Geçiler we Şekspir
Meniň henizem şeýle döwürler meniň ýadyma düşýär. Ol wagtlar Çegemde towuklar ketek diýen zady bilmeýärdiler we gijelerine uçup, agaç şahalaryna münýärdiler. Şaha saýlamagy baş horaz anyklaýan bolmaly, sebäbi towuklaryň hemmesi öz ýerlerini eýeleýänçäler, ol uçuş meýdanynda durýardy. Elbetde, bir hojalygyň towuklary elmydam bir agaja uçup münerdiler, ýöne bu olaryň şahada oturyp, ýumurtga çykarýandygyny aňlatmaýar.
Men bu gürrüňleri ýatlamagymyň öz sebäbi bar. Şol döwürler çegemiň towuklary şahada oturyp guzlaýarlar, çegem aýallary bolsa agaçlaryň aşagynda sabyrlylyk bilen durup, guzlanan ýumurtgalary ýuwaşlyk bilen tutmak üçin prostyn tutup durýarlar diýen gürrüňler Çegemiň duşmanlarynyň toslap tapýan hokgalarydy. Men olaryň kimdigini aýtmakdan hem ýadadym.
Towuk höwürtgeleri haçandyr bir wagt eýýäm oýlanyp tapylan bolsa-da, towuklar öýleriň golaýyndaky çöp-çalamlaryň arasynda guzlamagy gowy görýärler. Megerem, olar adamlaryň ýumurtgalary gönüden-göni esasy maksada laýyklykda towuk nesliniň dowam etmegi üçin däl-de, eýsem, öz neslini galdamak üçin ulanýandyklaryna düşünen bolsalar gerek. Bu düýbünden towuklaryň göwnünden turmandyr.
Şeýlelikde, öý bikesi töwerekdäki çöp-çalamyň içini dörüpdir we etegine kömelek ýaly ak ýumurtgalary çöpläpdir. Asla, bizde kömelek düýbünden çöplemeýärler. Onsoň hem ýumurtga çöpläp bolýarka, näme üçin kömelek çöplejek. Azyk-suwlugyň gytlyk edenligi sebäpli, köp halklarda kömelege bolan söýgini döredipdir.
...Men on iki ýaşymda Çegemde geçi bakýardym we Şekspiri okaýardym. Ilkibaşda bu meniň üçin erbedem bolmady, sebäbi men hakykaty iki taraplaýyn öwrenýärdim. Meni geçilere ýöne ýere çopan edip goýmadylar. Gürrüňi gaty bir çişirip aýtdygym däl, ýatyp iýmegiň agyr ýüküniň aşagynda ejir çekýändir diýip, garyndaşlarym maňa geçilere esewan etmegi ynandylar.
Ýöne şäherde okaýan doganoglan uýamyň öýünden Şekspiriň ägirt uly tomunyňmeniň elime düşmegi tötänleýin däl. Tutuş tomus men ony gaýtalap-gaýtalap okadym. Şekspiriň tomlugynyň uly bolşy ýaly, tomus pasly hem uzyndy. Elim kitaply mahalym çegemliler ýaňsa alyp:
— Kitap ondan uly görünýär — diýşip gülşerdiler.
Bu gürrüňler olaryň kitabyň gadyryny bilmeýändiklerini aňlatmaýar, ýöne her zat hem bolsa kitabyň agramyny öz agramyň bilen deňeşdirmek gerek. Ýükçi haýwanlaryň ýükleri bilen iş salyşýandyklary üçin olar deňagramlygynyň çala bozulyşyna hem üns berýärdiler. Olaryň käbiri meni saklap, ak ýürek bilen öwredýärdi:
— Öri meýdanyna barýançaň, kitaby ýüp bilen arkaňa daň. Ol seni yza çeker. Bolmasa, kert ýodajykda burnuň üstüne güpürdäp gidersiň we aşak togalanarsyň. Kitabyňa hiç zat bolmaz, men ony alada-da edemok. Seret, onuň daşynda nähili göni bar. Sen bir ýeriňi agyrdarsyň we bizi masgara edersiň. Seretmändirler diýerler.
— Kim diýer? — diýip, men ilkibadalar tejribesizlikden soraýardym, çegem nukdaýnazaryndan, edepsizlik edýärdim, ýöne ony aňkawlyk hasaplap bolmaýar.
— Sen Çegemiň duşmanlaryny bilmediksireme! Sen indi şeýle bir kiçi däl! — diýip, maňa gyjalat berýärdiler. Käwagt kitaby söýýänler hem gabat gelýärdi. Olaryň biri Şekspiriň tomuny elläp, duýduryş berdi:
— Seniň öz kitabyňy gözegçiliksiz goýýandygyňy gördüm. Agaçlaryň üstünde entäp ýöreniňi-de gördüm. Bu gowy däl. Geçiler ony dişläp ýyrtmazlar, emma pohlap bilerler. Urkaçy gäwmişiň dişläp ýyrtmagy-da ahmal.
Şol wagtlar men juda horjadym we keltejikdim. Şonuň üçin men çegemlileriň gözüne kitapdan hem kiçijik we ejiz bolup görnen bolmagym mümkin. Belki-de, şonuň üçin agyr kitabyň meni günlerde bir gün ýykmagyndan gorkan bolmaklary ahmaldy. Emma çegemlileriň men hakdaky gürrüňlerine öýkelemeýärdim.
Şol döwürde men ýazyjylyk barada arzuw etmedik hem bolsam, ýöne näme üçindir, olaryň hemmesiniň haýsydyr bir wagt maňa gerek boljakdygyny duýýardym. Men şol döwürlerde eýýäm sözleriň gelip çykyşy barada çuň pikir edýärdim. Hut şol wagtlaraýwa (goşa dyrnagy ýigrenýärin!) sözüniň nähili gelip çykandygy maňa mälim boldy.
