Almaly Gaz
— Siz, madmuazel, meniň bu zatlaryň mende nämeden başlandygyny gürrüň bermegimi isleýärsiňizmi? Bolýar, öz diktofonyňyzy işlediň. Eger men çilim çeksem, garşy bolmarsyňyzmy? Şeýle, togsan üçünji ýylyň açlyk tomsuny, soň bolsa şol ýylyň açlyk güýzüni göz öňüňize getiriň. Oktýabr. Moskwanyň ýakyn etegindäki Lopatnikowo obasy. Otagda baga tarap açylan penjiräniň öňünde äýnekli adam otyr we ünssüz çilim çekýär. Stoluň üsti kitaplardan doly.
Bu filologik ylymlarynyň kandidaty, mugallymçylyk institutynyň mugallymy. Ol Iwan Buniniň döredijiligi boýunça leksiýalar toplumyny taýýarlaýar. Onuň keýpi örän erbet. Pulsuzlyk halys etdi. Bu ýyl ol soňky on bäş ýylyň dowamynda birinji sapar tomusda maşgalasy bilen günorta gidip bilmedi, öz zähmet rugsadyny obada gaýyn enesiniň öýünde geçirmäge mejbur bolupdy. Gaýyn enesi gowy aýal, hiç hili girdeji getirmese-de, giýewsiniň meşgullanyp oturan zadyna hormat goýýar hem-de öz maýdalyna mellekde güýmenip ýör. Aýaly şäherde işde. Ol hem adamsynyň kärine hormat goýýar, emma onuň hem sabyr käsesi dolup barýardy. Filolog bu zatlary bilýärdi. Şeýle-de ol hiç bir leksiýalar toplumy bilen, hatda iň meşhury bilenem, maşgalanyň maliýe ýagdaýyny düzedip bolmajakdygynam bilýärdi. Ol çeken çiliminiň galyndysyny atyp goýberjek bolup penjirä tarap öwrülýär hem-de ol ýerde baglaryň arasynda gaýyn enesiniň daýaw, ýasy ýüzli, ähli pensiýadaky milisiýa işgärleriniň bolşy ýaly şadyýan, Gaz lakamly goňşusyny görýär. Goňşy: “Ýör, içeli” — diýip, yşarat bilen görkezýär. Ylymlaryň kandidatynynyň intelligent kalbynda her dürli “halkyň arasyna ýörüşlere” bolan ýigrenç bilen ähli zada tüýkürip, içip serhoş bolmaklyk baradaky ýiti isleg göreşip ugraýar. Ahyrsoňy ol penjireden böküp, şadyýan mente goşulyşýar we olar Lopatnikowda zähmet rugsadyny geçirip ýören krançy Stepanyç bilen bilelikde göni baglaryň aşagynda çökýärler.
Gusuň mellek ýerinde garalynyň aşagynda ornaşýarlar. Olar ýürekden oturdylar, ment ajaýyp gürrüňçil bolup çykdy, onuň gorunda bolsa örän gyzykly hekaýalaryň birgideni bar eken. Stepanyç bolsa dilini jukkuldadyp, şol gaýtalap otyrdy:
— Bäh, seniň aýdanlaryňy ýazyp almak gerek.
Filolog ýazyp alsaň, erbet bolmazdy diýen manyda razylaşyp, baş atýardy.
Iki çüýşeden soň dowam etdirmek gerek diýen ýiti mesele ýüze çykdy. Kandidat gelşiksiz ýagdaýa düşendigine düşünip, zähresi ýaryldy. Hödür etmek nobaty oňa ýetdi welin, onuň jübüsinde bir köpügem ýokdy. Gaýyn eneden almalymy? Asylanyň aňsat bolar. Agaryp, gyzaryp, “indiki gezek” diýip bir zatlary samrap ugrady. Krançy kömege ýetişäýdi.
— Garaşyp näme etjek. Häzir almajyklary satarys we gül ýalyjak bolar.
Intelligent bu pikirden örän hoşal bolýar. Gaýyn enemiň tutuş mellegi ýere gaçan antonowkadan doludy.
