Ýadygärligiň kellesindäki guş...
* * *
Ýadygärligiň kellesindäki guş.
Otyr, oňa barybir kimiňki
Astdaky kelle: islendigi bolýar!
Ganatly guşa hak özüniňki!
Oňa ýaraýar şeýle oturmaklyk —
Depede, bürünç saçlaň içinde.
Ine şöhrat! Hiç hili hormaty ýok.
Sen nägilemi guşdan çyndan-da.
Eger bolsady ol bürgüt — başga gep,
Ganatly tuwalga dek başynda
Esgeriň ganat kakyp, ýyldyrardy,
Ýöne seň iliň Troýa däl — Newa.
Seniň nazaryň boş zatda jemlenen,
Bu kepderlere bererdiň jeza.
Onuň oturany bolsa islänok
Silkip goýbermegi, bile sapa.
Ýadygärligiň kellesindäki guş.
Otyr, oňa barybir kimiňki
Astdaky kelle: islendigi bolýar!
Ganatly guşa hak özüniňki!
Oňa ýaraýar şeýle oturmaklyk —
Depede, bürünç saçlaň içinde.
Ine şöhrat! Hiç hili hormaty ýok.
Sen nägilemi guşdan çyndan-da.
Eger bolsady ol bürgüt — başga gep,
Ganatly tuwalga dek başynda
Esgeriň ganat kakyp, ýyldyrardy,
Ýöne seň iliň Troýa däl — Newa.
Seniň nazaryň boş zatda jemlenen,
Bu kepderlere bererdiň jeza.
Onuň oturany bolsa islänok
Silkip goýbermegi, bile sapa.




