Şemalyň baýary
(romandan bölek)
Şemalyň tebigatyna eýe bolan adam küýki, agajetli, onuň reňki bolsa — ýaşyl. Inçe
gurluşy, köp zat hakynda aýdýar, sowuga, sowuga, dumana we sowukdan hem
dumandan dörän ähli zada çydamaýar. Tebigaty boýunça baýlygy uly däl, ömri gysga,
ukusy ýüzleý. Göze görünmeleri-prizraklary dörediji, aýdymyň, gülkiniň, jedeliň we
atyşygyň muşdagy. Garaguşyň, syrtlanyň, itiň we tilkiniň alamatlaryna eýe. Atmakda
has ökde adam şemalyň tebigatyna eýe däldir. Göze görünmeleri döretmekde aýratyn
ökde adam bolsa, ýolbarsyň alamatlaryna eýe bolup, edil şemalyň hökümdary we
baýary hökmünde oňa eýelik edýär.
Waýdu-Onbo,tibet lukmançylyk traktaty
Ine şeýle täsin gabat gelmeler we ine şeýle hileli tilsimler jemgyýete gulluk etmegiň
bu wajyp görnüşiniň aýratynlygyny düzýär.
Çarlz Dikkens. «Derňew polisiýasy»
I bölüm. Kölegeler teatry
I bap. Höküm
1
Belli bolşy ýaly, 1893-nji ýylda paýtagtyň derňew polisiýasynyň rowaýata öwrülen başlygyIwan Dmitriýewiç Putilin pensiýa çykdy we Nowgorod guberniýasynda, Wolhowyň kenarynda alma bagly jaýa göçüp bardy. Tiz wagtdan, bir abraýly neşirýatçynyň biriniň teklip eden awansynyň öňünde durup bilmän, ol memuar ýazmaga başlajak boldy, iki hepde ýaly, tä muny nämedir bir uly zada öwrüp biljekdigine düşünýänçä, höwes bilen geljekki ýazgylarynyň meýilnamasyny düzdi, baplarynyň adyny tapdy we olara epigraf saýlady.
Kimdir biri oňa peterburgly edebiýatçy Safronowy teklip etdi. Hatynda, dogry, ol irniklik bilen neşirýatçynyň söz beren gonorarynyň ýarsyny sorady, emma duşuşanlarynda, bolmasa başga arzanrak perony tapjak diýenlerinde, üçden birine razy boldy. Ellerine kakyşdylar, Safronow Iwan Dmitriýewiçi otla ugratmaga gitdi. Ýarsyny soranda ol dörtden birini göz öňünde tutupdy we ýakymly tolgundy, memuarçynyň şahsyýetini öz şahsyýeti bilen öňüni tutmazlyk, has erbedi bolsa, çalyşmazlyk üçin özüniň stilini aralyk etmäge çalyşjakdygyny, ony az indiwidual etjekdigi barada aýdýardy.
Olar wokzalda hoşlaşdylar, iki günden soň bolsa Safronow şol otly bilen Wolhowyň kenarlaryna geldi. Bu ýerde, Iwan Dmitriýewiçiň öýünde, ol hojaýynyň ýatlamalaryny ýazyp, bir aýa golaý ýaşady. Soňra bu ýazgylaryň üstünde işlemelidi we kitaby neşire taýýarlamalydy. Titulda diňe ýeke-täk at durmalydy, şeýlelikde bu taslama Safronowa hiç hili şöhrat getirjek däldi, diňe pul, onuň hatyrasyna-da birsalym azap çekeniňe degýär.
Iwan Dmitriýewiçiň durmuşy boýunça üç aýyň içinde günde eden syýahatlarynda edebiýatçy üç sany galamy gutardy, orta barmagynda bolsa ganly iriň bilen akýan gabarçyk emele geldi. Gyraňly galam tegelege çalşyryldy, emma ol hem gynalynýan ýarag bolup çykdy. Bagda iň soňky almalary ýygdylar, ýapraklar saraldy, irden derýa duman bilen gurşalyp başlandy, haçanda Sagronof birnäçe depder ýazandan soň, gitmeli wagt boldy diýen netijä geldi. Material ýeterlikdi, Peterburga gaýdyp baranyndan soň stil taýdan düzediş girizip, ähli gürrüňleri hronologik yzygiderlikde goýup, käbir ýerlerde taryhy fony ýazmaly, biraz howany we psihologiýany goşmak gerek.
Safronow eýýäm, ol nädip öz öýünde, ümsüklikde, halatly, gapdalynda kresloda irkilip oturan we söýmeýän aýaly bilen bu çylşyrymly däl işe beriljekdigini göz öňüne getirdi. Aýaly, ýöne welin, mertlerçe boýun alýardy, onuň göwsi näçe formasyny ýitirse we bili ýogyn boldugyça, onuň adamsynyň kabinetine getirýän kofesiniň ysy has gowy, çaýyň ýanynda berýän bulkajygy has näzik bolýar.