— Elbetde, satarys — diýip, kandidat jogap berdi. Stepanyç halta we düýbi metal tordan ýasalan ýörite bedre almaga ylgap öýüne gidip geldi. Bu palçyk bolan miweleri kolonkanyň aşagynda ýuwmagy aňsatlaşdyrmak üçin niýetlenipdir. Ýarym sagatdan soň Stepanyçyň zaporožy üç sany şadyýan söwdagäri we dört halta antonowkany Moskwa äkitdi. Şähere çenli bary-ýogy bir ýarym kilometrdi. Öňki senagat kombinatynyň binasynyň golaýynda özbaşdak bazar ýerleşdirilipdir — düýbi ýokaryk öwrülen ýaşşikler, möwsüme görä, gök ot, rediska, almalar, ir-iýmişler, garalylar. Hemişe otuza golaý ýaşuly aýal söwda edýär. Iki sentner antonowkaly zaporož ol ýere edil “Boing” korporasiýasynyň awiamodelistleriň ýygnagyna girişi ýaly dazlap girdi.
Gus bilen Stepanyç şobada bu ýerdäki söwdä usulyny däl, eýsem baha syýasatynam bozdular. Eger-de daýzalar almajyklaryň bir kilesine iki ýüz elli rubl (93 ý.) soraýan bolsalar, krançy bilen ment ýüz ýigrimiden, hatda ýüzdenem berýärdiler. Serhoşlykdan ýakymsyzlyk bilen açylan filolog açyk bagažnigiň ýanynda tylda gysmyljyrap durdy. Ol bu ýerde özüni oňaýsyz duýýardy. Ol alyjy hökmünde-de bazarda özüni amatsyz duýardy, bu wagt bolsa... emma welin gaçmak hem bolanok. Haçanda bäsdeş daýzalar gohlaşyp başlanda welin, ol özüni hasam oňaýsyz duýdy. Olardan krança has köp degýärdi, emma welin kandidat käbir bellikleri özüne hem çekdi. Gus bilen Stepanyç bolsa nobatdaky göz öňüne tutanyndan artyk alan alyjyny ugradyp, diňe hahaýlaşýardylar. Haltalar örän çalt boşaýardy. Azatlyk wagty golaýlaýardy.
Haçanda satmaga bary-ýogy ýigrimi kilogramm diýen ýaly galanda, binanyň burçundan meňzeş geýnen we saçlary syrylan gawun kelle we hyrzsyz ýüzli iki sany ýigit peýda boldy. Kandidatyň ýüregi edil buz bölejigi ýaly boldy. Ol uly kynçylyk bilen bu ýerden gaçyp gitmäge dörän islegini ýeňdi we şobada-da ýeňendigi üçin gynandy. Ýigitler ýalňyşman zaporožyň ýanyna geldi. Äňlerini bir zatlar çeýneýän ýaly gymyldadyp, Gus bilen Stepanyçdan göni seredip, ýaňaklaryndaky myşsalary sessiz gymyldadyp, gelip durdular. Öňki ment düýbi torly bedräni iki eli bilen saklap, asuda durdy, krançynyň bolsa mese-mälim aljyrap başlaňdy.
— Her biriňizden biri, — diýip, ýigitleriň biri aýtdy.
— Näme üçin bu? — diýip, Gus aladasyz sorady. Görüp dursalar, ýigitler “ýer üçin” töleg talap edýän ekenler. Ment bolsa kes-kelläm we hatda, gödeklik edip, näme üçin tölemelidigine düşünenokdy. “Almalar meňki, ýer bolsa umumy”. Ýaşuly daýzalar gyzyklanma bilen drama sahnasyna seredýärdiler. Ikinji oglan penjeginiň jübüsinden ýumrugyny çykardy. Ol ýumrukda bir zada şyrkyldady we ýalpyldap duran päki göründi. Ol Stepanyçyň garnyna çenelip durdy. Ol “häzir, häzir” diýip samrap, yzyna arkanlaýyn ýöräp başlady, ýarty bolan haltanyň gyrasyna basdy, arkanlygyna ýykyldy, aýaklary bilen duýdansyz öňe typyp gitdi. Özüniň agyr köwşüniň ökjesi bilen ol şol eli pyçakly oglanyň göni “süňküne” degdi. Ol bolsa boguk ses bilen hapa sögünip, sag injigini örän güýçli gujaklap, ýere çökdi.
