun Görnüşleriniň Serkerdebaşysy, siziň sürüjiňiz. Birinji tapgyr — eşik ammarynyň gözegçisi, çörek kesiji we uly seržant Rudenko (goňşy aragatnaşykçy brigadadan agaç materiallar maşynyny ogurlany üçin — ýöne bu barada dymdym); ikinji (men barmak basýandygmyň Marşala ýakmaýandygyny duýdum we bes etdim) — medisina işgäri (bitiň ýaýrandygyny gizländigi üçin), uly praporşik Kowalçugyň ýegeni we ştabyň naçalnigi general-leýtenantyň sürüjisi...
Serkerdebaşy iki gezek elini gymyldadyp goýberdi: sem bol hemem — güm bol, — men kynlyk bilen kabul ediş otagyna cykdym — adýytantlar we ýygnanan generallar meniň diş pastama edil söweş meýdanynda eýýäm öldürilendigine, ýykylmalydygyna, düşünmän, meýdandan ylgap barýan, ölüm howply ýaralananyň çogup duran iç goşlaryny gören ýaly nejis gorky bilen seretdiler.
Günortanlyk nahardan soň, meniň serkerdäm podpolkownik Frolow, bijaý kiçi kelläniň eýesi, aragyň ony gaty basym ýygnajakdygyna akyly çatmadyk (nähili owadan — azyk önümlerbazanyň müdiri — ony söýüpdi! Onuň ýatan ýeri ýagty bolsun!), öýkeli halda burnuny çekip, goşundan çykmak üçin gerek bolan resminamalaryň ählisini, olaryň üstünde bolsa “Hatarçy pylana Goşun Görnüşleriniň Serkerdebaşysyndan” diýlen haşam ýazgyly elektron sagady (birwagtlar demir brasletli, sanly, sazly, gapdaly şahlyja basgyçlyja) meniň öňümde goýdy; umumy ýaşaýyş jaýynda sagady ogurladylar, men ýekeje-de gynanmadym; kabulhananyň girelgesinden men ýerden güýçli bat alaga-da, uçdum.
Üç günläp komsomol biledimi gözläp hem komsomolyň şäher komitetinde bäş minut ýalandan aglap (ýaşlaryň megerem, elli yaşdan uly bolmadyk ýaş serdary meniň arka tarapymda eýläk-beýläk geçip, öwran-öwran: “Sen muňa nähili ýol berip bildiň?” — diýip, dem alýar, meniň gözýaşymy süpürýänimi görüp ýene-de: “Ýok, men muňa düşünip bilemok, sen muňa nädip ýol berip bildiň? Belki-de, sen huşsuz ýagdaýda bolansyň?” — diýip gaýtalaýardy), men tramwaý bilen “Oktýabrskiden” Şwernikdäki şatlykly pursatlara baý we lezzetlerden doly, bagtly çagalygymyň (tasdanam “günäsiz” diýip ýazypdym) bäş ýyllygyna geldim.
Men otaga özümiziňkileriň arasyna düşdüm: serhetçi, ýangyndan goranmak gullugyndan, içerki goşun gullugynyň weterany we jenaýatçy (ony Saratow welaýatynda dördünji möwsümiň ortalarynda pyçaklapdyrlar); maňa girelgäniň garşysyndaky sowuk diwaryň ýanyndaky krowat ýetdi — öýke-kine ýok, men iň soňunda geldim ahbetin.
Biz sagat gurýanlardan we konspekt ýazýanlardan tapawutlylykda, synaglarda bäşlikçileriň depderlerinden göçürýärdik, gowşak saglygymyz, hossarlarymyzyň keselleri we aradan çykandyklary, gelip çykçyşymyzyň welaýatdanlygy we dogabitdi erkeklik güýjüne, täsirine (kimde bar bolsa) daýanyp, mugallymlaryň ýüreklerini ýumşadyp, okamyzokdyk. — biz gulluga, has takygy, durmuşa dogry düşünipdik.