Soňky basgançaklar
(powestden bölekler)
— Ýo-ok. — Kirill gyzyp gepledi. — Näme diýselerem, medeniýetli, ylymly, bilimli adamlaryň (Kazan uniwersiteti bilenmi, ýa başgasy bilenmi) tutuş ýurtdaky göwnüçökgünlige we tozgunlyga täsir etmegi mümkin däl. Olar hiç hili medeniýetli adamlar däl, ýöne wagşylar, çalasowatlar, kemakyllar, nadanlar, şeýle hem, kalby iň ownuk we ar alyjykly gahar-gazaba doly ýugrulan adamlar. Häkimiýeti basyp alan jenaýatkärler. Hany, aýtsana, gözelligi, ýeriň gözelligini, onuň umumy görnüşini ýykyp-ýumrup ýok etmek garakçylyk dälmi, eýsem?! Bu zatlary özleri goýmandyrlar-a. Tilkijik, Nekrasowyň “Wlasynyň” soňky setirlerini aýdyp goýbersene!
Liza şobada üns bilen okap başlaýar:
Gezip ýör aňzak sowuk gyşda-da,
Gezip ýör tomsuň yssysynda-da,
Çagyrýar çokundyrlan Rusy,
Güýjüne laýyk baýraklary,
Berýärler, berýärler ötegçiler....
Şeýdip zähmet goşantlaryndan
Artýar Hudaýyň dini jaýlary!
Mähriban topragyň üstünde...
Muny wakalaryň adalatly şaýady, rewolýusion demokrat, diýseň hem boljak, hasaplanýan Nekrasow ýazypdyr. Diýmek, dogrudan-da, tutuş Rusda bu gözellik zähmet goşandyndan, halkyň goşandyndan peýda boldy. Kim onuň garşysyna goşun toplap we el göterip biler, kim ony masgaralap we harama çykaryp biler?! Diňe Rossiýanyň duşmanlary, diňe maýda-çüýde gazaply ar alyjylar, diňe ýaramazlyk bilen meşgullanýanlar, şeýle hem, jenaýatkärler. Be-e, şu zatlara düşünmeýänem barmyka?!
— Olam ar alypdyrmy? Kim üçin, näme üçin?
— O nähili kim üçin? Dogany üçin! Doganyny dardan asypdyrlar-a. Olam “Biz başga ýol bilen gideris” diýip aýdypmyşyn. Kasam edipdir. Şeýdibem, olaryň ählisiniň ejesi, öz çagajyklaryny, Russiýany derbi-dagyn etmäge gönükdiripdir. Döretmek diňe söýgi bolan ýerde bolup biler. Weýrançylygy bolsa diňe gahar-gazap bilen amala aşyryp bolar. Eger-de weýrançylyklaryň ölçegi boýunça, weýrançylyklaryň keýp çekmeleri boýunça pikir ýöretsek, onda gahar-gazabyň eýmenç we wagşylarça bolupdyr. *
Ine, şu zatlaryň barysy biziň gözümiziň içini gandan dolduryp, biziň ýüreklerimiziň içinden geçdi, baýyrlaryň üstündäki kiliseler, töwerek-daşyny agaçlar gurşap alan kiliseler, obanyň ortarasynda we daşragynda ýerleşen kiliseler, bir başly we bäş başly kiliseler, ýöne barysy öli, hemmesi bilelikde depgilenen.
Eger kolhoz ambary gabat gelse, biz oňa girýärdik. Burnuňa porsan etiň ysy urýardy, poluň üstünde çig, duz sepilen sygyr we goýun derileri serilgi ýatyrdylar, üýşmek bolup doňuzlar üçin kombikorm üýşüp durdy. Beýleki ambarda tollaryň rulonlary, simleriň toplary, aýnaly ýaşşikler, reňkli bankalar saklanyp bilinýärdi. Üçünji ambarda tutuş poluň üstünde däne, dary dökülip goýlup bilinýärdi, mysal üçin, ol ýerde çal tozan basan zygyr süýümi taşlanypdyr.
Töwerek-daşyny agaçlar gurşap alan bir kilisä ýetdik, idi-issiwat edilmeýän ybadathananyň daşyndan aýlandyk we jeňňele dönen siren şahalarynyň, akasiýalaryň we açyk gülgüne reňkli malwlaryň ümsümligine diň salmak üçin onuň papertisinde oturdyk.
