Meniň leýtenantym

(romandan bölek)

Ilkinji bombalaýyş

Entek has ýetginjek mahalym aldym-berdimli aýylganç uruş meni juda gorkuzypdy. Ol ilkinji bombalaýyşdy. Biziň halk meýletin goşunymyzyň eşelony 1941-nji ýylyň iýulynyň başynda fronta ugrady. Nemes goşunlary Leningrada tarap çalt hereket edýärdiler. Eşelon iki günden Bateskaýa stansiýasyna gelip ýetdi. Stansiýa Leningraddan ýüz elli kilometr daşlykdady. Meýletinçiler düşüp başladylar, şol wagt biziň üstümize nemesleriň howa-harby uçarlary uçup geldi. Hüjüm edýän uçarlaryň sanynyň näçedigini men bilemokdym, ýöne göwnüme bolmasa, uçarlardan ýaňa asmanyň ýüzi gap-garady. Arassa, ýyly tomus howasy güwledi, titredi, ses barha güýçlendi. Uçýan gara kölegeler biziň üstümizi ýapdy. Men ýasama depeden aşak togalandym, ýakyndaky agajyň düýbüne zordan özümi taşlap ýetişdim, ýüzin ýatdym we kellämi otluga sokdum. Ilkinji bomba gaçdy, ýer titräp gitdi. Soňra bombalar topbaklaýyn düşüp başladylar. Yzly-­yzyna eşidilýän partlamalar gümmürdä goşuldylar, hemme zat yranyp gitdi. Uçarlar dik aşaklygyna gaýtdylar, biri-biriniň yzyndan nyşana golaý geldiler. Nyşana alynýan bolsa mendim. Olaryň hemmesi meni ýok etmek isleýärdi. Uçarlar ýere tarap meniň üstüme okduryldylar. Propelleriň gyzgyn howasyna meniň saçlarym seçelenýärdi.

Uçarlar uwlaýardylar, bombalar aşak düşüp ýarylýardylar we aýylganç sesler has-da güýçlenýärdi. Olaryň ýiti sesi beýniňi deşip barýardy. Döşüňe, garnyňa girip, iç-goşuňy daşyna çykarýardy. Uçýan bombalaryň gazaply gykylygy, ýiti sesleri ähli giňişligi gaplap alypdy. Uwwuldynyň yzy üzülenokdy, ol meniň ähli duýgymy sorup alýardy, hiç zat hakynda pikir etmek mümkin däldi. Gorky meni belli-külli öz ýowuz gysy­myna alypdy. Partlamanyň gümmürdisi ýeňil seslendi. Oklar has ýokarda sygyrar ýaly men ýere gysyldym. Muny maňa gorky öwretdi. Haçan-da sykylyk ýaly ses eşidilende, bir sekuntlyk arakesme bolýardy. Şonda şepbeşik, ýigrenji gorkudan ýaňa akýan porsy deri süpürmek, kelläňi asmana galdyryp görmek bolýardy. Emma ol ýerden, güneşli aladasyz gök öwüşginden täze, has pes titreýän uwwuldy döreýärdi. Bu gezek uçaryň gara hajy göni meniň agajyma düşdi. Men gysmyljyramaga, öz uly göwrämi kiçeltmäge çalyşdym. Men otuň üstünde tutuş göwrämiň, dolakly aýaklarymyň, şinelimiň arka tarapynyň düýrlenen ýeriniň görnüp durandygyny duýdum. Gum tokgalary kelläme döküldi. Gaýtadan hüjüm. Dik aşaklygyna uçýan uçarlaryň sesi meni ýere ýazdy. Şol uwwuldy meniň ömrümiň iň soňky pursadyny ýakynlaşdyrdy. Bir doga bilmesem-de, doga okadym. Men hiç haçan Hudaýa ynanmaýardym. Men özümiň täzelikde alan ýokary bilimim, tutuş astronomiýa, fizikanyň täsin kanunlary bilen Hudaýyň ýokdugyny bilýärdim, ýöne şonda-da men doga okadym.