Öňki milisiýanyň işgäri talaňçylara garşy harby hereketler başlanan bolmagy çemeli, öýdüp öz göçümini edýär. Ol birinji ýigidiň kellesine bedre bilen erbet urýar. Has takyky, bedräniň düýbi bilen. Tor ýyrtylyp, bedre banditiň ýüzüniň hamyny sypjyrdyp, onuň kellesine geýdirilýär. Bandit gaty gygyryp başlady we gaçyp ugrady, emma oňa hiç zat görünmeýärdi, ol kellesi bilen çyra sütünini güýçli süsýär we ýykylýar, ýerinden böküp turýar, ýene-de agajy güýçli süsýär. Edil Golliwudyňky ýaly epizod boldy, hatda aýagy ýaraly haramzada hem özüniň bagtyýatan egindeşini synlap, öz agyrysyny ýatdan çykardy. Gus bolsa hiç zady ýatdan çykaranokdy. Ol entegem çommalyp oturan ýigide tarap çaltlyk bilen ädim ätdi, onuň pyçagy gysymlap oturan eline aýagynyň bar bady bilen basdy. Ol ýerde bir zat hyrt etdi. Reketçiler her hili edip uwlaşyp, bazardan dürli tarapa gaçyp gidýärler.
Şol gün agşam kandidat kitapjagazlaryny torbasyna atyşdyryp, bolup biläýjek erbetliklerden gaçyp, ýuwaşlyk bilen şähere gaýtdy. Tizara onuň mähriban gaýyn enesi keselleýär, ony birnäçe aýlyk hassahana ýerleşdirmeli bolýar. Lopatnikowolar bilen islendik aragatnaşyk kesilýär. Onuň üstesine filologyň maşgalasynyň maddy hal-ýagdaýy has-da ýaramazlaşyp ugraýar. Dekabra çenli obadan gelen iki halta ýeralma hem iýlip gutardy, filologyň ýene-de Lopatnikowadaky ammarlara baryp gaýtmaly güni ýetip geldi.
Şol gün ol bir çylşyrymly dissertasiýa syn ýazyp tamamlamakçydy, emma welin aýaly ony diňlemegem islemedi, ol ilkinji gezek puluň ýokdugy sebäpli, çyny bilen goh turuzdy. Alym öýkeden we gahardan ýaňa metroda-da, awtobusda-da titräp gelýärdi. Ol iň soňky duralgada böküp düşdü-de, köçedäki çal garda köwşüniň aşagy bilen typyp, awtobusyň öňünden aýlandy, ýoluň gatnawly bölegine ylgap çykdy we şobada-da nireden bir ýerden peýda bolan “mersedes” bilen kakyldy. Onuň hakykatdan hem mersedesdigini ol entek arkanlygyna ýatyrka, gözüniň gytagyny radiatora aýlanynda göz ýetiripdi. Filolog maşynyň açylýan gapylarynyň şapbyldap gidenini eşidip, daşary ýurtdan gelen maşynyň lowurdaýan daşynda hiç hili yz galmaýsady-da diýip içinden dileg edip, bir gapdala süýşenekläp başlady.
— Hä, ylym! — Ol öz depesinden eşidilýän şadyýan we, esasy zat, tanyş sesi eşitdi. Bu sesiň eýesini welin ol şol bada tanamady. Hatda ony ýerden galdyryp, üst-başyny kakyşdyryp durkalaram, ol bu boýny ak şarfly uzyn gara paltoly adamyň kimdigine hiç düşünip bilmän durdy.
— Tanaňokmy?
Şu ýerde bolsa kandidat ony tanady. Bu Gus lakamly öňki mentdi.
— Saňa näme boldy? — diýip, filolog paltony, şarfy we mersedesi göz öňünde tutup sorady.
— Abatmyň? Ýör gideli, aýdyp bereýin. — Gus gorilla meňzeş sürüjisine öwrüldi-de: — “Awrora,” — diýip buýruk berdi.
