Pasternak Maýakowskiniň kremasiýasyna seredýär
Polat erediji, slýudadan
penjirä, uçgunakly göz
bilen, seredýär ýiti jöwza
(tomusda — teneçire deý),
hakyky gözýaşy gaçyryp
göreje urýan yssydan, —
garaşýar bakylyga, berk bilip,
soň otly derýaň jebrinden.
Molibden hem wolframy goşup
goýbär Stalin bu polata.
Gaýduwsyz hem dogry ýaşamak
gerek we öňe seredip
köre-körlük bilen. Esgerler
marş çalar ýene. Çemende
ak bägülli — hasap sagady —
Isa daýanar kenara.
penjirä, uçgunakly göz
bilen, seredýär ýiti jöwza
(tomusda — teneçire deý),
hakyky gözýaşy gaçyryp
göreje urýan yssydan, —
garaşýar bakylyga, berk bilip,
soň otly derýaň jebrinden.
Molibden hem wolframy goşup
goýbär Stalin bu polata.
Gaýduwsyz hem dogry ýaşamak
gerek we öňe seredip
köre-körlük bilen. Esgerler
marş çalar ýene. Çemende
ak bägülli — hasap sagady —
Isa daýanar kenara.





