Düýşüň dowamy

ýatda saklamak münkin däl emma ahyry
hiç bolmanda bölegi
ýatda galýar dowamy
düýşüň
näme üçindir nätanyş ýer
synp otagy ýaly bir zat
onda rýukzakdyr sumkalar üýşürlen
taşlanan birhili
birnäçe tanyş ýüzler
emma takyk anyklap bolmaýan
ýa ol ýa oňa meňzeş ýaly
ol gyz ýa-da oňa meňzeş ýaly
edil sen gelen ýaly belli däl
nireden geldi ol zenan belli däl
düşnüksizlikden we ýalňyşlykdan doly
gürrüň
çilim otjagazlary çakmaklaň şykkyldysy
hereketleriň ters yzygiderligi
sen jogap berýäň soragy duýup
öňünden gaşaýaň seňrigiňi
alanyňdan soňra habarlary
aslynda hatda söz ýok
aý şeýle ýarym söz
söz bölekleri
bulaşyklyk
düýşüň dowamy
tükeniksiz görnüş