Biraz öňe gidip, aýdalyň, bahara çenli iş tamamlandy. Iwan Dmitriýrwiçiň memuarlary tipografiýadan çykanyndan soň, Safronow özüniň ähli ýazgyly depderlerini, onuň arhiwinde saklanylýan birinden başgasyny, ýok etdi. Ondaky gürrüň kitaba girmedi. Safronowyň ony özüniň hususy romanynyň sýužeti üçin aýan bolmagy ahmal, emma ony ýazyp başlamaga hiç girişibermedi.
Bu galyň ýaşyl kolenkor daşly depderdi. Forzasyna Iwan Dmitriýewiçiň kitabyna žurnalda ýazylan synyň iki sahypajygy ýelimlenip goýlupdyr. Synyň tekstinde kimdir-biri: «Onuň talantynyň jadyly igi deň ussatlyk bilen iki, sýužet we psihologik ýüpi hem dokaýar» diýen jümläniň aşagyny çyzypdyr. Gapdalynda bellik bar: “Ik dokap bilmeýär!” Biraz aşakda bolsa başga poçerk bilen garşy çykylypdyr: “Gep jadyly ik barada barýar. Jadyly hemme zady başarýar!”
Käbir ýerde depderiň sahypalaryň arasynda 1913—1914-nji ýyllardaky “Aziýa” gazetinden kesilip alnan bölekler ýelmenipdir. Bu ýerden şeýle netije çykýar, şol wagtdaky ýaly, Safronowyň bu gürrüňi eşideni bäri iki on ýyllyk geçen hem bolsa, ol ýene-de onda gyzyklanma döretdi. Näme üçin şeýle, ahyrynyň ýakynlaşyp gelýändigi düşnükli bolýar. Deň derejede bu ýelmenenleriň manysy hem soňuna ýetýänçäň, düýbünden syrly bolup galýar.
Ýöne şol bada üns berýärsiň, olaryň bary Mongoliýa bilen baglanyşykly we 1913-nji ýylda mongol gozgalaňçy goşunynda harby instruktor hökmünde bolan rus ofiseri Solodownikowyň ýatlamalarynyň saýlanan ýerleri bolup durýar. Bir ýarym ýyl ondan öňdan Daşky Mongoliýa (Halha) özüniň Pekinden garaşsyzlygyny yglan etdi, Solodownikow bolsa mongollara hytaýlylar bilen göreşmek üçin söweşmäge ukyply bölümleri düzmäge kömek etmelidi.
Ilki seredeniňde onuň bellikleri depderiň içinde ugur geldik, onda ýazylanlar bilen hiç bir baglanyşyksyz taşlanan ýaly görünýär. Mysal üçin, рsafronowyň Iwan Dmitriýew bilen tanyşlygy hakyndaky gürrüňiň arasy, indiki bölek bilen kesilýär:
“Çingiz hany ýatlap, men pikir etdim, uruşparaz halk hökmünde, mongollar söweşe gitjek bolar, olar täze ýewropa ýaraglaryny ulanmagy we urşuň häzirki zaman taktikalaryny öwrenýänçäler, maňa olaryň gahar-gazap joşgunyny saklamak gerek bolar diýip pikir etdim. Örän basym men olar hakyndaky meniň pikirlerimiň, mongollaryň öz ata-babalaryndan nä derejede daş bolsa, şonçada uzakdadygyna göz ýetirdim.
Olaryň hemmesi häzir buddistler, “sary din” tarapyndan olara guýlan pasifizmiň marazmy bolsa, bu görgüli taýpa üçin hakyky gargyş bolupdyr. Manýowrlarda tutuş eskandronlar pozisiýadan goňşy monastyra «doga okamaga» gidýärdiler, pulemýotlara horzo sepýärdiler, emma ýaglamaýardylar, brigadanyň ştabynyň ýanynda duran lamalar elmydama meniň buýruklaryma goşulýardylar, onda-da biziň bölümlerimiziň diskolasiýasy-ýerleşýän ýeri ýa-da artilleriýany ulanmak meselelerinde şeýle bir dini yhlaslylygy görkezýärdiler welin, men olarda hytaý içalylaryny görüp başladym.
Patronlaryň saklanýan ýerinde elmydama näme üçindir suw kän bolýar, pulemýotlaryň gaplarynda ol düýbünden ýokdy. Puşkalary äkitmek üçin goýlan öküzleriň içinden elmydama gyrgyn keseli tapylýardy, olary priwiwka-sanjym etmäge kowardylar, ondan soň olar sürüjiler bilen yzsyz-tozsuz ýitirim bolýardylar. Dezertirler örän köpdi, emma ogrular ondan hem köp, hemmeler biri-birinden bir zatlar ogurlaýardylar we şol bada-da sowgat alşyp-berişýärdiler. Olaryň hemmesi gowy niýetden doludy, emma hiç kim giç zat edenokdy.