Asman maňa dönüklik etdi, hiç hili diplom-da we bilim-de maňa kömek edip bilmedi. Men özüme garşy dürli tarapdan uçup gelýän “ölüm” bilen ýüzbe-ýüz gal­dym. Guran dodaklarym bilen pyşyrdadym: ”Hudaý, rehim et! Meni halas et, ölmegime ýol berme, haýyş edýärin, ýagyş ýaly ýagýan oklar maňa degmäwersin, sowa geçewersin. Hudaý, rehim et! Birden-de maňa öňden tanyş bolan “Hudaý, rehim et!” diýen iki sözüň düýp manysy açyldy duruberdi. Maňa henize çenli belli bolmadyk kalp çuňlugyndan nämedir bir zatlar güýçli täsir etdi we ozal hiç mahal aýtmadyk sözlerim öz-özünden dilime gelip başlady: “Hudaý, men saňa çokunýaryn we diňe senden dileýärin, ähli mukaddesligiň hatyrasyna meni gora”. Partlama bilen birlikde kimdir biriniň bedeni golaý gapdalymda gara gan bolup atylyp gitdi. Ganly bölek ýanyma şalpyldap düşdi. Bişen kerpiçden edilen, beýik suw sorujy ýuwaşjadan edil ukuda ýatan ýaly, bir tarapa sessizje gyşardy we tirkegde duran demir ýol düzüminiň üstüne ýykylmaga başlady. Şol wagt parowozyň öňünde partlama boldy we parowoz jogap berýän ýaly ak buga dolandy. Partlamalar ýollary çökerýärdi, pürsler uçýardylar, wagonlar agdarylýardylar, stansiýanyň aýnalarynyň iç tarapy al-gyzyl ýagty saçýardy. Bu zatlaryň hemmesi nirededir bir daş ýerde bolup geçýärdi. Men gözümiň alnynda bolup duran elhençlikleri görmezlige, daş-töweregime seretmezlige çalyşýardym. Men gök baldaklara seretdim, ol ýerde — otlaryň arasynda çypar garynja süýrenip barýardy, solak reňkli semiz gurçuk şahadan aslyşyp durdy. Otuň içinde adaty tomusky, ýuwaş, owadan we manyly durmuş gaýnap joşýardy. Hudaý ýigrençden we ölümden doly asmanda bolup bilmez. Hudaý şu ýerde gülleriň, liçinkalaryň, möjejikleriň arasyndady...

Uçarlary gaýta-gaýtadan öwrüm edýärdiler. Dowzahyň bu bulam-bujarlygynyň soňy görünmeýärdi. Ol bütin dünýäni ýok etmek isleýärdi. Men indi söweşde däl-de, ine, şu ýerde şeýdip, hiç zat etmän, bir gezek hem ok atman, dereksiz ölmelimi? Meniň granatym bardy, emma maňa tarap dik başaşaklygyna uçup gelýän harby uçarlara olary zyňar ýaly däldi. Men juda gorkanlygym sebäpli, agyr ýagdaýa düşüpdim. Mendäki bu gorkynyň täsirini bilsediňiz! Yzygiderli dowam edýän bombalama sebäpli, meniň kalbymda nejis, aýyp, çäksiz hökümli gorkynyň täze we täze tolkunlary çyrpynýardy. Men ony köşeşdirip bilemokdym.

Minutlar geçdi, meni öldürenokdylar, ýöne meni titreýän neme öwürdiler, men eýýäm adam däldim, men bolgusyz, gorkudan doly mahlukdym.

...Ýuwaşjadan ümsümlik gaýdyp geldi. Towlanyp ýanýan haýbatly oduň ýalynly dili şatlaýardy, hyşşyldaýardy. Ýaralananlar yňraýardy. Suw sorujylar ýykylýardy. Ýanan zatlaryň dymyljyk ysy bardy. Şemalsyz howada tüsseler we tozan topbak bolup durdy. Zeper ýetmedik asman bolsa şol öňki gözelligi bilen nur saçyp durdy. Guşlar jürküldeşýärdi. Tebigat ozalky kaddyna gaýdyp geldi. Ol gorkynyň nämedigini bilenokdy. Uzak wagtlap özüme gelip bilmedim. Men indi boşap galan göwredim. Özümi şeýle bir ýigrendim, sebäbi men özüme hiç haçan şeýle gorkak öýdmeýärdim.

Bombalaýyş öz etmeli işini etdi, meni bir pursatda esgere öwürdi. Beýlekileri hem şeýtdi. Başdan geçirilen gorky zerarly, kalbymda nämedir bir üýtgeşmeler bolup geçdi. Soňky taşlanan bombalamalar başgaça kabul edildi. Men birden onuň ýetiren täsiriniň azdygyna göz ýetirdim. Olar ilki bilen ruhy taýýarlygyňa täsir edýärdiler, ýogsa esgere düşäýmek aňsat däldi. Men özüme okuň kär etmejekdigine halys ynandym. Hakykatdan-da, men ok kär etmeýän bolup biljek. Bu aýratyn esger duýgusy bolup, ol arkaýyn buky ýer gözlemäge, uçup gelýän minanyň ýa-da top oklarynyň sesine görä partlamanyň boljak ýerini anyklamaga mümkinçilik berýär. Bu ölümiňe boýun bolup garaşmak dal-de, hakyky söweşdi. Biz garşylyk görkezýändigimiz, atýandygymyz, duşmana howply bolýandygymyz bilen gorkyny ýeňýärdik.

Urşuň ilkinji aýlarynda nemes esgerleri öz kaskalary, ýaşyl şinelleri, awtomatlary, tanklary, howada agalyk edýändikleri bilen howuňy basyp, gorky döredýärdiler. Göwnüňe, olary ýeňip bolmajak ýalydy. Yza çekilme, köplenç, şu duýgy bilen düşündirilýärdi. Olarda ýarag artyçmaçlygy, şeýle-de, ussat esgeriň şan-şöhraty bardy. Biz bolsa ýöne bir meýletinçiler hökmünde gözgyny görünýärdik: atly esgerleriň gök galifesi, ädigine derek bolsa köwşümiz we dolagymyz bardy. Şinel bolsa boýuňa görä däldi, kellede hem pilotka...