— Nämäň “Awrorasy”?
— Bu meniň gijeki klubum. Indi sorag bermän otyr, ähli zady örän çalt bilersiň.
Mersedes dessine eltdi.
— Egin-eşikleriňi çykar, bu wagt bu ýer boş. Säher wagty.
Pallaýan, emma hyzmata gaýym garderobçy iki epilip, filologyň bolgusyzja drap eşigini aldy.
— Hana o taýda meniň iki sany gowy stolum bar, — diýip, Gus garderobyň çep gapdalyny görkezdi, olar billiýardyňky, emma, adatça, daňa golaý olaryň üstüne geçip ýatýarlar. Hana ol ýerde — bir elli banditler. Indiki zalda kart oýnaýarlar.
— Ruletkada barmy? — diýip, myhman näme üçindir sorady.
— Elbetde. Ony pyrlajak bolsaň agşama çenli eglenmeli bolar. Hyzmat edýänçileriň ählisi ýatyr. Biz bärik gideli. Ol ýerde meniň bara meňzeş zadym bar.
Ümsümlik, penjirelerde melewşe reňkli galyň tutular, şemdanlar. Gus hojaýynsyrap, ýolugry birden howadan peýda bolan ofisianta özüniň “köne dostuny” näme bilen hezzetlejekdigi barada düşündirip, iň çetki stola tarap ýöneldi.
— Otur, ylym.
Bir ýerlerden işdä açyjy däl-de, göreniňde gymmat bahalydygy bildirip
duran sowuk naharly tabak uçup geldi. Myhmanyň bokaly täsin hoşboý ysly bir zat bilen dolduryldy.
— Kurwuazýe, konýak, gel çakyşdyraly.
— Ýeri, bolýa, gel... neme-le, aýdyp otur.
— Häzir, häzir. Hemmäňiz, ugraň şu ýerden.
Soňky sözler stoluň ýanynda pyrlanyp ýören ofisianta degişlidi.
Filolog duýgularyny köşeşdirmek üçin bir demde öz bokalyny boşatdy. Ak balykdan agzyna bir bölek atdy-da, diňläp başlady.
— Ýeri, biziň şonda söwda edişimiz seniň ýadyňdadyr-a. Iki gün dagy hezil etdik welin, ahyry pul gutaraýdy-da. Menem tejribäni gaýtalamaly diýen karara geldim. Stepanyç başda yrylmady. Bu wakadan öň ol şol eli pyçaklyja güjüklere özi pul töläp ýören ekeni-dä we soňam gorkýardy. Bor onda, diýdim men oňa, bu gezek uruşmarys, töläýeris diýdim. Biz ýene-de üç haltany ýükldik, barýarys. Söwda edip başladyk welin, bu ýerde bolsa, biziň ýanymyza bir daýza geldi we bir petdejik somlap dur. Banknotlar. Bu näme diýip soraýaryn. Görüp otursak, şol biziň turzan apy-tupanymyzdan soň, şol haram ölen reketirler bazarjykda görünmeýän ekenler. Daýzalar minnetdarlyk hökmünde, has takygy bolsa biziň abraýymyzy ykrar eden adam hökmünde bize töläp başlamaly diýen netijä gelipdirler. Biziň adamlarymyz şoňa öwrendikli bolupdyrlar — barybir kimdir birine tölemeli. Ýeri, menem ment bolsamam, edil onuň ýaly ahlaksyz däl ahyryn. Daýzalary şol petdejikleri bilen bile kowup goýberdim. Biz öz haltalarymyzy ýerledik, soňam ýene üç sapara barandyrys. Daýzalar soň meniň golaýyma gelmediler. Stepanyçyň menden bidin olardan paç ýygnaýandygy soň bilind-ä. Ýigrenji! Beýle adamlary dost edip saklap bilemok. Daýzalar bolsa meniň şol ýerleri ýumrugymda saklaýandygym barada tutuş töwerege ýaýradypdyrlar.