Örän wajyp resminamalar meniň mongol başlyklarymda hepdeläp ýatýardy, eger düýbünden ýitmese, ýene-de gowy, ýöne palçylar — izruhaýçinler täsin işjeňlik görkezýärdiler. Söweş operasiýalarynyň planlary asmanda ýyldyzlaryň ýerleşişine we oda taşlanan goýnuň golunyň ýasy süňkünde emele gelen ýaryklardaky nagyşlara görä, barlanylýardy, haýsydyr bir sene bilen bellenilen buýruklary bolsa, bu egri aýak pifiler bisähet hasaplasalar, ak ýürek bilen ýerine ýetirilmeýärdi, sebäbi bu sene ýöne öz-özünden kalendardan aýrylýardy.
Gös-göni ikinjiniň yzyndan, mysal üçin, Aýyň üçünji güni bolup, dördünji gün gelýär, onuň yzyndan bolsa — iki sany bäjinji gün. Her aýda sanlaryň üçden bir bölegi ýok hasap edilýärdi, üçünji-çarşenbe, dördünji-penşenbe we bäşinji-anna günler şol bir seneler bilen berlip bilinýär, munuň şeýledigini men şenbede irden bilip galýardym.
Ýabany ýiti sesleri bilen Pekinden Iýerusalyma çenli ähli diri zatlarda gorky döreden meniň mongollarym öldürmek höwesi bilen ot alyp, ata-babalarynyň öňki şöhraty baradaky ýatlamalardan ruhlanyp, serhoş ýaly bolup, hüjüme at salyp gidýärdiler, emma birinji top atylanda, çar tarapa gaçýardylar. Tertip-düzgüni saklamagyň ýeke-täk usuly taýaklardy. Men azat ediji goşunda saýgylap urmaga ýol berilmesiz hasaplaýardy, harby ministrlikde hem meniň delillerim doly düşünmek bilen, şeýle bir tüýs ýürekden we çuň kabul edildi, ol öz-özünden meseläniň bolmazlygyna getirdi, ol häzir we hemişelik çözüldi diýip hasap edildi.
Ahyrynda men başymdan aýlap urdum we haçanda brigadanyň ekzekutorlary dabaraly we hormat bilen, haýsydyr bir kulta degişli ýaly edip, nyzamyň öňüne içinde bambuk taýak bolan, gara laklanan penaly çykaranlarynda hiç zat görmeýän kişi boldum. Bu taýak beýik Abataý-hanyň özüne degişli bolupdyr diýip tassyklaýardylar. Ol görgüli dul aýal onuň ýaş, näzik baldaklaryndan iýip doýmagy üçin, bir gijede haýsydyr bir keramatly lamanyň kellesinde gögeripdir.
Şeýle gan akar ýaly çylgym edilen baldaklaryň biri indi ştabda pully ýaşşik we brigadanyň tugy bilen bile saklanylýardy. Şeýle bolsa-da, ondan barybir peýda azdy, mongollaryň ol ýa-da beýleki gabahat işiň agyrlygy barada öz düşünjeleri bardy. Atynyň arkasyny derleden atlyny birini urup öldürere getirip urup bilýärdiler, güzerden geçirlende gark edilen topuň dalnomeri-uzaklygy ölçeýjisi üçin bolsa, günäkäriň adresine diňe geçirimlilik bilen dilleri bilen juk-juklama bilen ýüzlenme bilen oňýardylar.
Üstesine-de men eskadrony we komandany nähili esasda formirlemegiň-düzmegiň gowy boljakdygyny çözüp bilemokdym. Tire-taýpa alamat boýunça döredilenlerde tertip-düzgün has gowudy, emma düzgünden çykmalar hem has gorkulydy; garym-gatym bölümçelerde haos höküm sürýärdi, emma düzgüniň köpçülikleýin bozulmalaryň bolmak mümkinçiligi haç azdy. Olaryň içýakgyç kalendarlary bilen bilelikde bularyň hemmesi meni göwnüçökgünlige, ýeňsämi döwüp barýan agyra, eltdi, ýadatdy we ýürege düşgünç garabasma ýaly güýçden gaçyrdy.
“Gündogar adamlary üçin gije-gündizdäki ähli sagatlar birmeňzeş”, — diýip, Kiplingde hindi demir ýolundaky ýolagçy otlularyň raspisaniýesi barada aýdylypdyr. Bu hakykatyň umumydygy maňa Sekizinjiurga hutuhtanyň, häzir bolsa, goşmaça monarhyň hem işini alyp barýan Bogdo-gegeniň şäheriň daşyndaky köşgüne baranymda açyldy. Kyrk minutrak biz, ýagny brigadanyň ýolbaşçy-serkerdeleri harby ministriň ýolbaşçylygynda, kabul edilmegimize garaşdyk, soňra şonça-da audensiýa dowam etdi, şu wagtyň dowamynda, arakesmesiz diýen ýaly, maňa diwardaky, stoluň üstündäki we polda duran sagatlaryň dürli sesli jyňňyrdysy we zarňyldysy gelip durdy. Olar köp sanly bolup köşgüň geçelgelerinde, anfiladalarda, myhmanhanalardynda we ýaşalýan ýerlerinde durdular we asylgydylar.
