Bolan waka

Elli ýaşlaryndaky daýaw adam Grigoriý Petrowiç Gulýaýew ýogaldy. Bu dünýäde onuň yzynda bir otagly jaýynda ondan on ýaş kiçi aýaly Natalýa Semýonowna, sekiz ýaşlaryndaky oguljygy Wowa, ondan başga-da käbir daşgyn we ýakyn garyndaşlary, şol sanda, nirede ýaşaýandygyny diňe Hudaý bilýän, süýtdeş uýasy Ýelizaweta Petrowna hem bardy. Garyndaşlaryndan biri garryja Agafýa: — Nähak, nähak öldi Grişa, — diýýärdi. — Biwagt diýleni-dä... — Öz wagtyny bilýän barmyka? — diýip, göwresi uly garyndaş aýaly garşy çyk­dy. — Haçan ölmelidigimiz bizden, parazitlerden, soralmaýarlar ahyryn. Aýaly Natalýa Semýonowna hiç zada we hiç kime garşylyk görkezmeýärdi we diňe geljek hakynda oýlanyp, uludan dem alýardy. Oglanjyk Wowa bolsa asla hiç zada ynanmaýardy we kakasy has uzak syýahata gidendir, onuň — Wowa oglanjygyň özi hem basym kakasynyň ýanyna gider öýdýärdi. Her niçikde bolsa, jaýlamaga taýýarlyk görmelidi. Häzir eýýäm togsanynjy ýyl­lar, ikinji müňýyllygyň ahyry, örän agyr döwürdi. Emma Grigoriý Petrowiç wezipeli adamdy, gullukçydy, onuň işlän edarasy ýardam etdi. Gabyr bilen bagly mesele has kyn boldy: ýeri zordan, abraýly ýerden, has dogrusy şadyýan öwlüýäden tapdylardy. Grigoriý Petrowiçiň Hudaýa ynanyp-ynanmaýany hakynda hiç kime hiç zat belli däldi, hatda düşnükli hem däldi. Ýöne şeýle-de bolsa, hoşlaşygy kada boýunça taýýarladylar. Hoşlaşyk welosipedçileriň klubunda boldy — ol ýerde birinji gatda äpet zal bardy, onuň penjireleri bolsa gök, rahat we biraz halarak baga çykýardy. Tabyt zalyň arka diwarynyň ýanynda — göni girelgäniň gabadynda goýuldy. Güller, hatda baýdaklaram goýuldy, adam o diýen köp däldi. (Natalýa Semýonowna Wowkasyny goýbermedi we ony doganoglan enesiniňkä iberdim.) Tabytda Grigoriý Petrowiç garrapdyr we elli ýaşyna garamazdan, ýüz ýaşla, dogrusyny aýtsaň, ýüz on ýaşla meňzeýärdi. Derisi çöken ýaly birden mürşeripdir, gözleri, birhili bu ýerleriňkä meňzemeýän ynam bilen we hatda berk ýumukdy, hamana gaýdyp hiç wagt açylmajak ýalydy. Elleri hem gaýdyp hiç haçan biri-birinden aýrylmajak ýaly edip ynam bilen goýlupdyr. Kän bir aglamadylar, diňe, bolmalysy ýaly, aýaly, onsoňam uýasy möňňürýärdi. Grigoriý Petrowiçiň ejesi bilen kakasy birwagt dünýäden gaýdypdylar. Iki sany dosty asla gelmedi. Näme üçindir welosipedçileriň sport jemgyýetinden — asla hiç kime tanyş bolmadyk, on bäşe golaý adam geldi. — Her hili zaatlar bu ýerde ygyşyp ýör, — diýip, Agafýa kempir närazylyk bilen hüňürdedi. — Merhum tutuş Moskwany, ähli çüýşedeşlerini tanar ýaly barypýatan arakhor däldi ähbetin. Ol ýuwaş, jogapkärçilikli adamdy. Maşgalasy hakynda alada edýärdi. — Bu bir biedeplik, ahyryn, — diýip beýleki garyndaş aýal tassyklady. — Hatda tabytda-da dynçlyk ýok. Ine, şeýdip bütin ömrüňi görgiňi