Halkalar

Göz öňündäki halka, dowzah halkasy dek,
Aýlag meniň sakgalymda gaýyp boldy.
Ýerde täk özüm meň. Suwdaky halka dek,
Ähli dostdur joralam, tümlükde dargady.

Dogduk mekanda ýigrim ýyl tümlük boldy,
Turbaň tüssesi dek, ýene galjak göge...
Emma meniň daşly ýolum halka öwrüldi.
Ýyldyz ýyldyz bilen düşdi baky aýra.

Örän azaldy ruhy iýmit ýazgylarda
Men ýadaw, üşedim. Ýatyryn peç üstde.
Maňa beýle bir gorkunç hem däl ölmek ýerde,
Emma bar elhençlik şu “beýle bir” diýmekde.