Maňa özüniň soňky üç gezek dünýä täzeden gelmeginde Bogdo-gegen esasan zarňyldyly we sazly sagatlary toplaýar diýip düşündirdiler. Oňa olary täjirler, zyýaratçylar, siniň çinownikleri, daşary ýurt diplomatlary sowgat berýärler, emma ýyl ýarym mundan ozal trahomanyň ýiti görnüşi bilen keselläp, ol tas kör bolupdyr, şondan bäri ol ähli güýjüni, öz şanslaryny onuň körlüginde gören, dil düwüşýänlere garşy göreşe beripdir, köşküň durmuşynyň öz mehanizminde bolsa, bir zatlar näsaz işläp başlapdyr, oňa bolsa sagatlaryň şesternleri baglanypdyr.
Sagatlara ýa düýbünden tow berenokdylar, ýa tow berýärdiler, emma dillerini düzetmegi ýatdan çykarýardylar. Käbiri durupdyr, işlemegi dowam edýänleri bolsa, indi dürli wagt görkezýärdiler. Netijede, olaryň biri wagtyndan öň jyrlaýardy we zarňyldaýardy, beýlekileri — soň. Tutuş gije-gündiz bir bu ýerde, bir ol ýerde, bir basgançakda, bir tagt ýerleşýäň zalda pružinleriň towy açylýardy, çekiçjikler oýanýardy, opera uwertýuralarynyň bölekleri, häzir ýok imperiýalaryň senalary ýa-da haýsydyr bir, birwagt mazarda çüýrän polklaryň söweşe aýtdyryp giden marşynyň iki-üç takty aýdylýardy. Bakylyk öýi, kerpiçden edilen saz gapyrjajyk, demir üçegiň aşagynda, ýaşyl äýnekli belent mertebeli buddanyň rezidensiýasy, bu köşk soňra maňa, eger mongollar onda özleriniň keramatlarynyň birini görýän bolsa, olardan köp zady talap etmeli däldigimi ýatladýardy”.
Emma Safrinowyň hekaýalaryna gaýdyp geleliň.
Şeýlelikde, ertesi gün ol Peterburga gaýtmakçy bolýardy. Heniz ýylydy, olar Iwan Dmitriýewiç bilen iki tarapy alma agaçlary bilen gurşalan werandada günortanlyk edindiler. Üçünji tarapyndan Wolhowyň görnüşi, garşydaky, arna kenardaky tally zolaga depeler bilen baryp ýetýän, orlan meýdanlar açylýardy.
Olardan başga stoluň başynda peýzažist, dogumly profilli we gamgyn gündogar gözli ýaş ýigit Mželskiý hem bardy. Iki hepde mundan ozal ol bu ýere geldi we obada ýerli sallahyň öýünde ýaşaýardy.
— Geň zat, — diýip, özüniň adaty gepleýän gyryljyk manerasynda Iwan Dmitriýewiç oňa ýüzlendi. — Sentýabr häzir örän owadan, biziň ýerlerimiz örän gözel, siziň suratlaryňyza seredýäň welin, siz-de bolsa ýagyş, şemal, agaçlar egrelýär, üçekden samany gaçyrýar.
— Düýn ýagyş boldy, — diýip, Mželskiý özüni aklady. — Anna güni hem damjalady.
— Annada? Näme üçindir men bilmändirin.
— Boldy, boldy, Iwan Dmitriýewiç, — diýip, Safronow tassyklady.
— Bir gezek bir aýdyň ertiriň, ýuwaş agşamyň suratyny çeksediňiz. Ýo-o-ok, ýa dumanly daňlar, ýa-da gyzyl-gan şapaklar, alagaraňkylyk, nähilidir bir bulutlaryň aňyrsyndan çykýan ýowuz ýalpyldy. Bulutlar bulam-bujar, hamala olary pişikler dyrnaçaklan ýaly.
— Ine bar ahyryn! — diýip, Mželskiý diwara söýelgi täze, heniz gurap ýetişmedik etýudy görkezdi. — Hemme zat rahat, bir ýaprajyk hem gymyldamaýar.
— Emma sizde şeýle ahyryn? Eger şemal ýok bolsa, diýmek gaýyň öň ýanynda. Birden gün görünäýse-de, diýmek — gaýdan soň. Ýöneligine hiç zat bolanok. Mynasyp bolaňyzok-da siz! Belki Italiýa barsaňyz, şol bada günüň aşagyndaky deňzi, gök asmanlary çekip başlarsyňyz. Piniýalar, palasso, ýalpyldy, ýagtylyk. Gyzlar üzüm iýýärler, suwa düşýärler. Çagalar tans edýärler. Bu ýerde sizde aýal bar bolaýanda-da, ýa dul ýa-da esgeriň aýaly, ýa-da uzyn çybyk bilen geçi kowýar. Eger çagalar bolsa, aýazda agaç bedre süýreýärler ýa-da çabgadan halas bolmak üçin gaçýarlar. Siz näme Italiýada ýagyş ýaganokdyr diýip, pikir edýärsiňizmi? Eý-how, bir hepdeläp guýýar welin, myhmanhanadan burnuňy çykaryp bileňok.