Ýatdan çykarylyp, boşap galan ýer. Diňe şeýle bir ümsümligem däldi. Jaňhananyň gapy ýerlerinde şemal ýuwaşjadan, gamly şuwlaýardy. Biziň oturan ýerimizde, şahalaryň arasynda hiç hili şemal ýokdy we yssydy. Ýokarda, agaçlaryň, şahalaryň hem ýokarsynda, atanak haçyň ýakyn ýanynda, günortanyň ak bulutlaryna ýakyn ýerde bolsa ýakymly şemal öwüsýärdi.
Biz pikire çümüp oturşymyza, birden ukudan oýanan ýaly bolup, ýerimizden galdyk, sebäbi oba mazarystanlygyna nähilidir bir üýtgeşik sesler barha ýakynlaşýardy. Diňşirgenseň, aýaklaryň tarpyldysy ýaly, bir görseň, agymy ýa aýdym aýdylýan ýaly boguk sesler eşidilýärdi. Agaçlaryň arasyndan seredip durşumyza, oba tarapdan merhumy jaýlamaga gelýän gölegçileriň toparyny gördük. Görüp otursaň, asyl bu ýerler gaty bir ýatdan çykarylanam däl eken. Bu ýer öňküsi ýaly oba öwlüýäsi eken. Biz paşyrdap ösüp oturan, orulmadyk otlaryň arasynda käbir depejikleriň has täzedigini ýa-da, her zat bolsa-da, olara zähmetsöýer adam eliniň degendigini öň nädip görmedikkäk?!
Jaýlamak ýörüşinde gölegçi kän däldi, merhumyň jaýlanyşy-da üýtgeşik däldi, obalylaryň adaty jaýlaýyşydy. Biziň obamyzda dünýäden öteniň nähili jaýlanýandygy çagalykdan ýadymda galypdy. Käwagtlar şular ýaly ýagdaýda açylýan kilisäniň haýatynyň baş gapysyndan çykarýardylar... Iň öňde polotensanyň üstünde haç, soňra nähilidir bir çyra, aý, eýýäm hemmesi gowy ýadyma düşenok-da. Iň uly jaň ara wagt salnyp, seýrek kakylýardy. Bir kakylandan soň, ikinji gezek kakylýança, gölegçiler otuz-kyrk ädim ätmäge ýetişýärdiler. Jaýlamak jaňy şeýle kakylýardy. Seýrek kakylýan bu ýiti ýakymsyz sesde bir elhenç dabaraly alamat bardy. Az pursatlyk dowam edýän jaýlamak ýörişinde nähilidir bir aýratyn belent mertebeli gadam basyşy, ölüm we gaýgy-gamyň gadam basyşy, wagtyň özüniň gadam basyşy bardy. Her kyrk ädimden jaň urulýardy — Bum! Kyrk ädim — Bum! Öwlüýä tabyt göterilip ýetilýänçä, jaň elli gezege golaý urulýar.
Hakyky kilise aýdymlaryny men köp wagtdan bäri eşitmändim. Munuň nämedigini ýatlap we göz öňüne getirip hem bilemok. Emma bir gezek, birnäçe ýyl mundan ozal meniň kakam Alekseý Alekseýewiçiň jynazasy okalanda diňlemek miýesser bolupdy. Ýöne welin, nähili jynaza: garrylykdan sesi ýitip giden Aleksandr baba oňa goşulyp aýdanlar Polýa Moskowkina daýza bilen Wolodýa Postnow — garyp, gözgyny jemende. Emma men aýdym aýdyşlaryny diňläpdim, birdenem, tutuş bedenime sowuk der aralaşypdy. Häzir ýadyma düşenok, emma şonda Aleksandr baba öz hemralary bilen nähilidir bir dabaraly, diňe şol ýagdaýa niýetlenen, şonuň üçinem, diýmek, üýtgeşik gowy sözleri sanady welin, meniň kalbymyň nirededir bir töründe “Şanyňa şeýle gowy sözler aýdylýan bolsa, onda ölmek gaty bir gorkuly hem däl” diýen pikir döräp gidipdi.
Indi uly jaňyň sesem eşidilenokdy, gabyr başynda aýdylýan aýdym sesem gelenokdy. Ümsüm, başlaryny aşak salyp, zähmet çekip bolan, ýerleri sürüp bolan, orak orup bolan, mahorkany tüsseledip bolan, paýyş sögüp bolan, mahlasy, nälet siňen durmuşdan iren rus erkek adamsyny ýa-da dogurjagyny dogran, çoýun gaplaryny we uhwatlaryny şakyrdadyp bolan, etmeli işlerini edip bolan, öz görgüsini gören rus aýalyny yssy howada, tozanly ýoldan alyp barýardylar.
