Möwsüm ýapylandan soň
1. Elba
Mukaddes hepde dek — palma şahasy, werbalar,
tükeniksiz ýanwar başlanýar maýyň Elbasyndan.
Akyp gidýär tümlük, dolýar peslikler, torbalar
we göz hanasy ukudakylaň... Oýarylandan
soň, näçe gysga bolsa uky, galdyrdanok ne
torba, ne nazar egindeşine, şor topragyndan
Azowyň çykan (ýa düzlüginden Indianaň).
Wiziriň çatrygynda dördünji piligrimanyň —
soňky — tolkunlary çakylygyň sowuk ýelde
kesilýär... Giň we agyr düşýär aşak tuty buzly
akymyň boýna. Garly mellekleň arasynda
urunýar birmeňzeş ýoýlan ýaň — ýykjak bolup germewi.
2. Ural utrişi
Ýazyna ol ýerde dikerdiler tipi
syryklardan we brezentden — ýol skwoty.
Sakgally erkeklere diýlerdi “hippi”
Çola ýerde, olaň aýallarna — “skwo”.
Şaýoldan şalmana barýardy ýodalar,
beýgelip gamhanada, — meňzeýärler
taýgaň batgalyk ýerindäki daş ýallar;
körüden aňyrda köpri, gatdan — gat.
Geriş nalyň boşlugy dolan hem egri
sanjymlaň düwne öwrülen ýerinde,
ýaýrady möwsümleýin “ural utrişi”,
altyn jaýryk dogýan ýaly gijede.
Ygyp ýörenler, akyldarlar, ozanlar,
gedaýlar töwerekdäki “gaýaly
daglarda” düzýärdiler jebis aýlawlar
we köp ýüzlerden duran — sessiz hory.
Meşgullandy gahryman, jeňňelde ýaly
galyp süri bilen ýol ortasynda,
geçirip kerepden akylly sözleri
gulp astynda bolup gören sesleri.
Hem, arçyn boýly kagyz — taýyn kitabyň —
çäkleri taşlap, özüniň yzyndan
äkitdi olaryň kiçisin, monaha
öwrüleni — meýlise we talaňa.
Öwrülip kurumlara, granit daşlara
şihany tanatmak däl, emma — atlar...
Dogumly birleşik, öwrülip döwüge,
tapyp aldylar özne şahsy hatlar.
Aziýa gijesi çuň ornaşdy jülgä,
hemmeleň taşlan ýerne, basýar uky —
duşak çözüp geçi aýdyma, — Dalilä
dyzyna kellesin goýan Samsony.
Mukaddes hepde dek — palma şahasy, werbalar,
tükeniksiz ýanwar başlanýar maýyň Elbasyndan.
Akyp gidýär tümlük, dolýar peslikler, torbalar
we göz hanasy ukudakylaň... Oýarylandan
soň, näçe gysga bolsa uky, galdyrdanok ne
torba, ne nazar egindeşine, şor topragyndan
Azowyň çykan (ýa düzlüginden Indianaň).
Wiziriň çatrygynda dördünji piligrimanyň —
soňky — tolkunlary çakylygyň sowuk ýelde
kesilýär... Giň we agyr düşýär aşak tuty buzly
akymyň boýna. Garly mellekleň arasynda
urunýar birmeňzeş ýoýlan ýaň — ýykjak bolup germewi.
2. Ural utrişi
Ýazyna ol ýerde dikerdiler tipi
syryklardan we brezentden — ýol skwoty.
Sakgally erkeklere diýlerdi “hippi”
Çola ýerde, olaň aýallarna — “skwo”.
Şaýoldan şalmana barýardy ýodalar,
beýgelip gamhanada, — meňzeýärler
taýgaň batgalyk ýerindäki daş ýallar;
körüden aňyrda köpri, gatdan — gat.
Geriş nalyň boşlugy dolan hem egri
sanjymlaň düwne öwrülen ýerinde,
ýaýrady möwsümleýin “ural utrişi”,
altyn jaýryk dogýan ýaly gijede.
Ygyp ýörenler, akyldarlar, ozanlar,
gedaýlar töwerekdäki “gaýaly
daglarda” düzýärdiler jebis aýlawlar
we köp ýüzlerden duran — sessiz hory.
Meşgullandy gahryman, jeňňelde ýaly
galyp süri bilen ýol ortasynda,
geçirip kerepden akylly sözleri
gulp astynda bolup gören sesleri.
Hem, arçyn boýly kagyz — taýyn kitabyň —
çäkleri taşlap, özüniň yzyndan
äkitdi olaryň kiçisin, monaha
öwrüleni — meýlise we talaňa.
Öwrülip kurumlara, granit daşlara
şihany tanatmak däl, emma — atlar...
Dogumly birleşik, öwrülip döwüge,
tapyp aldylar özne şahsy hatlar.
Aziýa gijesi çuň ornaşdy jülgä,
hemmeleň taşlan ýerne, basýar uky —
duşak çözüp geçi aýdyma, — Dalilä
dyzyna kellesin goýan Samsony.





