Men şäherjik oýlap tapdym we doldurdym adamjyklardan...

* * *

Men şäherjik oýlap tapdym we doldurdym adamjyklardan,
şäherjik, özüm goýberdim bulutlary üstünden,
näsaz işleýär, çünki ýaşady, pikirlerden
ugur alyp, gaçmaýaň göýä gysga ömürden.

Sazanda näçe yhlas bilen jan etse-de, saz öçüp dur.
Tokçy dogan näçe paýyş sögünse hem ýananok hiç fonar.
Göz öňüňde, aýnaň seredip, gözel gyz betnyşan bolýar.
Şäherjik näsaz işleýär.

Günäkär, jenaplar, göz öňünde tutmandyryn, emma ol
dowam edýär, bary gitdi gümüne, men diýlenim bolsa,
ýa güýzki alleýa bilen barýar, şemal hem şuwwuldaýar-zor salýar,
hem köwsarlaýar ýapraklar meň arkamda.