...Gadymy döwürde rus zenany bilen kawkaz erkegi biziň gür tokaýlarymyzda gezelenç edipdirler. Birden olar nätanyş uly miwelerden doly bir nätanyş daragty gö-rüpdirler.
— Aý! — diýip, rus zenany gygyrypdyr. Gündogarly erkek geň galyp:
— Wa! — diýipdir. Şeýdip, görülmedik miweaýwa adyny alypdyr. Rus zenanyny biziň gür tokaýlyklarymyza nämäniň getirendigi, olaryň aýwany iýendigi ýa-da iýmändigi hakdaky injildäkä meňzeş gürrüňler meni şol wagtlar gyzyklandyrmandyr.
Men Şekispiri okaýardym. Baronet Ser Jon Falstaf we korol wäşileri köp wagtlap we hatda ömürlik meniň söýgüli gahrymanlarym boldular. Bir wäşi özüne teňňe sowgat beren köşk adamsyna şeýle diýýär:
— Jenap, eger siz öz keremiňizi iki esse köpeltseňiz, ikiýüzlülik bolmaz!
Bu jümle maňa adama düşnükli bolan ýiti sözlüligiň çür başy bolup
göründi. Şonda mekdep ýoldaşlaryma bu jümle düşündirişsiz ýetermikä diýen pikir meni alada goýýardy, sebäbi men her bir düşündirişiň ýumoryň derejesini peseldýändigini eýýäm bilýärdim.
Men wäşileriň degişmelerine hahaýlaýardym, kellämi galdyrybam, geçileriň mekirligine gülýärdim. Haçan-da men geçileri otluga kowup, Şekspiriň tomy bilen bagyň aşagynda oturanymda, olar uzakda bolmadyk mekge meýdanyna tarap gitmek üçin, meniň kitaba çynym bilen gümra bolandygymy biljek bolýan ýaly, maňa wagtal-wagtal seredýärdiler. Hiç hili haýat olara päsgel bermeýärdi.
Käwagt men geçileriň Şekspir bilen aragatnaşyklaryndaky tejribesizligi aradan aýyrmak üçin bolmagy ahmal, olara Falstafyň has gülkünç monologlaryny örän sesli okap berýärdim. Sesiň güýji bilen olary-da öz begenjime goşmak isleýärdim.
Otluk ýer baýryň aşagynda bolup, onuň depesinde temmäki saraýy bardy we onda aýallar temmäki ýüpe düzýärdiler. Meniň sesim olara-da eşidilýärdi.
— Häzir, — diýip, ahyry olaryň biri ýokary galýardy. — Bu gykylyk kitaby özünden ulynyň sesi öýdýän!
Käwagt bolsa olaryň has çydamsyzlarynyň biri saraýdan çykardy-da, bilesigelijilik bilen aşak — maňa tarap gygyrardy:
— Eý, sen kim bilen gygyryşýarsyň we hahahaýlaýarsyň?! — Men olary begendirmek maksady bilen:
— Geçiler bilen! — diýip jogap bererdim.
Sebäbi eger biz biraz samsyklygyň alamatlaryny görkezsek, şondan başga hiç zat adamlary şeýle ruhlandyrmaýar. Soň maňa aýdyşlaryna görä, meniň bu jogabym akylyndan azaşan daýym bilen bagly geň-taňlyklar hakynda uzak, höwes bilen edilýän gürrüňlere eltipdir.
Çegem zenanlaryna mahsus bolan aýratyn bir sypaýyçylyk bardy. Olar meniň akylyndan azaşan daýymyň geň-taňlyklary usullyk bilen sananlarynda, hiç haçan meniň gürrüňimi etmändirler. Dogry, bu gürrüňlerde käwagt ýerliksiz, wajyp bolmadyk sabyrsyzlyk hem ýüze çykýardy diýip aýdýardylar, sebäbi meniň daýymyň geň-taňlyklary oňa doglan wagtyndan onuň häzirki ýeten gartaşan ýaşyna çenli mahsus bolupdyr.
Daýymyň durmuşy bilen bagly aýdylýan bu gürrüňler ýaşynyň soňunda onuň rahat, şatlykly garrylygynyň başlandygyny aňlatmaýar. Arman, bu beýle däl. Ýöne takyklyga bolan pikir meni has beter yzarlaýar, hamala men öz daýymdan gaçmakçy bolýaryn, ýöne ýer şarynyň beýleki tarapyndan oňa ýakynlaşýaryn.
Şeýlelikde, men öz geçilerime Falstafyň monologyny okaýaryn. Geçileriň köpüsi kellelerini galdyrýardylar we diňleýärdiler. Käwagt, meniň göwnüme bolmasa, monologyň has gülkünç ýerlerinde pyňkyrýan ýaly hem bolýardy, ýöne bu düýbünden bolup biljek zat däldi. Olar ýöne öz geçi hajatlary üçin pyşgyrýardylar. Görşüňiz ýaly, bolup geçýän zatlary jikme-jik ýatlaýaryn.
Ýöne men, elbetde, has ýygy-ýygydan, öz daş-töweregimde bolýan hemme zady unudyp, okamaga başlaýardym. Geçiler bolsa özleri üçin amatly pursatdan peýdalanyp, derrew haýatdan geçýärdiler we mekge baldaklaryny ýapraklary we noýbanyň ýaşyl kösükleri bilen iýýärdiler. Çegemde noýbany mekgäniň ýanynda ekýärler, olar bolsa mekgäniň baldaklaryna çyrmaşýarlar. Çegemde şeýle bir noýba ekýärler welin, ýygnap ýetişip bolmaýar.
Birdenem geçi bakýanym ýadyma düşüp, töweregime seredýärin, mellegiň zaýalanmagyny togtatmak üçin jadyly sözi gaharly gygyryp, sürä tarap ylgaýaryn.