— Siz Italiýada bolup gördüňizmi? — diýip, Mželskiý sorady.
— Boldum.
Iwan Dmitriýewiç ýüzüni geň galan ýaly eden Safronowa seretdi, we munuň kitap üçin gerek bolmajagyny we ol ýere özüniň şahsy işi bilen gidendigini aýtdy.
— Diňe şahsymy? — diýip, Safronow ynanman sorady, ol eýýäm Iwan Dmitriýewiçiň durmuşyndaky ähli şahsy işleriň islendik ýagdaýda gulluk bilen baglanyşyklydygyny bilýärdi.
— Howa, hususy şahs hökmünde gitdim. Gytak, hakykatda, bu syýahat meniň şonda derňeýän bir jenaýatym bilen baglanyşyklydy.
— Ine örän gowy, gürrüň beriň. Biziň öňümizde tutuş agşam.
— Elbetde, gürrüň beriň, — diýip, Mželskiý goldady, şeýdip agşamlyk nahardan hem tamakin boldy.
— Meniň gürrüňim, siziň göwnüňizden turmaz diýip pikir edýärin, sebäbi ol Italiýa bilen däl-de Mongoliýa bilen has köp baglanyşykly, — diýip, Iwan Dmitriýewiç jogap berdi.
— Siz ol ýerde-de bolduňyzmy?
— Ýok, emma elmydama gidesim gelýärdi. Eger hat-da siziň ölçegiňiz bilen ölçeseň-de, täsin owadan ýurt diýýärler. Men mongollaryň keramatly şäherleri bolan Urganyň ýerleşen ýerindäki Toly derýasynyň jülgesi Lambardiniň jülgelerini ýatladýar diýýärler.
— Şeýle, wagt gidirip oturmaňsana, gürrüň berip başlaň. Men taýyn, — diýip, Safronow, öz ýanyna arassa ýaşyl kolenkor daşly depderi süýşürdi.
Bu ýerden aşakda beýan edilenleriň hemmesi onuň ýazgylarynyň anyk suratlandyrmasy diýip bolmaz. Olaryň özleriniň hem Iwan Dmitriýewiçiň gürrüňlerini sözme-söz ýazga geçirendir diýmek bolmaz, onuň özüniň hem hakykaty şek-şübhesiz anyk beren bolmazlygy hem ahmaldyr. Üç ýagdaýyň ählisinde hem oýuk ýer ýeterlik derejede uly, birinjisinde ol beýleki ikisine seredeniňde, edil beýle uly hem däldir. Ýöne Solodownikowyň ýazgylarynyň depdere ýelmenen tekstleri bolsa, el degrilmän saklanypdyr.
2
Şol maý säheri Iwan Dmitriýewiç on üç ýaşly ogly Waneçka bilen bile ertirlik edinýärdiler, ol onuň çagalyk döwri ýogalman galan ýeke-täk çagasydy. Aýaly stoluň başynda oturmady. Erkekleri naharlap, birini gulluga, beýlekisini gimnaziýa ugradyp, ol biraz ýatmagy umyt edýärdi. Öň beýle meýiller gizlin saklanylýardy, emma ýakynda goňşy aýal zenanlaryň žurnalyndan aýal bedeniniň, erkekleriňkä seredeniňde deňeşdirip bolmaýan has uzak wagtlyk uka mätäçdigini subut edýän makalany tapypdyr. Indi aýaly özüniňkiniň dogrudygyny doly düşünmek bilen ýene yzyna düşegine girýärdi.
— Bolýar, men seni bizar etdim, ogluň bilen bir gürleşmek islemeýärsiňmi, — diýip, ol Iwan Dmitriýewiçiň elinden gazeti aldy, — emma eger sen iýmit özleşdirişiňi düýbünden zaýalajak bolsaň, hiç bolmanda kitap bir al. Has öňüräkden bäri men näme üçindir seni kitaply göremok.
Hakykatdan hem, derňew polisiýasynyň başlygy hökmünde Iwan Dmitriýewiç elmydama işlidi, az okaýardy, häzirki zaman belletristlerini bolsa düýbünden bilenokdy. Haçanda oňa iki sagatdan soň ýazyjy Nikolaý Kamenskiý öz öýünde Karawannaýa köçesiniň nomer sekizinji jaýynda öldürilipdir diýip, habar berenlerinde, ol bu ady birinji gezek eşitdi.