Üç hepde, soňra-da aý geçdi, hemme zat hem üýtgäp başlady. Biziň top oklary­myzyň hem duşmany urýandygyny, nemesleriň ýaralananlarynyň hem gygyrýan­dygyny, ölýändigini gördük. Ahyr soňy, biz nemesleriň nähili yza çekilýändigini gördük. Olar gaçanda, ilkinji bölejik, kiçiräk söweşlerdi. Bu biziň üçin uly bir açyşdy. Görüp otursak, biz — meýletinçiler hem öz gelşiksiz galifemiz bilen-de duşmany gorkuzýan ekenimiz. Munuň şeýledigini biz ýesir düşenlerden bildik. Meýletinçiler öz çydamlylygy, gahar-gazaby bilen Lužsk çägindäki okgunly çozuşy duruzdy. Nemes bölümleri şol ýerde eglenmeli boldular.

Ilkinji aljyradyjy urgular zerarly dörän sussubasyklyk geçdi. Biz indi gorkman başladyk.

Gabaw döwründe harby ussatlyk deňleşdi. Biziň aç, top oklary bilen ýaramaz üpjün edilen esgerlerimiz ruhy güýjüniň artykmaçlygy bilen tutuş 900 günüň dowamynda garny dok we ýarag bilen gowy üpjün edilen duşmany saklamagy başardy.

Men öz şahsy tejribäme görä, biziň beýleki frontlarymyzda hem gorky edil şeýle ýol bilen ýok edilen bolmaly diýip pikir edýärin. Gorky uruşda elmydama bolýar. Ol köpi gören esgerlerde-de bolýar. Olar nämeden gorkmalydygyny, özüňi nähili alyp barmalydygyny, gorkynyň güýjüňi alýandygyny bilýärler. Şahsy gorkyny we hemmelerdäki gorkyny bilmek gerek. Soňky dowul salmaga eltýär. Mysal üçin, gabaw gorkusy. Ol birden döreýär. Tylda nemes awtomatlarynyň tatyrdysy, “gabadylar” diýen gykylyk we duran-duran ýeriňden dyr-pytrak bolup gaçmak başlanyp bilýär. Tyla tarap ylgamak, ýol saýgarman, ýel ýaly gidip, nädibem bolsa gabawdan çykmaly. Saklanmak mümkin däl we ylgaýanlary saklamak-da mümkin däl. Köpçülikleýin gorky pikiri ysgyndan gaçyrýar. Söweş wagtynda, nerwler dartylyp durka, umumy dowul düşürmek üçin bir gykylyk, bir gorkak ýerterlikdi. Gabalmak gorkusy urşuň ilkinji aýlarynda ýüze çykdy. Soňra biz gabawdan çykmagy, böwüsmegi öwrendik. Bizi gabaw gorkuzman başlady.

Geň zat bolsa-da, gorka gülki garşy durýar. Gorkulan wagty gülünmeýär. Eger gülseler, gorky aýrylýar, sebäbi ol gülkini halamaýar, gülki gorkyny öldürýär, ret edýär, ýoga çykarýar, hiç bolmanda, belli bir wagta çenli kowýar. Şu ýerde ajaýyp ýazyjy Mihail Zoşenkodan eşiden bir wakamy ýatlasym gelýär.

Ölmeziniň öň ýanynda “Ýazyjylar öýünde” onuň agşamyny gurnadylar. Şol wagtlar Zoşenko gahar-gazapdady, onuň eserlerini neşir etmeýärdiler, ony çykyş etmek hem gadagandy. Onuň bu agşamyny-da gizlin we döredijilik hasabaty diýip geçirdiler. Çäkli sanaw boýunça adam çagyrdylar. Zoşenko begendi, sebäbi soňky döwürde ol üzňelik ýagdaýyndady, hiç ýerde bolanokdy, ony hiç ýere çagyrmaýardylar — gorkýardylar.

Agşam täsirli, dabaraly boldy. Zoşenko nämäniň üstünde işleýändigini gürrüň berdi. Ol «Meniň durmuşymyň iň täsin ýüz wakasy» atly hekaýalar toplumyny ýazmaga hyýallanypdyr, olaryň käbirini aýdyp-da berdi. Ol okamady. Onuň golýazmasy ýokdy, sebäbi entek ýazmaga ýetişmedik bolara çemeli. Şol hekaýalaryň biri gönüden-göni biziň temamyza degişli. Ýadyma düşüşine görä, gynansagam, Zoşenkonyň täsin we çeper dili bilen däl-de öz sözlerim bilen aýdyp bereýin.

Bu uruşda, Leningrad frontunda bolupdyr. Biziň aňtawçylarymyzyň topary tokaý ýodasy bilen barýardy. Güýzüň soňky günleridi. Aýak astynda ýapraklar şygyr­daýardy we bu ses diňşirgemäge päsgel berýärdi. Olar elleri bilen awtomatlaryny taýýar tutup ýöräp barýardylar. Eýýäm köp ýol geçdiler, ýadap tapdan düşen bolmaklary ahmal. Ýol birden öwrüldi, şol öwrümde hem olar nemesler bilen ýüzbe-ýüz çaknyşdylar. Şular ýaly aňtawçy topar bilen. Olar hem, beýlekiler-de özlerini ýitirdiler. Buýruk bolmasa-da, nemesler ýoluň bir tarapyndaky suwly ganawa, biziňkiler hem beýleki tarapyndaky suwly ganawa bökdüler. Başagaýlyk bilen dörän garma-gürmelikde bir nemes esgeri sowet esgeri bilen bir ganawa togalanypdyr. Nemes esgeri öz ýalňyşyna birbada düşünmedi. Haçan-da gapdalynda ýyldyzly pilotkaly esgeri göreninde, ikibaka urundy, gorkuly halda jynssyz gygyrdy, ganawdan çyk­dy we ätmer-sätmer böküş bilen ýere düşen ýapaklary sowrup, tutuş ýoluň üstünden özleriniňkä tarap towsup geçdi. Gorky oňa güýç berdi, belki-de şonuň üçin, ol rekord böküşini görkezen bolmaly.