— Iýo! Iýo! — diýip men gygyrýaryn. Bu geçi dilinde “Ýok bol! Yza gaýdyň!” diýmegi aňladýar. Her gezek geçiler welin meniň sesimi eşidip zaýalamagy taşlap gaçmakdan geçen, gaýta iň soňky pursatlardan peýdalanyp, ozalkydan-dahas çaltlyk bilen, hatda gaharlanýan ýaly, mekge baldaklaryny goparyşdyrýardylar we has gyssagly çeýneýärdiler. Megerem, haçanda gara bokurdakdan kesseler, çaltrak symyşlamalydygy hakdaky pikir aňyň ilkinji ýüze çykmasy bolsa gerek.
Bu-da az ýaly, olaryň käbiri çeýnäp ýetişmedik mekge baldaklaryny dişleri bilen saklap, ýapraklary şygyrdadyp, haýatdan otluk ýere böküp geçýärdiler we hamala hem zat ýere bagly ýaly, eýýäm arkaýyn iýip bolýardylar. Geçileriň noýbanyň sapaklary bilen saralan beýleki topary bolsa haýatdan böküp geçip, hamala şu biderek sapaklardan gutuljak bolýan ýaly, dandaýjylyk bilen özleriniň daşlaryndaky sapaklary iýýärdiler.
Brigadir haýsydyr bir uzakdaky meýdandan, meniň sesimi eşidip, nämeleriň bolup ýörenine düşünýärdi we gaty ses bilen gargaýardy. Gykylyk bilen garyşyp eşidilýän gargyşyň egrem-bugram sýužetini ýitirmeýändigi meni has geň galdyrýardy.
— Ýene-de zaýaladylarmy?! — diýip, ol gygyrýardy. — Sen öz kitabyň aşagyndan çykman galsadyň! Seniň kitabyňdan ýakylan otda seniň iň açgöz giçiňi gowursadym. Atamyň ruhundan ant içýärin, ot ýeter bu geçä! Seniň kitabyň odunda gowrulan geçiň etini iýip, seniň kitabyň köreýän külünden çilim otlamaga ýetişsedim! Ýetişerinem, atamyň ruhundan ant içýärin, ýetişerin!
Hakykatdan hem ýetişer diýip men gorky bilen pikir etdim we geçileri kowup, üstüne nähili betbagtlygyň abanýandygyny duýman duran Şekspiriň tomunyň ýanyna gaýdyp geldim.
Bakylýan geçileriň arasynda üç sany goýun hem bardy. Olar bir sekunt hem kellelerini galdyrmana, otlap ýördüler. Göwnüňe bolmasa, olar ysgaman, bir otjagazy hem agzymyza salmarys diýip erbet ant içen ýalydylar. Şeýdip, olar kellelerini galdyrman, ümsümje otlar ýörerdiler. Käwagt olar geçileriň üstünden barýardylar, geçiler bolsa olary şahlary bilen süsüp kowýardylar. Goýunlar süsdürilmeseler hem geçiler olary şahlary bilen süsüp kowýardylar.
Geçiler, umuman, goýunlary ýigrenýärdiler. Goýunlary ýigrenmek üçin diňe bir zatdan başga hiç hili sebäp ýokdy. Goýunlar mekge ekilen mellegiň haýatyndan geçip bilenokdylar, dogrusy, synanyşyp hem görenokdylar. Geçiler olaryň bu günäsini geçmeýärdiler.
Geçiler, goýunlardan tapawutlylykda, sürini seretmek we daş-töwerege serekerde kimin çuň oýlanyp baha bermek üçin, köplenç kellelerini galdyryp otlaýardylar. Munuň üçin olar haýsydyr bir beýiklige çykmaga ýaltanmaýardylar we ol ýerde gäwüşäp, töweregine seredýärdiler. Olara strategik pikirleniş ukybynyň mahsus bolmagy ahmal. Ýöne welin, olaryň strategik pikirlenişi tejribe bilen utgaşypdyr. Öz duran beýikliginden oňat pyntyklan agajy gowy edip aýaklary bilen basalaýan we terje ýapraklary iýýän geçini göräýdigi, öz duran ýerini taşlaýardy we öz mertebesini saklamaga we ylgamazlyga çalyşýardy hem-de süýji zatlary bileje iýmek üçin gyssanmaç ýöreýärdi. Içigaralyk olara bile bolmaga kömek edýärdi.
Ýöne eger haýsydyr bir geçi gür böwürslenligiň arasynda dümtünip ýörşüne, golaýynda otlap ýören süriniň oňa bildirmän eýýäm ýokaryk çykan jarjagazynda galaýsa, ol çirkin çekräp iki ýana ylgaýardy, özüniň ölüm howpy ýagdaýa düşebdigini habar berýärdi. Megerem, ot iýýän haýwanlara ysyrganyp, özüniňkileriň yzyny tapmak ukyby berilmedik bolara çemeli.
Geçileriň “Indi bildiňmi sürüden galmaly däldigini” diýip, ony jezalandyrýan ýaly seslerini çykarmaýandyklary täsindi. Ahyrynda oňa gowy ejir çekdirip, olaryň biri äsgermezlik bilen jogap berýärdi.
Gyzykly ýeri, sürüdäki haýsydyr bir geçiniň boýnuna dakylan jaňjagazyň sesini aýyl-saýyl eşitmek mümkindi. Ýöne jarjagazda iki ýana urunýan geçiniň saza üşüginiň ýeterlik bolmandygy üçin, bu sese ynanmaýandygyny arkaýyn aýtmak bolar, sebäbi dürli ululykdaky jaňlar beýleki haýwanlaryň — sygyrlaryň, gäwmişleriň, eşekleriň hem boýnunda sallanyp durdy.
Seslenme bolmasa geçi aljyraýardy, has güýçlüden güýçli alada galýardy. Belki oňa häzir süri jennetiň bagy-bossanlygyna çykan ýaly görünýän bolmagy hem ahmal. Süri jogap berenok, emma eger şol wagt başga-da azaşan geçi bar bolsa, ol şol bada onuň mälemesine jogap berýärdi.