Habar bilen Student lakamly, okuwyny gutarmadyk talyplardan bolan, Gaýpel geldi. Ol gerek bolaýmasyn diýip satyn alan Kamenskiýniň soňky kitabyny hem getiripdir. Iwan Dmitriýewiç ony jübüsine dykdy-da, Gaýpeli paýtuňçynyň yzyndan iberdi. Ekipajy bäş minutdan getirdiler. Olar münen batlaryna, olaryň ýanyna orta ýaşly, gowy paltoly, hasaly erkek adam geldi.
— Ýadyma düşýär, ýadyma düşýär, — diýip, Iwan Dmitriýewiç ony agzyny açmaga goýmady. — Siziň familiýaňyz Peçenisyn, siz Obuhowdaky dälihananyň direktory we bir hepde mundan öň meniň ýanyma gelipdiňiz. Sizden haýsydyr bir däli gaçypdyr.
— Siz ony tapdyňyzmy?
— Gözlemedigem. Aýdyldy ahyryn, biz beýle iş bilen meşgullanmaýarys.
Ekipaž ýöredi, emma Peçenisyn bortikden ýapyşyp, gapdalyndan ýöredi.
— Men ine onuň alamatlarynyň sanawyny düzdüm, — diýdi ol. — Alyň, sizden örän haýyş edýärin. Birden gerek bolar?
Nebsi agyryp Iwan Dmitriýewiç bu sanawy aldy, biraz soňurak seretdi-de, beýle alamatlar boýunça köçedäki adamlary başaşadan saklabermeli diýip, pikir etdi. Dogry, bir aýratyn, seňriginde çiş görnüşli bir alamat bardy, emma has gowurak beýan eden bolsa günä gazanmazdy.
— Eger biz dälileri hem tutmaly bolsak, onda özümiz hem däliräris, — diýip, ol Gaýpele ýüzlendi.
Ol baş atdy. Iwan Dmitriýewiç, kagyzy mynjyratdy-da taşlady, Kamenskiýniň kitabyny çykardy we adyny okady: « Çatrykda». Mazmunyndan munuň roman däl-de, hekaýalar ýygyndysydygy belli boldy. Iwan Dmitriýewiç ykbala el berdi, şeýle ýagdaýlarda ol oňa elmydama hoşamaý garaýardy, pal atylandaky ýaly, gelşine görä açdy. Kitapdaky «Kölegeler teatry» diýen hekaýada açyldy. Ol ony Karawannaýa köçesine çenli okap ýetişdi.
Sýužeti şeýle.
Mongol baýary Namsaraý-gun, «baýdak guşunyň» polkownigi, Çingiziň neberesinden, şapkasynda iki sany üç gözli tawus ýelegini dakynmaga hukugy bolan, Hytaý ilçihanasynyň düzüminde Peterburga gelýär. Ilçi bilen bile paýtagtyň gözel ýerlerini aýlanyp görýär, ballara barýar, opera gidýär. Ähli gören zatlary oňa uly täsir edýär. Birnäçe aýdan soň Namsaraý-gun hristianlyga geçmek isleýändigini we hristianlygy grek däbi boýunça kabul etjekdigini yglan edýär.
Dilmaç N., gürrüňi şonuň adyndan berilýär, birinji bolup onuň niýetini bilýär, bu haýsydyr bir Sibiriň gelmişek baýary üçin adaty bolsa-da, buddist üçin täsindi. Unikal-täsin ýagdaý, presedenti ýok, emma köp ikirjeňlenmelerden soň, dindar şahsyýetler bilen maslahatlaşylandan we ilkibaşdan hekaýa Saltykow-Şedriniň ruhunda fantasmagorik öwüşgin berýän býurokratik kazuslardan soň, Namsaraý-gunuň islegini kanagatlandyrmaly diýen netijä gelinýär.
Gizlin, edil onuň haýyş edişi ýaly, çokundyrmak däbi geçirilýär. Onuň nökerleri, ilçihananyň beýleki wekilleri, ilçiniň özi güman hem edenoklar. Bu diplomatik päsgelçilik bilen gorky döredenok, knýazyň rus raýatlygyna geçmegi hakynda gürrüň hem ýok, emma ministerligiň çinownikleri Namsaraý-gun mundan aňryk hem öňküsi ýaly Pekine hyzmat edip biljekdigine ynananoklar. Diniň üstgemeginde olar nähilidir bir syýasy many görýärler. Onuň manysyny olar baýaryň Merkezi Aziýada rus täsiriniň güýçlenmegine ýardam etmäge simwolik aňladylan taýýarlygynda gördüler. Bu şeýlemi ýa däl, anyklap görmek şol bir N.-ne tabşyrylýar.