Ýene-de ofisiant uçup geldi-de, stoluň üstünde edil pel-pelleýän ýaly bolup durdy. Küldany çalyşdy, hojaýyny bilen myhmana hyzmat etjek bolup çüýşäni eline garbady. Gus oňa gazaply:
— Git hany, men özüm, — diýdi.
Ol bir gezekde ýüz elli gramm guýdy. Içdik.
— Almajyklar eýýäm ýere düşüp başlapdy. Menem arkaýynlaşdym, ýöne biderek. Bir gün biziň bazarjygymyzyň golaýyna gara reňkli gymmatbaha maşyn gelip durýar. Onuň içinden üç adam çykýar. Içimden, ýeri, ind-ä bedrejik bilen urup sypyp bilmersiň diýip pikir edýärin. Erbetlige taýynlandym. Bir möhüm daýynyň gelendigi bellidi. Iki sany öküzçe bilen bile. Ol maňa gyra çykaly-la diýdi. Menem çykdym. Içimdenem soňky ýol bolmasyn-da diýip pikir etdim. Bu daýy kiçiräk boýly, gözleriniň aşagy-da halka atyp dur, sözleýşi manyly. Biz ýodajygy iki sapar ýanýoda boýunça ýöredik, ol bolsa maňa özümi nädogry alyp barýandygymy düşündirdi. Nämemiş, bu bazarjyk onuň piňine-de däl welin, bu ýerde gep prinsipde, bu töwereklerde towuklaryňam köçäni nädip geçmelidigini haýsydyr bir almaly Gus däl-de, ol çözýärmişin.
— O nsoň sen näme?
— Men näme, dymyp durun. Dilim gorkudan ýaňa ýokarky kentlewügime ýelmeşdi. Men bu daýy bilen oýun etmeli däldigini dessine duýdum. Bir sapar gözüni gyrpanda ment ýok bolar, özi hem ozal işläp çykan ment. Soňunda-da ol menden düşündiňmi diýip soraýar, meniňem ýüzümde aljyraňňylykdan ýaňa samsyk ýylgyryş peýda boldy. Içimden hem samsyk hemem suwumsyz diýýän. Muny men onuň ýüzünden aňdym, sebäbi onuň ýüzi duw-ak we gorkunç boldy. Ýeri bolýar, diýýär ol, muny sen özüň islediň diýip burnuma barmagyny degrip aýdýar.
— Ýagny haybat atýarmy?
— Edil özi! Esasy zadam bu hemmelere görünýärem, eşidilýärem, satyjy daýzalara-da, onuň öküzçelerine-de. Owadan sahna bolupdy, ol-a maňa meniň derimden nädip abažur ýasaljakdygyny aýdyp dur, men bolsa suwumsyzlyk bilen ýyrşaryp durun.
— Yzy, yzy näme boldy?
— Öýüme ne öli, ne-de diri bolup dolandym. Edil şol gün bolsa meniň doglan günümdi. Meniň iki erkek doganymam gelipdi. Witalik — ol Palaşew bazarynda etçi, Borka bolsa gümrükhanada işleýär. Oňa hatda pistolet hem berilýär. Ýöne bu şeýle. Biz içdik, gowy içdik, pul bardy-da. Men batyrgaýlanyp, öz ýaragymy aldym-da, doganlarymy çüýşelerden ok atmak üçin baýra alyp gitdim. Şol gorkyny basjak bolýardym. Içimden, ýeri, aňsatjaga size boýun egmerin diýip pikirlenýärin! Geliň, göreli hany, kim-kimi! Irden geldiler.
— Şol öküzler we öküzçelermi?
— Ýok, etrap bölüminden geldiler-ä. Biziň üçümizem daňyp, şähere äkidip, saklaw jaýyna saldylar. Näme bold-aý diýip pikir edýärin menem! Awçylyk petegim bar, jemgyýetçilik tertibini bozandygyň üçin-ä beýdip saklanoklar. Iki gije-gündiz bizi sakladylar. Soň bizi garawullamak üçin gelen uly esger gullukdaşym bolup çykdy. Olam şol doglan günüm bolan güni ýanyndaky goragçylary bilen bilelikde gorkunç banditi hut öz maşynynda partladyp öldürendiklerini maňa düşündirdi. Edil şol wagt — biz doganlar bolup baýyrda ýaýnaşyp ýören wagtymyzda. Maşyndakylaryň ikis-ä şobada ölýär. Beýleki goragçam ölmänkä pahanynyň bazaryň ýanynda meniň bilen, Gus bilen, erbet sögüşendigini aýdyp ýetişýär.
