Haýal tänýän ýapraklaň we birmeňzeş sesiň astynda...

* * *

Haýal tänýän ýapraklaň we birmeňzeş sesiň astynda
Üçünji gatda skripka aýdym aýtdy bir zat hakda,
Köçelerden barýardy gelşiksiz geýnen aslynda
Deňi-taýy bolmadyk şahyr indi düşnüksiz halda.

Ony garşy aldy ýetginjek, özüne göwni ýetýän,
Samsyjak jorasy we tozanly kellesi bilen,
Şahyr ýatda saklady, ýatda saklady ikisinem,
Goşgularynda, otuň içinde dek, gizlemek üçin.

Trubniklerdäki belli dükana ol girerdi,
Satyjy Lena okardy gözünden zady.
Şonda gyzykly sýužet zordan tapylardy —
Haýsydyr bir ak hatlaň şypaly balzamy.

Tänen ýapraklar haýyş hatlaryn ýazmady,
Aýak astda şygyrdady, aýtmak isledi ýomagy,
Şahyr içine sorýardy gamy, şahyra azdy
Şol, kimiň ýolunyň üzülmedik bolsa sapagy.

Oýundan gorkynyň edilen sanjymy-da oýundan,
Skripka-da mundan bir sagat öň şeýle ýalan sözledi.
Moskwa gazaply, Monomahyň telpegi deýin,
Noýabryň howalary hem boş hem agyr geldi.