Muny görüp, biziň esgerleirmiz hem, henesler hem gülüşdi. Olar suwly ganawda biri-birleriniň garşysynda, awtomatlaryny gezäp otyrdylar we görgüli ýaşajyk esgeriň üstünden gülýärdiler.

Mundan soň atyşmak mümkin däldi, sebäbi gülki hemmeleri umumyadamzat duýgusy bilen birleşdirdi. Nemesler aljyraňňylyk bilen suwly ganawdan bir tarapa, biziňkiler hem beýleki tarapa emedeklediler. Ýekeje ok atman-da aýrylyşdylar.

Letniý sad

Biziň üçimiz aýralygyň öň ýanynda Pýotruň köşgüniň ýeňse tarapyndaky mermerden ýasalan gadymy rim aýal hudaýynyň arkasynda duşuşdyk. Şol taýda biziň gowy görýän ýerimiz bardy. Ol ýere biz öz gowy görýän gyzlarymyzy duşuşyga çagyrýardyk. Ol ýerde salkyn saýaly kölege bardy. Günüň solak tegmilleri Letniý sadyň orlan otlarynyň üstünde ýaltalyk bilen süýşýärdi.

Ben asmana atýan toplaryň, Wadim bolsa kenar boýundaky asmana atýan toplaryň bölümine düşdi. Olar öz toplary bilen öwünýärdiler, ikisiniň hem uniwersitet ýyllarynda alan leýtenant derejeleri bardy, täzeje esger eşikleriniň ilik deşiklerinde gyzyl kubarlar ýalpyldaýardy. Serkede eşikleri olary üýtgedipdi. Ýeserlik bilen süýşürilen esger papagy (Wadim oňa “papajyk” diýýärdi), ýyldyz tokaly guşak guşalan inçejik bili, tutuşlygyna tämizje görünýän keşp, aýratyn hem, Wadimy has-da görmegeý edip görkezýärdi. Ben welin oňa görä hopul-sopul görünýärdi, ol heniz graždanlyk endiginden doly saplanmandy. Onuň gaýgysy hem graždanyň gaýgysydy. Ol biziň geljekdäki aýralygymyzyň ejirini çekýärdi.

Meni hiç bir babatda olar bilen deňeşdirer ýaly däldi: egnimde nah matadan tikilen, öň geýlen eşik, aýagymda-da kimdir biriniň geýip-geýip apgyrdyny gyşardan köwşi, dolaklar we atly goşunyň esgerleriniň eşikleriňkä meňzeş gök egremçeli galife. Biziň ýaly meýletinçileri şeýle geýindirýärdiler. Köp wagt geçenden soň, men şol günleriň gadymy, ýüzi garalyp giden suratyny tapdym. Ajaýyp fotosuratçy Walera Plotnikow kompýuteriň kömegi we doga-dileg bilen biziň üçümiziň soňky duşuşygymyzy garaňkylykdan ýagty jahana çykardy. Men özümi şol eşikde gördüm. Sypat bolaýşyny, şeýle eşikde men fronta giden ekenim. Gaty bir ýadyma düşüp baranok welin, olar meniň üstümden-ä gülmediler öýdýän, ýöne gaharlandylar: be, meni, Wadimiň atlandy­ryşy ýaly, meýletin gulluk edýäni, bolmalysy ýaly geýindirip bilmedimikäler!

Olar ähli ýygnaklarda aýdylýan çagyryşlary gahar bilen gaýtaladylar: “Döş gerip Leningradyň goragynda durmaly!” Döş bilen, diýmek. bizde başga hiç zat ýok-da? Döş bilen awtomatyň, tankyň üstünemi? Howaýy, pöwhe jümleler, iň bärkisi, dolaklara seretseň hem, hemme zatdan öňürti — döş bilen!

Dolaklar üçin hem sag bolsunlar diýdim, menden kynlyk bilen brony aýyrdylar we meýletinçileriň hataryna goşdular.

“Pyýada goşunyň ýönekeý esgeri bolupmy?” diýip, olar soradylar. “Meýletinçiler seniň nämäňe gerekdi, olar bir söweş tilsimleri öwredilmedik jemende, toplar üçin et. Uruş — ussat hünärmenleriň işi” diýip, Ben subut et.