— Ýöne bu tötänlikde gabat gelen zad-a!
— Hiç kim oňa ynananok-da! — diýip, gorkunç pyşyrdap Gus aýdýar. — Garaz, meni, hatda biraz hormat bilen diýen ýaly edip boşatdylar. Töwerekdäkileriň maňa bolan gatnaşygy üýtgedi. Maňa öň üns bermän ýören adamlaram meniň bilen salamlaşyp ugrady. Umuman, meniň düşünişimçe, hemmeler şol banditi partladan men diýen berk karara gelipdirler.
— Sen düşündirjek bolmadyňmy...
— Kime?! We nädip?! Doganlarym bilen gürleşjek boldum — olaram gülüşýärler. Göwnüňe getirýänsiň diýip. Menem biraz wagt geçýänçä bir ýerlere gitmeli diýen netijä geldim. Daýzamyň ýanyna Twere. Şaýymy tutdum. Edil şol wagtam meniň ýanyma bir ýaş ýigit gelýär-de, meniň bilen bir-iki söz alyşmak isleýän adamlaryň bardygyny aýdýar. Ýeri, pikir edýän-dä...
Sanýa maňlaýyny owkalaşdyrdy-da, çilim otlady, ofisianty gözläp töweregine garanjaklady.
— Gitdim menem gürrüňdeşlige. Ol gürrüşdeşligem hut şu oturan stolumyzyň başynda geçdi. Meni üç sany adam garşy aldy. Sen olary bilmeýäňem, tanamaýaňam. Olar ondan-mundan tutdurdylar, meni synlaýarlar diýip, pikir etdim. Men köplenç dymýardym, boýun gaçyrýardym. Men hiç zada dawa edemok, olaryň jenaýatçylykly dünýäsinden maňa hiç zat gerek däl, asudaja maşgalam bilen güzeranymy görýärin diýdim. Men hemme zady bolşy ýaly edip olara düşündirdim we indem ýuwaşlyk bilen öýüme, pensionerçiligimi dowam etdirmäge giderin öýtdüm. Olar bolsa doganlarym bilen bilelikdäki bandam bar diýip kakdyryp aýdýandyryn öýdüpdirler. Bize haýbat atma diýip otyrlar-a. Men bolsa haýbat atamok-da, tersine, özüm gorkup otyryn we goýberseler bolýar diýip, olaryň aýajyklaryna ýykylmaga taýyndym. Olar gyra çekildiler, maslahatlaşdylar, bolýar diýýärler, eger-de sen biziň işimize sokulmasaň, onda biz saňa şu kluby bereris diýýärler. Barybir sen ony söweş edip aldyň diýýärler-ä. Şeýdip şondan bäri...
Ýene-de ofisiant geldi-de salykatlylyk bilen gyzgyn nahardan näme getirmelidigini sorady. Gusuň gahardan ýaňa ýarylmajak bolup zordan saklanýandygy görnüp durdy:
— Gyzgyn nahardan bize ak gyzzyrma. Git şu taýdan.
— Zat äberýän adamlary näme üçin sen beýle ýigrenýärsiň?
— Diňe olary däl, sürüjilerem, hammamçylaram, lolularam, markerlerem ýigrenýärin. Diňläp biläýjek ähli adamlary ýigrenýärin. Göz öňüňe gelýärmi, eger-de kimdir biri meniň hakykat ýüzünde kimdigimi biläýse!
— Hawa-a!
— Ana, şeýle, hawa! Seni görenime näme üçin begendim enimiň sebäbi nämede diýsene — iň bolmanda gürleşip boljak! Aýalym meni bir gyz bilen tutdy — nika bozuldy! Oňa-da, gyzyma-da aýratyn jaý, maşyn satyn aldym, indem ýeke. Nähili geň görünse-de, Stepanyç meni awtoritet diýip hasap edýär.