Olaryň her biri özlerine süriniň wekili jogap berýändir diýip pikir edýär we mäleşip, duşuşjak bolýardylar we meni bütinleý aljyratýardylar.
Şeýle ýagdaýlarda hiç hili güýç bilen geçini sürä tarap ugrukdyrmaga hiç hili güýç ýetmeýärdi. Ol tikenligiň arasy, gür tokaýlygyň içi bilen beýleki geçiniň sesine tarap okdurylýardy. Gahar-gazaba münüp, eýýäm gyrlyp giden sesleri bilen mäläp, biri-birlerine tarap çalt barýardylar. Geçileriň seslerinde dünýäniň ähli ýetimleriniň ahy-nalasy bardy. Azaşan geçiler biri-birine duşanda, aýrylyşyp bilmejek ýalydy. Ine birden — görlüp-eşidilmedik azaşmalardan soňky duşuşyk! Iýen ot-çöplerini burunlaryndan getiren aýraçylykdan soň, bir pursatlyk rahatlyk, ikisi hem biri-birine seredýär.
Meniň bar güýjüm bilen daljygyp ylgap, sürä tarap kowjak bolan, beýleki geçiniň sesine tarap ylgan, durşuna repeýnik we tiken bolup duran geçim işjeňlik bilen sassaparili gemirmäge başlaýar, hamala ol şol wagtyň dowamynda şony gözlän ýaly bolýar.
Olar biri-birlerine üns bermän otlaşyp ýörler. Olaryň her biri beýleki geçiniň aňyrsynda tutuş süri bar ýaly hasap edýärdir. Şu ýerde ahyryn olaryň ikisini hem gerek ýerine kowmak mümkindi. Geçiler ýekeligi halamaýarlar, emma biperwaý ýaly bolmaga mümkinçilik berýän sürini welin gowy görýärler.
...Men uzakly günümi al-elwan güller bilen örtülen gök otlaryň üstünde ýatyp geçirýärdim. Ýokarda göze görünmeýän bir torgaýlar saz-söhbediň ilki bilen gök asmandan gözbaş alýandygyny üzünüksiz subut edýärdiler.
Buýra-buýra ýüňli goýunlar buýra ýorunjalykda otlaýardylar. Darwiniň nukdaýnazaryna görä, olaryň şonuň üçin has buýraly bolýan bolmaklary-da ahmal.
Arylar guwwaslaryň tagaşyksyz tutanýerliligini ýada salýan hereketleri bilen gülden güllere gonup güýmenýärler.
Çekirtgeler puržinli aýaklary bilen bökýärler.
Kebelekler gülleriň üstünde utanjaňlyk bilen egrem-bugram hereket edip, ganatjyklaryny kakýarlar.
Maňa nätanyş bolan nähilidir bir ganatlyja möjejik gülüň ýanyna byzzyldap gelýärdi, emma hiç haçan onda oturmaýardy. Her gezek byzzyldap, howada duranda, men hem ony gowy synlarym ýaly, haçan ol güle gonarka diýip, men sabyrlylyk bilen garaşýardym. Emma ol gülde näçeräk şiräniň bardygyny biljek bolýan ýaly, byzzyldap, bir minut çemesi gülüň üstünde durýardy. Soňra-da başga bir gülüň üstüne durup, bu gülde gerekli şiräniň ýokdugyny anyklap, başga güle tarap uçup gidýärdi. Ýene-de ol byzzyldap onuň üstün durýar, ýöne edil onuň hem hiliniň gowy däldigine göz ýetirip, üçünji güle tarap uçýardy.
Ýöne şeýlelikde men nätanyş möjejiň haýsydyr bir güle gonanyny görmedim. Onuň dandaýjylygy meni geň galdyrýardy we nebsimi agyrdýardy. Ýene-de yzy üzülmeýän zaryn byzzyldama. Şeýle ynjyklygy bilen ol nähili iýmitlenýärkä? Ol ahyry haýsy güli saýlarka?
Bir gezek ol agşamara meniň golaýymdaky ýene bir gülüň üstünde zaryn byzzyldap durdy. Birden ýaşyp barýan günüň gytak düşýän şöhlesine onuň uzyn we has inçe, piliň holtumy ýaly iňňesi ýalpyldap gitdi. ýalpyldaýan iňňesini gülüň üstünde oturman, onuň ýüregine sançdy. Şekspiriň käbir gamgyn gahrymanlaryna meňzetmegi ýüregime düwüp oturan möjejigimiň bu hilegärligine inim sandyrap gitdi. Men uzakdaky hilegärligi duýup, oňa Şekspiriň käbir gamgyn gahrymanlary bilen ýeterlik derejede taýýarlykly bolsam hem, sandyrap girdim.
...Otluk ýeriň ugrunda Sabidiň çöketligine çenli ýabany miweli agaçlar: alça, garaly, alma, armyt, injir, grek hozy hellewläp görünýärdi.
Miweler bişen wagtynda, köplenç has hem öňüräk, men olary iýýärdim we botaniki açyş edýärdim, ýöne ony näme üçindir dünýä habar bermegi ýatdan çykarypdyryn. Emma “hiçden, giç ýagşy” diýenleri.
Men şeýle bir kanunylygy bildim. Tagamsyz we ýokumy az miweli agaçlar köp hasyl berýär.
Iň köp hasyl berýäni alçady. Onuň miweleri ýapraklaryndan köpdi. Emma miwesi gaty süýji däldi, şeýle, suwlurakdan turşudy.
Garaly has tagamlyrak, emma onuň miweleri has azdy.