Olaryň aladasy meni tolgundyrdy. Olaryň ikisi-de meniň üçin kysmatyň saýlanlarydy. Uniwersitetde Wadima uly ynam bildirdiler. Fizikanyň nazaryýeti boýunça belli halypalaryň biri, akademik Fok oňa has-da ýokary ynam bilen garaýardy. Wadim Puşkarýowdan beýik açyşlara garaşylýardy. Ben hem matematik hökmünde tapawutlanýardy, oňa-da meşhurlaryň biri Lurýe halypalyk edýärdi. Ylymlaryň doktory, habarçy agza bolmagy-da ahmal.

Men olaryň meni — ýönekeý bir, hiç kimiň ynam bildirmedik inženeri-de özlerine dost hökmünde kabul edendiklerine dostlugyna guwanýardym... Olaryň arasyn­da men elmydama jojuk ýaly görünýärdim. Meniň bilen deňeşdirilende, olar aristokratlar ýalydy. Plebeý gelip çykyşy men aýryp bolmaýardy. Emma olar meni munuň üçin halapdylar.

Wadim jübüsinden arakly mytarasyny çykardy we birinji imperialistik döwürlerde kakasynyňky bolandygyny aýtdy. Biz nobat boýunça azajykdan içdik, surata düşdük. Beniň kiçijik “leýka” diýen surat alýan apparaty bardy. Geçip barýanla­ryň birinden haýyş etdik. Obýektiwiň ýalpyldaýan gözi bize seretdi, ol ýerden sowuk şemal öwsüp, bir pursatlyk duman, biziň her birimize garaşýan, näbelli geljek açy­lyp gitdi. Wadim agraslandy, Ben bolsa bizi gujaklady, biz aňsatlyk bilen duşmany derbi-dagyn etmeli diýip ynandyrdy, haçanda “duýdansyzlyk faktory” geçende, biz olary ägirt uly urgy bilen dargadarys, sebäbi:

...taýgadan britan deňizlerine çenli
 Gyzyl Goşun
                   hemmelerden
                                       güýçli!

Biz az wagtlyk aýrylyşýarys diýen ynam bilen hoşlaşdyk. Barybir biz olary derbi-dagyn ederis.

Bize örän tiz wagtdan lapykeçlik aralaşdy. Soňra örän tiz wagtdan ol umytsyzlyk nemeslere we öz ýolbaşçylarymyza bolan gahar-gazaba öwrüldi, onda-da gizlin, basmarlaýan, gaty gaharly ynam saklandy.

Biz baş seýilgähden barýardyk. Gadymy rim hudaýlary bize seredýärdiler, olar üçin hem bu zatlar: uruş, imperiýanyň synmagy, mergi, weýrançylyk haçandyr birwagt bolupdy.

Noýabrda Kareliýa frontunda söweşip ýören Benden hat aldym. Ol dik asmana atýan batareýa ýolbaşçylyk edýärdi. Ähtimal, eli baran däldir, hatyň soňky setirlerinde Oranienbaumyň eteginde Wadimiň wepat bolandygy habar berilýärdi. Onuň ölümi barada başga anyk zat ýokdy. Bu habar onuň uniwersitet polkdaşlarynyň üsti bilen ýetirilipdir.

Şol ýekşenbede

“Ýöne men ynanamok” diýip, Ben hatyny tamamlapdyr. Şol wagta çenli men eýýäm ölüm bilen öwrenişipdim, emma muňa men hem ynanmadym. Tutuş uruş gutarýança-da ynanmadym, häzirem ynanamok.

Ýene bir geň zat, men hiç haçan bu täsinlik hakda pikir etmändim. Ony, bary-­ýogy, tötänlikde gabat gelýän gülkünç bir zat hasaplaýardym. 1941-nji ýylyň iýu­nynda mende söýgi ody tutaşyp başlady we birhili boup, 22-nji iýunda, şol ýekşenbe güni başa düşdi. Şonda biz irden Dudergofa, özümize bukuja ýer gözlemek üçin kiçiräk tokaýa gezelenje gitdik. Soň-soňlar boýun alşyma görä, meniň niýetim gowy däldi. Ol gazaply ýaşlyk ýyllarynda men aýallaryň berip biljek zatlaryndan almak mümkinçiligine hiç hili biperwaý garamaýardym. Olaryň özleri bu: “isleýärin”, “berjek”, “berjek däl”, «kime islesem, şoňa-da berjek» diýen sözleri ulanýardylar. Şol wag­ta çenli men aýallar bilen iş salyşýardym. Kim, haçan olaryň gyzlyk mertebesinden aýrandygyny men bilemokdym. Maňa “möhüri aýrylan”, köp ýa-da az tejribeli görnüşde duşýardy.

Bu ýerde başgaça boldy. Onda-da düýbünden başgaça. Men onuň gyzdygyny duýdum. Hakykatda, bu ýagdaý meni begendirmedi, gaýta, has gorkuzdy. Şol döwürlerde ahlak kadalary ters pikir hasaplanmaýardy. Soň görüp otursam, meni ondan hem has güýçli gorky gaplapdyr.