görýäň, görgiňi görýäň, gykylyklaýaň, bir zat gözleýäň, soňam hiç hili baýrak ýok, diňe gödeklik. Tabytda ýatysyň, seniň bolsa ýüzüňe tüýkürerler... — Sen aýtma, — diýip, üçünji garyndaş aýal pyşyrdady, — bu oglanlar nätanyş, keýplije bolmaga çemeli... Şol arada bolsa howlujykda, gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda Grigoriý Petrowiçiň iki goňşusy — Nikolaý bilen Sergeý arak içmek üçin ornaşdylar. — Hany, ýatlaly, — diýip, biri aýtdy. — Ýatlaly, — diýip, beýlekisi jogap berdi. Ýatladylar, içdiler, Sergeý ýadyna düşürdi: — Merhum-a ölmeziniň öň ýany özüni ýaramaz alyp bardy... — Näme üçin ýaramaz? — diýip, Nikolaý üşerildi. — Hemişe uruşjak bolýardy. Sähel bir zat bolsa — tumşukdan berýär, ýogsa eýýäm keseldi, işiň näme bilen gutarjagyna düşünýärdi. — Beýle däldir, — diýip, Nikolaý allaniçiksi boldy. — Hakykat, — diýip, Sergeý hötjetlik bilen tassyklady, soňra oýa batyp: — Belki, durmuş şeýle gyňyr bolup başlandyr. — Ö näme sebäpden ölüminiň öň ýany tumşuga berdikä? — Hakyt şeýle. Ýöne ol diňe bir bezzatçylyk edip oňandyr öýdäýme. Öýde ýeke özi galanda, gygyrardy, diwarlarymyz ýuka bolansoň, men eşidýärdim. — Adamlara nebsim agyrýar, — diýip, Nikolaý gyryljyrap gürledi. — Düşünip bilen däldir-dä, nähili bolýanyny — ynha beden bar, birdenem ýok bolýar. Käbirleri ýaly däl, onuň bedeni berdaşlydy... — Ýatlaly, — diýip, Sergeý gynançly aýtdy, we olar ýatlap arak içdiler. Onýança zalyň içine birhili ümsümlik aralaşdy. Şol wagt girelgede Grigoriý Petrowiçiň hut özi, diri, peýda boldy. Duýdansyzja, emaýlyk bilen, hamana o dünýäniň guşy giren ýaly bolup geldi. Ilki hiç kim üns bermedi: gelende näme adam, belki çüýşedeşidir, tabytda ýatan Grigoriý Petrowiç bilen hoşlaşmak isleýämdir. Grigoriý Petrowiçiň özi, ýa-da, dogrusy tabytdaky Grigoriý Petrowiç-ä sarsmadam, şol ýatyşyna ýatyr. Öli adamdygy görnüp dur. Ýöne diri Grigoriý Petrowiç ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne göni oňa golaýlaşýardy. Ahyrsoňunda birinji bolup aýaly gygyrdy: — Grişa! Hawa, Grişa, penjegem şol öňki, esasanam, aýak basyşynda ýa ýylgyryşynda çala bildirýän meňzeşlikden şol bada bilýärsiň: bu OL, häzirki ýagdaýda Grişa, hut Gulýaýew Grigoriý Petrowiçiň özi. Beýlekiniň hut özi bolsa, münberiň üstünde, hormatyň hem gülüň içinde ümsümje ýatyrdy. Natalýa Semýonowna ýene bir gezek gözüni tegeledi-de gürpüldäp gaýtdy: Grişa! Dogrusyny aýtsaň, hiç kim hiç zada düşünmedi: infarkt boldumyka diýip aýalyna tarap ylgaşdylar, diri Grigoriý Petrowiçe bolsa, birnäçe adam doňup seredip galdy. Onuň gyňyr häsiýetli (kähalatda gije otlynyň aşagynda-da ýatyp-turup ýören) süýtdeş aýal dogany Ýelizaweta Petrowna diri Grigoriý Petrowiçiň ýanyna golaý ba­ryp, — Kim sen? — diýip sorady. — Tabytdaky kişi, — diýip, diri