Ýabany armytlar we almalar garalydan süýjüräk, emma agajyň göwresiniň ululygyny hem göz öňünde tutanyňda, olaryň miwesi hem garalyňka seredeniňde azdy. Inžir almadan we armytdan has süýji, ýöne has az miwe getirýär.
Miweleriň içinde iň süýjüsi we ýokumlysy hozlardyr, ýöne agajyň äpetligini we meýdan birligine düşýän sanyna görä, miweleri has azdyr.
Men miweleri iýip, işdä bilen bagly bolan bir örän uly kanunalaýyklygy ýüze çykardym. Miwe näçe süýji bolsa, onuň düzümindäki zat şonça-da peýdalydy, ýöne köklere ýerdäki miweleri iýmitlendirýän gyt şireleri almak has kyn. Şonuň üçin miweleri näçe süýji bolsa, agajyň miwe berişi hem pes bolýar. Agaç näçe köp miwe getirse, ol öz hasylyny-da çalt dökýär. Şonuň üçin alçanyň aşagyna elmydam doňuzlar üýşýärdiler, şapbyldaşýardylar we özleriniň haram dişleri bilen alça şäniklerini şatyrdadyp döwýärdiler. Doňuzlar alçany çeýnäp duruşlaryna kellelerini galdyrýardylar we hezil edip öz şapbyldylaryny diňleýärdiler. Olaryň, şapbyldadyp, ses arkaly iýmitden aýratyn lezzet alýandygy duýulýardy. Haçanda köp doňzuň bilelikdäki gaty şapbyldysy giden bir simfoniýany emele getirýärdi. Alça gutarandan soň, olar beýleki has süýji miwelere geçýärdiler, ýöne ozalky ýaly güýçli şapbyldy bolmaýardy, mundan olar tagamyň taawudyny bilmeýän bolmaklary ahmal diýip, netije çykarmak mümkin. Bu ýerde eýýäm düýbünden botanika mahsus bolmadyk netijeler gelip çykýar. Başga-da her hili açyşlaryň bolan bolmagy mümkin, ýöne olar häzir meniň ýadyma düşenok. Eger ýadyma düşse, gürrüň bererin.
...Agşamyna, haçanda daýzam geçileri saganda, köplenç düşnüksizlik bolup geçýärdi. Çegemde (gumanizmiň soňky daýanjynda), haçanda geçileri ýa-da sygyrlary saganlarynda, elmydama ilki çagalary biraz süýt emsinler diýip, eneleriniň ýanyna goýberýärdiler. Sagyp bolansoňlar hem çagalara süýt goýýardylar.
Owlaklary bir-birden çykarýardylar. Şatlykly mäläp, owlajyk mäleýän sürä tarap ylgaýar, emma köplenç öz enesini tanaman düýbünden başga geçini emmäge başlaýar. Iň geň zat, hiç bolmanda, owlak bilen deňeşdireniňde tejribeli geçi hem öz owlagyny tananok we aljyraňňy eçilip, oňa öz emjegini berýär.
Emma şol wagt daýzam ýetişýär we owlagy boýnundan tutup, ony öz enesiniň emjegine eltýär, şeýdip owlajyga özüniň kanuny süýdini emmäge, geçä arkaýynlaşmaga we soňra ony sagmaga mümkinçilik döredýär.
Şol wagtda ýat owlak süýdüniň bir bölegini emen geçi, öz ýalňyşyna düşünýär, emma näme üçindir özünden öýkelemän, daýzamdan öýkeleýär, haçanda oňa eýýäm öz owlagyny goýberenlerinde, köplenç, öz çagasyna köp ýetsin diýip, süýdüni daýzamdan bukýar.
Öý bikesi bilen geçiniň arasynda çylşyrymly psihologik söweş gidýär. Owlaga biraz süýt emmäge mümkinçilik berip, öý bikesi çybyk bilen ony kowýar we sagmaga başlaýar. Şol wagt ýalňyşyp başga geçiniň owlagyny öz emjegine goýberen geçi, hamala öz günäsini ýuwjak bolýan ýaly, öz owlagyny güýçli ýalamaga durýar.
Emma, hezil edip toba edeninden soň, ol ymykly öz süýdüni, hamala ol gutaran ýaly, gizleýär,. Emma öý bikesi muny bilýär. Hemme zat göz öňünde tutulan: ýat owlak näçe, özüniňki näçe emmäge ýetişdi.
Öý bikesi ýene owlagy kanuny ýeline goýberýär, hamala gutaran süýt ýene kesilmän inip başlaýar, owlak hem, çomşuldap, emjekleri çekeleýär. Birnäçe wagtdan daýzam, ýuwaşlyk bilen, örän ýuwaşlyk bilen owlagy emjekden çekýär we geçini sagyp başlaýar.
On minut ýaly geçýär, birden geçi, samsykrak seredip (gyzykly ýeri, şu wagtda ol näme hakynda pikir etdikä?), ýelininiň aşagyndakynyň owlak däl-de, daýzamdygyny görýär. Geçi, özüne gelip, ýene süýdüni gizleýär. Daýzam ýene owlagy goýberýär, süýt ýene inýär, ine şeýdip birnäçe gezek.
Hakykatyň hatyrasyna bellemek gerek, käbir geçiler, örän seýrek geçiler, haçanda olaryň aşagynda ýat owlak bolanda, emjegini başga owlagyň dişlerini gysyşynyň ýatdygyny duýýan bolmagy ahmal, şol bada ony kowýar. Ýöne beýle duýgurlyk seýrek hadysa.
Meniň üns berşime görä, owlagyň özi emýän emjekleriniň aýratynlyklaryna üns berenok: süýt emilýärmi, bolýarla! Ýerinde aýtsak, adamzadyň çagasy hem bu babatda, meniň pikirimçe, owlakdan hiç hili tapawutlanmaýar.
Söňky pikiri men öz hususy ýatlamalarymdan çykarandyryn öýtmäň. Nähili geň bolsa-da — men özümiň emýän bäbek wagtymy ýadyma düşürip bilemok. Bu uzak wagt dowam eden bolmaly.
