Kymylkut we Ýelenny

(Çukot söýgijadylarynyň motiwi ulanyldy)

 Seň maňa söýgüň öçdi, Ýelenny.
Sen rusa seredýäň, meň Ýelennym.
Sen oňa öz bedeniň bermek isleýäň.
Men bir, çukça keýikdar,
gerek däl saňa, Ýelenny.
Agyr maňa, Kymylkutu.
Agyr maňa zeminde,
Ortaky dünýäde.

 Gitdim men ýanyna şaman aýalyň,
Çargo gitdim, hemmelere belli,
Gürrüň berdim öz betbagtlygym hakda,
aýtdy Çargo hem jogap berip:
“Gaýgylanma, aglama:
Ýene bolar seňki Ýelenny,
Eger şeýle etseň,
saňa aýdyşym ýaly, Kymylkut:
Dikel sen onuň öňünde,
buşuganda çumuň aňyrsynda,
Aýt onuň ýüregine —
goý çyksyn onuň içinden
Çüwdürimi bilen peşewiň,
şonda ädigiň bilenem depele
Onuň gara ýüregini...
Goý ol gygyrsyn, agyrydan ejir çekip,
Hem azapdan — söýer”.

 “Ýok, — diýdim men şaman aýala, —
islämok men gygyrýan ýara
Öwürmegi onuň ýüregin...
Agyry gaýtarmaz ony maňa.
Goý gitsin ol rus bilen,
goý bersin oňa, ýakynda
Maňa, söýüp, berenini.
Goý etsin muny, men bolsa
Ömrüň soňuna ugraýyn,
şol ýeriň asmana ýakyn ýerine,
Hem münerin asmana,
taşlap baky elhenç ýeri”.