Grigoriý Petrowiç öli Grigoriý Petrowiçe golaý bardy. Endamy buz ýaly bolan aýal dogany hem golaýlaşdy. Galanlary durdylar ýa-da aýalynyň ýanynda bir zatlara güýmenýärdiler. Käbiriler gapdalda — ýöne pyşyr­daşýardylar. Diri Grigoriý Petrowiç ünsli we, dogrusy, gamgynlyk bilen öz jesedine siňe seretdi. Barha has doňup galan Ýelizaweta Petrowna başyny merhuma tarap atyp: — Kim bu? — diýip sorady. — Men, — diýip, Grigoriý Petrowiç tutuksy jogap berdi. — Grişa, ýöne sen gürleýäň, ýöräp ýörsüň ahyryn, — diýip, Ýelizaweta mydyrdady, bir gözi bolsa agyp-dönýärdi. — Bolanda näme? — diýip, diri Grigoriý Petrowiç kinaýa bilen aýtdy. Soňra bolsa, bagyşlanmagyny soraýan ýaly, özüniň jesedine tarap baş atyp, kibtini gysdy. — O nähili bolanda näme? — diýip, aýal dogany haýykdy. — Şeýle-dä, — diýip, Grigoriý Petrowiç ýykyljak bolup duran aýala tarap öwrüldi. — Bolýar-da, Lizok, sen näme diýse-ne: Natalýa şu gün agşamlyk gijiräk barjagymy aýt. Wowkany yzyna getirmesin. Goý agşamlyk taýýarlasyn: kolbasaly heýgenek, gatyk, bulkajyklar. Arak gerek däl. — Men näme? — diýip, aýal dogany mähirli sorady. — Sen näme? Seň bilen biz onsuzam garyndaş ahyryn. Diri Grigoriý Petrowiç birnäçe gezek öz tabydynyň golaýyndan hondanbärsi bolup aýlandy, başujunda saklandy, gülleri, özüniň çalaran, eýýäm öli saçlaryny, sa­rymtyl solgun maňlaýyny elleşdirdi, bildirmezden öliň gulagyndan çekip goýberdi. Soňra aýal doganyna seretdi. — Näme diýsen-e, — diýip, pyşyrdady. — Eger-de Nataşka gorkýan bolsa, goý ýatsyn, sen oňa aýt, eger gorkýan bolsa, goý ýatsyn. Meň özüm aşhanada bir zatlar ederin, garbanaryn, soň bolsa ýanyna baryp gyşararyn... Grigoriý Petrowiç bolsa ynamly, ýöne her niçikde gamly, syrtyny özüne, ýagny ölä tarap öwrüp, çykalga tarap ýöneldi. Ugradýanlaryň aglabasy ony oňly tanamaýardylar, üstesine-de halys aňkaryp galypdylar, şonuň üçin ol hiç bir bökdençsiz zaldan çykdy. Dogrusy, bir oglanjyk, onuň merhumdygyny tanap, oň elinden tutjagam boldy, ýöne soňky pursatda ikirinden el çekdi. Grigoriý Petrowiçi oňat tanaýan adamlardan üçüsi poluň üstünde özünden gidip ýatyrdy. Biri-hä özüni bilmeýän adam ýaly, oturan ýerinden gursagyna ýumruklaýardy. Beýlekiler Natalýa Semýonownany huşuna getirjek bolýardylar. Käbirleri gallýusinasiýa hakynda mydyrdaýardylar. Beýlekiler merhum Grigoriý Petrowiçe gymyldaýmazmyka diýip keseden seredişýärdi. Sektant bolaýmagy mümkin uzyn boýly çal saç garryň ýagdaýy hasam agyr­laşdyrdy: ol, bolup geçýän zatlara syn edip, tabyda golaýlaşdy-da, merhumyň ýüzüne tüýkürdi, onda-da, birhili haýbat atýan ýaly, çynlakaý tüýkürdi. Bu ýerde näme boldy diýsene! Garyndaşlary, esasan hem merhumyň uýasy sektant garra berk ýapyşdy, kimdir biri-hä onuň sakgalyndanam çekip goýberdi. Polisiýany çagyrýan