Biz merhumy nähili jaýlaýandyklaryny görmek isledik. Ellerinden alnan, ozaldan gelýän jaýlaýyş däplerini näme bilen çalşarkalar?
Ine, mysal üçin, moskwaly edebiýatçy hökmünde meniň jaýlaýyş däplerine öz düşünişim bar. Tabydy SDL-e goýmaly (wagtlaýynça restoran stollaryny aýrarlar) we Mihalkow söz sözlemeli, Roza Ýakowlewna bolsa ýas daňylaryny paýlar, gynançly ýas sazy ýa-da gowy bir saz çalnar.
Aýdaly, mundan gowy zady men islämok, özüm üçin şeýle ýagdaýy “adam ýaly jaýlanan” hasaplaýaryn. Eger-de maňa ölenimden soň, ýyrtyjy haýwanlaryň öňüne iýmäge we guşlaryň öňüne çokmaga oklanjakdygymy öňünden aýtsalar, men ony adamzada laýyk bolmadyk zalymlyk hasaplardym. Men hiç hili ýyrtyjy haýwanam islämok, guşam.
Ýöne Hindistanda haýwanlaryň öňüne iýmäge, guşlaryň öňüne çokmaga oklanmagy iň ýokary gowulyk hökmünde kabul edýän kastalar bar. Olaryň garaýşy boýunça muňa “adam ýaly jaýlanmak” diýilýär. Ýa-da mukaddes Gangyň boýunda ýakylmak. Eger-de indusa seniň meýdiň mukaddes Gangyň kenarynda ýakylmaz ýa-da ýyrtyjy haýwanlaryň iýmegi, guşlaryň çokmagy üçin oklanmaz diýseň, indus ony adamzada ýaraşmajak zalymlyk hasap eder.
Gysgaça aýdylanda, her bir adamyň ýaşap ýörkä hiç bir hukugy bolmadyk bolsa-da, ölensoň, onuň öz garaýşyça, “adam ýaly jaýlanmaga” hukugy bolaýmaly.
Ine, kilisäni hem ýapýarys. Bu bir gezekde ýüzlerçe ýaşuly adamy, garry erkekleri we garry aýallary “adam ýaly jaýlanmak” hukuklaryndan mahrum etdigimiz bolar, sebäbi başga hili jaýlanyşy olar “itiňki ýaly”, edil mal ýaly, maslyk ýaly gömülmek hasaplaýarlar. Olary täzeden terbiýelemek giç. Olar ýurduň çäklerinde köp — millionlarça. Şular ýaly aýylganç zalymlyk etmäge hukugy öz üstüne kim aldyka?
Rus garry aýaly, rus daýhan aýaly, rus enesi, rus garry mamasy ýaşaýar. Ol, elbetde, welaýat, etrap çäginde — hiç zat: sagymçy hem däl, öňdebaryjy hem däl, kommunistik zähmet brigadalarynyň agzasam däl. Onuň jynazasyna etrapdan orkestr gelmez, ýas baýdaklaram asylmaz.
Hawa, ol sagymçam däl, öňdebaryjam däl, ýöne ol — a-dam! Onuň bolsa bar arzuwy, iň soňky islegi — onuň jynazasynyň kilisede çykylmagy. Emma onuň hut şol hukugy hem elinden alyndy. Alnanam hiç-le, ýöne onuň üçin iň ýamany, eýýäm ýaşap ýörkä oňa hiç hili kilise hakda, jynaza hakda pikir etmegiňem bolmaýandygy aýdylypdy.
— Ölemde nähili bolarka?
— Äkideris we gömeris.
— Edil mal ýalymy?
— Nähili düşünseň düşüniber.
Zalymlygyň, adamlara azap bermegiň, adamlaryň duýgularyny masgaralamagyň çägi nirede-kä?
Men şulary pikir eleginden geçirýänçäm, gölegçiler öwlüýä ýetdiler. Bizem entek boş gubruň ýanyna bardyk. Bu ýerleriň topragy gyzyl reňkdedi. Depejigiň üstündäki toprak pytraňňydy, digir-digirdi, mazaryň diwarlarynda, pil bilen kesilen ýerleri bolsa ýalpyldawukdy, ýag ýaly ýyldyrap durdy.