Çokundyrylandan soň Namsaraý-gun resmi adamlardam gutlaglary we olaryň aýallaryndan sowgatlary kabul edýär, soňra N. bilen bile öýüne gaýdýar, ine şu ýerde, çaýyň başynda bolsa, mongol baýaryna bildirilýän ynanjyň biderekdigi anyk bolýar. Iki hepde mundan ozal, Mariinskiý teatrynda Gugonyň “Faust” operasynyň görkezilişinde bolanda, Namsaraý-gun dünýäde iblisiň bardygyny bilipdir eken, oňa dam öz janyny satyp, has anygy, ony özüniň islendik arzuwyna çalşyp boljagyny bilipdir. Ilçihananyň ýanynda goýlan terjimeçileriň biri, şeýle geleşikleriň aýratyn şertnama bilen berkidilýändigini baýara düşündiripdir. Syýa we tuşa derek onda satyjynyň gany ulanylypdyr, iblise diňe çokundyranlaryň gany gerek. Beýlekileri ol hasap etmeýär we olaryň eýeleri bilen hiç hili gatnaşyga girmeýär.
Şu mümkinçilik bolsa, Namsaraý-guny azdyrypdyr. Baýaryň adamzadyň duşmanyndan anyk näme aljak bolandygy N. üçin gizlin bolup galypdyr, emma ony kiliise kupeline getiren pikirleriň logikasyny bolsa, dikeltmek başartdy.
Ononyň kenarynda, sähralyklarda geçirilen çagalykdan bäri, Namsaraý-gun her bir adamda üç janyň bardygyny berk öwrenipdir: saýn-suns — gowy jan, dund-suns — orta we mu-suns — erbet, ýa-da rehimsiz. Soňky hem iblis bilen söwdanyň predmeti bolmalydy. Baýar ruhana özüniň üç janyndan diňe birini — mu-sunsy çokundyrmaga rugsat berýändigini duýdurypdyr, emma terjimeçi oňa ýalňyş düşünipdir we bu jümläni «erbet» ýa-da «rehimsiz jan» diýip däl-de, «günäli jan» diýip terjime edipdir. Bu ýerde Namsaraý-gunuň öň, “sary dine”, ýagny buddizme uýup günäli bolandygyny, häzir çokundyrylmagy kabul edip arassalanmak isleýändigini boýun almagy diýip düşünmek tebigy zat. Ruhany muňa şeýle diýip baha berdi we azajyk hem ikirjeňlenmän, ýeňil ýürek bilen dessury geçiripdir. Şeýlelikde, işiň manysy N. we onuň başlyklaryna belli bolýar. Oňaýsyz ýagdaýa düşüp, olar dymmagy gowy görýärler, baýaryň özi bolsa, gerekli haryda eýe bolandygyna we alyjynyň garaşdyrman geljekdigine berk ynanypdyr. Emma ol gyssananokdy, ilçihana eýýäm Peterburgdan gaýtmaga taýýarlyk görýärdi, hyzmatkärler goşlary ýygnaýardylar. Birnäçe gün galýar, emma Namsaraý-gun tamasyny ýitirenok. N.-iň ondan özüniň çokundyrylan mu-suns üçin nähili bahany sorajak bolýandygyny biljek bolşy biderek boldy. Knýaz dymýar. Her gezek, sagatlar ýary gijäni görkezen badyna, ol koridoryň gapysyny açýar ýa-da aýnanyň ýanyna baryp, diňşirgenýär, köçäniň garaňkylygyna siňe seredýär we garaşýar. Hiç kim ýok, oňsoň hem birigün ilçihana watanyna gaýdýar.
Gaýtmakdan öň soňky agşam N. baýaryň oraglarynda gije çenli oturdy. Öýe gitmeli wagty bolupdy, emma ony bir zat saklaýardy. Namsaraý-gunuň otaglary boşdy, hyzmatkärler uklap ýatyrlar, baýar çokundyrmadan soň, sowgat berlen semewardan özi çaý guýýar. Aýnanyň aňyrsynda ýagynly Piter sentýabry, ýagynly howa, ýapraklaryň şygyrdysy, karnizlerdäki demirleriň ölügsi şyňňyrdysy. Duwara şemaldan stoluň üstündäki çyranyň ýalny iki ýana urunýardy, kölegeler diwarda ylgaýardylar we çüňklere gysylýardylar, portýerleriň aňyrsynda bukulýardylar we şemalyň täzeden güýjemegi bilen ýene oboýlarda tans etmäge başlaýardylar. Ýarygijä ýakyn, olaryň üýtgäp duran oýunlarynda köplenç nämedir bir düşünjeli zat görnüp başlady, haosdan salgym ýaly, yzy üzülmän şahalanýan, emma näme-de bolsa sýužet görünýärdi. Gürlemeýän aktýorlar aldanan tamalary, kanagatlandyrylan we bagt getirmedik arzuwlaryň, owadan, hasyl bolanda özüniň gapma-garşylygyna öwrülýän arzuwyň temalaryň wariasiýasylary görkezýärdiler.