ýaly sykylyklaram eşidildi. Şol barmana, sazandarlar, hiç zada üns bermän, öňden aýdylyşy ýaly, matam marşyny çalyp başlady. Zalyň içindäkiler bolsa, eýýäm tumşuklaryna urmaga girişipdirler. Üsti-başy sal-sal bolan sektant garry poluň üstünde ýatyrdy. Edil şol wagt Natalýa Semýonowna özüne geldi. Ol bolýan zatlara haýran galyp seredýärdi. Dünýä hiç zada meňzemeýärdi: ýogsa tabyt ýerinde durdy we, matam sazy çalynýardy, onuň gapdalynýan tumşuklaryna urýardylar we çirkin sesler çyk­ýardy. Şol barmana, edil ýaňyja Grigoriý Petrowiçiň hut özüniň, diri gelendigi...şu jaýlanyşyň birhilidigi) hakyndaky hyşy-wyşylar tutuş zala ýaýrady. Eýýäm bir çypar daýaw adam merhumy çalşypdyrlar diýip bagyryp, merhumy tabytdan çykaryp barýardy. Jesedi zordan elinden aldylar, onuň ýaly ýagdaýdan soňky wakalar has-da fantastiki häsiýete eýe boldy: hemmeler hemmelere garşy uruşýardy, galanlary bolsa gygyryp aglaýardylar. Natalýa Semýonowna özüni o dünýädedirin öýtdi-de, ýene huşundan gitdi. Goňşy arakhorlar — Sergeý bilen Nikolaý öz oturan gyrymsy agaçlyklaryň aňyrsyndan, gygyryp çykdylar, olar içip bolan bolmaly, sebäbi zaldan çykyp, awtobus duralgasyna tarap barýan Grişany görüpdirler. Şol arada biriniň çagyran polisiýa maşyny geldi. Ilki bilen çalaran saçly, agras leýtenant-operatiw — başlyk çykdy. Tabydyň ýanynda ýumruklaşyp duranlaryň sypatyny görüp aljyrady. Ol we onuň ýanyndakylar al­jyraňgy ýagdaýdan bäş-alty minutdan soň çykdylar. — Jynaza gatnaşýanlaryň hemmesini kowmaly! — diýip, ahyrsoňunda merhumyň aýaly diýlip görkezilen, bihuş ýatan Natalýa Semýonownanyň ýanyna gelen, leýtenant gygyrdy. Birden, ştat geýimli adam, megerem, welosiped klubunyň ýolbaşçylaryndan biri bolmagy ahmal, leýtenantyň töwereginde pyrlanyp başlady. Natalýa Semýonownany silkelediler we ol gözüni açdy. — Bu siziň adamyňyzmy ýa siziňki dälmi?! — diýip, ol adam tabydy görkezip gygyrdy. Natalýa Semýonowna aglap başlady. — Siz bu ýabany jaýlamaňyz bilen, jemgyýetiň demokratizasiýasyny bozýarsyňyz!!! — diýip, Natalýa Semýonownanyň töwereginde bökejekläp diýen ýaly, adamjyk çygyrýardy. — Özüne bir gelsin, ahyryn — diýip, garryja Agafýa oň üstüne gygyryp başlady. Birahatlar! Size hemme zady anyklamak gerek! Äriniň ölüp-ölmänini özi bir bilsin-dä?! Leýtenantyň gözi hanasyndan çykara geldi. Şunuň ýaly sözlere we tabydyň da­şyndaky tumşuga urmagy mundan beýläk çekip-çydamaga güýji galmadyk leýtenant zalyň ortarasyna geçdi we haýkyryp goýberdi: — Bidüzgünçiligi bes ediň, ýogsam ataryn! Tüpeňini çykaryp, näme üçindir ony merhumly tabydyna tarap öwürdi, ýöne soň özüne geldi-de tüpeňiň nilini potologa tutdy. Onuň ýanynda duran milisionerler doňup galdylar. Emma geň bolsa-da, onuň sözleri we haýbatly sypaty oňyn täsir etdi. Ýadan gök ummany ýadyňa