Adamlar mazara ýakynlaşdylar. Tabydy gazylan çukuryň ýanynda goýdular. Aýallar möňňürip aglap başladylar. Ýetim galan topar ýaly bolup, töweregine aýlandylar, dyknyşdylar. Birden biz olaryň aljyraňňylyga düşenini gördük. Mundan beýläk näme etmelidigini bilmeýärdiler. Nämede bolsa bir zat etmeli, boluň, iň bolmanda bir zat etmeli, ahyrky hormat, iň soňky däp... Olarda hiç hili däp-dessur ýokdy.
Merhumy iň ýakynda duran garry aýal ony çokundyrdy, soň ak kepeniň üstüne pytrap ýatan gyzyl toprajykdan sepeledi. “— Çüýläp başlaň, erkek adamlar, seredip durmak näme gerek!” Iş tapyldy, erkekler janlandylar. Näme-näme, çüý kakmagy-ha bizem başarýarys. Iki sany çekijiň güýçli, tukat sesi ýaňlandy. Iki çekiç bilen derrew çüýlediler. Tabydyň aşagyndan ýüpleri geçirdiler. Hykylaşyp, zordan göterip, deňagramlylykda saklap, tabydy salkyn, laýlyrak çuňluga goýberip başladylar. Düşürdiler. Ýüpleri çekip aldylar. Toprak lokgalary tukat we tutuk ses edip başlady. Has tutugrak, has ýumşagrak... Şygyrda geçdi.
Gömdüler we ýene-de aljyraňňylyk bilen saklandylar. Indi gaýtmalydy. Ýöne her kimiň kalbynda nämedir bir zat edilmedik, aýdylmadyk ýa-da edilmelisi dek edilmedik ýaly duýgy bardy.
Emma başga edere zat ýokdy. Mazar gömüldi, agşama çenli ýanyny alyp durmarsyň-a. Bilelikde däl, ýöne topar-topar bolup dargap başladylar. Elli ýaşlaryndaky bir aýal her kimi merhumy ýatlamaga nahara çagyrýardy.
Hawa-da. Häzir ýaňky aýalyň öýünde ýygnanyşarlar. Suwujak işdä açar bilen içerler, serhoş bolýançalar içerler. Ýazgarmalymy? Ahyryna çenli bilinmedik ýa-da hiç bilinmejek ýüregiňi sorup barýan gaýgy-gamy çykaryp taşlamak gerekdir-ä!
Ikinji kolleksiýasynyň (dogrusy, goşmaça) üstüni dolduryp, Kirill her obada diýen ýaly menden kolhoz başlygyny tapmagy haýyş edýärdi. Şonuň üçin hem maňa esasy orun berilýärdi. Men başlyk bilen žurnalist hökmünde gürleşýänçäm, ondan kolhozdaky işler barada soraşdyrýançam, gapdaldan surata düşürmek Kirill üçin amatlydy. Ol ähli tarapdan gowy seredip we ünsüni jemläp, hatda başlygyň ýüzüni özüne ýakynlaşdyrmak üçin teleobýektiwi hem ulanyp, onuň bilen kadry doldurmak üçin, mergenlik bilen sürgüni şyrkylladyp, öz surat kamerasynda meniň söhbetdeşimiň şekilini äkitmek üçin surata düşürýärdi. Käwagtlar meniň söhbetdeşim suratynyň alynýandygy hakda güman hem etmeýärdi, eger biläýende-de, belki, garşylyk görkezmeýärdi, tersine, şatlanýardy: habarçylar, soň gazetde çykarsyň.