N.-de geň, bu gara tegmillerden çykýan nagyşlar, dynuwsyz hereket edýän, üýtgeýän ton we şekiller, tutlaryň yrgyldysy, aýnanyň aňyrsyndaky agaçlaryň titremesi, hat-da aýyň, fonaryň we lampanyň şöhlesi bilen baglanyşykly däl ýaly diýen duýgy ýüze çykýar. Otag duýdansyz hytaý kölege teatryna öwrülýär, diwara nähilidir bir bedensiz mahluklar tarapyndan taşlanýan kölegeler, olaryň kontury şeýle maddy däl ýagtylygyň konturyny çekýär. Bu spektaklda birwagt taşlanan, dürli siwilizasiýalaryň birleşýän ýerinde ýaşaýan, biri-birine tragik ýagdaýda düşünip bilinäýjek göze görünmeler oýnaýan ýalydy.
Iki uniwersiteti tamamlan N. şeýle pikir edýärdi, Namsaraý-gun bolsa müşdegi sorup, garaşylýan myhmanyň nähili görnüşde görünjekdigi barada oýlanýardy. Ol gije guşunyň gara ýelegi bolan syýa beretde, şpagasy gapdalynda, edil operadaky ýaly gelermikä. ýa-da özüniň hakyky keşbinde bolarmyka? Anekdot, emma awtora eýýäm gülkünç däl.
Bulutlaryň arasyndan görünýän aý aýnalary ýiti gök duman bilen örtýär, agaçlar gatyrak we aladalyrak şatyrdaýarlar. Kölegeleriň nazik, hatda ilkibaşda näz-kereşmeli tanslary şeýtan tanslaryna öwrülýär. N. asla yrymlara ynanýan we mistika ýykgyn edýän hem däl, onda-da ony birhili erbet duýgular gurşap barýardy. Ol baýara oýlap tapan zadyny goýbolsun etdirjek bolup çalyşýar, emma ol yrylar ýaly däldi. Diwardaky aktýorlaryň düşündirýän ümleriň dili, oňa düşnükli däl. Sagbollaşyp, öz arkasynda gapyny ýapanynda, N. diwardaky spektaklyň eýýäm tekizlikden çykýandygyny we fikala tarap barýandygyny görýär. Onda ähli illýuziýalaryň puja çykmagyny, gan we ölümi öňünden duýmak kyn däldi. Iki, hristian we budda siwilizasiýanyň jümmüşde nadanlar üçin görünmeýän eýmenç stihiýalar gizlenip ýatyr. Wagty gelende, olar, edil lawa-otly akym ýaly, ýuka gabygy böwsüp, öz ýolundaky ähli zady köýdürýär.
“Ykbaly gül basylan kartlar bilen oýnap, ýeňip bolmaýar”, — diýip, N. pikir edýär. Düýşde ýa-da ysytma tutanynda bolşy ýaly, bu mekir bolmadyk pikir oňa täsin wajyp bolup görünýär. Ol koridor bilen gidip barýar, Namsaraý-gun bolsa çaý içýär we eziz sähralyklary, at sürülerini, gök otuň üstündäki ak öýleri, gök asmanda göçüp barýan guş sürülerini ýatlaýar. Güýz, uluslarda aýallar günorta tarap ýola düşen guş kerweniniň yzyndan, guşlar ýazyna öz watanlaryna bagtly «ak ýol» gaýdyp gelmekleri üçin süýt sepeleýärler. «Gaýdyp baramyka ol ýere Namsaraý-gun?» — diýip, N. bosaga çykyp barýarka, pikir edýär.
Bu ýerde baýaryň nökerlerinden bolan garry lama çommalyp otyr. Ol uklap bilenok, daş jaýda oňa howa ýetenok. N. oňa temmäki berýär we üç jan barada soraýar: olaryň birini ýitiren adama näme bolar? Lama jogap berýär: saýn-suns bolmasa, gowy janly adam ýyrtyja öwrülýär, emma uzak ýaşap bilýär; dund-suns, ortaky, bolmasa, ol hiç zadyň çakyny bilmeýär we tiz ölýär; mu-suns bolmasa, ol şol bada ölýär, sebäbi biraz erbetlik bolmasa ýerde ýaşaýyş mümkin däl.
Duýdansyz Namsaraý-gunuň otagyndan aýylganç çirkin ses eşidilýär. N. yzyna ylgaýar, gapyny açýar. Hiç kim ýok, baýar polda ýatyr. Ol öli. Öli, bedeninde bolsa hiç hili ýara ýok, diňe çep eliniň barmaklarynyň biriniň ujy çalaja kesilipdir. Şol ýerde-de örden ýelegi ýatyrdy.
Sýužet geň göründi, emma has geň zat, nädip senzura şeýle hekaýany çap etmäge rugsat berdi-kä. Senzor diňe mongol baýrynyň çokundyrma kabul etjek ýerine çenli okan bolmagy ahmal, öňünde duran eser ýagşy niýetli hasap edip, galan ýerini okamaga ýaltanan bolmaly.