Emma ahyryn agyla gabalan geçiler, rahatlandylar. Gije. Ümsümlik. Ukuly geçiniň jaňjagazy jyňňyrdap gitýär we ýene ümsümlik. Biz hem biraz dynç alalyň.
Ine meniň, iň irki ýatlamalarym öýdýän. Dört ýaşlarymda bolamagy ahmal, kakam maňa patyşanyň ýokdugyny düşündirdi. Eger ýene haýsydyr bir anykrak zatlaryň bolan bolmagy ahmal, emma olar meniň ýadyma düşenok.
Ýadyma düşýär, men kakama ynandym we meniň çydap bolmaz ýaly içim gysdy. Men köçä çykdym we pikir etdim: patyşa ýok, diýmek, meniň ýöreýän bu topragym, hiç kime degişli däl, oňa hiç kim jogap bermeýär. Özüme hem nebsim agyrdy, ýöne has hem beter hojaýynsyz ýere nebsim agyrdy. Ejemiň daýhan genleri bildirdimi nämemi?
Goňşy oglanjyk meniň ýanyma oýnamak üçin ylgap geldi. Ýöne nähili bu ýerde oýun bolup biler!
— Patyşa ýok, — diýdim men oňa, dünýä düzgüniniň ýykylmagy bilen ony geň galdyrjak boldum. Emma meniň aýdanym oňa hiç hili ýetmedi.
— Ol nirede? — diýip, oglanjyk sorady.
— Düýbünden ýok, — diýip, men oňa hiç hili umyt goýmadym. Emma men ýene-de munuň oňa täsir etmändigini duýdum.
Göwnüm galyp, men doly manyda ýeke özüm ejir çekmek üçin, onuň ýanyndan gaýtdym. Bu ertekili aňyň krizisi bolmagy ahmal. Elbetde, men eýýäm Sowet häkimiýeti barada hem bir zatlar eşitdim, emma bu zatlaryň hemmesiniň üstünde patyşa dur diýip düşünýärdim.
...Emma meniň Şekspiri pedantçylykly gowy görmegimi ulaltmalyň. Käwagt, meniň çopançylyk etmäge Şekspiriň tomuny alman gelýärdim. Men şonda geçileriň hakykatdan hem içleriň gysýandygyny gördüm. Şeýle ýagdaýlarda olar mekge meýdanyna geçmäge hem synanyşmaýardylar, sebäbi men elmydama häzir bolýardym we olary wagtynda kowýardym. Tomsuň dowamynda geçiler meniň okamaýan wagtymyň hüşgärligime öwrenişip, eger meniň elimde Şekspiriň tomlugyny görmedik wagtlary, olar mekge baldaklaryna golaýlaşyp bilmejekdiklerine düşünip başladylar.
Haçanda irden men Şekpiriň tomuny elime alyp, geçileri agyldan kowan wagtym, olar şol bada begenýärdiler we oýunçy keýpli bolýardylar. Olaryň oýunjaňlygy şeýle zada ýetýärdi, olar oýun edip möwsüme degişli bolmadyk höwürleşmegi görkezýärdiler. Geçiler bir jynsly söýgini parodiýa edýärdiler, ýöräp barýarkalar, biri-biriniň üstüne näziklik bilen bökýärdiler, bu bolsa maňa uzakdan Şekspirdäki eşik çalyşmak bilen baglanyşykly bulaşyklygy ýadyma saldy, onda erkekler aýal eşik geýýärdiler, aýallar — tersine.
Bu ýerde azgynçylyga tarap höwes bardyr diýip pikir etmek düýbünden gelşiksiz, sebäbi geçileriň muny agras ädimläp barýan tekeleri janlandyrmak, gyzdyrmak üçin edýändikleri doly mümkin. Bu işsizlikden ýaňa içi gysan haremhananyň ýeňil formadaky baş galdyrmasy diýip, göz öňüne getirmek bolýar. Emma tekeler beýle möwsüm arasyndaky söýgi oýunlaryny oňlamaýana meňzeýär. Olar özleriniň dynç almaga kanuny hukuklaryny sessiz goraýardylar.
Olara düşünmek mümkin. Olar bary-ýogy dört sany, geçiler bolsa kyrka golaý. Geçiler Şekspiriň tomuny görenlerinde öňe barýan maksatlary bilen aç-açan şatlanýardylar. Geçileriň meniň Şekspiri okamagymy isleýändikleri aýdyňdy. Galanyny olar öz üstlerine alýardylar. Tekeler hem, elbetde, meniň Şekspiri okaýandygymy isleýärdiler, emma geçileriň ümleýän gymmat bahalary bilen däl. Munda bir zady bellemek gerek, goýunlar Şekspire düýbünde biparhlydy.
Şekspiriň köşk hileleri bilen geçileriň mekirlikleriniň arasynda köp meňzeşlikleri tapdym, bu bolsa meni begendirýärdi, häzir pikir edýän welin, men özümiň dünýägaraýşymy optimizme ugrukdyrmagyň üstünde düşünmän doly işläpdirin.
Şonda men düşündim: adam — geçi we Şkespiriň arasyndaky nämedir bir orta zat. Aýdýarlar, bu temadan geçirilen soňky matematiki ylmy-derňewler, diňe bir tassyklaman, eýsem meniň gelen netijämi has hem çuňlaşdyrypdyr. Aýdýarlar, indi anyklandy: Geçä bölünen Şekspir arassa görnüşde adamy berýär. Galyndysyz.
Bu ýagdaýy barlamak üçin meniň Moskwadaky ýaşaýşymyň ýönekeý ýüzleý garalamasyny berýärin. Haçanda men bärik okamaga gelenimde, ilkinji günler men iki sany, garşylykly diýseň hem boljak, waka haýran galdym.