Ýöne hiç hili “soň” bolanokdy. Kirill düşüren suratlaryny stoluň üstüne ýaýradyşdyrdy-da şeýle diýerdi:
— Seret, seret. Anha, olar, biziň oba hojalygymyzyň komandirleri. Bir adam tap-da. Iň bolmanda, bir adamyň ýüzünde az-kem ruhubelentlik alamatlary bolsady. Üns berip, seredip gör. Bular adam ýüzleri däl ahyry, sypatlar. Sakal-saçy bejerilmedik, ýüzleri çiş, ýa köp içmekden, ýa-da ukusyzlykdan. Belki-de, sen hiç bolmanda ýekeje ýüzde erki, akyl-paýhasyň uçgunlaryny görýänsiň? Şahsyýet hökmünde tapawutlanmaýan adamlar. Aljyraňňy, olardan nämä garaşylýandygyna düşünmän aňk-taňk bolup durlar. Bu adamlar ýokardan näme buýrulsa, şony edýän adamlar. Mekgejöwen ekmelimi — mekgejöwen ekmeli. Mekgejöweni köki-damary bilen sogrup taşlamalymy — mekgejöweni köki-damary bilen sogrup taşlamaly. Kolhozlary birikdirip ulaltmalymy — kolhozlary birikdirip ulaltmaly. Kolhozlary ownuk böleklere bölmelimi — kolhozlary ownuk böleklere bölmeli. Zähmet günlerini girizmelimi — zähmet günlerini girizmeli. Ýene-de zähmet günlerini aýlyk haky bilen çalşyrmaly — zähmet günlerini aýlyk haky bilen çalşyrmaly. Garaz, özlerine pikirlenmek gerek däl. Diňe bellenen käriňde berk oturmak üçin ukubyňy görkezmek gerek. Elbetde, munuň üçin ýokarky başlyklary maglumatlar bilen nädip aldamaly, nädip ekilmedige ekildi diýip, ýygnalmadyga ýygnaldy diýip gözboýagçylyk etmeli, ertir bolsa geçen sene bilen bu sanlary hökman ýerine ýetirmeli. Ýerine ýetirmek welin, mydama başardaýanok. Ýalançylyk täze ýalançylygy döredýär. Ahyrda şeýle bolýar, kagyz ýüzünde bir hakykat, durmuşda bolsa başgaça. Ýalançylyk kem-kemden ýokary galýar, etrapdan welaýata. Soňky ýokary guramalarda aldamaga hiç kim ýok, özüň özüňi aldaýmasaň, şeýle hem, gurultaýyň ýa-da Ýokary Sowetiň tribunasyndan tutuş halky aldaýmasaň. Şol bir wagtda-da halkdan gizlinlikde kagyz ýüzünde gabat gelmeýän sanlary Amerikadan, Kanadadan, Awstraliýadan bugdaý we süle satyn almak arkaly ýok etmeli.
Barybir Kirill surat alýarka, men başlyk bilen gürrüňleşmeli bolýardym.
Ony, edil synagdaky ýaly, ikinji soragda ýykmak maňa şeýle bir kyn düşmeýärdi, sebäbi men kolhozlaryň ýagdaýlaryny jikme-jik bilýärdim. Ilkibaşda ol hondan bärsi bolýardy, ýöne basym hasylyň öten ýylda dokuz sentner bolandygyna, iki müň litrden sygyr süýdüniň saglandygyna, şäherden awtobuslar doly işçi güýjüniň yzygiderli sürlendigine garamazdan, kartoşkanyň belli bir böleginiň garyň aşagynda galandygy, mallar üçin taýýarlanan iým gyşyň ortasyna-da ýetjek däldigi belli bolýardy. Şeýdip başlyk ýüzüni sallaýardy, Kirilliň aýdyşy ýaly “boýun alýardy”, derrew işçi güýjüniň ýetmezçiliginden zeýrenip başlaýardy.
Bir sowhozyň direktory (üýtgeşiklik üçin) bize şeýle diýdi:
— Ertir umumy ýygnak geçirjek, her kim öz dogan-garyndaşyny ýa-da tanyş-bilişlerini biziň sowhozymyza göçüp gelmäge çagyrsynlar diýip ündejek. Işçi güýji ýetenok.
— Hany halk?
— Gaçýarlar, — diýip, direktor gysgaça we düşnükli aýtdy.
— Ýöne siziň sowhozyňyzyň hojalygynda, gör, näçe jaý bar ahyry. Olarda adamlar ýaşaýarlar-a. Onsoňam, gep adam sanyndamy näme? Men Daniýada boldum, bu mesele bilen gyzyklandym...
— Daniýada nähili eken? — diýip, direktor juda gyzyklanmak bilen sorady.
— O ýerde hojalygy ýöretmegiň fermer görnüşi hereket edýär. Stolypin reformasyny amala aşyryp, Rossiýada-da şu ýola düşmelidi. Ony “Datlaryň ýoly” diýip atlandyrýardylar öýdýän. Emma Daniýa kiçijek. Haýran galdyrýan zähmet öndürijiligi, emma möçberi o diýen däl. Eger şeýle öndürijilik Rossiýanyň çäginde bolan bolsady....