Şol gün asman göm-gökdi, güllän sirenlerden, düşüp gelýän yssydan doludy, burk urýan, gije-gündiziň deňleşýän, ak gijeleriň gyzgalaňly wagty, ganyň gaýnaýan günüdi. Biziň gatnaşygymyz has çynyrgap, aýgytly çyzyga ýakynlaşdy. Çyzykdan geçmelimi ýa-da boýun gaçyrmalymy? Mundan men hem, ol-da el çekmek islämizokdyk. Ol meniň niýetimi aňýardy, men hem onuň aňýandygyny bilýäedim. Şonuň üçinem biz öz üstümizden köp gülüşdik. Gülüp, ol kellesini arkan gaýşartdy we garamtyl saçlarynyň tarlaryny silkip gygyrdy: “Waý, suw!” Onuň hünji ýaly düzülen ak dişleri ýyldyraýardy. Gülküden alýan lezzetim meni akylly-başly bolmagyma mejbur edýärdi. Men onuň ýene we ýene göwnünden turmak isleýärdim. Biziň aşyk-magşuklygymyz eýýäm üç aý bäri dowam edýärdi, ýöne bu möhlet maňa azdy. Oňa söz aýdýan ýigitleriniň arasynda abraýly daýylar hem bardy. Haýsydyr bir uly wezipeli kişi ony restorana äkidýärdi, gara işbil iýdirýärdi. Ol şeýip öwünmek bilen, meni çala öjükdirýärdi. Ol bir merkezi barlaghananyň uly işgäridi, elbetde, zehinlidi, görmegeýdi. Bahana tapyp, men bäsdeşimi görmek üçin barlaghana bardym. Hakykatdan hem, ol mylaýym, özi-de menden uzyn, buýra saçly, mähirli ýylgyryşly adam eken. Rimma ol baradaky gürrüňleri ulaldyp aýtmandyr, sebäbi ol ýalan sözlemegi düýbünden başarmaýardy. Ol özüniň hakykatçylygy bilen gönüden-göni ýürege düşýärdi.

Zawodyň kitaphanasyndan men elektronika boýunça amerikan žurnalyny al­dym we owadan daşy, ady görner ýaly edip, kurtkamyň jübüsine dykdym. Goý, meniň hem telli-pelli adam däldigimi bilsin. Dudergofda hem men öwündim — giň ýapdan böküp, rekord goýdum. Niredendir bir ýerlerden çalasynlyk we güýç aralaşýar, gadymky köne duýgy oýanýar. Adama asylky tebigy ajaýyplyk gaýdyp gelýär we ýadaman-ýaltanman öz söýgi aýdymlaryny aýdýarlar. Daşdeşenler kellesini aýaman, söýgi çagyryşlary bilen ruhlanyp, agajy jyrkyldadýar-tyrkyldadýar. Ony ol diňe urkaçylaryň hatyrasyna edenok, bu ýaz ýaşaýyş güýji bilen doldurýar. Erkek, şeýdip, özüni görkezýär, özüne ynamy berkidýär, şöhratlandyrýar.

Tebigat bilen bagtly bitewülik. Biziň ganymyz bir, şonuň üçin-de biz hem aýdym aýtmaga, otlarda togalanmaga, uruşmaga taýyn.

Adamsyz, tokaý giňişliginde tokaý arhitektory tarapyndan ýörite gurlan, gök otly ýer biziň öňümizde peýda boldy. Biz ýatdyk we galtaşma oýny başlandy, öpüşmeler, ýene-de galtaşmalar. Onuň sadap ýaly ak dişleri, arassa demi maňa şirelerden dolan tebigatyň bir bölegi bolup duýuldy. Şol pursat men, hamala, ýaş ýuka ýapraklary öpýän ýaly boldum.

Men gaýta-gaýta özümden soradym: Näme üçin beýleki dodaklar, beýleki bedenler, owadan, ýaş bolsalar hem fiziki taýdan şeýle lezzeti bermediler?

Biziň üstümizdäki lipa güni öz gök duzagyna düşürýärdi, gün yssy mähri we bag­tyýarlygy söz berdi. Duýdansyz şaňňy, gödek sesler çykdy, çalt ýakynlaşyp, oňa çepden, sagdan beýlekiler jogap berdiler.

Men ýerimden turdum, pilotkaly esgerleriň kellelerini gördüm. Olar hatar bolup hereket edýärdiler, durýardylar, gazyp nähilidir bir belgileri goýýardylar. Biziň ýany­myza ilik deşiginde bir kubik bolan kiçi leýtenent geldi:

— Gidiň, häzir bu ýerde bolanok, — diýdi.

— Näme üçin? — diýip, men soradym.

— Uruş, — diýip, gysga aýtdy we bir ýere ylgap gitdi.

Bizi bu ýerden kowmak üçin hiç kim beýle samsyk pikiri oýlap tapyp bilmezdi. Gün hem muňa ynanmady, ol guşlaryň gowruny aýdym edip, dowam edýärdi. Biz ylgap, gülşüp, biri-birimiziň elimizden tutuşyp ýöredik. Rimma has hem özüne çekijidi.

Agşamara gaýdyp geldik. Otly hyryn-dykyndy. Biz biri-birimize gysylýandygymyza begenip, tamburda durduk. Töweregimizdäkiler uruş, toplaryň atylýandygy bombalama hakynda gürrüň edýärdiler. Kim bilen uruş — nemesler bilen? Men geň gal­dym, ynanmadym, emma eýýäm düşündim, bu — hakykat. Bu hakykat nämäni aňlad­ýar? Men göz öňüne getirip bilmedim, umumy gopgunyň möwji ahyry bize-de ýetdi.