— Hawa-a, — diýip, awokadonyň bölejigini çeýnäp oturan ýerinden filolog ýene-de süýndürip gaýtalady.
— Sen meniň ýanyma gelip dur wagtal-wagtal, belki, ýigitler bolup, haçanam bolsa bir zatlar ederis. Gorkma, men saňa pul somlajak däl. Men düşünýän-ä, sen beýle adam däl, ýöne hezzetläp biljek. Durmuş barada gepleşeris.
Kandidat öýüne serhoş halda, ýeralmasyz, emma eli gülli dolandy, şol sebäpden hem uly galmagaldan gaçyp gutuldy. Almaly mafiozi bilen bolan duşuşygy barada aýalyna gürrüň berip, ýatyp galdy. Filologyň aýaly gije birden oýanyp turdy-da, ýanynda adamsynyň ýokdugyny bildi. Aşhana ylgap barsa, adamsy ol ýerde stoluň başynda duza ýatyrylan pomidorlary bankadan alyp iýip otyr. Onuň ýüzi oýa batandy.
— Saňa näme bolýar? — diýip, buninşynasyň aýaly gorkdy.
— Men öz durmuşymda bir zatlary üýtgetmeli diýen karara geldim, — diýip, adamsy jogap berdi.
Aýaly gözýaş döküp başlady — ezizim, banditlige gitme, gerek däl, gümüne gitsiň pullaram, Hudaý bardyr, bir zat edip alyp çykarys diýýär.
— Düşündim, — diýip, habarçy zenan diktofony öçürdi.
Kandidat Buniny taşlady we maşgalasyny eklemek üçin detektiwleri ýazyp ugrapdyr.
Iş otagynyň eýesi agzyndan müşdügini aýryp, emaý bilen ony silkdi.
— Hakykatdanam, şu gürrüň beren wakalarymdan ýarym ýyl geçeninden soňra bir täjirçilik neşirýatynda “Almaly gaz” atly aňtaýjylykly roman çapdan çykýar. Onuň awtory welin kandidat däl-de... ozalky mentdi.
— Şeýlemi-i? Siz meni oýnadyňyzmy? Siz şeýle bir gürrüň berdiňiz welin, men-ä baş gahryman filologdyr öýdüpdirin.
— Bilýaňizmi, men elliden gowrak detektiwleri ýazdym we indi duýdansyz soňlamalar öz-özünden bolaýýar. Bunin boýunça hünärmen bolsa hakykatdanam öz durmuşynda bir zatlary üýtgetdi. Ol tankytçy boldy. Indi ol meniň kitapjyklarym barada makalajyklary ýazýar. Men oňa gowja töleýärin.
Habarçy zenan diktofonyny torbasyna salyp durka, hymlap goýberdi.
— Düşnük-li. Bir zat düşnüksiz — sizde kazino barka, näme üçin siz edebiýat bilen meşgullanyp başladyňyz? Hiç bir roman bilenem onuň ýaly gazanç edip bolmaýa.
— Dogry. Kazinomy welin örän tiz wagtdan elimden aldylar. Kimdir biri meniň samahyllamalarymy diňlän bolara çemeli. Gowy zat, öldürmediler. Tötänden bolan waka meni hapadan ýokary göterdi, soň bolsa ýene-de — ýüzümi palçyga sokdy. Mundan soň nädip ýazyjy bolmajak?
Habarçy zenan ýerinden turdy.
— Örän gyzykly waka. Maňa bu ýerde göwnüme ýaramaýan ýeke-täk bir zat — olam siziň romanyňyzyň adydy. “Antonowka almalary” diýen bolsaňyz, has inçe bolardy.
— Siz bilen doly ylalaşýaryn. Men edil şeýle hem etjekdim. Kandidat döşüne kakyp, eger-de men şony edäýsem, seni öldürin diýdi. Menem, bilýäňizmi, oňa ynandym. Şeýdibem ýaşap ýörin — bir tarapdan-a banditler, beýlekiden — Bunin.