— Öndürijilik nähili?
— Onsoň... Men uly bolmadyk hojalygy görkezmegi soradym. Mysal üçin, biziň ortaça daýhan hojalygymyz ýaly hojalygy görkezmegi haýyş etdim. Şonuň ýaly-da, çem gelen hojalyga barmalydygyny aýtdym. Ýolda gidip barýarkak, gürrüň hem başlandy.
Baş köçeden öwrüldik-de, birinji gabat gelen hojalyga sowuldyk.
— Hawa, onsoň?
— Ýedi gektar ýeri bar eken. Adamsy we aýaly. Ikisem otuz ýaşlarynda. Ýetişip gelýän gyzlary bar. Gyzynyň münülýän ýabysy bar. Işlemek üçin ýene bir ýaby bar. Ýarym tirkegi bolan traktor.
— O nähili?
— Goňşusy bilen bilelikde bir tigirli traktor satyn alypdyrlar. Tirkelýän gurallary özleriniňki, esasan asma. Gurallar... Zähmet gurallaryna bir seretsediňiz! Çarşaklary, pilleri, dyrmyklary — hemmesine oňat açyk reňk çalnypdyr. Köp güýç ýitirmez ýaly, gural bilen işlemek özüňe ýaramly bolar ýaly saplary egreldilipdir. Iki ulag: ýeňil maşyn we kiçiräk ýük maşyn. Öz öndürýän önümlerini iýmeýärler. Ýörite awtoulag (men şol ýerdekäm hem geldi) olaryň sargyt eden zatlaryny getirýär: sellofana salnan et, ýaşyl nohut, ysmanak... Öý eýesi aýal maňa gorizontal duran, sandyga meňzeş holodilnigi görkezdi. Gapagyny galdyrdy, içi dürli iýmit önümden doly. Hemmesi täzeje, terje, edil tagamly we sagdyn iýmitler hakyndaky kitapdaky suratlar ýaly.
— Näme öndürýärler?
— Satmaga niýetlenen önümiň üç görnüşini: süýt, ýumurtga we jojuklar. Men, elbetde, üç bolup, ýarym traktor we bir at bilen ýedi gektar ýerden näçeräk dürli önüm öndürýändiklerini soradym.
— Onsoň?
— Iki tonna ýumurtga, 1800 kilogram mesge ýagyna öwrülip, hasaplanan süýt we kakadylan doňuz etine niýetlenen kyrk jojuk.
— Ýumurtganyň agramy çekilýärmi?
— Hawa, ýumurtganyň hem agramy çekilýär. Olarda dükanlarda-da çekilip satylýar. Diýmek, sany otuz müňe golaý. Eger, gyzynam goşup, üçüsine paýlasaň, her kime on müň sany düşýär, emma hakykat ýüzünde, esasan, ikisi işleýär, her kime on bäş müň. Ine, size öndürijilik. A sizde?
— Bizde näme? — diýip, direktor ukudan oýanan ýaly boldy.
— Sizde towukçylyk fermasy barmy?
— Bar.
— Siz öten ýyl adam başyna ortaça näçe ýumurtga tabşyrdyňyz?
— Bizde towuklar esasy däl. Bizde esasy önüm — süýt.
— Emma, nähili-de bolsa?
— Aý, ýok-la... — diýip, direktor sagyndy. — Aýtmagam utanç.
— Emma, nähili bolsa-da?
— Adam başyna üç sany ýumurtga.
— Indi bolsa siziň esasy önümiňiz bolan süýdi alyp göreli. Olaryň sygyrlary bäş müň litr süýdi-hä arkaýyn berýär. Men oňa “Bize geliň, siz tiz wagtda göreldeli zähmet adamsy bolarsyňyz, siziň suratyňyzy etrap gazetlerinde çykararlar, “Zähmet gahrymany” diýen adyň berilmegi-de mümkin” diýdim. Ol bolsa, “Ýok, men şu ýerde nähili-de bolsa, etrap gazetsiz hem bir zat ederin, alyp çykaryn...” diýdi. Bolýar-da, indi siziň baş önümiňiz bolan süýdi alyp göreli.