Bir gezek, şäheriň merkezinde bolamda, men milisioneriň ýanyna bardym we plan köçä nähili barmalydygyny soradym.
Milisioner birden maňa täsin ap-ak ellikli elini galdyryp, çest berdi we myhmansöýerlik bilen maňa gerekli köçäni görkezdi. Maňa, oglanjyga, çest bermek, onda-da şeýle ap-ak ellikde!
Men bu hoşniýetlilige haýram galdym. Belki bu ellik çegem geçileriniň ýüňündendir, men begenip pikir etdim, ol nireden bildikä, meniň çegemlidigimi?
Birnäçe günden soň bolsa men düýbünden başga, meniň üçin düýbünden nätanyş we meni gorkuzan ýagdaýyň şaýady boldum. Men milisioneriň hiç bir elliksiz, gödek uly ýoldan ähli maşynlary gyra aýyrýandygyny gördüm.
Birnäçe minutdan bolsa, men şeýle bir howsala salyjy tizlikdäki hökümet maşynlaryny gördüm, edil olaryň yzyndan pulemýotçikler kowalaýan, edil gudrat bilen okuň aşagyndan çykan ýaly bolup barýarlar. Emma olaryň yzyndan hiç hili kowgy ýokdy, munuň şeýledigini men öz gözüm bilen gördüm.
Moskwada bolan ýyllarymda men şeýle wakany ençeme gezek gördüm we beýle adaty yzarlama maniýanyň ähli hökümdarlara mahsusdygyna göz ýetirdim. Birinji gezek men muny stalin döwürlerinde gördüm. Döwürler üýtgedi, emma yzarlanma maniýasy bolsa galýardy.
Podmoskowýanyň gülleýän meýdanlarynda men käwägt ýalňyz geçileri görýärdim, adatça olary ýalňyz garry aýallar bakýardy. Bir geçi bir garry aýala. Çegemiň däplerine görä, geçi bakýan garry aýallar, edil legende kir ýuwýan garry erkeklere deňdi. Ilki başda men garry aýallara: süri nirä gitdi? diýip, sorag beresim gelýärdi.
Emma çegem salykatlylygy meni bu çegem soragyny bermekden saklaýardy. Emma meni hemme zatdan näme has geň galdyrdy.
Ýalňyz geçi arkaýyn otlap ýör, sürüden galandygy üçin hiç hili alada edenok. Bu meniň üçin örän geňdi. Içimdäki agylardan ýaňa titräp, men geçä seredýärdim we bolşewikler geçileri näme edipdirler, hatda olar özleriniň islendik garyndaşlygyny hem ýatdan çykarypdyrlar diýip pikir edýärdim. Buýsançly geçi boýun bolupdyr, möňňür Rossiýa!
Moskwada ýaşan uzak ömrümde men ýazyjylar durmuşyndan hem az açyş etmedim. Munda, elbetde, indi men ýazyjylary bakýandyr diýip pikir etmek gerek däl. Has dogrusy meni bakdylar we azaşan, eýýäm erbet niýet bilen sürüden gaçýan geçi ýaly edip, jezalandyrdylar.
Meniň Falstafa bolan söýgim meniň ýazyjylyk ykbalymda falstart bolan däldir diýip umyt edýärin.
Ylham — bu ýazyjy üçin bagt. Emma adamy bagt ýaly hiç zat tozdurmaýar. Tebigat bize käwagt bagt berip aýaýar. Şonuň üçin adamlar bagtly boluň, bagt seýrek myhmandyr.
Okyjynyň menden soramagy ahmal: gowy ýazyjy erbet ýazyjydan näme bilen tapawutlanýar?
Hatda okyjy menden bu barada soramasa-da, jogap bermäge gyssanýaryn.
Ine üşüksiz we zehinli ýazyjylar şol bir zat barada nädip ýazýarlar.
Üşüksiz ýazyjy ýazar:
— Men restorana girdim we öz dostumy (adyny tutýar) gördüm, ol, adaty bolşy ýaly, stoluň başynda otyrdy, adaty bolşy ýaly wodka içýärdi.
Zehinli ýazyjy ýazýar:
— Men restorana girdim we öz dostumy (adyny tutýar) gördüm, ol, adaty bolşy ýaly, stoluň başynda otyrdy, adaty bolşy ýaly wodka içýärdi, men hem, adaty bolşy ýaly, şol bada oňa goşuldym.
Ýekeje jümle hemme zady üýtgedýär. Özüňe kinaýa kartinany has uly we içýän ýoldaşy üçin göwne degiji edenok.
Umuman öz kinaýasy bolmadyk ýazyjy, ir-u-giç näderejede onuň öz kinaýasy ýok bolsa, hut şol derejede, okyjynyň kinaýasynyň obýekti bolýar.
Şeýlelikde, Şekispir geçä bölünende adamy berýär. Gülki üçin bu barada men bir mähirli alyma aýdyp berdim, onuň bilen biz Şekspiriň wäşilerine bolan söýgi boýunça dostlaşdyk. Biz biri-birimize degişmä wagt tapyp, biri-birimize ýaşamaga kömek berýärdik. Bir gezek, gamgyn ýagdaýda bolup, şeýle goşgulary ýazdym.
Agraldy, çişdi, myssardy,
Ýerden galanok köňül.
Hatda gözüm hem küteldi,
Saýgaramok ýüzlerin
Dost-duşman, asla adamlaň.
Agry döredýär eginde
Ýaşamak we dowam etmek meýli.
...Şeýdip deňziň taşlan leňňeji
Çapylan uçlar bilen jan edýär
Deňziň jümmüşine yhlas edýär...
Agraldy, çişdi, myssardy,
Ýerden galanok köňül.
