Bolgusyz soraglar
Gyzykly —
hakykatdan hem galaktikalar gorkudan
gaçýarmyka bir-birniň öňünden?
Hakykatdan hem dinozawrlar
hut tanklaryň döwrüne çenli
ýaşamajak bolup öldülermikä?
Dogry aýdýarlarmy,
maýmyn adam bolupdyr hut polisiýanyň
gizlin gözegçiliginiň astynda?
Çyndanam How ene
özgäniň bagyndadyryn öýdüp, ýagşylyk hem
ýamanlyk bilim agajyndan miwe
ýoldumyka?
Eýsem millionlar
hiç zat bergili dälmi milliardlara,
eger milliardlar ähli zada taýynka müňler üçin?
Atlantida gark bolmagnyň sebäbi,
ony dolandyrýan synplar äsgermedi
kanunyn Arhimediň?
Tebigat şeýle göwrümleri adama
ony hem bihaýa mikroplardan, şeýle hem bendi
ediji ýyldyzlardan maksimal uzaklykda
saklamak maksady bilen bermedimikä?
Biz haçan alarys akylly jogaplary
Ähli öz bolgusyz soraglarymyza?
hakykatdan hem galaktikalar gorkudan
gaçýarmyka bir-birniň öňünden?
Hakykatdan hem dinozawrlar
hut tanklaryň döwrüne çenli
ýaşamajak bolup öldülermikä?
Dogry aýdýarlarmy,
maýmyn adam bolupdyr hut polisiýanyň
gizlin gözegçiliginiň astynda?
Çyndanam How ene
özgäniň bagyndadyryn öýdüp, ýagşylyk hem
ýamanlyk bilim agajyndan miwe
ýoldumyka?
Eýsem millionlar
hiç zat bergili dälmi milliardlara,
eger milliardlar ähli zada taýynka müňler üçin?
Atlantida gark bolmagnyň sebäbi,
ony dolandyrýan synplar äsgermedi
kanunyn Arhimediň?
Tebigat şeýle göwrümleri adama
ony hem bihaýa mikroplardan, şeýle hem bendi
ediji ýyldyzlardan maksimal uzaklykda
saklamak maksady bilen bermedimikä?
Biz haçan alarys akylly jogaplary
Ähli öz bolgusyz soraglarymyza?