— Aljagam däl — diýip, direktor jogap berdi. — Men ahyry düşündim. Başga düzgün, başga netijeler. Men häzir pikir edýärin: mende — sowhozda häzir işçi güýji ýetmeýär, hakyky emelsiz, nalajedeýin adamlar. Olarda iki adama kyrk jojuk. Eger-de meniň işçilerimiň her birine ýigrimiden düşse-de, biz bütin welaýaty jojukdan doldurardyk. Bu nähili bolýar-a? Bir ýylda müň sekiz ýüz kilogram mesge ýagy. Iki bolup. Ynanar ýaly däl. Aýdaly, biziň sowhozymyzda üç ýüz adam. Diýmek, biz alty million ýumurtga, otuz müň tonna golaý ýag, duzlanyp kakadylan doňuz etine niýetlenen alty müň jojuk öndürmeli.Ýok, bu adam aňyna sygar ýaly däl. Olarda hasyl nähili-kä?
* Ine, Kremliň öňki komendanty P Malkowyň çeken suraty Oňa 1-nji maýa çenli Kremli arassalamagy, aýyrmaly zatlary aýyrmagy buýrupdyrlar Ol hem bu işleri bitiripdir Mundan beýläk tekst boýunça berýäris P Malkow Kremliň komendantynyň ýazgylary Ýaş gwardiýa, 1968, s 127 “Wladimir Ilýiç çykdy Ol şadyýandy, degişýärdi, gülýärdi Şol wagt hem men ýanyna bardym Ilýiç meniň bilen açyk göwünlilik bilen salamlaşdy, baýramçylyk bilen gutlady, birdenem barmagyny çommaldyp, degişme bilen haýbat atdy: — Atam jan, ýagşy, hemme zat gowy, ine, bu betnyşany heniz hem aýyrmansyňyz! Bu eýýäm gowy däl, — diýip, beýik knýaz Sergeý Aleksandrowiçiň öldürilen ýerinde dikilen ýadygärligi görkezdi Men tukatlyk bilen uludan demimi aldym.
— Dogry, — diýýärin men — Wladimir Ilýiç, aýyrmadym, ýetişmedim, işçi eller ýeterlik bolmady — Bä-ä, sebäp tapdyň-ow! Şeýle, işçi elleri ýeterlik bolmady diýýäňmi? Eger şeýle bolsa, işçi elleri edil häzirem tapylar Dogry dälmi, ýoldaşlar? — Ol töwerekde duranlara ýüzlendi Ähli tarapdan çykan dostlukly sesler ony goldady — Görýäňizmi? Siz bolsa işçi eller ýok diýýäňiz! Hany, boluň, demonstrasiýanyň başlanmagyna wagt barka, ýüpleri getiriň! Men çaltlyk bilen komendatura ylgadym we ýüpleri getirdim Wladimir Ilýiç çalasynlyk bilen halka etdi-de, ýadygärlige oklady Hemmeler işe başladylar, tiz wagtdan ýadygärlik ähli tarapyndan ýüpe baglandy — Hany, bilelikde! — diýip, Wladimir Ilýiç keýpi kök halda buýruk berdi Lenin, Swerdlow, Awanesow, Smidowiç we WSIK-iň hem Halk Komissarlar sowetiniň beýleki agzalary, şeýle hem, hökümet apparatynyň az sanly işgärleri bilelikde ýüpe ýapyşdylar, bar güýçlerini berdiler, çekdiler Ýadygärlik daş düşelen ýere güpürdäp gaýtdy — Ýok ediň ony gözümiziň alnyndan, hapa taşlanýan hendege taşlaň! — diýip, Wladimir Ilýiç görkezme bermegini dowam etdi Onlarça eller ýüpe ýapyşdylar, ýadygärlik daş düşelen ýer bilen ala şakyrdy turuzyp, Taýnisk bagyna tarap süýreldi Wladimir Ilýiç patyşalara, beýik knýazlara, patyşa döwründe gulluk eden şöhratly generallara goýlan ýadygärlikleri ýigrenýärdi Wladimir Ilýiçiň buýrugy bilen 1918-nji ýylda Moskwada — edil Kremliň özünde Aleksandr II we Hristos Halas edijiniň ybadathanasynyň ýanynda oturdylan Aleksandr III, general Skobelewiň ýadygärlikleri ýok edildi Biz ähli hapyr-supur, gereksiz zatlary ýok edip, Moskwada Sowet Рussiýasynyň başga şäherlerinde Marksa, Engelse, Marata, Robespýere, Kommunanyň we biziň rewolýusiýamyzyň gahrymanlaryna ýadygärlik galdyrarys, — diýip, ol aýtdy Örän täsirli, dogry dälmi?!