salýan darkaş ýuwaşap başlady we agyly gykylyklardan başga üýtgeşik bir zat bolanokdy. Welosiped klubunyň ýolbaşçylaryndan bolan adamjyk leýtenanta golaý baryp: — Näme ederis, ýoldaş... jenap leýtenant? — diýip, gorka sorady. — Näme etmeli? — diýip, oýlanyp durşuna başlyk aýtdy. — Birinjiden: bolan waka hakynda ses çykarmaly däl. Ikinjiden: jaýlamany goýbolsun etmeli, sazy ýatyrmaly we şu pursatdan mazarystana gitmeli. Ulag bardyr-a? Bar. Men bolsa, hemme zadyň bolşy ýaly geçmegine gözegçilik ederin. Onuň buýrugyna gulak asdylar. Tabydy ulaga geçirdiler. Mähelläniň pikiri ikä bölündi: köpüsi kimiň jaýlanan- dygy belli bolmansoň, jaýlamaga gitmäniň hökman däldiginiň tarapdary boldy. Natalýa Semýonowna ilkibada gitmekden kes-kelläm boýun gaçyrdy, ýöne soň, tabydy ulaga ýükläp duran wagtlary, onuň gapagyny açdy-da ses etdi: — Wah-eý, bu Grişa ahyryn! Ol — meniň mähribanym, görmegeýjäm, unutmajagym. — Şu sözler bilen, ol gara tabydyň yz ýany bilen matam ulagynyň girdap ýaly gara holtumyna çümüp gitdi. Onuň yzyndan bolsa, Grigoriý Petrowiçiň aýal dogany Ýelizaweta bilen ýene birnäçe adam mündi. Ýol ugruna Ýelizaweta diri Grigoriý Petrowiçiň özüne aýdan zatlaryny çyny bilen hem anyk Nataşa aýdyp berip barýardy. Gürrüňiniň soňunda Ýelizawetanyň gözleri birden gubardan doldy, hamala eýýäm başga, ýöne ýaramaz dünýä gidip gelen ýaly boldy, we şonda Ýelizaweta Petrowna gürledi: — Görsen-e muny, biziň öňümizde merhum Grigoriý Petrowiç we şol bir wagtda-da Grigoriý Petrowiç diri gelip gitdi. Olar iki — biri öli, beýlekisi bolsa diri. Bu sözlerden soň, Grigoriý Petrowiçiň aýaly tukatlandy. Jaýlamak dessury dym-dyrslykda we ýat biriniňki ýaly boldy. Diňe milisiýa ýöne bir daşdan syn edip durdy. Şeýlelik bilen, öli Grigoriý Petrowiçi dessine jaýladylar. Hiç hili aýlawly ýa erkin pikirli sözler aýdylmady. Ahyrsoňunda, barybir ýaramaz ýagdaý boldy, seýrekleşen adamlaryň arasyndan welosiped klubunuň zalyndaky ýumruklaşmakda urlan, tüýdülen, hapa we ýyrtyk eşikli, saçy ýaýylyp duran bir garry öňe çykyp, elini mazara salgap, tutgaýly ýaly gygyryp başlady: — Biz şol ýere barmaly! Şol ýere! Sebäbi Grigoriý Petrowiç — şol bir wagtda hem öli hem diri. Ol hem tabytda, hem ýöräp ýör!.. Biz şol ýere barmaly, şol ýere! Grigoriý Petrowiçiň ýanyna! Milisiýa oňa golaýlaşdy. Garrynyň agzyny ýumandurdylar, hemme zat düzeldi. Natalýa Semýonowna oýlanyp, öýüne barýardy. Kellede ýekeje pikir bardy — Grigoriý Petrowiç şu gün agşam geljegini söz beripdi. Ony diňe Ýelizaweta Petrowna ugradýardy, galan garyndaşlaryny ýel alyp giden ýalydy. Soňra merhumuň aýal dogany hem gitdi. Natalýa Semýonownanyň ýeke özi galdy. Özüniň ýeke otagly öýüne girdi, çyrany ýakdy we endigine görä, Grigoriý Petrowiçiň sargaýşy ýaly, kolbasaly