Birnäçe günden soň ol meniň ýanyma geldi, men oňa bu goşgyny okamaga berdim. Şol wagta çenli meniň keýpim gowulaşypdy. Dynman çilim çekip, ol goşgyny örän uzak wagtlap okady, soňra bolsa kellesini galdyrdy-da şeýle diýdi:
— Eger men bu goşgyny başga şäherde okan bolsam, men saňa kömek etmek üçin ylgardym.
Men utandym we gürrüňi başga ýana sowdum. Onda-da men bilýärdim, onuň özi üçin iň kyn bolan kosmopolitizm bilen göreş ýyllarynda özüni nähili kemsiz edermenlik bilen alyp barandygyny bilýärdim. Wäşi!
Biz onuň bilen köplenç jedel ederdik we ýöne abstrakt temalardan gürrüň ederdik. Köplenç biziň pikirlerimiz gabat gelýärdi, käwagt bolsa çapraz gelýärdi, emma bu hiç haçan biziň dostlugymyza täsir etmeýärdi.
Ine biziň pikirimiziň gabat gelýän käbir anyk kesgitlemeleri.
Zalymlyk — samsyklygyň samsyklygy hereket bilen ýeňip geçmeginiň synanyşygy.
Hilegärlik — gorkagyň garaňkylykdaky urgusy.
Analiz islendik lezzeti öldürýär, emma lezzeti analiz bilen uzaldýar.
Uzak wagtlyk jedelden soň biz adamyň ewolýasion ösüşiniň berk ylmy liniýasyny anykladyk: diri ýuwudýan, gykylykçy, bokurdak iýijik, ýalta, şpaga ýuwudýan, çakyr içýän, towuk iýiji, ýumurtgaçy, çüýrüntgi ýuwudýan, siňek ýuwudýan (ol şeýle-de gybat ýuwudýan), bokurdak tutýan, sesine bat berýän we, soňunda, poliglot.
Eger bu ýerde ýeňilden dem alynsa, duýdurýaryn, ir, sebäbi ösüş siklli (tas sinik — utançsyz diýipdim) we hemmesi şol bir tertipde gaýtalanýar. Ewolýusion basgançak görgüli poliglota çydaman dargaýar, we ýene hemmesi diri ýuwudýandan başlanýar.
Emma adamlary geçiler hökmünde görýän adam geçiniň etini iýip bilermi diýen soragda biz bir pikire gelip bilmedik. Men şeýle adam geçi etini iýip biler diýip hasap ederdim. Ol bolsa meniň beýle garaýşym has gyraky subýektiw idealizmiň ýa-da gödek aýtsak, solipsizmiň ýüze çykmagy diýip hasap edýärdi.
Ine şonda men gülki bilen (ätiýaçlyk üçin) häzirki zaman ylmy Şekspir geçä bölünende adam berýär diýip anyklady diýdim, ol kinaýaly ýagdaýda kellesini galdyrdy we alyp göterdi! Ol alyp götermegi başarýardy:
— Salam! Bu açyşa eýýäm ýigrimi ýyl! Hatda tersiniň hem subutnamasy tapyldy — Şekispiri adama bölseň, geçini berýär.
— Näme üçin bu barada eşidilmedi? — diýip, men geň galdym.
— Sebäbi bu döwlet syry hasap edilýärdi, — diýip, ol jogap berdi, — milli pikirlenişiň syry. Emma haçanda amerikan aňtawçylary biziň milli pikirlenişimiziň syryny ogurlanlarynda, biziň aňtawçylarymyz amerikanlardan olaryň milli pikirlenişiniň syryny ogurlaýarllar, iki syr hem biri-birine gabat gelipdir, we ol syrlary açmak mümkin bolupdyr. Uruş gorkusy aýrylýar, demokratiýa gülläp ösýär, edil geçiler üçin mellegiň gülleýşi ýaly, her ýurt öz öri otlugyna geçdi. Elbetde, her ýurduň öz öri meýdany bar, bu bolsa eýýäm başga tema.
Ýogsa-da, meniň alym dostum ylmy derňew geçirmek üçim doly ýalňyzlykda adam ýaşamaýan adada galdyrylýar. Üç ýyldan soň, dillenilişi ýaly, onuň yzyndan ildeşleri ýüzüp barypdyrlar.
— Üç ýyllyk ýalňyzlykdan sizde galan iň güýçli duýgy näme? — diýip, ondan soraýarlar.
— Ynsap dynç aldy, — diýip, ol duýdansyz jogap berýär, emma soňra, biraz ýumşap, ol üstüni ýetirýär, — ondan başga-da bu ýer ýabany geçiden doly.
— Adamlar manysyndamy? — onuň ýumşamagynyň ugruna dogry üns berip, kimdir biri aňşyrdy.
— Howa, adamlar manysynda, emma täze et manysynda hem, — diýip, ol düşündirdi, belki, meniň bilen gaýybana jedel edendir.
Watandaşlar barybir özleri we adamzat üçin ondan gaty görüpdirler.
— Belki, sizi ýene üç ýyl bärde galdyrmalymy? — diýip, olaryň biri içýakgyç sorapdyr.
— Siz adamzat üç ýylda düzeler diýip pikir edýäňizmi? — diýip, meniň dostum trapa münüp barýarka, has içýakgyç jogap beripdir. — Meniň pikirimçe, Şekspiriň döwründen bäri ol üýtgemändir, emma degişmeleriň hili bolsa güýçli pese gaçypdyr.
...Ýok, öz-özüm pyşyrdaýaryn, ösüş barybir bar. Çegem towuklary indi agaja uçup çykmaýarlar, ýöne boýun egip gijesine towuk ketege girýärler. Belki, olar uçsalar gowy bolardy? Hudaý, hudaý, nähili hemme zat kyn! Häzirki keteklere salynýan towuklardan agaçlaryň üstüne uçup münýän towuklaryň kändigi anyk belli edildi.
...Emma men nirede? Çegem nirede? Näme diýseň hem geçiler bilen gowudy.