Biziň söýgi romanymyzyň nähili dowam etjekdigi belli däldi. Belki, ol, adatça, mende bolşy ýaly, çalt gutarar, ýaşlyk täze we täze aşyklygy küýseýärdi.

Wokzaldan men zawoda gitdim. Edilýän akyla sygmajak gürrüňleri kabul etmek we olara düşünmek gerekdi.

Zawodda eýýäm meýletinçiler hasaba alynýardy. Partkomyň we komsomol komitetiniň gapylarynda adamlar nobata durdular. Men hem ýazylmakçy boldum: heý, mensiz-de uruş bolarmy.

Düşünmek kyn, bu ýerde näme köp — şöhratparazlykmy, watansöýüjilikmi, garadan gaýtmazlykmy. Urşa men çyndyr öýtmedim. Germaniýada gezelenç etmäge, faşistlere temmi bermäge amatly ýagdaý döredi. Meniň ýerliksiz pikirlerim duýdan­syzlykda, täsin bir ýagdaýda ýüze çykýardy. Bir gezek Ýuriý Oleşanyň Leningrada gelendigini eşidip, men onuň ýanyna “Ýewropeýskaýa” myhmanhanasyna ugradym. Näme üçin, näme maksat bilen — men onuň diňe «Göriplik» diýen romanyny okap­dym, guwandym we oňa öz pikirimi aýtmaly diýen netijä geldim. Öz dostum Kostýany yrdym. Häzir bolsa iki sany talypjyk Ýuriý Karlowiçiň otagyny kakýarlar. Bizde ne gül, ne tort, ne-de sowgatlyk üçin başga bir zat bar. Hatda gowy bahananyň hem aladasyny etmedik. Oleşa aýaly bilen otyr eken, olar çaý içýärdiler. Men anyk bilmedim, çakyr bolmagy-da ahmal. Bosagada duran ýerimde biziň okyjylar guwanjymyzy mälim etdim. Uly bolmadyk çykyşy men basgançakda düzüpdim. Ýuriý Oleşa sessiz diňledi, ýene-de näme boljakdygyna garaşdy, biziň az salymlyk dymyşlykdan nähili halas boljakdygymyz ony gyzyklandyran bolmaga çemeli. Oňa «oglanlary» çagyr diýip gygyran onuň aýaly bizi halas etdi. Soňky bolan zatlar ýatda durmady. Hojaýyn özüniň ssenariýasy boýunça düşürilmeli film hakynda bir zatlar gürrüň berdi, biziň nirede okaýandygymyzy dil ujundan soran boldy. Ol ýatda galar ýaly hiç zat aýtmady. Biziň bu duşuşygymyzy netijesiz hasaplamak bolardy. Emma beýle däl, her niçik-de bolsa Ýuriý Oleşa diri adamdy. Men onuň ähli kitabyny mähir bilen gaýtalap-gaýtalap oka­dym. Bu kelte boýly tagaşyksyz adam, ýöne jümleler bilen nähili çeýe ussatlyk bilen iş salyşýar. Ol özgeleriň kitaplaryny bolsa okamagy nähili başarýardy.

Meni meýletinçileriň hataryna almadylar. Men tanklaryň baş konstruktory Ž. Ý. Kotiniň SKB-de inžener bolup hasapda durdum. Partkoma, direksiýa, komsomol komitetine arz etdim. Arz etmek üçin instansiýalar köpdi. Bir hepdeden maňa «brony» aýyrmak başartdy. Meni halk meýletinçileriniň birinji diwiziýasyna, “1 ДНО” kabul etdiler. Men özümi bagtly hasap etdim. Näme bilen?.. Söýgi meni saklaýmaly ýalydy, sebäbi söýgi romany ýaňy başlapdy. Täze tankyň üstünde işlemek islendik watançylyk tozanyny kanagatlandyrmalydy.

Urşuň üçünji aýy men öz çözgüdime, tutanýerliligime, aladalaryma düşünmämi goýdum.

Hakykatdanam, eger üns bilen syn etseň, goşun gullugyna meniň deň-duş dostlarymyň ählisi diýen ýaly — Wadim, Ben, Ilýa, Lýonýa dagylar gidipd. Onda-da mobilizasiýa boýunça gitdiler. Kostýanyň, edil meniňki ýaly, öz radio institutynda brony bardy, ol iki eli bilen ondan ýapyşýardy.

Ol:

— Ýurdy döşüm bilen gorasym gelenok, — diýdi.

— Bu obrazly aýdylan söze ahyryn, göni manysynda düşünmeli däl.

— Saňa tüpeň berdilermi? — Ýok? Ana-ana. Sen näme bilen söweşjek?

Hiç zat meni saklap biljek däldi. Men Rimmanyň öňünde öň geýlen gimnastýorkada, gök gyýa çyzykly galifede, dolakly agyr botinkada durdum, gelşiksiz görünýärdim. Özümi bolsa gusar, kawalergard ýaly duýýardym. Guşakda sapança hem bolsady. Diňe ugramagymyzyň öň ýanynda protiwogaz we ýandyryjy garyndyly çüýşe berdiler.