heýgenekden agşamlyk taýýarlady... Soňra, näme üçindir sagada seredip-seredip, garaşyp başlady. Soňra bolsa, ahyrsoňy doňan ýaly ýagdaýyndan çykdy, alada galdy: men näme beýle, aklymdan azaşdymmy? Kime ol garaşýar? Barybir Grigoriý Petrowiç ýeriň çuňňur teýinde, aýlanyp duran şaryň goýnunda ýatyr we ol ýerden çykjak gümanasy ýok. Emma birden aýnanyň öňüne bardy we saçyny düzedişdirdi, dodagyny boýady, ärine uzak wagtlyk iş saparyndan garaşýan ýaly, egnine bir zat atasy geldi. Bolşuna birhili boldy we öz-özüne nebsi agy­ryp aglady: diýmek, ol hakykatdan hem akylyndan azaşypdyr. Özüni ele aldy, samsyk pikirleriniň hemmesi gaýyp boldy. Garaz, bir zada güýmenmek üçin, otagy ýygnaş­dyryp, agşamyň haýryndan ertiriň şeri ýagşy diýen karara geldi. — Ýatmaly, — diýip, ýarym stakan aragy içdi, derrew egin-başyny çykaryp, ýorgana sümüldi. — Ertir alada köp bolar, bu düşünmezçilikleriň hemmesi ýatdan çykar... Ol derrew uka gitdi. Ýelizawetanyň gubarly gözi onuň düýşüne girdi. Soňra, ukynyň arasynda göwnüne biri açar bilen gapyny açan ýaly boldy. Ýöne bu düýş däldi, ol ony anyk duýdy. Emma gözüni açmaga mejaly bolmady, ýadawlyk, arak onuň endam-janyny gowşatdy, esasy zadam — oň üçin bary birdi. Onuň aňynyň bir bölegi ukudady, beýlekisi — oýady, bu oýa aňy bilen bolsa ol hemme zady duýup-bilip ýatyrdy. Biriniň aşhana nädip girenini eşitdi, soň äriniň sesini tanady, onuň şapbyldysyny, tabakdyr çemçeleriň şakyrdysyny eşidip ýatyrdy. Bir minutlyk ümsümlik aralaşdy. Soňra birden: paýyş sögünç, tabaklaryň şakyrdysy, äriniň taýýarlanan naharyň gowy däldigi, daş-töweregiň saçakçylardan doludygy hakyndaky gohly sesi, soňra ýene paýyş sözler, suwuň gulkuldysy eşidildi... Ahyrsoňunda bolsa ol ymykly hem agyr uka gitdi. Irden sagat onlarda Natalýa Semýonowna oýandy. Derlän hem allaniçiksi halda aşhana çykdy: heýgenek iýlipdir, tabak döwlüpdir, suw dökülipdir. Öýde welin hiç kim ýokdy, Natalýa Semýonowna öz bedenine seretdi-de samsyklaç sesi bilen gygyr­dy: endamynda ejirleriň yzy mese-mälimdi... — Grişa, ezizim, o nähili beýle? — diýip, ol gygyrdy. Gepiň gysgasy, Grigoriý Petrowiç toprakda öli ýatyrdy, diri Grigoriý Petrowiç bolsa, şu toprakda ygyp ýördi we Natalýa Semýonowna oýanan wagtynda onuň öýünden uzakda däldi. Grigoriý Petrowiçiň ölmez-ýitmez ruhy — onuň ölüsini hem dirisini terk edip gitdi, ölmeli adamlaryň deminden gizlenip, öli hem diri Grigoriý Petrowiçiň ýeke özüni Älem bilen ýüzbe-ýüz galdyryp, olaryň ikisindenem örän uzaga, özüniň Asman atasynyň ýanyna gitdi. Ruhy göze görünmesinde bu hekaýata duýdansyz ünsi çekilen älem hudaýy Arad, adamlaryň bu betbagtlyklaryny görensoň, şeýle bir güldi welin, hatda onuň tabyn­lygyndaky D. planetada onuň gülküsinden uly ýaramazçylyklar, hat-da tupanlar hem bolup geçdi.