Meniň üçin esasy syr bolsa, ol gyz näme üçin ala-böle meni saýladyka diýen soragdy. Ýaş, tejribesiz inžener, garyp maşgaladan, kakasy Sibirde. Daş sypaty-dy, aý, bolýar-da. Aýdym aýdanok, hiç hili saz guralyny çalyp bilenok, sportsmenem däl. Eýsem, munuň syry nämede diýen sorag ýüze çykýar. Bu söýginiň syryny düşündirmek üçin ozaldan gelýän synanyşyk.

Onuň gyzdygy onuň söýgüsiniň subutnamasydy, näme diýseňem, köp zady aňladýardy. Gyzlyk erkeklerde hem hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak päklik duýgusyny döredýär. Her niçigem bolsa, şol gije ýatda galdy. Biz jygyldaýan krowatdan aşak düşdük, sebäbi goňşy otagda meniň ejem, uýam ýatyrdy. Sesimiziň eşidilmeginden çekinýärdik. Şonuň üçin-de gaty gygyrmak, arlamak, özüňe erk etmezlik, söýgä haýwanlaryň berlişi ýaly, berlip bilmeýärdik. Emma barybir özüňe erk etmek hem, prožektorlaryň howsalaly ugruny üýtgedýän gijeki asman hem, açyk aýnadan girýän şemal hem ýakymlydy. Söýgüniň başy mydamylyk ýaly bolup göründi, onuň ösýän şahalary ýyldyzlara tarap täsin ýokary, çäksizlige galdy.

Fronta ugralmazynyň öň ýanyndaky soňky şäher hepdeleri, goşun bölüminiň düzülmegi, Şeremetýew parkyndaky türgenleşikler, iýmit üçin kartoçkalar, bombalamalar — bularyň hemmesi biziň gatnaşyklarymyza päsgel bermän, gaýtam tizleşdirip, galtaşýan nokat boýunça, sowa, geçip gitdi.

Tejribesizlik ähli zatda — uruşa-da, söýgä-de, hatda iýmit kartoçkalaryna-da bardy. Hiç kim ätiýaçlyk iýmit edinmändi, hiç kim howpsuz ýere göçmek hakda pikirem etmändi. Biziň hemmämiz bulutlaryň ýanynda — asmanda uçup ýördük, biz zagsa ugradyk. Men teklip etdim. Elimi we ýüregimi teklip etmän, nikalaşmagy teklip etdim. Arassa işewürlik teklibini etdim. Bu 1941-nji ýylyň sentýabrydy, urşuň üçünji aýydy. Nemesler Puşkine ýetipdiler. Men nikanyň hem meniň hem geljegimiň ýokdugyny bilýärdim. Şol wagt men Germaniýany ýeňmegiň aňsat däldigine göz ýetirdim. Pyýada goşunyň esgerine uruşdan sag-aman gelmäge umyt hem ýokdy. Urşuň birinji ýylynda öň hatardaky esgerler, ortaça, dört gün ýaşapdyr. Rimma-da, hiç bolmanda, onuň ýaş esgere birinji ýaşlyk söýgüsi barada ýadygärlik bolar, käwagt ýatlap, uludan dem alar we başga-da şoňa meňzeş süýji lirika. Kör köpük bahasy bolsa-da, attestaty oňa bermek maňa ýakymly boldy.

Çaýkowskiýdäki zags ýapyk, top bombadan goranmak üçin edilen gaçybatalga gidipdirler. Wladimirskidäki zagsa bolsa top oklary düşüpdir. Staçek meýdançasyna ugradyk. Biz zagsdan zagsa aýlanmaga, iki— üç gezek nikalaşmaga, basgançaklarda oturmaga taýyndyk... Iň soňunda biz öz maksadymyza ýetdik. Onuň pasportyna möhürçe basyldy. Meniň esger kitapçama bolsa möhürçe basmaga rugsat edilmeýärdi.

Gülsüz şäher. Newskide ýerleşen “Nord” kafesinde bize kän pula powidloly pirožki, kofe we herimize bir fužer wino berdiler. Ofisiantka, biziň toý edýändigimizi bilende, herimize bir ekler getirdi. Stoluň galan boşlugyny Rimma, onuň bagtlylygy, onuň gözleri, gülküsi doldurdy. Oňa seretmek ýeterlikdi. Zenanlar üçin toý tutmak köp zady aňladýar. Men diňe oňa guwanýardym, degişýärdim, onuň blin we kulebýaka bişirmegi öwrenmegini talap edýärdim. Biz bile ýaşamak hakda pikirem etmedik. Men fronta, ol bolsa zawoda gaýtdy. Gün ýylyja şöhlesini saçýardy, onuň egninde tomus geýilýän gögümtil köýnejik bardy, ýakasy-da giň açylandy. Güne ýanan döşünde hem kiçijik altyndan tumar bardy. Ýene-de ýüpekden goýy gök ýaglyjak ýa-da şarfjagaz bardy. Kakam bilen ejemden başga meniň kalbymda orun aljak ýeke-täk adamyň şoldugy hakdaky pikir meniň ýadyma düşdi. Ol maňa garaşar, meniň bolsa ilkinji nobatda ony göresim geler.